22:05 Suw perisi | |
SUW PERISI
Goşgular
![]() Eziz enem bir owadan Köşk içre meni dogurdy. Soň bol suwly Dnepriň Kenaryna alyp bardy. Tüm gijede meni derýaň Gök suwuna düşürdi ol. Soňra: "Akymyň ugruna Ýüzüp gidiber erkana, Suw perisi bol-da, gyzym Diýip, düşündirdi ol. Ertir gijäň ýarymynda Gezmäge çykaryn pany. Şatlyk-bagtym, gujaklarsyň Şonda sen eziz ataňy. Goý, indi meniň üstümden Gülüp ýörmän, şerap içsin. Ýöne meniň - ýaş gözeliň Ganly gözýaşym içmesin. Dnepriň gök suwundan Goý, ömürlik gansyn-da ol, Ýüzübersin seniň bilen Bu derýada galsyn-da ol. Ýüzüber, meniň ezizim. Eý, tolkunlar, däli möwçler, Ynjytmaň siz meniň gyzym!" Soňra aglap gaçyp gitdi, Menden ara açyp gitdi. Ýüzüberdim derýada men, Suw gyzy - uýalam bilen. Olar meni öz ýanyna Äkitdiler suw şalygna. Hepde geçdi, ulalýan men, Suw gyzy uýalam bilen. Şondan bäri gijäň ýary Garaşýan atam gelerne... Ýa ýene öňküsi ýaly, Bezeg berip köşk içine, Pan bilen söýşüp-dalaşyp, Meýlis gurýarmyka enem?" Soňra dymdy suw perisi, Bökdi Dnepr suwunda. Diňe gamşyň şahalary, Çalaja tisgindi şonda. Eje bolsa peşeneli Köşk içinde uklamaýar. Pan Ýan bolsa öýünde ýok, Hasrat ony basyp barýar. Öýden çykyp, kert gaýadan Aşak düşüp, derýa geldi. Gyzyn suwa düşürenin, Hem sargydyn ýada saldy. Nämä gerek yada salmak, Bolan boldy, geçen geçdi. Ýene çadyra dolandy. Özün dürsäp ýetişmedi, Suw jynlary daşyn aldy. Onuň bilen oýun gurap, Eýläk-beýläk böküşdiler. El çarpyşyp, gol dartyşyp, Keýp etdiler, gülüşdiler. Soň ony tora düşüren Suw jynlar jynssyz gülýärdi. Diñe suw perisi gyzda Gülki däl-de, hasrat bardy. Taras ŞEWÇENKO. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |