22:12 "Doganlarym, bizi ýakan belany..." | |
"DOGANLARYM, BIZI ÝAKAN BELANY..."
Goşgular
![]() Doganlarym, bizi ýakan belany, Geliñ, ýat edeliñ iñ soñky gezek! Aýnasyndan bakyp çygly zyndanyñ, Dünýäni synlardyk ýaş alyp göze. Bilýärin: bir pikir horlardy bizi: "Ýene haçan toplanarys söhbede - Bu ýowuz topragyñ üstünde ýene Haýsy ýyllar bir-birege duş eder?" Ýok, bize duşuşmak etmez miýesser Çasly akýan Dnepriñ boýunda! Dargarys biz ýaşamaga idäp ýer, Sähralaryñ, tokaýlaryñ goýnundan. Ýene gurup erkinligiñ hyýalyn, Ömür süreris biz özgeler ýaly... Heniz gidip-gelip durka demimiz, Ukrainamyzy söýeliñ hem-de Dogamyzy gysganmalyñ ondan biz! Ondan tamañyzy üzäýseñiz-de, Näletlemäñ kalba ýakyn bu ili. Hem ýaşap ýörkäñiz ýat ülkelerde Käte ýatlap duruñ men görgülini. Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||