■ Milli kitap baýragy gowşuryldy
ABŞ-nyň “National Book Awards 2018” – Milli kitap baýragynyň gysga sanawy resmi taýdan mälim edilip, oňa çeper, ylmy, ýaşlar edebiýaty, şygryýet hem-de terjime eserleri ýaly bäş ugur boýunça jemi 25 dalaşgär bellige alyndy. Her ugur boýunça bäş finalçy görnükli edebiýat bilermenleri tarapyndan saýlanyp alyndy. Şu ýyl neşirýatçylar tarapyndan 1637 kitap hödürlenip, olaryň 368-si çeper edebiýat, 546-sy ylmy edebiýat, 256-sy şygryýet, 142-si terjime edilen eserler we 325-si ýaşlar edebiýatyna degişlidir. Çeper edebiýatyň gysga sanawynda 5 finalçy bar.
Jeýmel Brinkli — “Bagtly adam”, Loren Groff — “Florida”, Brendon Hobson — “Nirede ölüler gürläp oturýar?”, Rebekki Makaý — “Beýik ynam”, Sigrid Nunez — “Dost” .
Ýeňijiler Nýu-Ýorkda Milli kitap baýragynyň gowşurylyşynyň 69-njy dabarasynda mälim edildi. Dabarada Isabel Alende amerikan edebiýatyna gymmatly goşandy üçin Milli kitap gaznasynyň medalyna, ýazyjyi Doron Weber bolsa, amerikan edebi jemgyýetine gymmatly goşandy üçin Gaznanyň edebi baýragyna mynasyp boldy.
■ Edebi neşiriň taryhyndan
"Literaturnaýa gazeta” Russiýanyň hepdelik jemgyýetçilik-syýasy neşiridir. Gazet rus ýazyjysy Maksim Gorkiniň başlangyjy bilen, 1929-njy ýylyň 22-nji aprelinde neşir edilip başlanýar. 1942-nji ýylyň ýanwaryndan “Sowetskoýe iskusstwo” gazeti bilen birleşdirilmegi netijesinde, “Literatura i iskusstwo” ady bilen çykyp başlaýar. 1944-nji ýylyň noýabrynda bolsa, ozalky ady gaýtarylyp berilýär. Ol 1947-nji ýyldan başlap, edebi we jemgyýetçilik-syýasy gazete öwrülýär. Neşiriň döwürleýinligi we möçberi üýtgedilýär.
1967-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan gazet 16 sahypa bolup, hepde-de bir gezek çykyp başlaýar. Gazet edebiýat, sungat, syýasat, jemgyýet, ahlak, hukuk, ylym, durmuş we başga-da gyzykly mowzuklary öz içine alýar. Onuň sahypalarynda ozalky Soýuzyň iň belli ýazyjylary we köp sanly daşary ýurtly ýazyjylar çykyş edýär.
1970-nji ýylda gazetiň redaksiýasy “Altyn göle” atly ýyllyk baýragy esaslandyryp, ony “12 oturgyç” rubrikasynyň astynda iň gowy gülküli eserleri ýazanlara gowşurýar. “Literaturnaýa gazeta” 1990-njy ýylda garaşsyz neşir bolýar. Gazetiň logotipinden M. Gorkiniň profili aýrylýar we gazet XIX asyryň “Edebiýat gazetine” deňelip, onuň esaslandyrylan wagty 1830-njy ýyl diýlip, hasaplanyp başlanýar.
Gazetiň logotipinde 1990-njy ýyla çenli Puşkiniň we Gorkiniň profili bardy, 1990-njy ýyldan soň diňe Puşkiniňki galdyrylýar, ýöne 2004-nji ýylda, Maksim Gorkiniň profili hem gaýtadan goýulýar. Gazet 2012-nji ýylda “Watana we söze wepadarlyk” atly her ýylda berilýän milli rus baýragyny esaslandyrýar. Bu baýrak XIX asyrda gazeti ilkinji esaslandyran Anton Delwigiň hormatyna döredilip, «Altyn Delwig» diýlip hem atlandyrylýar.
■ Hemingueýiň hekaýalary neşir ediler
Ernest Hemingueýiň 1950-nji ýyllarda ýazan we ozal neşir edilmedik iki hekaýasy 2019-njy ýylyň tomsunda neşir ediler. Ýazyjynyň edebi mirasyna ýolbaşçylyk edýän Maýkl Katakisiň aýtmagyna görä, “Indeýleriň ýurdy we aklaryň ýygyny” hem-de “Ýadygärlik” diýen hekaýalary gaýtadan neşir ediljek “Jaň kime kakylýar” romanynyň üstüni doldurar. Mundan başga-da, neşire ýazyjynyň golaýda “Strand Magazine” žurnalynda çap edilen ozal näbelli bolan “Bag tarapdaky otag” atly hekaýasyny girizmek göz öňünde tutulýar.
1956-njy ýylda Hemingueý özüniň habarçy hökmünde Ikinji jahan urşuna gatnaşyşy barada bäş hekaýa ýazypdyr. Aýdyşlaryna görä, ýazyjy öz neşirýatçysy Çarlz Skribnerden bu hekaýalary diňe dünýäsini täzeländen soňra çap edilmegini haýyş edipdir. Bu hekaýalaryň biri “Çatrykdaky gara eşek” birnäçe ýyl mundan ozal neşir edildi. Emma Hemingueýiň bu hekaýalarynyň dolulygyna haçan neşir ediljekdigi häzirlikçe mälim edilmeýär.
Ernest Hemingueý (1899-1961) kitaplary köp dillere terjime edilen XX asyryň meşhur amerikan ýazyjylarynyň biridir. Onuň iň meşhur eserleriniň biri hem “Goja we deňiz” atly eseri bolup, bu powesti üçin ýazyja 1953-nji ýylda Pulitzer baýragy, bir ýyl soň bolsa, “Jaň kime kakylýar”, “Hoş gal, ýarag!” atly eserleri üçin Nobeliň edebiýat boýunça baýragy gowşuryldy.
■ Amerikalylar näme okaýar?
ABŞ-nyň Milli sungat gaznasynyň (NEA) maglumatlaryna görä, şu günki günde Amerikada şygryýet belentden ýaňlanyp, soňky bäş ýylda goşgy okaýan amerikalylaryň sany iki esse artypdyr. Eger-de, 2012-nji ýylda şygryýete isleg 6,7% bolan bolsa, 2017-nji ýylda onuň paýy 11,7%-e deň bolupdyr.
Şeýle hem geçirilen barlaglarda pýesalara bolan isleg ýokarlanyp, onuň bilen 3,7% töweregi amerikalynyň gyzyklanýandygy belli bolupdyr. Bu görkeziji 2012-nji ýylda 2,9% bolupdyr. Çeper edebiýat ugry boýunça romanlar we gysga hekaýalar (41,8%) has-da ileri tutulýan eken. Amerikalylaryň deň ýarysy haýsy-da bolsa bir eseri okamaly diýen pikire gulluk edip, pikiri soralanlaryň 52,7%-i köplenç halan kitabyny okaýandygyny mälim edipdir. Sanawa okuw ýa-da professional edebiýat girizilmändir.
Amerikada iň giňden ýaýran edebi žanrlarynyň biri hem dini eserler bolup, şeýle kitaplara pikiri soralanlaryň 23%-niň aýratyn üns berýändigi anyklandy. Şeýle-de iň köp okalýan kitaplaryň arasynda taryhy (21,8%) we biografik (20%) eserler, ylmy-tehniki edebiýat (12,9%), grafiki roman we komiksler (6,7%) bar. Amerikalylaryň 23,3%-i kitaplaryň elektron görnüşini okaýan bolsa, 16,5%-niň audiokitaplary diňleýändigi aýdylýar.
■ Täze akademiýanyň baýragy
Şwesiýada Nobeliň edebiýat boýunça alternatiw baýragyna asly gwadelupaly fransuz zenan ýazyjysy Maris Konde mynasyp boldy. Ol birnäçe meşhur romanlaryň, şol sanda, “Men Tituba, Salemanyň gara aýjyny” (1986), “Segu” (1987), “Beýiklik” (1998) we beýleki eserleriň awtorydyr. Täze akademiýanyň baýragy ýazyja däp-dessurlara, medeni mirasa we kolonializm döwrüne içgin aralaşanlygy üçin gowşuryldy. Baýraga Maris Kondeden başga ýene-de iki finalçy – iňlis ýazyjysy Nil Geýman we kanada-wýetnam ýazyjysy Kim Thui saýlandy. Ýapon ýazyjysy Haruki Murakami hem finalçylaryň arasyndady, ýöne ol bu baýragy almakdan ýüz dönderdi.
Edebiýat boýunça alternatiw Nobel baýragy Şwesiýanyň medeniýet işgärleri tarapyndan esasy baýragyň ornuna esaslandyryldy. Onuň baýrak gaznasy 1 million krona (112 müň dollar) barabar. Şeýlelikde, Nobeliň alternatiw finalçylaryny Täze akademiýa girýän 100-den gowrak žurnalist, ýazyjy, aktýor we beýleki medeniýet işgärleri açyk ses bermek arkaly saýladylar. Alternatiw baýraga jemi 47 sany tanymal awtor hödürlenip, olaryň arasyndan diňe finala dördüsi saýlanyp alyndy. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýyl 2018-nji ýyl üçin Nobeliň edebiýat boýunça baýragy käbir sebäplere görä berilmedi.
■ Gaýtadan çap edildi
Golaýda ABŞ-nyň “Duke University Press” neşirýaty amerikan romançysy, dramaturgy we jemagatşynasy Jeýms Artur Bolduiniň çagalara niýetläp ýazan “Little Man, Little Man” (Kiçi adam, kiçi adam) atly ýeke-täk kitabyny 30 ýyldan soňra gaýtadan neşir etdi. “The New York Times” neşiriniň habaryna görä, eser uzak wagtlap unudylypdyr. Eserde 4 ýaşly aýdym-sazyň we top oýnamagyň muşdagy bolan gara tenli oglanjygyň gören görgüleri barada gürrüň berilýär.
Jeýms Bolduin 1924-nji ýylyň 2-nji awgustynda Nýu-Ýorkuň Garlem etrabynda dünýä inýär we ruhany kakalygynyň elinde ulalýar. Ol çagalygyny we ýaşlygyny Nýu-Ýorkuň Garlem we Grinwiç-Willij etraplarynda geçirip, özüniň daş-töwereginde bolup geçýän ýagdaýlara garaýşy barada ýazyp başlaýar. Onuň ilkinji çeper romany “Go Tell It on the Mountain” (Gitde daglara habar ber) romany baýraga mynasyp bolýar. Ýazyjy 1948-nji ýylda Pariže göçüp gelýär. Onuň iň esasy eserleriniň biri Senanyň kenarynda ýazylyp, Bolduin bu ýerde ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýar. Ol 1987-nji ýylyň 30-njy noýabrynda aradan çykýar
■ “Hýugo” baýragynyň eýeleri mälim edildi
ABŞ-nyň San-Hose şäheriniň “Worldcon” şüweleňinde 2018-nji ýylyň “Hýugo” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi. Oňa bu gezek amerikan ýazyjylary mynasyp boldular. Iň gowy roman üçin N.K.Jemisiniň “Daş asman”, iň gowy powest üçin Marta Uellsiň “Ähli ulgamlar gyzyl”, iň gowy gysga powest üçin Sýuzanna Palmaryň “Gelmişekleriň syrly durmuşy“, iň gowy ylmy-fantastik hekaýa üçin Rebekka Roanhorsyň “Ygtybarly hindi tejribäňe hoş geldiň“ atly eserleri baýraga mynasyp boldular. “Non-fikşn” üçin baýragy Ursule Le Guine (Ätiýaç üçin wagt ýok) aradan çykandan soň berdiler.
1953-nji ýylda ABŞ-da esaslandyrylan “Hýugo” baýragy, ylmy fantastika ugry boýunça berilýän iň abraýly baýraklaryň biridir. Baýrak fantastika žanrynda iňlis dilinde ýazylan iň gowy eser üçin okyjylaryň ses bermegi arkaly gowşurylýar.
■ Iň gowy ýazyjylaryň dörtlügi belli boldy
Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragy käbir sebäplere görä, şwed akademiýasynyň karary bilen gowşurylmady. Ýöne akademiýa geljek ýylyň 10-njy dekabrynda 2018-nji we 2019-njy ýyllaryň Nobeliň edebiýat baýragynyň eýeleriniň adyny birbada mälim eder.
Şu ýagdaýlar nazara alnyp, şwed ýazyjylarynyň tagallasy bilen täze akademiýa döredilip, oktýabr aýynda öz baýragyny gowşurmagy meýilleşdirýändigi ozal habar berlipdi. 2018-nji ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň ýerine goşmaça baýrak gowşurmagy niýet edinýän täze akademiýa öz saýtynda finalçylaryň sanawyny mälim etdi. Onda esasy dört awtor öňe saýlanyp, giň okyjylar köpçüligi tarapyndan tanalýan ýazyjylardyr. Iň gowy ýazyjylaryň dörtlügi şulardan ybarat:
Haruki Murakami (Ýaponiýa).
Nil Geýman (Beýik Britaniýa).
Mariz Konda (Fransiýa), 2015-nji ýylda “Buker” baýragynyň gysga sanawyna düşdi.
Kim Thuy (Wýetnam – Kanada), wýetnamly immigrant özüniň “Ru” atly ilkinji romany bilen uly meşhurlyga eýe boldy.
Täze akademiýanyň saýtynda bellige alnan 47 ýazyjynyň iň gowularyna 30 müňden gowrak okyjy ses berdi. Indi emin agzalary baýragyň eýesini saýlamaly. Ýeňiji 12-nji oktýabrda mälim edilip, ony dabaraly sylaglamak 9-njy dekabra bellenildi. Häzirki wagtda täze akademiýa dabarany geçirmek üçin serişde ýygnaýar, hem-de ýeňijiniň suratyny çekip, sowgat etjek ussat suratkeşi gözleýär.
■ Stiw Jobsuň gyzy kitap ýazdy
“Apple” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Stiw Jobsuň 40 ýaşly, uly gyzy Liza Brennan-Jobs kakasy baradaky ýatlamalar kitabyny ýazdy. Ol eserinde kakasynyň nähili ynsan bolandygy barada içgin gürrüň berýär. Şu aýyň içinde neşir edilmegi meýilleşdirilýän bu eserden käbir parçalar “Vanity Fair” neşirinde çap edildi.
Stiw Jobs 2011-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda 56 ýaşynda aşgazanasty mäzlerinde ýüze çykarylan howply döremeler zerarly aradan çykdy. Kitapda meşhur programmaçynyň we onuň gyzynyň ýeňil bolmadyk gatnaşyklary barada içgin gürrüň berilýär. Stiw Jobs we Lizanyň ejesi Kris Brennan Kaliforniýa uniwersitetinde okap ýörkäler durmuş gurýarlar. Olaryň söýgüsinden Liza dünýä inýär. Ýöne Jobsuň öz gyzy bilen aragatnaşygy tä Lizanyň Garward uniwersitetine girýänçä gümürtikligine galýar. Kitapda Liza kakasynyň ömrüniň soňky günlerinde oňa has ýakyn durmagyň hötdesinden gelendigi barada gyzykly gürrüňler berýär.
■ Hemingueýiň neşir edilmedik hekaýasy
Amerikan žurnaly “The Strand Magazine”-de amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň (1899-1961) ozal neşir edilmedik hekaýasy çap ediler. “Biz žurnalymyzyň 55-nji sanynda Ernest Hemingueýiň “A Room on the Garden Side” (Bag tarapdaky otag) atly ozal neşir edilmedik hekaýasynyň çap ediljekdigini uly buýsanç bilen siziň dykgatyňyza ýetirýäris” diýlip, žurnalyň beýanatynda aýdylýar.
Beýanatda aýdylyşyna görä, bu hekaýa ýazyjynyň batyrgaýlyk, umyt we söýgi ýaly iň söýgüli mowzuklaryny öz içine alýar. Eser 1956-njy ýylda ýazylyp, ondaky wakalar Ikinji jahan urşy ýyllarynda Parižiň “Ritz” myhmanhanasynda bolup geçýär. Hekaýadaky gürrüňler Robert atly haýsydyr bir adam tarapyndan beýan edilip, ol ýazyjynyň hakyky keşbinden daş düşenok.
Ernest Hemingueý amerikan edebiýatynyň taryhynda yz goýan meşhur şahsyýetleriň biridir. Onuň ýazyjy we žurnalist hökmünde bitiren işleri üçin 1954-nji ýylda Nobeliň edebiýat baýragyna eýe bolmagy ABŞ-da iň meşhur we abraýly ýazyjylaryň hataryna goşdy. Hemingueýiň özboluşly, deňi-taýy bolmadyk ýazyş usuly ýazyjynyň abraýyny arşa göterdi. Ernest Hemingueý bir tarapdan özüniň köp sanly hekaýalarydyr romanlary, beýleki bir tarapdan bolsa, özüniň garaşylmadyk wakalara baý geň-taň durmuşy arkaly hemmeleriň göwnünden turýar. Hemingueýiň ýazyş täri gysga we mazmuna baý bolup, XX asyryň edebiýatynda aýratyn ähmiýete eýedir.
■ "Buker” baýragynyň uzyn sanawy
Golaýda Beýik Britaniýanyň “Buker” baýragynyň 2018-nji ýyldaky uzyn sanawy mälim edildi. Oňa şu aşakdaky awtorlaryň eserleri girizilipdir:
“Snap” (Pitik) – Belinda Bauer, iňlis ýazyjysy.
“Milkman” (Süýt satýan) – Anna Berns, iňlis ýazyjysy.
“Sabrina” – Nik Drnaso, amerikan ýazyjysy.
“Washington Black” (Gara Waşington) – Esi Edugýan, kanadaly ýazyjy.
“In Our Mad and Furious City” (Biziň paýhassyz we gazaply şäherimizde) – Gaýa Gunaratne, iňlis ýazyjysy.
“Everything Under” (Ähli zat pesde) – Deýzi Jonson, iňlis ýazyjysy.
“The Mars Room” (Marsdaky otag) – Reýçel Kuşner, amerikan ýazyjysy.
“The Water Cure” (Suw bejergisi) – Sofiý Makintoş, iňlis ýazyjysy.
“Warlight” – (Uruş şamçyragy) – Maýkl Ondatže, kanadaly ýazyjy.
“The Overstory” – (Taryhyň başy) – Riçard Pauers, amerikan ýazyjysy.
“The Long Take” (Uzak wagt eýeleme) – Robin Robertson, iňlis ýazyjysy.
“Normal People” (Adaty adamlar) – Salli Runi, irland ýazyjysy.
“From a Low and Quiet Sea” (Pes we ümsüm deňizden) – Donal Rýan, irland ýazyjysy.
Dalaşgärleriň arasynda has meşhur ýazyjy Maýkl Ondatže bolup, ol şu ýyl “Iňlis hassasy” romany üçin “Altyn Buker” baýragyna mynasyp boldy. Esi Edugýan 2011-nji ýylda gysga sanawa düşüpdi, ýöne Julian Barns ondan öňe saýlanypdy. Nik Drnasonyň “Sabrina” romanynyň uzyn sanawa goşulmagy hem guwandyryjydyr. Gysga sanaw 20-nji sentýabrda belli bolup, ýeňiji şu ýylyň 16-njy oktýabrynda mälim ediler. “Buker” baýragy iňlis dilinde ýazylan eserlere berilýän abraýly baýraklaryň biridir. Geçen ýyl amerikan ýazyjysy Jorj Sonders “Bardodaky Linkoln” romany üçin bu baýraga mynasyp bolupdy.
■ 150 ýyllygy baýram ediler
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2020-nji ýylda meşhur rus ýazyjysy we şahyry, Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi Iwan Buniniň (1870-1953) doglan gününiň 150 ýyllygyny baýram etmek baradaky karara gol çekdi. Iwan Buniniň rus we dünýä edebiýatyna goşan gymmatly goşandy nazara alnyp, taýýarlyk boýunça guramaçylyk komitetini döretmek, meýilnama düzmek we baýramçylyk çärelerini geçirmek barada Russiýa Federasiýasynyň Ministrler kabinetine tabşyryk berildi. Ýazyjynyň ýubileýine bagyşlanan dabaralara sebit häkimiýetleri hem gatnaşarlar.
Iwan Bunin Woronežde dünýä inýär, onuň çagalyk ýyllary Orlow guberniýasynyň Butyrki obasynda geçýär. 1883-nji ýylda maşgalanyň jaýy satylýar, şondan soň ýazyjynyň durmuşynda ýeňil bolmadyk döwür başlanýar. Ýazyjy 1920-nji ýylda Fransiýa göçüp gidýär. 1933-nji ýylda şwed Akademiýasy ony “Rus nusgawy şygryýetini ösdürmekde asylly hyzmatlary üçin” Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglaýar.
# "Zaman Türkmenistan" gazetiniñ maglumatlaryndan taýýarlandy.
Edebiýat täzelikleri