20:02 Isgender tämiz diýarda | |
ISGENDER TÄMIZ DIÝARDA
Goşgular
"Isgenderiñ pähim diwany" eserinden Isgender dünýäni basyp almakçy, Ýagşy-ýaman ~ barça zady bilmekçi. Oñ ýörişi şöhratlydy hem kyndy, Bir gün bir diýaryñ çetinden indi. Ol bir täsin diýarydy ynsanyñ, Ady-sory ýokdy şa bilen hanyñ. Onda ne baý bardy, ne garyp bende, Adamlaryñ bary bir jan, bir tendi. Gowuşýardy ýerne halkyñ azaby, Bol-telki durmuşyñ bar öz hasaby. Tämizlikden gurlandy oñ binýady, Bilmezdi halaýyk jeñ diýen zady. Her kesiñ howlusy bakjaly-bagly, Işikler hiç haçan bolmaýar bagly. Her öýüñ deñinde bardy ýerzemin, Ýerzemin ~ merhumy ýerlemek üçin. Haýran etdi Isgenderi bu ahwal, Diýarlyñ birine berdi ol sowal: "Günüñiz gül ýaly. Ýöne, nämüçin Dirikäñiz gurnupsyñyz ýerzemin?" Şeýle jogap berdi oña diýarly: "Ýaşamaly her kes namysly-arly. Ýaşamaly ahyr öljegin bilip, Ýaşamaly ile hemsaýa bolup. Göräýmäge, o ýer bir gün, lal ýaly, Paýhasy bar üçin manydan doly. Diýýär: "Sen ölmeli, ömür bäş günlük, Ýagşylyk et. Ahyr ýuwdar şol tümlük". Şa sorady: "Ýagşy. Aýt sen, nämeden, Derweze, işikler açyk dur mydam?" Baýlaryñ, garyplañ bolmaýşy ýaly, Bizde ogry-da ýok ~ diýdi diýarly. ~ Des-deñdir hemmäniñ gün-güzerany, Topragy - ilimiñ melhem-dermany. Däne sepseñ, biriñ müñ bolup geler, Ýurduma Ýokarky nazaryn salar". Şa sorady: "Neçüýn zerur çagynda Şemşirlerñiz çykman galdy gynynda? Halka biri häkim bolmaly dälmi? Il-gün oña gulak salmaly dälmi? Bolýan däldir bü-ýä düşüner ýaly". Şeýle jogap berdi oña diýarly: "Bidüzgünlik ýokdur meniñ ilimde! Derkar däldir bize şer-de, zalym-da!" "Ýogsa-da, nämüçin baýyñyz ýog-a?" Diýip, ýene-de bir sowal berdi şa. "Şahym! - diýdi göwni açyk diýarly ~ ~ Halallyk kowmuna baýlyk zyýanly. Altyn, kümşe gyzmak zäherdir, zäher, Husytlyk ~ dünýäde bar şerden beter. Şeýle ynam bizde, şükür Ýokarka, Dowam edip gelýär arkama-arka. Pederleriñ ekip giden baglaryn Eý görýäris, tirip alma, narlaryn". Añk bolup şa duşan bu ahwalyna, Düşürdi leşgerin gelen ýoluna. Terjime eden: Dañatar BERDIÝEW. | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |