14:55 Esger guýusy / poema | |
ESGER GUÝUSY
Poemalar
1857-nji ýylyň 7-nji maýyndaky duşuşygymyz mynasybetli Ý.Kuharenko bagyşlaýaryn Ukraynadan uzakdaky daş ýerde, Uraldan hem, Yelekden hem aňyrda Köne warnak goja günleň bir güni Esger guýusyndan açypdy gürrüň. Ýaltansam hem, galam alyp elime, Ýazyp alyp hem gelşiçe dilime Goşga salan bolupdym öz ýanymdan. Mydam galmak üçin seniň ýadyňda Ýolladym men ony, goýmazdan soňa, Ýeke-täk hem mähriban dostum, saňa. Bir ýyl gyşda, diýsem size, Ýekaterinaň döwründe Esger çykaryp göwnünden, Guýy gazyp berdi bize. Men ol hakda etjek gürrüň Siz üçin ýene bir kere. Ýaman bolmazdy aýtjagym Ýazylaýsa bir depdere. Bu gürrüň il arasynda Heniz hem ýaşap ýör, onda Zat ýok toslama diýere. Diýmek, ýazyň: «Guýy bardy...» Ýok, oňa barmalyň birden. Şeýle diýiň: «Ir döwürde Boýdanbaşa baglyk ýerde, Çygly deräniň boýunda, Ýagny biziň Ukraýnada Bir gülpürçük oba bardy, Görseň, göwnüň galkynýardy. Şol obada bir dul aýal Gyzy hem-de kiçi ýaşly Ogly bilen ýaşaýardy». Baý bolana kän çaga hem Kyn düşenok etmek ideg. Emma garyba ýük bolýar Şolar ýalyň ikisi-de. Gepiň keltesi, aýalyň Görmedigi galdy görde: Güni däldi çydar ýaly. Keşişlige ýüz urmagyň, Asylmagyň, gark bolmagyň Käte edýärdi hyýalyn. Emma iki çagasyna Gyýmady ene ýüregi! Katrýusýa ýetişip, eýýäm Ýatladyp durdy deregi. Ene-atasyz ýetime Söz aýdan bolmasa näme? Garraýança ýeke galyp, Gözleri gülmese näme? Ony görmäge göz gerek! Jan aljak gyýma gaşlary! Iş edişini görsediň, Nämä degmez ýuwaşlygy! Ony görmäge hemme şat, Öňe eglip, penjireden Töwerek-daşa garanda, Gül açylan ýaly bolýar, Göýä, Gün dogýar asmanda. Oňa gözüm düşen çagy Doňup galýardym... Bet ykbal, Ýyllar, çeken jebir-jepam, Oglum, bularyň ählisi Zeper bermedi huşuma... Göwnüme, öläýjek ýaly Bolup durun şu durşuma. Bolýan zady bir görsene: Basym ötenleň ýanyna Giderin, emma çaga deý Aglaýaryn Katerina Düşen mahaly ýadyma. Oglum, ýat ildäki dostum, Sen maña ýagşy gulak sal! Meniň ähli aýdanymy Öz depderiňe belläp al. Eger-de saňa Ukraýna Barmak edäýse miýesser, Goý, bilsinler, habar ber sen Bu ýerde garry melguny Göreniňi gözüň bilen... II. Hawa, gyz göwni bir ýaly Ulalyp, görk açyp ýördi. Bir yigit hem bir barjamlyň Öýünde hyzmat edýärdi. Ýetimdi. Adatça, ýetim Ýalta bolýar diýseler-de, Ýigit galjaň bolup çykdy Işsiz durmady hiç ýerde. Güni geçmese-de añsat, Jan edýärdi beýlesine Her gün oklamaga bir zat. Ol her edip, hesip edip, Bir tokgaja pully boldy! Düzetdi egin-eşigin, Kiçeňräk bag satyn aldy, Soňra öýjagaz edindi. Hyzmatyny görenlere, Ýagşy tälim berenlere Sagbolsun aýdyp, hoşlaşyp Gidäýmek galypdy indi. Ol şeýle-de etdi. Soňra Dul aýalyň gyzy bilen Gürleşmäge haýdady ol. Baýa bolmady öýkünjek. Sawçy-pawçy ýollamady, Ýa popy yrjak bolmady. Bakyň-la bu garyp gula! Bar kişini geň galdyryp, Öýlendi sähelçe pula. Toý tutdy bolşuna görä Öz elinden geldiginden. Oglum, ana, bar ýaman iş Örç alyp gitdi şol günden. III. Pokrowdan sonra obama Gaýtdym men terk edip Dony. Öň hem iki gezek sawçy Iberipdim Katya üçin, Jogabyn almamsoň doly, Hyýallanýardym oňa söz Aýtmaga üçünji gezek. Emma kysmat başga eken Çumaklara ýoldaş bolup, Öküzleri öňe salyp, Katerinanyň toýunyň Üstünden barsam nätjek men. Ýygnanym sowruldy ýele, Dyndym ähli baýlygymdan... Berilmesem-de men içgä, Ýeňles gyzlaň barlygyndan Şondan soň boldum habardar. Oglum, dünýäde näme bar - Hasrat bar hernäçe diýseň. Emma ondan maña ýeten Paý ýaly aýylganç zady Duýan däldir ne ruh, ne ten. Şol döwürde dul aýalyň Kepäpdi gözüniň ýaşy. Göýä, penalap Hudaýy, Giýewsiniň, göz kuýaşy Oglunyň aladasyndan Dogumlanýardy günsaýyn. Ol özüniň ýeke gyzy Katerinanyň ýüzüne Mydama bakmaga taýyn! Meň üçin bir arakhorlar Hem şeýtan bardy dünýäde... Ähli zadymy arakdan Geçirdim men. Il içinde Şeýdip galdym ýaman ada. Tenimi satdym jellada. Ruhumy bolsa... Eý, Hudaý!.. Ýaşamakçydym ahyry, Almakçydym bilimden paý. Öwrenmek gerek irgözin Gögeleje çagalara Ömür sürmekligiň tärin. Ýogsam, soňra almak tälim Örän kyn düşer olara! Dostum, soň näme bolanyn Bilmeýärin. Ýa erkimi Şeytan aldy, ýa-da kesel Agdyrdy meniň eňkimi. Ýa bolmasa, zalym ykbal Jadylady tapyp tärin: Nädip şeýle bolanyny Men häzir hem bilmeýärin. Diňe galypdyr ýadymda Şol gün däldigim içgili. Zat geçmändi bogazymdan: Ne diridim, ne-de öli! Bu bolup geçipdi şeýle: Şeýtan meni gižželedi Örüzmezden ýatan ili, Bildirmän baryp Maksimiň (Dul aýalyň giýewi ol) Öýüni ber diýip oda. Men hem oýlanmazdan ozal Onuň diýenini edip, Içi adamly şol öýi Oda berdim alagada. Şondan bäri gamgyn kalbym Ynjalanok. Derdim – täze. Ýüregim kül bolaýmady - Döndi hiç öçmejek köze. Haçan goýar çürkemesin, Haçan terk eder dünýäni Bu belli bolmaz hiç kese. Ejemdir kakam ýogaldy, Ýat kişiler berdi ýere. Men bolsa Iuda ýaly Bukdaklap ýörün, göçýärin Bir yerden başga bir ýere. Iliň ýaman göreni men, Hudaýyň ýüz öwreni men. IV. Katerina gorkusyndan Aýňalyp bilmän berdi jan... Maksim kül bolan öýüne Bakýar gözüne ynanman. Eliňden geljek zat näme! Diňe sesi gelýär ýeliň Turbadan, tüsseçykardan... Indi ol näme etmeli? Baş goşmaly haýsy işe? Oýlandy, çokundy, ýene Hyzmatkär durup birine Dolandy hor-homsy güne. Dul aýal öz ogly bilen Öz gününi geçirýärdi. Güýz düşende öýlenmegi Oňa maslahat berýärdi. Hany dur-la! Şa enemiz Paýtagtdan - şeýle uzakdan Ýollan ýaly-la bir perman Esgerlige almak hakda. Şeýle perman Moskwadan Gelipdi ilkinji gezek. Çünki Ukraynada hemme Kazak bolmaga ilgezik. Pyýada goşuna käte Alardylar, emma oňa Giderdi isleg bildiren. Emma näme diýjek muňa? Bütin obany üýşürip, Maslahat baryn etdiler. Ahyrynda bir ejiziň Ezeneginden tutdular... Dul aýalyň ogly boldy Olaryň gözüne ilen. Hemmesi dil düwşüp, ony Ýolladylar esgerlige. Oglum, bu ýagty jahanyň Şeýle bolar hakykaty. Şu günler hem Ukraýnada Bar ýere mahsus bu düzgün Üýtgändir öýdemok gaty. Şundan gowsy bolaýmaz hem Gulçulygyň bar ýerinde. V. Şondan sonra aşyp bir ýyl, Uzyn gyş düşdi biz ilde. Adamlara maýylganlyk Nesip etmän, ýagan garlar Eremän galdy aprelde. Hatda troisa çenli Gar göze ildi köwlerde. Ana, şo gyşda esgerler Oçakowy ele saldy. Zaporožýe bolsa has öň Esgerlere tabyn boldy. Dargady kazak goşlary. Zaporožly gerçekleriň Dogumyny bir görsediň! Tutjak ýok olaryň ýerin! Oçakowyň etegine Maksimi-de sürüpdiler. Jeňde maýyp bolup, oňa Öz öýüne dolanmaga Ahyr rugsat beripdiler. Aýaklarynyň haýsyna Ok degeni däl ýadymda. Bilip onuň gelenini Birdenkä erbet howsala Düşüberdim öz ýanymdan. Göýä, bir ýigrenji ýylan Kalbyma sanjyp neşterin, Dolap alan ýaly boldy Halsyz göwrämiň bar ýerin. Indi men näme etmeli? Göýä, galdym men dumanda. Diýmek, agsak Maksim şeýdip Asla galjak däl-dä sandan? Ol hasasyna daýanyp, Obada entäp ýör, ine, Meniň dünýäde bardygym Asla däl onuň piňine. Her bazar gününde bolsa Esger eşigin geýmegi Ol özüne edindi kär. Haçdyr medal hem dakynyp, Saçyny örüp, un sepýär Sonra onuň hem üstünden... Näme üçin esger äriň Bu zatlary edýänini Men häzir hem bilmeýärin. Hany maňa aýt, bu nysak Oýun, degişme bolmasyn?! Ine, biziň Maksim şeýdip, General däldirin öýtmän, Nazarlap ybadathanany Keýtikläp ugraýar. Ol kän Ýalbartjak bolup hem durman, Klirosa çykyp, aýdym Aýtmaga başlar howlukman. Dýak hem goşular oňa. Käte bolsa çykyp orta Okap başlar "Apostoly". (Okamagy esgerlikde Maksim öwrenen bolmaly). Her näme diýseň hem, onda Bir üýtgeşiklig-ä bardy. Garzynyp ýören hem bolsa, Ýuwaşlygyndan hiç zada Gaharly garamaýardy. Bolmazdy başga birine Ýamanlyk etjek gümany. Söz aýtmazdy gaty-gaýrym, Etmejek bordy günäni. Diýerdi: «Haýyr hem, şer hem Ikisem takdyry Hakyň. Ykbalyndan nalamaga Hiç kişiniň ýokdur haky». Bu ýaman doly dünýäde Maksim gowudy çeniňden. Belki, dostum, üýşenersiň Indiki eşitjegiňden. Men bolsa... öldürdim ony! Hany, sabyr et, ýadadym. Biraz dynç alaýyn, soňra Aýdyp bererin yzyny... VI. Sen esgerlere degişli Şol guýyny gördüm diýýäň: Aýdýanyň ugrunda barmy? Ol heniz hem teşneleri Datly suwuna ýakýarmy? Uly ýoluň golaýynda Agaçdan haç göge uzap, Belki, durandyr dikilgi?... Adamlar saňa ol ýerde Gürrüň bermedimi hiç zat? Geň göresi zat hem ýok-la, (Kän ýyl geçipdir aradan). Şol günleriň şaýatlary Çykan hem bolsa aradan. Men heniz hem çekýän ejir, Gelmez ejirimiň soňy. Hatda mazar içinde-de Ynjalyk bermez gursagym... Meni dinle, ruhumyzy Şeytan kyn günlere salýar. Kim gaflatdan oýanmasa, Hudaýdan daş düşüp ölýär. Melgun onuň ýakasyndan Her edip hem hesip edip Elin aýyrmajak bolýar... Gel, indi gürrüň bereýin Maksimiň soňky halyndan. Işsiz oturmak haramdy Onuň durmuş kitabynda. Bazar günlerinde hem-de Bayram günleri gelende, Katerinanyň bag içre Jaýlanan ýerine baryp, Onuň ruhuna bagyşlap, "Psaltyr" okardy bende. Soňra bolsa ýuwaşjadan Dini aýdym aýdyp başlar Özünden taparda heňin. Diýer ol: "Bar zat Hudaýdan, Ediber Onuň diýenin!" Şunuň ýaly takwalykda Ömür sürüpdi ol bende. Iş günleri bolsa asla Oturmazdy ol öýünde. Mydama öz howlusynda Hysyrdanar ýörerdi ol. "Yaltalyk bize gelişmez!" - Suňşuryp goýbererdi ol. Ýa diýerdi: "Öýde ýatyp, Çişmekden sakla pälimi!" Ine-de, günleň bir güni Eline alyp pilini, Başlady guýy gazmaga. Bardy-da giňiş meýdana. Diýdi: «Goý, adamlar gelip, Suw içsinler gana-gana Hem günäli bu gul üçin Doga etsinler ýürekden». Şeýdip, ol arman-ýadaman Açyk meýdanda dökdi der. Emma bu iş has agyrdy Bir adama eýgerderden. Adamlar hem oňa kömek Beripdiler ýerli-ýerden. Ol ördi guýynyň için, Soňra ýoldan seredeňde Göze iler ýaly edip, Ullakan haç dikdi bende. Ol haç diñe bir yoldan däl, Uzakdan hem görünýärdi. Teşnelere bu guýynyň Dogry salgysyn berýärdi. Agzy kepän ýolagçylar Suwdan ganyp gider ýaly Hem guýyny gazan üçin Haka doga eder ýaly. VII. Bak, şeýtanyň bildirmezden Edýän işiniň aslyna. Men ýagşyzada Maksimi Çykdym öldürme kastyna. Sebäbini aýdaýynmy? Kabyl öz eziz doganyn Öldürip, näme sebäpli Jennetiň nur doly bagyn Boýan bolsa gyzyl gana, Şoldy meni-de iteren Bu bet işe baş goşmaga. Ýa bazar günüdi, ýa-da Başga bir bayram günüdi... Diňle, näme edilýänin Melgunyň gepine gidip! Men diýdim oňa ýüzlenip: "Maksim, ýör, gidip guýudan Suw içeli!" "Bolmazdy kem Ganaýsak buz ýaly suwdan" Diýip ýykmady sözümi. Men hiç hili görmezden ýük, Bir elime bedre aldym, Bir elime-de aldym ýüp. Geldik guýynyň başyna. Biraz öňürtdimde ondan, Guýyň içine garadym Ýapyşdym-da gapagyndan. Çuňdugyna ýetip gözüm, Maksime diýdim: «Sen meni Gandyraýmasaň, guýudan Bilmeýärin suw çekmegi». Ol bedräni guýa sallap, Onuň üstüne egildi. Wah, meniň bolsa aňyma Şeýtanyň sözleri geldi. Tutup iki aýagyndan, Guýa taşladym men ony. Oglum, ine eden işim! Sen näme diýersiň, hany? Beýle bir iş Ukraynada Görlen däldir - bilýän açyk. Şondan bäri hem men melgun Adamlardan ýörün gaçyp!.. VIII. Bir hepde soňra Maksimi Şol guýudan çykardylar. Uly il bolup käl içre Ony topraga berdiler. Ybadathanajyk gurup, Hormatlady il-ulusy. Guýa-da şol günden soňra Diýdiler Esger guyusy... Esger guýusy hakdaky Gürrüň şunda bolýar tamam. Neneňsi ýowuz hekaýat! Men bolsa... öz geljegimden Halys tükenensoň tamam, Goşuldym gaýdamaklara. Ykbal çykardy Sibirden. Iuda kimin, it kimin Ölerin men bu ejirden... Oglum, şadyýan ülkämiz Ukraýnamyza baraňda, Haka ýalbaryp, günämi Geçmegin dilegin Ondan: Belki, garaşyk eder-de, Biraz ýeňlär meniň derdim!.. ________________________ Pokrow - prawoslaw serkowy tarapyndan 14-nji oktyabrda bellenilip geçilýän dini baýramçylyk. Troisa - prawoslaw hristianlarynyň maý aýynyň ahyrlarynda belläp geçýän dini baýramçylygy. Oçakow - Ukrainadaky şäheriň ady. Zaporožýe - Ukrainadaky bir şäheriň ady. Kliros - hristian ybadathanasynda aýdymçylara niyetlenilen belent ýer. Dýak - kiçi ybadathana hyzmatçysy. "Apostol" - Injiliň bir bölegini özünde jemleýän kitap. Gaýdamaklar - Ukrainada azatlygy maksat edinen halk hereketi. Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |