19:41 Ýary bar | |
ÝARY BAR
Goşgular
Kaýsy gülşenniñ katdyñ dek serwi hoş reftary bar, Kaýsy gülnüñ gül ýüzüñ dek aryzy-ruhsary bar, Kaýsy dilberniñ lebiñ dek lagly-şeker bary bar, Şükür kim mahzun köñülniñ sen kibi dildary bar, Ne gamy bar ol kişiniñ kim seniñ dek ýary bar, Ne gamy bar ol kişiniñ kim seniñ dek ýary bar. Lebleriñ şu gandyna sona getirdim algaly, Isteýip badamny ter bag içre bardym algaly, Bagbanga ''alma getir'' diýp buýurdym algaly, Nary baryn bilmedim, şetdaly sordum algaly, Diýdi kim şetdalydan ýokdur nesibiñ nary bar. Gözleri dek bag era nerkes gözi şähla degil, Serwi-azady-senuber kamatyga boldy gul, Aryzyga agzyn açdy gunça haýran galdy gül, Kaýsy bir ýagşylygyn menden sorur sen eý köñül, Hubluk esbabyda her ne ki diýer sen bary bar. Ah kim döwran belasy takatymny kyldy tak, Otlug efganym bile boldy mülewwen ne rewak, Jany-jisimimni ýakyp, kül kyldy şitdetlig pyrak, Düşgeli işim meniñ eýýäm ol gülden ýyrak, Gunça ýañlyg köñlüm etrapyda ýüz müñ hary bar. Ol periler patyşasy mesnet üzre olturyp, Bezm düzmüş meý içip, jamy-murassyg dolduryp, Hyzmatyda Andalyp asa durupdyr delmirip, Baş goýupdyr astanyga Ubeýdi gul bolup, Bendedir oña weli ýüz soltanatdan ary bar. | |
|
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýaranlar / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |