09:53 Oguznama / poema | |
BISMILLÄHIRRAHMANIRRAHIM
Poemalar
Senallil Halyky haýýi-tewane, Adamdan bar öýni kiý tutdy nega. Ol öý içre çyrag manendi mahy, Wajyby Hak Resul fehr-i şahy. Tüfeýliden ýaratdy külli eşýa, Taki Adam ata hem mama Hawwa. Onuň onunjy ogly hezreti Nuh, Kylyp tupan jahan ählini mejruh. Ki ondan soň onuň nesli jahana, Ýaýyldy pytraşyp kiý dört ýana. O-şol Nun ogly Ýafesden dogulgan, Türkden ençe il önüp ýaýylgan. Soň Türk neslinden dogan Oguz han Onçakly bu jahana kyldy seýran. Onuň wakalaryn ýazmaga gaýym, Bolgan bu Andalyp arzuwda daýym. Gel eýse höwesli ýoluňa düşgül, Nesip bolsa myradyňa ýetişgil. • OGUZ HANYŇ IT BARAK HAN BILEN SÖWEŞ KYLGANY Gadym eýýam Keýumersiň zamany, Türk öwlady içre turdy bir Hakan; Bakyp döwran pelek berdi amany, Mogol öwlady içre boldy soltany. Gara han ogly ol kim ady Oguz han, Bolup şahlykda manendi Süleýman, Zaman ahwaly erdi adyldan düz, Abulhan dagyndan ol kyldy seýran. Birinji seýrinde bardy Hytaýga, Baryşda garşy durdy It Barak han Öňün tusty kiý diýer: ''Geçme bu jaýa'' Uruş kastyna dogruldy Oguz han. Tamamy hemme kyldy heýele birlen, Mükemmel sap çekdi It Barak han, Hytaý lerzan geldi ili bilen, Uruş meýdany boldy lälezar gan. O şol tertipde ýetmiş gün uruşdy, Kiý ondan soň ejizledi Oguz han, Tamamy çerik ilen artga ýörüşdi, Tebil bazy küşt çalyndy her ýan. Deňiz aralygy boşluk ýerinde, Baryp esger hasabyn aldy Oguz han, Ýüz ärsal çerikniň hiç birinde, Tapylmaý boldy hanyň köňli weýran. Hemana harbga taýýar boldy heýli, Zemin jünbüş kylyp, daglara lerzan, Ýetişmekden taahir boldy ili, Gul-gula başladylar zary girýan. Gel eý sen, Andalyp, uşbu kelamy, Hikaýet kyl bizge dürri Galtan, Saňa il ýetirer haýry salamy, Dua-i Fatiha etgüsi çendan. • GYPJAK HANYŇ DOGULŞY Oguz alnynda Uýgur neslinden bir, Kişi bar erdi danyşlykda pür zor. Kiý ady Ilhan ibn Howanyň, O şol jeňde ölüp tabşyrdy janyn. Onuň kadyny ýükli erdi anda, Hamylnyň derdi çün uçraşdy şonda. Girip çüýrük bag içinde oturdy, Tewellet kyldy zahyrga gelturdy. Onuň adyna Oguz han goýdy Gypjak, Boş agaç ady erdi bu o şol çak. Ejesi boş agaç içre dogurdy, Sebäp şol adyny Gypjak dakypdyr. Çyraýlyk erdi manendi Mahy, Bularga laýyk erdi çün sypahy. Ony oglum diýip söýdi Oguz han, Kiý, bahşişler berdi oňa ferewan. Ýigit ýetende ol borna juwany, Şejagatlyk täki sahypkyrany. Bolup Oguz ilige kyldy enaýat, Ki ondan tapmady millet hyýanat, Oňa Türk iliniň birniçesini, Berip Oguz han uzakdan kyldy syny. Özüne tabyn ilin ösdürip ol, Hyruç etdi jahany basdyryp ol. Orus Öýlek täki Bulgar ilini, Alyp ösdürdi ol köp çerik heýlini. Samarkantdan geçdi ýetdi Horezm, Ajam, Iran garşy boldy ol azm. Ki andan soň baryp Irany aldy, Yrak, Häzirbegjan, Teýrany aldy. Uş andag Gypjak iliniň daşdy bagty, Itil deňiz gyrasy erdi tagty. Mükemmel Deşti-Gypjak ady berlen, Beg hakanlyk aldy zaty birlen. Oguzdan tä Çingiz hanga çenli, Geçipdir dört müň ýyl daha elli. O şol günden dogup Gypjak zamany, Bu ýanlyg göstererler dessany. Gel ey saky sungul kiý jamyňa meý, Içip etgüsidir ol murdany haý. • ÇINGIZ HAN DESSANY Üçünji asyrnyň owwal başynda, Mogol tatarlar ol Çingiz daşynda. Üýşmek birlen kyldy uly hakanlyk, Özlerinde dogduryp giň hakanlyk. O şol wagtda kiý Çingiz kyldy azm, Birinji seýride etdi Horezm. Muhammet han Horezmi atly şasy, Uruşmazdan gaçyp il tutdy ýasy. Onuň il emlägine täze düzgün, Gurulgynça tahammyl kyldy ýüz gün. Kiý, andan soň çykyp bardy Samarkant, Raýat boldy Buhara birle Taşkent. Kiý ondan soň Yrak, Şirwan, Şamakga, Täki Häzirbegjan Erzurum ýakga. Baryp Mazenderan Gilanga ýetdi, Ký ondan seýri Gürjüstanga ýetdi. O şol jaýlarda Çingiz han çensiz, Ragýat kyldy bihet harbu-jeňsiz. Otuz müň leşger bilen üç ogluny, Iberdi Horasana maly-puluny. Täki segsen müň esger bardy Eýran, Uruşmagaý aldy ol tab boldy Teýran. Juçy han Deşti-Gypjak ýakga çykdy, Özi birlen ýüz müň leşgeri çekdi. Bu birlen Gypjak iller ança ýollar, Uruşdy hem ýeňildi Gypjak iller. Juçy hana hytaýlar diýr: ''Ju şen Juj'', Araplar diýr oňa kiý: ''Ýajuj-mäjuj'' Bu at birlen dogup älemge suryş, Salyp ol Juçy han başardy köp iş. Bu iş dördünji asyrnyň başynda bil, Bolup Gypjak gaçyp dagyldy her hil. Ikinji dogdy bir il han hawanyn, Elli ýyl soň bulardan aldy ganyn. Gel eý Saky sungul meýi aýakdan, Içip Oguz hanny başlaý baýakdan. Ki andan Andalyp bolgusy şeýda, Oguz han dessanyn kylsyn huweýda. • OGUZ HANYŇ IT BARAK HANDAN AR ALYŞY O şol wagt kiý ýeňdi It Barak han, Gelip esger mükemmel kyldy sultan. Ýatyp on ýedi ýyl ýerik eýledi jem, Tamamy ýaş borna kiý biri bir şem. Kylyp Türk ilini olar ylmy ýagty, Dtnçlyk miwe berdi kiçik daragty. Ählisi aýşy gün günden ösdi, Ylym edebi sanat boldy kasty. Jemagat şewki gün geldik artyp, Adyl şanyň rehasy ilni tartyp. Ýygyldy ýeni baýdak saýasynda, Doguldy şundeg heşmet raýesinde. Kimi arzuw kylyp ol kimsi gorkup, Gelir erdi jahan her günde top, top. Şu ýanlyg ösdi Oguz han bagt daragty, Bütin dünýäge saýa saldy tagty. Ýerik taýýarlygy ummadan ötdi, Bularnyň owazy äleme ýetdi. Türk ady tutulanda jahanda, Hemana gorky gelgeý erdi jana. Baran jaýy uruşsyz boldy raýat, Tarakky tapdy Türk ili bigaýet. Ikinji mertebe bardy Hytaýga, Barak han milleti gelmeý tutaýga. Bozuluşyp öz-özi kiý boldy bakna, Gaçyp ýörgeni boldy takna-tukna. Ahili birle gaçdy Itbarak han, Tutup geltirmege emr etdi soltan. Bir aýdan soň tutuldy Itbarak han, Onuň ýetik jezasyn berdi Oguz han. Taky sen Andalyp bol meýge gana, Diger dürri fezalet tap zybana. Şeker efsane dürler saç sözüňden, Ulusga ýadygär galsyn özünden. • OGUZ HANYŇ GARAHYTAÝY ALGANY Bu ýerde az ýene taryh sözünden, Beşer dünýäsiniň nary ýüzünden. Hikaýet eýlemek ki lazym boldy, Sözüň üsti açyldy jasim boldy. Ki Adam nesli önüp en owwalynda, Niçeme ýyl ýördi haýwan şekli halda. Alar ýaşaýyşy taşda aň bilimden, Narydyr ol zaman taryh ylmyndan. Bu ýaňlyg döwürlerde Adam ogly, Geçirmiş köp zaman ýok düýbi ýoly. Dogulgan soň jahanda Melek resmi, Ajam taryhy boldy dört kysmy. Birinji kysmy boldy Pişdady, Ikinji kysmynyň Kyýany ady. Üçünjige at goýdular Eşkany, Olaryň dördünjisi ki Sasany. Birinji soltanat on bir kişiden, Ybaratdyr soňy owwal başyndan. Bularyň owwaly ady Keýimers, Bolup Piştadiler her kaýsy bir hyrs. Keýumersden, soňraky ogly Hüwşeň, Bolup şa ýer ýüzünde çaldy ýüz heň. Gezip daglarda döw bilen uruşdy, Täki Türk arasyndan ýoly düşdi. Onuň birle uruşdy Oguz katil, Ýeňip atlandy Oguz Behri Makatil. Gyryldy anda gaýet sansyz çerik, Bularga galyp boldy keşweri Türk. Ýeňlip boldy regaýet şahy Hüwşeň, Oguz boldy azmy-şehri Bistam. Baryşda geldi owwal Taşkende, Ony algaç bardy Samarkanda; Kiý ondan soň Buharany aldy ol şah, Balh barganda aldy arami gäh. Üç aýdan soň çykdy ol boldy gurda, Keýinde galdy güýçsiz niçem orda. Sowukdan gar basyp galdy olarny, Lakab Garlyk atandy Oguz bularny. O şol günden tä şul wahite çenli, Olar Garlyk lakab atandy belli. Taky ondan soň Oguz han bardy Keşmir, Onuň mülkün alarga kyldy tedbir. Oguz anda tamam bir ýyl uruşdy, Olaryň patyşasy soň gola düşdi. Tutup öldürdi Oguz han Ýygma hany, Täki akylsyzlar çün Nili gany. Kiý ondan soň aman çagyrdy Keşmir, Ýaraşykda diger tapmady tedbir. Gel eý Andalyp bol meýe gana, Täki täze suhan geltir beýana. Garyp ähli hemişe meýge taleb, Jahanda gelmedi hiç kime galyp. | |
|
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||