18:18 Ispan dramaturgiýasy | |
ISPAN DRAMATURGIÝASY
Teatr we kino sungaty
Ispaniýada XII asyrda halk şiwe dilleriniñ gatnaşmagynda dini dramalaryñ ilkinji nusgalary peýda bolup ugraýar. XIV asyryñ aýaklarynda dini dramalar ýuwaş-ýuwaşdan durmuşy we satiriki görnüşlere geçip ugraýar. 1360-njy ýyllarda "Maskaron", "Ýepiskop hakynda fars" (fars-gödek oýunlar) degişme oýunlar peýda bolýar. XIII asyryñ ortalarynda gepleşik žanrynda "Aýdymlar" (disoitas) we "ledeller" (debates) ýaly dünýewi-dini mazmunly çykyşlar peýda bolup başlaýar. Wagtyñ geçmegi bilen "aýdymlar-çekişmeler" drama hereketlerine geçip ugraýar. Şeýle dramalaryñ ilkinjisi P.Koty tarapyndan 1490-njy ýylda "Amur bilen gojanyň arasyndaky söhbet” ady bilen peýda bolýar. Beýle dramalar göçme manyly (allegorik) häsiýete eýe bolup (momo) atlandyrylypdyr. XV asyryň aýaklarynda dini we dini-dünýewi pýesalar buthanalarda, ýokary gatlak wekilleriniň gapylarynda görkezilip başlanýar. XVI asyrdan başlap, dini pýesalar gitdigiçe baýlaşyp ugraýar. Dini häsiýetli pýesa bolan "Keramatly Oroziniň durmuşy” atly eser dramaturg B.Palau tarapyndan ýazylypdyr. Dini žanrlaryň ösmegi bilen "keramatly hereket” (auto seka mental), 'keramatlylar hakynda pýesa” (komedia de santos) atlandyrylýan dini görnüşli, dini häsiýetli dramaturgiýa Ispaniýada XVI-XVII asyrda giňden ýaýrap ugraýar. Halk adatlarynyň, gylyk-häsiýetleriniň esasynda özünde antik eýýamynyň, orta asyrlar döwrüniň, ylmy-gumanistik hereketleriniň täsirlerini jemlän milli ispan dramaturgiýasy ösüş ýoluna aýak basýar. Galkynyş eýýamynyň ilkinji döwrüniň ylmy-gumanist hereketleriniň adatlaryny özünde jemlän dramaturg H.del Ensiniň, ispan-portugal dramaturglary Ž.Wisenteniň, L.Fernandesiň we beýlekileriň döreden eserleri häsiýetleri boýunça halk sahnajyklarynyň fars oýunlaryna (gödek oýunlar) golaý bolupdyrlar. Dramaturg H. del Elsiniň "Jenjel” oýny şeýle oýunlaryň biri hasaplanýar. B.Torres Haarronyň "Propalladiýa” ady bilen ýörite ýygyndy bolup 1517-nji ýylda çap edil-ýär. Şol ýygynda onuň 8-sany pýesasy salynýar.Onuň ýygynda salan pýesalary "hyýaly komediýalar” (komedias a fantasia), "durmuşy komediýalar” (komedias a notikas) diýen iki bölüme bölünipdir. XVI asyryň ortalarynda belli aktýor we dramaturg Lope de Rueda ýokarda bellän komediýalarymyzy iki topara bölmän eýsem olary birleşdirýär. Bu ýagdaýy Lope de Ruediniň şägirtlerem dowam etdirýärler. Lope de Ruedanyň şägirtleri aktýor we dramaturglar A.de Wega, H.Timoneda (olar takmynan 1490-1583-nji ýyllarda ýaşap geçen), dramaturglar H.Bermudes, K.Wiruesa, Leonardo de Arhensola (bularam, takmynan 1559-1613 ýý. ýaşap geçen) olar öz halypalary Ruediniň ýoluny dowam etdirselerem olaryň ispan teatrynyň sahnasyna çykaran ylmy-klassiki (nusgawy) tragediýalary üstünlikden peýdalanmandyr. Muňa garamazdan beýik Ispan dramaturgy Serwantes özüniň başky döredijiliginde ýokarda atlaryny belläp geçen dramaturglarymyza ýykgyn edipdir. Serwantesiň halk gahrymançylygyny suratlandyrýan "Numansiýa” (1588-nji we 1786-njy ýyllarda kitap görnüşinde çap edilipdir) tragediýasy tomaşaçylar tarapyndan oňat garşylanypdyr. Serwantesiň "Komediýalar we intermediýalar” atly ýygyndysy (1615-nji ýylda kitap görnüşinde çap edilipdir) özbaşdak Ispan milli dramaturgiýasynyň emele gelen döwri bilen baglanyşykly. Dramaturg H.de la Kuewanyň pýesalary Renessenans eýýamynyň taryhy döwürlerini öz içine almak bilen ol ilkinji bolup, halkyň gylyk-häsiýetlerine, halk romanslaryna ýüzlenipdir. Ispaniýada Renessenans eýýamynyň başlanmagy bilen milli dramada gülläp ösüş döwri başlanýar. Ol döwür gysga wagty öz içine alanam bolsa, "Altyn asyr” diýlip atlandyrylypdyr. Şol döwürde öz döredijiligi bilen dünýä dramaturgiýasyna uly şöhrat getiren dramaturg, şahyr, gumanist Lope Feliks de Wega Karponyň döredijiligi peýda bolup başlaýar. Onuň köp sanly pýesalarynda ispan klassik (nusgalyk) häsiýetlerini, aýratynlyklaryny özünde jemleýän eserleri yzly-yzyna peýda bolýar. Ol öz pýesalaryna siňdirýän ispan häsiýetlerini, ispan aýratynlyklaryny halkyň milli taryhyny açyp görkezýän sýužetlerden, halk adatlaryndan, gylyk-häsiýetlerinden we halk romanslaryndan susup alypdyr. Lope de Wega öz drama eserlerini berk žanr ugurlaryna bölmekden saklanypdyr. Onuň pýesalary mazmun taýdan wagtyna we ýerleşýän ýerine baglylykda bir žanrdan beýleki žanra geçip bilipdir. Şol sebäpden onuň bir pýesasynyň dowamynda hem tragediýa, hem komediýa, hem pastorol žanrlarynyň elementlerine göz ýetirmek bolupdyr. Lope de Weganyň pýesalarynda hile gurmak, pitne guramak häsiýetleri dinamiki (dinamika-hereketiň ösüşi) ýagdaýda ösdürilipdir. Onuň sahna gahrymanlarynyň durgunlylygyny berkleşdirmek (tipleşdirmek) usuly öňe sürlüpdir. Umuman onuň pýesalarynda ölçeglilik (mertiçeskiý) ösdürilipdir. Lope de Weganyň ähli eserlerinde diýen ýaly halk gahrymançylyklary öňe sürlüpdir. Onuň "Fuente owehunasy” (1613) söýgi komediýasy bolan "Bedäniň üstündäki iti” (1618), "Tans mugallymy” (1594), "Madrid suwlary” (1594), "Welensianly dul zenany” (1621) şu günlerem öz uly täsirligini, meşhurlygyny ýitirmän gelýär. Lope de Weganyň daşyny şägirtleri, onuň salan ýoluny dowam etdirijiler gurşap alypdyrlar. Onuň döreden "Walensian mekdebini” dowam etdirijiler F.Terrega (1554-1602), özüniň taryhy dramasy "Sidiň ýaşlygy” (1618) bilen meşhurlyk gazanan G.de Kastrio-i-Belwis (G.Agilar), onuň mekdebine gelip goşulan dramaturglar L.Weles de Gewara, A.Mira de Ameskua (takmynan 1575-1644-nji ýyllarda ýaşap geçipdirler), H.Peres de Montalwan (1602-1638), A.Urtado de Mendosa (1586-1644), Lope de Weganyň mekdebiniň intermediýa adatlaryny dowam etdiriji L.Kinones de Benawente, şahsy häsiýetleri özünde jemlän, dramaturg H.Ruis de Alarkon-i-Mendosyň durmuşy komediýalary, taryhy pýesalary, şol bir wagtyň özünde ýurtda höküm sürýän feodal gatlagyň zorluklaryny açyp görkezýän "Segowdanly dokmaçy” uly üstünlikden peýdalanypdyr. Alarkon-i-Mendos "häsiýetler komediýasyny” ösdürilmeginede uly goşant goşupdyr. Onuň "Tamda gulak bary”, "Şüwheli hakykaty” "häsiýetler komediýasyna” girýär. Lope de Weganyň görnükli şägirtleriniň biri Tirso de Molina bolupdyr. Tirso de Molina özüniň meşhurlygyna garamazdan, döredijiliginde gumanistik idealy, oňa bolan ynamy, güýji we adamkärçilik pähimlerini pese gaçyrypdyr. Tirse de Molina köp halatlarda dini-filosofiki pýesalara ýykgyn edipdir. Onuň şeýle pýesalarynyň biri "Sewil bezzady, ýa-da Daş myhman” ("Sewilskiý ozornik ili Kamenniý gost” 1630-njy ýylda kitap görnüşinde çap edilipdir) bolupdyr. Bu pýesa Don Žuan hakyndaky rowaýatyň dramaturgiýa tarapyndan işlenen ilkinji görnüşi. Lope de Weganyň täsiri astynda döredijiligine başlan dramaturglaryň biri P.Kalderon de la Barka bolupdyr. Onuň ilkinji pýesalary gumanistik medeniýetiň Galkynyş eýýamy bilen aragatnaşykda bolupdyr. Kalderonyň "Salameý alkaldy” (1642) pýesasy gumanistik tankydy hakykatyň nazarýetinden sypman onuň döredijiliginiň gowşamagyna getiripdir. Gumanistik ideýallara bolan pese gaçmalaryň eserlerinde bolmagyny käbir alymlar gumanistik ideýalara Kalderonyň başgaça düşünendigi bilen baglanyşykly pikirlerem öňe sürüpdirler. Kalderonyň dünýewi, taryhy, nowella, dini-filosofiki žanrlarynda ýazan "Edenli prins” (1628-1629), "Durmuş bir düýş” (1632-1635) we başgada bir näçe eserlerinde ýüze çykypdyr. Kalderonyň mekdebine degişli beýleki dramaturglarada bu ýagdaýyň çuňňur täsir edendigine onuň şägirtleriniň eserlerem şaýatlyk edýär. Kalderonyň zehinli şägirtleri F.de Rohas Sorrilýa, A.Moreto, Kubilo de Aragona, H.de Matos (bular takmynan 1600-1689ýý. aralygynda ýaşap geçen), A.de Solis (1610-1689) ýaly dramaturglaryň döredijiliginde geljege bolan ynam juda az şöhlelendirilip, onuň deregine feodal-katolik durmuş gereginden artyk şöhratlandyrylypdyr. Ispaniýada diňe XVIII asyryň ortalarynda täze teatry-magaryflaşdyrylan teatryny döretmeklik meselesi öňe sürülýär. Şeýle teatryň ösüşe tarap ymtylyşlara, ahlak, ýagşy gylyklara hyzmat etmelidigi göz öňünde tutulypdyr. Şol döwrüň käbir dramaturglary milli adatlary, gylyk-häsiýetleri düýbünden ret edip, Fransuz klassisizmna ýykgyn etmekligi öňe sürüpdirler. Şeýle öňe sürmeler dramaturglar A.Montiano-i-Luýandonyň (1697-1764), N.Fernandes de Moratiniň (1737-1780), H.Kadolsonyň (1741-1782), N.de Senfuegosyň (1764-1809) pýesalarynda has duýulypdyr. Fransuz klassisizmne ýykgyn etmeklik dramaturg W.Garsia de la Uertanyň (1734-1787) "Rahil” (1778) tragediýasynda klassisizmiň düzgünlerini saklamak, ony ösdürmek milli dramaturgiýada has-da duýlupdyr. Dramaturg G.M. de Howelýanosaň (1744-1811) "Päk ýürekli jenaýatçy” (1774) pýesasy meşançylyk ruhynda ýazylypdyr. Ispan dramaturgiýasynyň magaryflaşma eýýämynyň kiçi nesliniň wekilleriniň biri L.Fernandes de Moratiniň pýesalarynda Fransuz klassisizmniň esasi düzgünlerine berk ýykgyn edilse-de, ispan milli komediýalarynyň häsi-ýetleri saklanypdyr. Onuň "Keramatly” (1790-njy ýylda ýazylan, 1804-nji ýylda sahna çykarylan, 1960-njy ýylda terjime edilip rus teatrlarynda goýlan), "Haçan-da gyzlar "bolýar” diýende” (1806) komediýalarynda ispan häsiýetlerini özüne siňdirip, ispan maşgala-ýaşaýyş durmuşyny hakyky açyp bilipdir. Milli adatlary özünde jemleýän ispan teatrynda Galkynyş sarsuely, tona- dili (Sözlüge seret.) ýaly kiçi žanrlarda ösmegini dowam etdiripdir. Esasanam saýnete (sözlüge serediň) žanrynda ösdürilipdir. Bu žanryň wekilleriniň biri Roman de la Krus bolupdyr. Ispaniýanyň özbaşdaklygy ugrundaky uruş (1808-1814) ýyllarynda klassisizmiň uly wekilleriniň biri M.H.Kintananyň "Pelaýo" (1805) tragediýasy milli watançylyk ruhda bolup, magaryflaşdyryş ideýalaryny öňe sürüpdir. XIX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Ispaniýada buržuaz-rewolýusiýasy hereketiniň togtamagy bilen ýurtda arzuwçyllyk (romantizm) eýýamynyň dramaturgiýasy emele gelip başlaýar. Täze döwrüň dramaturgiýasy Ýewropa ýurtlarynyň arzuwçyllyk eýýamynyň öňde baryjy tejribelerini özüne kabul etse-de, milli häsiýetleri öz eserlerine siňdiripdirler. Arzuwçyllyk eýýamynyň dramaturglary milli taryhy rowaýatlary, geçmiş ýörelgelerini we romanslaryny, XVI-XVII asyrlaryň klassyk (nusgalyk) dramalaryny, çeperçilik serişdelerini özlerine sýužet hökmünde kabul edipdirler. Arzuwçyllyk (romantizm) döwrüne degişli ilkinji nusgalyk dramalary-pýesalary M.H. de Larra "Masias” (1834), A.Saawedry (Gersog de Riwas) "Don Alwaro, ýa-da ykbalyň oýny” (1835), A.Guterres Garsia "Oba şahyry” (Trubadur-1836), "Simon Bokkanegra” (1843), "Katalon ar alşy” (1864), H.E.Artsenbuç "Teruel oýnaşy” (1837), "Donýa Mensuýa” (1838) bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Döwlet gurluşy bilen bagly eserler döretmäge çalşan dramaturglaram bolupdyrlar.Olardan A.Hil-i-Sarate (1796-1861), "Dogalanan Karl II" (1837), "Edermen Gusman” (1847) pýesalary özünde antiabsolýut we antiklerikal (Antiabsolýut - ýokary häkimiýetiň bir adam tarapyndan çäksiz edara edilmegine bolan garşylyk. Antiklerikaldiniň, buthananyň döwlet syýasatyna, medeniýetine öz täsirini ýetitmäge edýän synanşygyna garşy çykyş. Sözlüge seret.) täsirleri aç-açan öňe süren drama eserleri hasaplanmak bilen uly üstünlikden peýdalanypdyr. Dramaturg H Sorrilýa-i-Moral halypasy Kalderonyň täsirinden çykman eser döreden dramaturg hasaplanýar. Ol "ýapynjaly we gylyçly komediýalar” toplumyna girýän drama eserleriniň awtorydyr. N.Sorrilýa-i-Moralyň "Korol we ädikçisi” (1-bölümi 1840 ý, 2-bölümi 1841ý) drama eseri hökmünde uly üstünlikden peýdalanypdyr. Eserde halkyň monarhiýa (ýurdyň bir nesil tarapyndan edara edilmegi) tabyn bolmagy, oňa wepaly bolmagy, ol ähli zady bilýär diýen pikirden ugur almaklyk öňe sürülýär. Onuň "Don Huan Tenorio” (iki bölümden ybarat, 1844) dramasy nusgalyk eser bolmak bilen "Don Žuan” baradaky rowaýatyñ täzeden işlenen görnüşi hasaplanýar. 1830-1840-nji ýyllarda ispan sahnasynda peýda bolan arzuwçyllyk (romantizm) eýýamynyň dramaturgiýasy birnäçe onýyllyklaryň dowamynda sahna hökmürowanlygyny dowam etdiripdir. Şol bir wagtyň özünde-de dramaturg Moratinadan gaýdyp, maşgala-durmuşy adatlary şöhlelendirýän dra-maturgiýada ösdürilipdir. Şeýle dramaturgiýanyň sakasynda M.Bretona de los Erroros, W.de la Wegi, M.E. de Gorostisi durupdyrlar. Olaryň dramaturgiýasyna "kostumbrizm" ("kostumbrizm”- edebiýatda we şekillendiriş sungatynda milli adatlaryň, häsiýetleriň ispan maşgala-durmuşyny dogry beýan edýän akym. Sözlüge seret.) häsiýete eýe bolup, ispan dramaturgiýasynda hakykaty suratlandyrmagyň ilkinji başlangyjy hasaplanypdyr. 1860-1870-nji ýyllarda ispan sahnasynda realistik dramalar esasy öňdäki ýerleri eýeläp başlaýarlar. Sebäbi, 1868-1873-nji ýyllar aralygynda ýurtda bolup geçen buržuazynyň feodal-dworýan jemgyýetine garşy alyp baran rewolýusion hereketiniň üstün çykmagy bilen ýurtda sosial ýagdaý üýtgeýär. Ýagdaýyň üýtgemegi bilen hakyky-real durmuşy bolşy ýaly suratlandyrmak dramaturgiýada has-da ösdürilip tomaşaçyda öňe bolan ymtylyşa ýol açylypdyr. Şunuň bilen baglanyşykly garaýyşlaryň, gorag meýilleriň artmagy, öwüt beriji äheňleriň ösmegi buržuaz dramaturgy A.Lopes de Aýalyň (1828-1879) ahlak-durmuşy komediýalarynda buržuaz jemgyýetiniň ahlak taraplary tankyt astyna alynsa-da öz çäginden çykmandyr. Dramaturg T.Rodrigers Rubiniň (1817-1890) komediýalarynda ahlak-durmuşy ýagdaýlary tankytlamak, üstünden gülmek has-da aýdyň suratlandyrylypdyr. Döwrüň meşhur dramaturgy M.Tamaýo-i-Baus özüniň "Telbelik derejedäki söýgüsi” (1855), "Täze drama, ýa-da Iorik” (1867) pýesalaryny ýazmak bilen onuň döredijiligi arzuwçyllyk (romantizm) eýýamynyň tragediýalaryndan realistik psihologiny öz içine alýan drama eserlerine öwrülipdir. Onuň eserleri Arzuwçyllyk eýýamynyň tasirlerini özünde saklamak bilen konserwatiw garaýyşly monarhyny özüne tutaryk edýän dramaturgiýa hasaplanypdyr. Bu ýagdaý esasanam "Wyždan işi” (1863) atly "tendensioz pýesalar” ("Tendensioz”-wakalary bir taraply beýan etmek. Sözlüge seret.) žanryna degişli eserlerinde has-da aýdyň duýulýar. Sebäbi, şu bellän žanrymyza degişli pýesalarymyzda buržuaz jemgyýetçilik ahlagynyň gündelik wa- jyp meseleleri açylyp görkezilipdir. "Tendensioz pýesalar” žanry wagtyň geçmegi bilen dramaturg H.Eçegaraýa-i-Eýsagirriniň döredijiliginde has-da ösdürilipdir. Ol pýesalarynda buržuazyýanyň ýalan ahlaklarynyň, hiç zat bilen kepillendirilmeýän ýalaňaç garşylyklaryny açyp görkezmek bilen göwnüçökgünlilik ýagdaýa gelipdir. N.Eçegaraýa-i-Eýsagirriniň pýesalaryndaky özüne mahsus arhaiçniý nigilizm (köneden gelýän däp-dessurlara uýmaklygy inkär etmek) onuň "Marianna” (1892), "Akylsyz hudaý” (1900) psihologik taýdan ösdürilipdir. Bu pýesalarda "naturalizm” akymyna bolan ymtylyşlaram aýdyň ýüze çykarylypdyr. Ispan edebiýatynda tankydy realizmiň uly wekilleriniň biri bolan, B.Peres Galdosyň pýesalarynda psihologik hakykatyň üsti bilen berilýän realistik usulyň artykmaçlyklary duýulypdyr. Ol özüniň romanlarynda, pýesalarynda buržuaz hakykatyny bir açmaga däl, ony berk tankyt astynada alypdyr. Aýratynam sahna üçin niýetlenip ýazylan "Hakykat” (1892) romanynda-komediýasynda, "Donýa Perfekta” (1896), "Elektra” (1901), "Ata” (1904) pýesalarynda buržuaz jemgyýetine mahsus sosial meseleler aýdyňlyk bilen açylypdyr. Ispan dramaturgiýasynda işçiniň keşbi dramaturg H.Disenta-i-Benediktonyň "Huan Hose” dramasynda berilýär. Muňa garamazdan onuň "Daniel” (1907), "Möjek” (1913) pýesalary işçi temasyna bagyşlananam bolsa, "naturalizm” akymyna oňa bolan ymtylyşlara ýykgyn edipdir. XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda Ispaniýa döwleti imperializm eýýamyna aýak basýar. Ýurda imperializmiň aralaşmagy bilen öňden dowam edip gelýän buržuaziýa medeniýetinde çuňňur pese gaçma başlanýar. Ýurtda filosofiýada, edebiýatda, sungatda "dekadentçilige” ("dekadentçilik”- XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda buržuaz edebiýatynda, sungatynda başlanan reaksion sussypeslik. Sözlüge seret.) ýüz urlup başlanýar. Sussypeslik ýagdaý ispan dramaturglarynyň (esasanam 1898-nji ýylyň "nesil” atlandyrylýan dramaturgiýasyna) eserlerine-de aralaşýar. Ýagdaýa ABŞ bilen bolan uruşda Ispaniýanyň özüne tabyn koloniýalary (tabynlyklary) ýitirmeginiň sebäp bolan bolmagam ähtimal diýen maglumatlaram dünýä taryhynyň sahypalarynda azlyk edenok. Buržuaz jemgyýetiniň ýaşaýyş durmuşyny, onuň ýetmezçiliklerini açyp görkezýän dramaturglar M. de Unamunyň, H.Benawente-i-Martinesiň pýesalary XX asyryň başky on ýyllygynda esasy orny eýeläpdirler. Olaryň pýesalarynda buržuaz jemgyýetiniň halka bolan ýirgenji tankyt edilýär. XIX asyryň aýaklarynda ispan dramaturglary "kiçi žanrly” pýesalara ýüz urupdyrlar. Şeýle pýesalar şol döwürde uly meşhurlyk gazanypdyrlar. "Kiçi žanrly” pýesalaryň esasy awtorlary R. de la Wega (1839-1910), T.Lu-seno (1844-1931) K.Arniçes-i-Barrera, doganlar S. we H.Alwares Kintero bolupdyrlar. 1920-1930-njy ýyllarda bolsa, ispan dramaturglary "1898-nji ýyldaky nesil” atlandyrylan dramaturgiýany ösdürmek bilen tomaşaçyny özüne çekýän kommersiýa (kommersiýa-söwda, alyp satarlyk) sahna sungatyna ýüz urupdyrlar. Şeýle dramaturglaryň biri doganlar A. we M.Maçadolar bolupdyrlar. Olar tarapyndan ýazylan "Fernandanyň doganoglany” ("Kuzina Fernanda”- kuzina ata tarapdan doganoglan, ene tarapdan daýza), "Ykbalyň keçligi” (ikisem, 1926) pýesalary özleriniň sosial gurluşlary boýunça tomaşaça-halka has golaý bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde dramaturg R.del Walýe Inklan birnäçe satiriki äheňde buržuaz döwlet gurluşyny berk tankyt astyna alýan "esperpento” (bu žanry döreden L.Zamengofiň (Doktor Esperantonyň-umydygär) edebi lakamy baglanyşykly. Sözlüge serediň.) žanrynda drama eserlerini döretmegiň hötdesinden gelipdir. Bu žanry döwrüň ýaş dramaturglar nesli alyp göteripdirler. 1931-1936-njy ýyllarda Ispaniýanyň lburžuaz respublikasy hasaplanan döwürleri ýurtda dramaturgiýa we teatr babatda barlyşyksyz, ýiti ideologiýa göreşi örboýuna galýar. Döwrüň rewolýusion häsiýetli ýazyjylarydyr, drama-turglary "satiriki-farslary” köp ýazypdyrlar. Esasanam dramaturglar R.Albertiniň, S.Munosa Arkondynyň (d.1898), M.Ernandesiň pýesalarynda has-da güýçli bolupdyr. Dramaturg P.Pla-i-Beltrananyň (1908ý. doglan) "Şestipalyý” (1934) pýesasy ýurtda bolup geçýän ýagdaýy doly açyp görkezmek bilen ýurtda faşistik ideýa, düzgüne garşy halky aýaga galmaga çagyrypdyr. Ýurtdaky çydamsyz düzgüne garşy H.M.Pemena (1897 ý.d), P.Munosa Seki (1881-1936) pýesalar döredipdirler. Şol döwrüň uly dramaturglary bolan F.Garisa Lorka we A.Karsona ösüp ýetişýärler. Olaryň pýesalary uly ynsanperwerçilige ýugrulan sahna eserleri bolupdyr. F.Garisa Lorkanyň "Ganly toýy” (1933), "Ýermasy” (1934), "Bermarda Albanyň öýi” (1936-njy ýylda ýazylýar, 1945-nji ýylda ýylda sahna çykarylýar) pýesalary döwrüň ynsanperwerçilige ýugrulan tragediýalary bolmak bilen sahna sungatyndaky aňrybaş eserler hasaplanypdyr. F.Garisa Lorka tarapyndan sahna sungatyna girizilen bu täzelik ispan teatr sungatynda şahyranaçylyk ygryň başlangyjy bolup esasy ugruny goýýar. Ispaniýa respublikasynda 1936-1939-njy ýyllar aralygynda bolup geçen milli-rewolýusiýon urşy döwründe klassyky (nusgawy) dramaturgiýa we döwrüň täze ýetişen dramatuglary R.Albertiň, M.Ernandesiň, H.Bergamaniň eserlerini sahna çykarmak giň gerime eýe bolýar 1939-njy ýylyň mart aýynda faşizm düzgüninden we terrorçylykdan azat bolan teatr sungaty halky güýmäp biläýjek, şatlyga ýugrulan pýesalary sahna köp çykaryp başlaýarlar. Şeýle pýesalaryň esasy awtorlary E.Hardel, A.Torrado bolupdyrlar. Ýurduň taryhy bilen baglanyşykly, onuň taryhyny beýan edýän dramaturglar H.Pemanyň, L.Fernandes Ardawiniň pýesalarynada giň ýol açylypdyr. 1950-nji ýyllarda dramaturglar A.Sastriň, A.Buero Walehonyň pýesalarynda sosial meýillere, ymtylyşlara bolan garaýyşlary özünde jemleýän sahna eserleri peýda bolup başlaýar. Şeýle garaýyşly pýesalaryň sahna çykarylmagy bilen pýesalaryň awtorlary döwlet tarapyndan uly urgylara sezewar edilýär. Faşizme garşy, watançylygy, ynsanperwerçiligi özünde jemleýän pýesalary ýazmaklygy dramaturglar R.Alberti, A.Kasona, H.Bergamin we Latyn Amerikasyna, mejbury gaçyp (emigrasiýa) giden ispan ýazyjylarydyr, dramaturglaram dowam etdiripdirler. Wagtyň geçmegi bilen ispan edebiýatynyň we teatr sungatynyň öňdebaryjylaryny höweslendirmrk maksady bilen Ispaniýanyň beýik dramaturglary Kalderon de la Barkanyň, Lope de Weganyň adyny göterýän döwlet baýraklary döredilipdir. Ispaniýada 1940-njy ýyllardan soň, dramaturglaryň uly topary ösüp ýetişýär. Dramaturg H.Benawente-i-Martines "Maý aýynda ýagan gar” (1945), "Titaniýa” (Titan-grek mifologiýasynda "hudaýlar” bilen uruşýan "äpet hudaýlar”.-1946 ý. Sözlüge seret.) "Ispan dworýan zenany” (1947), "Ruhuň aýrylyşy” (1948), "Adamsyny söýýän keýwany” (1950), "Şygyrdaky ömür” (1951), "Asmandaky batyrlyk” (1952), "Agyzdaky temençe” (1954) pýesalary uly üstünlikden peýdalanylypdyr. Ispan akademiýasynyň agzasy H.M.Peman dürli temalara degişli, dürli žanrlardaky eserleri, gadymdan gelýän dürli mifleri täzeden işlemek arkaly "Elektra” (1949), "Fiýest” (1955) atly pýesalar döredipdir. Onuň taryhyň (geçmişiň) galplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly "Metternih” ("Akylsyz ministr" ady bilen 1942), "Beýik kardinal” (1949) sahna eserleri, şeýle hem "Anželika daýzanyň uýat gündeligi” (1946), "Köşeşdiriji” (1952) komediýalary, din bilen baglanyşykly "Durmuşyň ýoly bilen” pýesasy ýörgünli sahna sungatyna öwrülipdir. Dürli ugurlara baş goşan beýleki bir ispan dramaturgy H.Kalwo Sotelo "Şäher diwarlary” (1954), "Miras” (1957), "Ugursyz Katalina” (1958) kömediýalarynynyň awtory bolmak bilen şöhratdan peýdalanypdyr. Ispan Akademiýasynyň agzasy I.Luka de Ten ýazyjy Pirandellonyň eserlerinden täsirlenmek arkaly "Damarynyň urşy kadaly” (1947) pýesasy, onuň jenaýat elementleri bilen baglanyşykly (detektiw) "Haýasyz jenaýat” (1949), taryhy tema degişli Alfons XII dyrmuşy bilen baglanyşykly "Alfons XII, sen nirä barýarsyň?” (1956), "Öz-özüňden gaýga batyp, ugruň hanjak?" (1956) pýesalaram yzak wagtlar ispan sahnasyndan düşmändir. Dini pýesalaryň esasy awtorlarynyň biri dramaturg L.Fernandes Ardawin bolupdyr. Onuň "Haja çüýlenen Hristos” (Hristos-Isa pygamber, 1946) tragediýasy, "Eldeki edilen babyr” (Babyr-gaplaňlar, pişikler kowmundan bolan ýyrtyjy, 1945), "Gwozdika gülleriniň şasy” (1951) komediýalary hem öz wagtynda tomaşaçylar tarapyndan gowy kabul edilipdir. Ispan dramaturgiýasynyň düýbüni tutujy Lope de Weganyň uruşdan soň-ky döwre degişli onuň yzyny dowam etdiriji şägirtleriniň biri L.Delgado Benawete "Üç penjire" (1952), "Hadysadan ýarym sagat öň” (1955) atly pýesalary ýazýar. 1950-nji ýyllarda ýaş dramaturg A.Pasonyň pýesalarynyň has öňe saýlanandygy dogrusyndaky maglumatlar ispan teatr taryhynyň sahypalarynda azlyk edenok. Onuň "Adamym üçin awy”, (1953), "Asman öýümiň içinde” (1957) komediýalary, "Hoş gal, Mimi Pompon” (1958) satiriki me-lodramasy şu günlerem ispan teatr sahnasyndan düşmän gelýär. Lope de Weganyň şägirtleriniň ýene-de biri A.Buera Waleho pýesalarynda sosial tema köp üns beripdir. Onuň "Bir basgançagyň taryhy" (1949) atly drama eserinde köp gatly beýik jaýyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş durmuşynda basgançakda yzygiderli bolup geçýän ownuk buržuaz häsiýetli gürrüňleri, dawalary suratlandyrypdyr. Awtoryň "Janyňy alyp barýan tümlükde” (1950) dramasy-da sosial tema degişli bolmak bilen doga kör adamyň ykbaly yzarlanylýar. "Säher bilen” (1953), "Öz mümkinçiligini açman” (1957) pýesalarynda hem durmuşyň sosial ýagdaýlarynyň dürli taraplaryny inçelik bilen açypdyr. Penelopa baradaky mifiki rowaýata düşündiriş beriji äheňde "Oňa bolan arzuw” (1951) atly pýesany ýazmak bilen adamlaryň miflere, rowaýatlara bolan gatnaşygyny açmakçy bolupdyr. "Irena, ýa-da genji-hazyna” (1954), "Bu gün baýramçylyk" (1956) komediýalarynda baýlyga kowalaşýan käbir adamlaryň üstünden inçelik bilen gülüpdir. "Klýap” ("Klýap”- adamyň agyrysyna çydamagy, gygyrmazlygy üçin agzyna dykylýan agaç bölejigi ýa-da esgi. 1954), "Şahy bilen süsmek” (1959) pýesalarynda günüň wajyp meselelerini gozgamak bilen dogruçyllygyň, hakykatyň agzynyň gapylýandygyny, gatyrak gidiberseň süsülmägede taýyn bolmalydygyňy ündeýär. XX asyryň 40-njy ýyllarynyň aýaklaryndan 50-nji ýyllarynyň başlaryndan başlap Ispaniýanyň ähli dramaturglary tomaşaçyny özüne çekip bilýän ýeňil komediýa žanryna ýüzlenipdirler. Şol bir wagtyň özünde ýeňil komediýalaryň täzeçe nusgalaryny gözläpdirler. Şeýle komediýalaryň awtorlary A.Rauçiniň "Bä, maşgala bolaýşyňy!” (1946), H.Lopes Rubionyň "Alberto” (1949), "Il gözüne bolan gabanjaňlyk” (1950), "Ters tarapy" (1954), M.Mihuranyň "Öldürilen aýalyň işi” (1946), "Beýik çözgüt” (1955), "Meniň hormatlaýan Huanym” (1956), L.Nawarronyň "Körpejik” (1948), "Uly günä” (1948), "Uly düşewüntli iş” (1949), W.Ruis Iriartanyň "Senýoryň perişdeleri we arwahlary” (1948), "Alty ýabyly Lando" (1950), "Çagalaň oýny” (1952), W.Soriano de Andianyň "Ertir säherden başlanýar” (1951), A.Torradonyň "Galisiýka Nýu Ýorkda” (1946), "Ejemiň özi bize ýigit saýlaýar” (1947) E.Newilýäniň "Bal” (1952), "Ýürekden berilmeklik” (1957) atly pýesalaryň hemmesi ýokarda bellän ýeňil komediýalaryň hatarynda tomaşaça ýetirilipdir. Şol döwre degişli dramaturglar L.Munos, L.Tehedor, L.Fernandes Sewilýa, H.A.Oçita, Paskul Gilen, E.Suares de Desa ýaly ýurtda özlerini tanadan dramaturglar bolup şöhratdan peýdalanypdyrlar. Ýokarda bellänlerimiz Ispanyýanyň teatr sungatynyň taryhynda XX asyryň 60-njy ýyllaryna çenli yz galdyran dramaturglary we dramaturgiýasy hasaplanýar. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |