05:58 Bezemen lybas geýen ýigit hakynda hekaýat | |
BEZEMEN LYBAS GEÝEN ÝIGIT HAKYNDA HEKAÝAT
Goşgular
Bir baý ogly bardy, samsyk, nadandy, Añy boşam bolsa, baýlygy kändi. Bir gün täze lybas geýip egnine, Müneçjim gojañka ugrady, ine. "Daş-a sülgün ýaly bezemen weli, Içi nähilikä? Barlap göreli..." Diýip, goja kişi pikir öwürdi, Ýańky ýigde oturmagy buýurdy. Baý oglunyñ ýanda ähli zat nagt, Yzyn üzmän ýañrap başlady ýigit. Añmak kyn: gürrüñi näme hakynda, It otlan dek, ugur-utga ýok gepinde. Goja gury ýañramadan bez boldy, Ahur oña şeýle diýip ýüzlendi: "Ýagşy ýigit saña aýdaýyn şuny, Zordan çatýañ iki sözüñ başyny. Seniñ bu zer-zerbap bezemen geýmiñ, Gizlänok boşlugñy, örtenok aýbyñ. Gaýyk ugrukmaýar kürek bolmasa, Sözler boş samandyr derek bolmasa. Hernäçe gymmatly, bezemen lybas, Seni nadanlykdan edenok halas. Eger gabat gelse daşyñ hem içiñ, Iñ eleşan adam boljakdygyñ çyn". Terjime eden: Kakabaý GURBANMYRADOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||