01:54 Jüneýit han / poema | |
JÜNEÝIT HAN
Poemalar
"Ömrüniň ahyrlarynda ol (Jüneýit han) özüni Hindiguş daglaryna çykarmagy ýeke oglundan ýygy-ýygadan haýyş edenmiş. Şonda ol beýik seňňeriň üstünde oturan ýerinden Türkmenistan tarapa doýmaz-dolmazlyk bilen bakar ekeni..." N.Hojaberdiýew / "Türkmenistan" gazeti, 18.12.2003 ý. Uly baýlyk barmy Watandan başga, Ýurdy ýok hemişe garyp bolýandyr. Oglum, meni depä alyp çyksana, Arkadan Watanyň ysy gelýändir. Çagyrsam-da ýetişmedi pirlerim, Wah, nädeýin, orslar menden rüstemdi. Gum içinde darkaş gurup ors bilen, Kän uruşdym, meniň döwüm pes geldi. Ýurdy goýup munda gelmeli boldum, Watanymda ölmedim men mert bolup. Indem gaýry ýurtda azarym ýetik, Watan zary azar berýär dert bolup. Ýene bir toý tutsam, ýurduma baryp, Nazar bagaň aýdymlarny diňlesem. Gansam sorup aby-köwser howasyn, Ata ýurdy ene-gana synlasam. Soňam bir pursatda tabşyrsam jany, Ysmamydyň topragynda duwlansam. Bu hyýallar goja göwnüm ýyladýar, Bolmajagyn bilip durunam ýogsam. Şonda-da kalbyma biraz teselli, Aýagym gabyrda ölüme boýun. Oglum, meni depä alyp çyksana, Gaýradan ýurdumyň ysyn alaýyn. 2. "Her zat öz ýurdumda jaýla. Juda bolmasa jesedimi Amyderýa okla, etimi balyklar iýer, süýegim ýurduma akyp barar, onam oňarmasaň, ýüzümi kybla däl-de ýurduma bakdyryp jaýla". Jüneýit hanyň ogluna soňky wesýeti. Indi ata ýurtdan döwran sowulan, Depämizde ýat illeriň asmany. Mysapyr men öz ilinden kowulan, Munda ölmek ýazlan çekip gussany. Ogul, şu wesýetim saňa parzdyr, Ynha, tylla, Ynha, ýarag, Halanyň. Meň süýegim şo topraga karzdyr, Ýerlejek bol bir ýerinde Hywanyň. Il täsibi bilen bolmuşam gümra, Ýaman pälden abat saklap kükregi. Taňrydan dilegim imandan soňra, Horezminiň birje gysym topragy. Aňrysy göründi ýaşalan ýaşyň, Şuny bitirmeseň bolaryn dilgir. Ýarag çek, Tylla ber, Olar öz işiň, Ýöne öz ýurdumda ýerlejek bolgun. 3. Öňümizde näbelli ýurt, Onda bize Watan ýokdur. Ýüregimden aýrylmaz dert, Onda bize watan ýokdur. Neýleý mundan gitmeli men, Gaýry mekan tutmaly men, Ömür aglap ötmeli men, Onda bize watan ýokdur. Hudaýsyzlar ýurdum aldy, Ýüregime otlar saldy, Gan eňreýip Tagta galdy, Onda bize watan ýokdur. Gokmandym-a gülleden men, Ýurdum gorap ölmedim men, Namart boldum, bilmedim men, Onda bize watan ýokdur. Güýjüm ýetse gorasamdym, Diýip başym gora saldym, Bir Watansyz ejiz galdym, Onda bize watan ýokdur. Ýurdumda öten günlerim, Ömür unudyp bilmerin, Arzuwym gaýdyp gelmegim, Onda bize watan ýokdur. 4. Bu derdime çäre ýokdur. Aýdymdan. Ähli derdiň dermany bar, Bu derdime çäre ýokdur. Kalbym niçik tapar karar, Bu derdime çäre ýokdur. Inenim-güzerim galdy, Kalbymyň azary galdy, Atamyň mazary galdy, Bu derdime çäre ýokdur. Watansyzlyk agyr kysmat, Heý, Watansyz bolarmy şat?! Her demimde ederin ýat, Bu derdime çäre ýokdur. Pany dünýäň oýny kändir, Kime şöhrat, kime şandyr, Bize ýetmezi Watandyr, Bu derdime çäre ýokdur. Ata-baba ärler öten, Ýedi puşdum mesgen tutan, Bir melhemim ata Watan, Bu derdime çäre ýokdur. Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |