07:35 Pygamber | |
PYGAMBER
Goşgular
![]() Hudaý birtopar adamy Sanyp adalatly ynsan Pygamberini gönderdi Söýgimi et diýip aýan Hem haky ber diýip habar. Pygamber geçip özünden Joşdy akgynly sözleri Ýer etdi ýürek töründe. Ol sözler buz bolan kalby Eretdi täsin ot bolup, Hemme oña maýyl boldy, Ýoldaş boldular şat bolup. Hatda gözýaş hem dökdüler Orta atyp nur-imany... Okumyş hem mekir ärler! Soñ olara Hakyñ şany Hiç bolup göründi... özge Hudaýlara kesip gurban Ýigrenjiler daşladylar Pygambere bermän aman. Eý, zalym kişiler sizi Goýup ýyrtyjy ornunda Hudaý kän zynjyr ýasadyp, Zinfandel gazdyrdy soñundan. Ýuwaş pygambere derek Size şa bolupdy gerek! Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |