19:25 Aşyk Aýdyñ / poema | |
AŞYK AÝDYÑ
Poemalar
«Kim ol?» diýen sowallara jogap deý, «Bu men!» diýip girdiňmikäň düýşlere. Ýatdan çykmaz ýagşylyk deý, sogap deý, Emaý bilen adyň tutdy üýşmeleň. Saňa sygyndylar gara gyşlarda, Azaşanlar, ejizlänler, doňanlar. Diýildi, Gaý-tupan bolsa başlarda, «Aşyk Aýdyň pirim bardyr, doganlar!». Öýke etmäň «Kim bolduka!» diýilse, «Dindar» diýip ýüzlerini sowanlar. Bir kişiniň ady ile ýaýylsa, Bihal däldir, Bidüýp däldir, doganlar. 2. Ilim, seniň guluň bolmak pelekniň permanydyr. Taryhdan uzyn kökleriň janymyň dermanydyr. Zaryn-zaryn aýdymlaryň kimleriň armanydyr. Tozlaryňa ýüzüm sürtüp müň bir ýoldan gelmişem. Ýüzüň nury seçelenmiş- içip ganabilmedim. Sensiň meniň penakärim, başga hana bilmedim. Gyşda galdym, gaýda galdym, medet berdiň ölmedim. Elde gazmam, dilde senam, ak ykbaldan gelmişem. Maňlaýymda ýyldyz dogdy, bagtyň diýip çakladym, Gowgaňy, tutan toýlarňy aýdym etdim, sakladym. Gylyç ýasan ussa gördüm, rahatlyk tapmadym, Jahan içre agyp-dönen leňňer saldan gelmişem. Sökdüm egrem ýollaryňy jiger ezene duşdum. Nama tapdym, hemra tapdym, merdan gezene duşdum. Sen diýp gara başyna, jana dözene duşdum. Kümüş daňlar, elwan agşam, tylla silden gelmişem. Gyşlagyňdan gyşlagyňa gep däl, aýdym ýetirdim. Ärleriň är işlerini ile ýaýdym-ýetirdim. Eger guran göwün görsem damja-beýdim ýetirdim. «Ýagşy niýet-ýarym döwlet»- ýagty pälden gelmişem. Aşyk Aýdyň küýe düşmüş, örtener sazlar bilen. Onuň öýi bu giň ülke, örtüner ýazlar bilen. Oýalykda gara gazma, düýşde owazlar bilen, Gara gözüm-ilim golda, umman hyýaldan gelmişem. 3. Ne günlere düşdüň altyn hakydam, Peýkam çüýledimi, Naçar galdyňmy?! Oýangyl gaflatdan, Galkyn hakydam, Atalaryň ruhy açsyn alnyňny. Göwne şugla beren, Gözde ýaş bolan Heňňamlara öweý kimin bakar sen. Saňa al saldymy ýalmawuz ýalan, Şu gün diýip düýnüň göwnün ýykar sen. Kysmatyny saňa ynanan ärler, Asyrlaryň aşagynda galdylar. Dert çekse dag deýin yranan ärler, Iliň-günüň nyşanynda galdylar. Saňa ynandylar Ýalňyz ogul dek, Soňky demde ynanç bilen dymdylar. Hakydam bar diýip ömrüme derek, Açyk galan gözlerini ýumdular. Hakydam, zyndana öwrüldiňmi sen, Ýa-da şol zulmada düşdüňmi özüň, Gökden iýnen däldir aýdymyň-sazyň, Şu ýöneker zada akylyň keser. Ýyldyzlar süýndiler, Derýalar daşdy, Takdyr tagmasy deý yz etdi gaýtgyn, Üzülen kirişler towlanyp düşdi, «Razy, hakyda baryny aýtdym!». Saňa gowşurdylar gara gazmany, Ýanynyň dünýe deý gazaly bilen, Il peslik bilmedi malsyz tozmany, Galsa bagşylary, ozany bilen! Hakydam, är ogul ynanjy ýakmaa, Sen bir hazyna sen, çaňa basyrlan. Saňa jan berenleň duzuny hakla, Yzyňda asyrlar, Öňde asyrlar. 4. Gamçyňy bulama güýçl, damja ýaşyň zowaly bar, Il bi- garyp, zer geýinen hemem dili dogaly bar. Gözüň süz, otur, oýlan, her kimiň müň sowaly bar, Köňle ýygnap ýetişenmi başarsam çözüp gezeýin. Açdym kitap gatlaryny adamzada nusga gördüm, Bir ýerinde tarypnama, bir ýerinde gussa gördüm. Gaý bolanda halasgär ot, ýüze uran tüsse gördüm, Egismän derdi-azary men niçik dözüp gezeýin! Bize miras galan dünýe ýaşyndan garry panydyr, Körükde köz, golda çekiç, demirçiniň dükanydyr. Ejizlik eden günüňde dowzahyň bäri ýanydyr, Dyzymda gurbatym barka dutarym düzük gezeýin. Oguzhan goýmuş heňňamlar pederden-gandan geçendir, Oňa gylyç çalnan güni gerçekler jandan geçendir. Diri galsa razy bolup hökümdar şandan geçendir, Namysjaň ilim arkamda- egnimi ýazyp gezeýin. Aşyk Aýdyň owaz bardyr gözlerimiň ýaşlarynda, Ilim, toýuňda bagşyň men, gan aglaryn ýaslaryňda. Bir dilegim: aýdym galsyn önjekleriň ýatlarynda, Garramaz heňňam ýolunda jigermi ezip gezeýin. 5. Unut gaýgylarňy, unut bergiňi, Senem bir diregsiň bu agyr ilde. Dileg et, a’l şugla örtsün serwini, Sen öz diriligňi ýüzüňe syl-da. Sen bu gün azady gün-güzeranyň, Garagulak ýaly endişesinden. Egniň ýyrtyk donly, şagöwün halyň, Gaýratyňy orak kimin dişesin. Gamgyn Aý sylar-da gözde ýaşyny Ýygyrt atan maňlaýyňy ýagtyldat. Gojalar oýarar düýnuň huşuny, Aşyk Aýdyň orta geçen wagtynda. Saz çalsa sazanda, Geplese alym, Öwüt berse gökden iýnen perişde, Onsaň böwrün diňlär gyzylgöz zalym, Belki, biri özün saklar şer işden. Çarhy-pelek seni üwemez ýaly, Tylla göwnüň dolaşmaz deý kerebe, Şükür et, eý adam-tükenmez many, Şeýle äri öz iliňe berene. 6. Säherler turup sermänim, gazmam jiger dagla bu gün, Ýüz müň äriň deregine ýalňyz özüň agla bu gün, Zaryňdan dilim tutulsyn, doga kimin bagla bu gün, Lal dek jibrinen owazlar bimany seda bolmagaý. Ikimiz çekeli derdi, bimar galsyn tirsegine, Degýändir bu jebri-jepa ýyglanyňa, erseniňe. Sakla açgöz emenmekden dünýäniň çal kersenine, Adam ogly ala düşüp salgyma pida bolmagaý. Kimlere behişt agajy, kime aždarha görüner, Birewge derdiň alajy, kime agyr hal görüner. Düşünen päklär kalbyny, bedasyla har görüner, Ýa Ýaradan namys-ardan köňüller jyda bolmagaý. Seni alyp çyksam orta halal llebiz, ykrar kibi, Alnyňda ýowuz eregeý baharda galan gar kibi. Iş düşse merdiň başyna towlansaň janyň bar kibi, Saç deý ýaýylan zaryňa- towşuňa çydan bolmagaý. Aşyk Açdyň, her kimsäge öz pälini söýget bergin, Barçalarnyň takdyry şu- özge üçin köýmek bbergin. Gyşy görsün, ýazy görsün, «Razydyryn» diýmek bergin, Çig süýt emen adam ogly tyllaly gedaý bolmagaý. 7. Döwürlerden uzak ýaşaýar adam, Deňizden. Derýadan, Gysga ömründen. Ol bir gün ajalyň şarpygyn dadar, Soň şugla öwrüler wagta gemrilmez. Azary özüne ýetik asyrlar, Iň soňky deminde oturyp ýadaw, Geçmişiň oý-hyýalyny basyrnar, Düşüner: ölmeýär-ýitmeýär Adam. Gaýtalanar döwürleriň ykbaly, Tüweleýläp, Gylyç urup, Ýaý atyp. Ýere gaçyp galan dänejik ýaly, Ýat direlýär ýyllar ötüp, aý ötüp. El gabardyp güzeranny dolaýar, Gijeler ýadyny dörýär diriler. Güýzler gelip harmanyny eleýär, Soraýan dek: Beýik ärler nirede? «Ynha, mende, Mende ýaşaýar olar » Yhlasy, päkligi löňlümde meniň! Diri şu pikrinden ynjalyk alar, Ýüzüne sylar-da arassa elin. Döwürlerden uzak ýaşaýar Adam, Asman ýaly, Bu jepakeş ýer ýaly. ...Şonuň üçin ýene köp gowga dadan Ýollar bilen oň ýanyna barýanym. 8. Agaç gurasa kökünden namys edip oda ýanar, Görse ýaman işlrini nurdan dörän dide ýanar, Bigaýrat depä çykanda Oguz goýan kada ýanar, Alla ýeke, kelle ýeke, orta oklagyn oglum sen! Ýaý dek egil okly bolsaň, bihuda başyň egmegil, Ýalagyn öz tabagyňy, biçäre bendä degmegil. Galmasyn özge saçakda göwnüňden gara tegmiliň, Ýalňyz bägüli penaňda är dek saklagyn, oglum, sen! Toý bir synagdyr ýigide, ýöne seni hassa tanar, Meýlisde deňdir hemmeler, çyn ärleri gussa tanar Badyhowa syr açmagyl, gynlar gyljy kesse tanar, Dünýäň owadan gözüne erksiz bakmagyl, oglum, sen! Neýleýin baglar saralsa- ýazy bize goýar gider, Bu dünýäniň nämedigni düşünene ýaýar gider. Dilsiz-agyzsyz ýapraklar öz sözüni diýer gider, Kim bolsaňam öz ömrüňi bag diýp çaklagyn, oglum, sen! Aşyk Aýdyň, diýer pendi, köňlüni orta goýuplar, Kim müdimi gelen ýaly, kimler janyndan doýupdyr. Dünýe zerli lybasyny, hem ýyrtyk donun geýipdir, Eger görseň ýykylany ýerden diklegin, oglum, sen! 9. Dowzahdan derwüşler gorkar diýdiler, Bisabyrlyk bilen jennet isledik. Şeýdip kimler söweş donun geýdiler, Ýer galdymy at toýnagy basmadyk. Bu gysga ömürde duşman bolanmyz, Bilinmedi gyzyp giden kelläge. Bedew obasyna kişňäp dolandy, Kysmat bilip uýan süýräp gelmäni. Men saňa hiç düşünmedim, adamzat, Gyr-jyn bolduň dogan bilen, ýar bilen. Ýogsa bize bu dünýe bir ýadam däl, Ýuwsa ýagyş bilen, örtse gar bilen. Belki, dünýäň çydap bilmän ezelde Gözlerinden damja gözýaş akandyr. Bir ýanan biçäre, nur dek gezende, Gözýaşlary hasasyna dakandyr. Damjalaryň ykbalydyr syrykmak, Şeýdip peýda bolduňmy ýa tamdyra. Indi bu gün ejizlesek, daryksak, Namys bolup, Gaýrat bolup ýandyrar. 10. Ýandym, öçmerin ölinçäm, medet bergil, ýa Ýaradan, Yzym gylyç, alnym gylyç öten-geçene garasam. Örtenip biadyl işlere ýanan pelte deý eresem, Gün kibi ýaşsam bir güni Türkmenime şuglam galsyn. Oýun gurdum, utuldymmy, utdummy ýa ilim biler, Derýada niçik ýüzenmi, mensiz galan salym biler, Bu ýollaryň agyrdygny bükülen bilim biler, Ýykyldym, turdum-dikeldim, sygynanym kyblam galsyn. Dünýe bir dag dyrmaşarsyň, ýapyşan daşyň gopmasyn, Şonuň üçin bildigimden köňlüňe sözler okladym. Öz boýnuňa eliň bilen lagnat ýüpüni dakmagyl, Dowamyňa miras bolup gaýrat bilen ygrar galsyn. Bu gün gezdim aýlanyban, doýmaz-dolmaz ýer guçmadyk, Dirilere alamat deý çakyr kelläge uçradym. Bir mazar artdy dünýede bizlerge syryn açmadyk, Dileg etdim: her köňülde şeýtan däl-de Möwlam galsyn. Aşyk Aýdyň, yhlas etgil, azabyň düşsün ýerine, Edil çagba guýan ýaly müň oýlar geler serime, «Kasas galmaz kyýamata» toba kyl etgen şeriňe, Öleniňde begenen däl, için tutup ýyglan galsyn. 11. Wah, bimazar, kimdiň, ilin goranmy, Ýa çykdyňmy mysapyryň kastyna, Ala düşüp özge ýurda daranmy, Ýa, köňlüňi baýlyk derdi basdymy. Gözýaş döküp görüpmidiň ömrüňde, Alypmydyň aç çagaňy gujagňa. Diýen bolmadymy: «Dünýä imrinme Lebleri awudar gülüp guçanda». Kimdiň sen, Ar diýip çaldyňmy gyljy, Ýa ýaýyňy gezediňmi bigünä, Kimler bu dünýäni jennet diýp bildi, Kimseler köşk diýip guwandy kümä. Adyllar ömrüni rowa görmeýär Nähak gana, Namartlyga, Şer işe. Pelek başda ne oýunlar gurmaýar, Gapyl galsaň saman dykar deriňe. Ýa päliňden gaçyp girdiňmi gabra, Ýa aç-ýalaňaç, zer don geýenmi. Kim ruhuny goýar müdimi jebre, Kimler namys üçin uklar, Oýanmaz... 12. Eý, oglum, uşlybyň ujuny tapmak kyndyr bu dünýede, Egniň sallap oturmagyl derdiň kändir bu dünýede. Iň bolman, öz myradyňy özüň gandyr bu dünýede, Kimselere el ýaly nan, kimselere erem gerek. Hoşnut bolgun körpe balaň gelip egniňden asylsa, Är diýip bolmaz ýigide, hasratdan-gamdan basylsa. Kim diýipdir: «Maňlaýyňa kaýyl bol näme ýazylsa», Baldyr syzlap, el gabarsyn, ýöne göwnüň tereň gerek. Ilki gülme, paýhas eýle, aýdylan sözden many al, Ele, sowur, tagapyl kyl, özüň öz köňlüň hany bol, Biliňe daňlan çörek deý öz ojagyň imany bol, Adam ogluna asmanam, daban basan ýerem gerek. Akyl berdi diýp igenme, köňlümde barym diýeýin, Tanasam, kimdigňi bilsem, ilimiň ary diýeýin. Gazmama goýdum syrymny, mydam men diri diýeýin, Bir ganhor ýeterlik ile, ýurda adam-eren gerek. Aşyk Aýdyň, hoş galyňlar, indi ýollar siziňkidir, Ar-namys merdiň gözleri, çynlar-allar siziňkidir. Gaýrat bersin, gujur bersin, agyr iller siziňkidir, Ejiz görse yza tesen peleň gerek...peleň gerek. 13. Çaň basan, Sil ýuwan Gadymy Wasym, Geljek ýollaryma garap ýatyrmyň, Gyşlarda enaýy, ýazlarda ýaşyl, Ýyllary ýumak deý sarap ýatyrmyň. Iller gitdi ýüreginde daş bilen, Gözde erän kümüş deýin ýaş bilen. Dymyp galdyň hyýal bilen, huş bilen, Şondan bäri köňli garyp ýatyrmyň. Döwran döndi-geçdi, ýene geler diýp, halym iliň gözlerine iler diýp, Aşyk Aýdyň pirden habar alar diýp, Göwün deýin doňup-eräp ýatyrmyň. Eger gelsem garaý-garaý giderdim, Alajym ýok, erksiz haraý giderdim. Geçmişim, umydym, armanym-derdim, Öz başyňy özüň çarap ýatyrmyň. Ýat bolup toýlaryň, ýat bolup seýil, Galsa-da delmuryp ak guşlar, keýik. Gowagynda galan Görogly deýin, Aý-ýyllara oýun gurap ýatyrmyň. Syzyp perýadyňy, syzyp ahyňy, Akar ýatlar akan ýerni ahyry. Asmanda Günüňi, Aýy-mahyňy, Synlaýyp täzeden döräp ýatyrmyň. Oktýabr, 1990 ý. | |
|
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |