21:51 "Bir ýetmeýän zadymdy..." | |
"BIR ÝETMEÝÄN ZADYMDY..."
Goşgular
(Taras Şewçenkonyñ nakgaşçylyk we grafika eserlerinden.) Bir ýetmeýän zadymdy Hat ýazmagym özüme Zerur hem-de zerur däl Zatlary sanap, ine. Nätjek, şeýle etmesem, Hat ýazjagym ýok menkñ. Monjuklaryñ ýerine Söz düzjegim ýok meniñ. "Kobzaryñ" çykanyna On ýyl ötdi tegelek. Emma ondan habar ýok: Il agzy ýörmelen dek. Üýrýän hem ýok, ýarýan hem; Dymýarlar men ýok ýaly. Halkdan öwgi islämok, Öwgä bagly däl halym. Kim üçin ýazýanymy Heý, bir gün bilermikäm? Ýa şeýdip, esgerlikde Bilmezden ölermikäm? Kim üçin zyndan içre Ýazyp hem pozýanymy, Neçüýn Ukrainamyñ Yşkynda gezýänimi, Näme üçin il diýip Janyma dözýänimi Añar, bilerim ýaly Kimdir biriniñ bir söz Diýmeginde hyýalym. Ol maña hökman gerek, Şol sebäpli, ýa, Hudaý, Käte agyrýar ýürek. Men duýmadyk bolýaryn Kem-kem garraýanymy. Ýene elim galamly Barlaýaryn janymy. Ine, bir garry kazak! Dagy ýarýar haýbaty. Gomparyp çapyp gelýär Gijeden gara aty. Ýene näme? Başga zat Düşenok hiç ýadyma. Ýetişerden ejiz men Öz ilimiñ dadyna. Çöl içre bili ýazan Ýylan deý towlanýaryn. Ne bir demim tükenýär, Ne-se gowulanýaryn Garaşýaryn ajala, Heniz ir - ölmeýärin. Bu hala düşmegimiñ Sebäbin bilmeýärin. Bu ýat çölde yzymdan Ýeten bolsa-da ölüm, Söýýärin tüýs ýürekden Ukrainamyñ çölün. Ah, dost jan, zyýany ýok, Geýin sen demir sowut, Märekä barmyñ diýmän, Hudaýyñ ýoluny tut. Kim çekişer günäñi? Oýlan - bardyr ahyret. Pendim saña ýakmasa, Git-de halanyñy et. Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Çary AŞYROW. | |
|
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ilkinji ädimler / goşgular toplumy / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ahunyň jogaby / Goşgular - 19.11.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |