10:57 Ispan teatry | |
ISPAN TEATRY
Teatr we kino sungaty
Yzygiderli teatr Pireneý adasynda Rimiň hökmürowanlyk eden döwürlerinde-de bolupdyr. Şol döwre degişli amfiteatrlaryň harabalarynyň galyndylary şu güne çenli medeni ýadygärlik hökmünde saklanylýar. Ispaniýada mimleriň we gistarionlaryň (aktýor) çykyş etmeli däldikleri barada hristian buthanalarynyň dördüsiniň gadaganlyk hatlary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ynha, şularyň özem ispan teatrynyň öz köklerini juda uzaklardan alyp gaýdýanlygyna şaýatlyk edýär. Orta asyrlar teatry beýleki döwletlerde bolşy ýaly Italiýada-da iki ugur boýunça ösdürilipdir. Olaryň biri dini teatr bolmak bilen, dini garaýyşlary öňe sürüpdir. Ikinjisi, ýurtdaky bolup geçýän köçe karnawallardyr baýrançylyklar bilen baglanyşykly teatrlaşdyrylan çykyşlar bolupdyr. Dini teatrlarda ýörüte ýazylan dini (liturgiýa) dramalary görkezilipdir. Şeýle teatr çykyşlary buthanalarda ýa-da buthanalara sepleşýän meýdançalarda görkezilipdir. Buthanalarda dini pýesalaryň görkezilmegi beýleki ýurtlara garaňda has giç gadagan edilipdir. Bu ýagdaý diňe 1559-njy ýylda amala aşyrylypdyr. Halk teatrlarynyň ýerine ýetirýän çykyşlayry "içýakgyç ýa-da ýaňsyly oýunjyklar” (juýegos de eskarnio) atlandyrylypdyr. Şeýle oýunlar buthana, köphudaýlylyk häsiýetlerini özünde saklapdyr. Muňa garamazdan halk teatrlary buthana tarapyndan gadagan edilipdir. Halk teatrlarynyň buthana tarapyndan gadagan edilmegi, halk teatrlarynyň ösmegine alyp barýar. Teatrlarda dini, dünýewi,fars žanyrlarynyň dürli elementleri peýda bolup başlaýar. XIV asyryň aýaklarynda XV asyryň başlarynda öwrenje aktýorlar tarapyndan şa köşgünde, gurply adamlaryň öýlerinde spektakllar görkezilip başlanýar. XVI asyryň ortalarynda "auto sakramental” (auta-bir bölümli dini pýesa, sakramental-däbe öwrülmek, däp bolup galmak, mukaddeslik, sarpalylyk. Sözlüge seret.) žanry peýda bolup "dini hereket” diýlip, atlandyrylypdyr. Şol döwürlerde ispan teatrlarynda professional we ýarym professional aktýor truppalary peýda bolup ugraýar. Ýazyjy A.Rohasyň "Ýatda galarlykly syýahat” powestinde şeýle truppalaryň görnüşini sekize ýetirýär. Olardan has ýörgünlileri "bulýulýu”, "nýake”, "garança”, "Bohiganga”, "farandula” atlandyrylypdyr. Truppalaryň aktýorlarynyň sany ýedi-sekiz adamdan ybarat bolupdyrlar. Truppalar öz gastrollaryny arabanyň üsti bilen amala aşyrypdyrlar. Olar şäher we myhmanhana meýdançalarynda ýaşapdyrlar. Ispaniýada ilkinji professional truppa Lope de Rueda tarapyndan döredilipdir. Şol bir wagtyň özünde ýurduň uly şäherlerinde teatr tomaşalaryny görkezmeklik buthana doganlaryň eline geçýär. Olar tarapyndan köpçülik üçin ýörite teatr jaýlary döredilýär. Teatrlar "Korrali” atlandyrylypdyrlar. Şeýle teatrlaryň ilkijisi Madrid şäherinde "Korral de la Krus”ady bilen 1579-njy ýylda, ikinjisi "Korral del Prinsipe” ady bilen işläp başlapdyr. Az wagtyň geçmegi bilen şeýle teatrlar Sewilýede, Walensiýada, Barselonada, Grandede, Walýadolidde işläp başlaýarlar. "Korraliler” esasan giňdar halk köpçüliginden bolan tomaşaçylara niýetlenip, ol ýerde ynsanperwerçilikli demokratik pikirler ösdürilipdir. Şol tomaşalarda esasan dramaturg Lope de Weganiň we onuň yzyny dowam etdirijileriň eserleri ulanylypdyr. 1603-nji ýylda korollygyň (şalygyň) ýörite karary bilen çykyş etmäge 8 (sekiz) truppa rugsat edilipdir. Şol truppalar "titul truppalary” (katolik buthanasy tarapyndan ygtyýar edilen truppalar) hasaplanypdyrlar. Şeýle truppalaryň sany 1608-nji ýylda 12-ä (on ikä) ýetirilipdir. 1640-njy ýyllarda Kastilli şäherinde truppalaryň sany 40-a (kyrka) ýetipdir. XVI asyryň aýaklarynda XVII asyryň başlaryn- da A.de Sisnerosiň, N.de los Riosyň, A.de Wilegasyň ýolbaçylyk edýän trup-palary uly meşhurlykdan peýdalanypdyrlar. Şol bir wagtyň özünde-de zehinli aktýorlaram ösüp ýetişipdirler. Olardan P.de Moraes, komediýaçy aktýor K.Peres, aktýorlyk lakamy bilen tanalan Huana Rany, aktýor D.Arias de Penýafel, aktrisalar H.Waka, H.de Burgos, M.de Kordowa, M.Kalderon, M.Rikelme tomaşaçylaryň söýgüsinden peýdalanypdyrlar. Spektakllarda sahna bezeg işleri ýönekeýje bolmak bilen aktýorlaryň güýji bilen ýerine ýetirilipdir.Sahnada goýulýan oýunlar esasan üç bölümden ybarat bolup, arakesme wagtlary intermediýalar, prologlar, aýdymlar, tanslar bilen tomaşaçyny güýmäpdirler. Spektaklda çykyş edýän aktýorlardan aýdym aýdyp, tans edip bilmeklik hökmany hasaplanypdyr we olardan talap edilipdir. Esasanam olaryň gürleýiş äheňleriniň ýerlikli bolmagy, dilleriniň arassa bolmagy ilkinji talaplaryň biri hasaplanypdyr. Gepleşikler çaltlyk bilen alnyp barylmaly edilipdir. Katolik buthanasy şol döwürlerde aktýorlaryň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp barypdyr. 1598-njy ýylda Filipp II dünýewi spektakllary sahna çykarmaklygy gadagan edipdir. 1600-njy ýylda onuň ogly Filipp III kakasynyň gadagan etmesini aýryp, onuň deregine teatrlaryň repertuaryna girýän spektakllaryň döwlet barlagyndan (senzuradan) geçirilmegini berkleşdiripdir. Aktýorlaryň keşpleri döredişlerine, olaryň sahnada özlerini alyp baryşlaryna-da gözegçiligi güýçlendirpdir. Şol döwürde köpçülik (publiçniý) şäher teatrlary yzygideli yzarlanypdyr. 1649-njy ýylda Madrid şäherindäki ähli teatrlar ýapylypdyr. Kän wagt geçmänem teatrlar täzeden açylypdryr. Teatrlaryň täzeden açylmagyna garamazdan 1649-njy ýyldan başlap, sahnadan ynsanperwerçilikli mazmuny öz içine alýan pýesalar düýbünden gadagan edilýär. XVII asyryň başlaryndan başlap Ispaniýadaky ýurdy dolandyryjy synp (klass) demokratik teatry Filipp IV döwründe ýola goýlan yzygiderli köşk teatrynyň garşysyna goýup başlaýar. Korollygyň (şalygyň) köşkleri hasap-lanýan El Pardoda, Buen Retiroda ýörüteleşdirilen teatr binalary salynýar. Şol salynan teatr binalarynda wagtyň geçmegi bilen ýörüte petekler satylyp görkezilýän spektakllara şäher adamlarynyň tomaşa etmeklerinede ýol açylyp başlanýar. Bu teatrlarda allegorik (şatlykly), mifiki, owadan bezegli (feerii) ertekä çalymdaş spektakllary goýmaklyga köp üns berlipdir. Sahnany bezemek işine döwrüň görnükli hudožnikleri K.Lotti, F.Riççi gatnaşypdyrlar. Teatrlara 1649-njy ýyldan başlap Baçço del Býanko ýolbaşçylyk edipdir. Şol döwürlerde teatrlaryň sahna çözgüdine, sahna mazmunyna uly üns berlipdir. Sahna bezeglerinde uly žiwopis eserleri we olary herekete getirýän teniki gurallar hem peýda bolupdyr. XVII asyrda ispan sahnasynda "auto-keramatly hereket” žanry gülläp ösüpdir. "Auto” žanryna degişli spektakllar buthana baýramçylyklarynda halkdan ýygnanan harajadyň hasabyna görkezilipdir. Şol spektakllaryň görkezilişine buthana tarapyndan gözegçilik edilipdir. Spektakllar öz içine dini häsiýetdäki intermediýalary, prologlary (loa), tanslary, sazlary alypdyr. Spektakl ýerine ýetirilende aýratyn hereketler ulanylmaly bolupdyr. Şol herekelleri ýerine ýetirmek üçin döwrüň çylşyrymly tehnikalaram ulanylypdyr. XVII asyryň 2-nji ýarymynda Ispan dünýewi teatrlary feodal-katolik buthanasy tarapyndan berk yzarlanmalar 1665-nji ýylda teatrlaryň ýapylmagyna alyp gelýär. Şondan diňe 15 (on bäş) ýyl geçenden soň teatrlar täzeden açylyp başlanýar. By ýagdaý ispan teatr sungatynyň has pese gaçmagyna alyp gelipdir. XVIII asyrda köşkde sazly teatrlar has meşhur bolupdyrlar. 1708-nji ýylda italýan opera truppasy italýan şäherlerinde gastrolçylyk edýärler. Şol döwrüň italýan opera truppasy Ispan tomaşaçylarynda uly täsir galdyrypdyr. Şol galan täsir esasynda Ispaniýada ilkinji "Kanos del Peral” opera teatrynyň jaýy salynýar. Bu täze salnan opera teatrynda ilki başda italýan opera aýdymçylary çykyş edipdirler. Wagtyň geçmegi bilen teatrda drama truppalaram çykyş edip başlapdyrlar. XVIII asyrda italýan teatr sungatynyň täsiriniň ösmegi bilen ispan teatrynda magaryflaşma, fransuz teatrynyň täsiriniň aralaşmagy bilenem klassisizm döwri başlanýar. Ispaniýada Karl III (1759-1788) şalyk eden döwründe onuň ministri Aranda magaryflaşdyrma eýýamyna bolan garaýyşlary goldap 1765-nji ýylda "auto” žanrynyň sahnada görkezilmegini gadagan etdiripdir. Şeýle hem fransuz dramaturglaryny we fransuz pýesalaryny özlerine nusgalyk edinýän Ispan awtorlarynyň eserlerinem sahna çykarylmazlygynyň gadagan edilmeginem gazanypdyr. Şeýlelik-de, birnäçe şäher teatrlary ýapylmaly bolupdyr. Saklanyp galan käbir aktýor truppalary sahnada joşgunly deklomasiýalary (gepleşik žanryny) sahnadan okamaklaryny dowam etdiripdirler. Muňa garamazdan döwrüň oňat saýylýan aktýorlary M.Martinesa Lopesa, M.Ladwenant, R.Luna, M.Rosario Fernandes (La Tirana) Galkynyş eýýamynyň realistik däplerini, şol döwre degişli sahna ussatlyklaryny saklap galypdyrlar. XVIII asyryň ikinji ýarymynda klassisizm eýýamyna mahsuz kiçijik žanrlar bolan "saýnete” (Ispan dilinde-zarzuela, ownuk sazly-drama/, "sarsuela” (Ispan dilinde-sainete, garyşyk. Sözlüge seret.) peýda bolup ugrapdyr. Şu bellän iki žanrymyzyň başlamazynyň öň ýanyndan ýa-da arakesme wagty "tonadili” (Ispan dilinde-toaldilla. Şözlüge seret.) ulanylypdyr. Bu ýagdaý ispan teatrlarynda XIX asyra çenli gelip ýetipdir. Şu žanrlarda çykyş etmek bilen aktrisa M.A.Fernandes (La Karamba) meşhurlyga eýe bolupdyr. XIX asyryň başky ilkinji iki on ýyllygynda ispan teatr sahnasynda rewolýusýon-watançylyk temasyna degişli eserler höküm sürüpdir. Bu ýagdaý ilki bilen I.Maýkesiň 1801-1805-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk eden "Kanos del Peral” teatrynda bolup geçýär. Şol döwürde I.Maýkesiň özem uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. 1806-njy ýylda üýtgeşmeler "Prinsip” teatrynda-da başlanýar. Bu teatrda ilki bilen aktýorlaryň geýýän egin-eşikleri spektaklyň degişli döwri bilen kesgitlenip başlanýar. Onuň taryhylygy bilen baglylykda hereket edilip başlanýar. Şeýle edilmeklik spektaklyň sahna bezegine-de degişli edilipdir. Sahnada spektaklda bolup geçýän wakalaryň öz döwrüne kybapdaş bolmagy ilkinji zerurlyklaryň biri bolmalydygy hökmany hasaplanypdyr. Klassisizm eýýamyndaky sahnany leji çykan deklomasiýa bilen baýlaşdyrmakdan el çekilip, Şekspiriň pýesalarynyň sahna çözgüdine golaýlaşmaga ymtylyşlar döredilipdir. Aktýorlaryň döredýän keşpleriniň hakykata golaý bolmaklary hökmany şertleriň biri bolupdyr. Ispan teatr sungatyndaky durgunlyk döründäki pese gaçmalardan çykmaklyk şeýle ýagdaýlarda ýola goýlup başlanýar. XIX asyryň 30-40-njy ýyllarynda ispan teatr sungaty arzuwçyllyk (romantizm) eýýamyna aýak basmak bilen maşgala-dyrmuşy te-malary we komediýa žanryndaky realistik pikirleri öňe sürmeklik esasynda ösüş ýoluna gadam basyp ugraýar. 1849-njy ýylda Madridde "Espanol” (bu teatr öňki "Prinsipe”teatrynyň deregine) teatry açylýar. 1950-nji ýylda Madridde "Reýal” opera teatry, 1847-nji ýylda "Liseo” opera teatry Barselonda işe başlaýar. Ispan teatr sungaty şol döwürde Ýewropa ýurtlarynyň teatr sungatynyň ösen tehniki enjamlaryndan başlap ähli täzeliklerini özüne kabul edip başlaýar. Ispan teatr aktýorlaram ussatlyklaryny Ýewropa aktýorlarynyň täsiri astynda ösdürip, şolara deňleşmäniň ugruna çykýarlar. 1830-njy ýylda Madridde "Saz we deklomasiýa konserwatoriýasy” açylyp ýaş aktýorlary taýýarlamaklygyň ugryna çykylýar. Ispan teatrynda arzuwçyllyk (romantizm) eýýamynyň pýesalary giň gerime eýe bolup başlaýar. Şeýle pýesalarda baş keşpleri döretmekde esasy aýal doganlar B. we T.Lamadridlere, K.Litore, M.Diese degişli bolupdyr. Maşgala-durmuşy komediýalarda hakykaty açyp görkezmeklikde aktýorlar H.Romeo bilen K.Rodigersiň ussatlygy döwrüň talabyny ödäpdir. XIX asyryň ikinji ýarymynda 1868-1873-nji ýyllar aralygyndaky bolan rewolýusiýa hereketi ispan teatrynyň ösüşini belli bir derejede aşak gaçyrypdyr. Şol döwürde buff-operalary, warýete, rewýu, porodiýa (Bu žanrlar söz-lükde bar. Sözlüge seret.) ýaly žanrlara we fransuz komediýalaryna ýykgyn edilipdir. Käbir teatrlar diýäýmeseň realistik sungatdan gaça durupdyrlar. Režissýor we aktýor E.Marionyň ýolbaşçylyk edýän komediýa teatrynda re-alistik ýaşaýşa degişli komediýalary tomaşaça ýetirmekligiň ugryny tapypdyrlar. Ispaniýada "Altyn asyr” diýlip, atlandyrylýan nusgawy döwrüň teatr repertuarynda aktýor R.Kalwa uly yz galdyrypdyr. XX asyryň başlarynda ýurduň doly buržuaziýanyň elinde bolmagy netijesinde Ispaniýada beýleki sungatlar bilen bir hatarda teatr sungatam agyr ýagdaýy başyndan geçirýär. Teatr repertuarynda tomaşaçyny güýmäp biläýjek komediýalary, melodramalary, dramaturg H.Benawente-i-Martinesiň modern (Sözlüge seret.) pýesalaryny we "1898-nji ýyl-nesil” atlandyrylýan dramaturglaryň pýesalaryny sahnada goýmaga ygtyýar edilipdir. Modern häsiýetli pýesalary sahna çykarmak üçin 1917-1925-nji ýyllar aralygynda "Wslawa” teatryna ýolbaşçylyk eden dramaturg, režissýor G.Martinesden ýörite ygtyýarnama alynmaly hem edilipdir. Bu döredijilik ýagdaýa aktrisa M.Gerrero we onuň adamsy "Espanol” teatrynyň yzak ýyllaryň dowamynda ýolbaşçysy bolan D.Dias de Mendosy garşy çykypdyrlar. Ol öz ýolbaşçylyk edýän teatrynda Lope de Weganyň we häzirki zaman dramaturglarynyň öňde baryjy pýesalarynyň goýulmagyny talap edipdir. 1931-nji ýylda bolan buržuaz rewolýusiýasyndan soň, ýurduň öňde baryjy medeniýet işgärleri ispan teatrlarynda reforma (täzeligiň) geçirmekligi talap edipdirler. Şeýle reformany halkyň gatnaşmagynda geçirmek we nusgalyk dramaturgiýany demokratik adatlar arkaly ýokary galdyrmaklygy talap edipdirler. Öz edýän talaplaryny ýola goýmak üçin "Barraka” ady bilen hereket edýän (gastrol) talyplar teatryny döredipdirler. Talyplar teatryna F.Garsia Lorka ýolbaşçylyk edipdir. Ispan teatr sungatynda doly reforma geçirmek maksady bilen talyplar teatryndan başga-da, "Mugallymlar ýumuşy” atly teatry hem öz işine başlapdyr. Bu teatra aktrisa A.Kosona ýolbaşçylyk edipdir. Aktrisa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu teatrda aktrisa M.Ksireu we aktýorlar L.Membriwes, H.Dias de Artigas tarapyndan sahna üçin ýaş nesli ýörite ýetişdiripdirler. Olar ýaş aktýorlar truppalaryny Lope de Weganyň, Galkynyş eýýamynyň beýleki dramaturglarynyň pýesalarynyň üsti bilen terbiýeläpdirler. Şeýle hem talyplaryň "Barraka” teatrynyň ýolbaşçysy F.Garsia Lorkanyň tragediýalarda baş gahrymanlaryň keşplerini döredişini "Mugallymlar ýumuşy” teatrynyň ýolbaşçysy A.Kasonanyň pýesalaryndan gelip çykýan ideýa-mazmun esasynda ýörite sapaklar geçilipdir. Režissýorçylyk sapagyndan döwrüň iň meşhur režissýory hasaplanýan S.Riwes Çerif sapak beripdir. Şol ýyllarda teatr işini guramakda ilkinji rewolýusiýa bolup geçýär. Teatr sungatyndaky şeýle üýtgeşiklikler ilkinji bolup "Nosotros” ("No- sotros”- biziň teatrymyz diýmek) teatrynda jemlenýär. Şol teatrda M.Gorkiniň, B.Brehtiň pýesalary goýulyp başlanýar. Esasanam milli-rewolýusýon (1936-1939) urşuň gidip duran wagtynda ispan teatrlary top okunyň we bombanyň astynda uly güýç bilen ösmegini dowam etdiripdir. Teatrlarda Ispaniýanyň öňde barýan häzirkizaman we Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň dramaturglarynyň pýesalary sahna çykarlyp başlanýar. Ýagdaý diňe bir şäher teatrlarynda üýtgemän eýsem professional we çeper höwesjeňler toparam truppalara bölünişip ýurdyň ähli ýerlerine hereket edýän (gastrol görnüşinde) teatrlara öwrülipdirler. Şeýle truppalar özlerini "Gerrilýans de teatro” atlandyrypdyrlar. "Gerrilýans de teatro”- biz partizan bölümleriniň teatry diýmekligi aňladypdyr. Şol döwürde R.Alberti tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän "Mona asyl” (Gök kombinzon) teatry ýurtda uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Şeýle üstinliklerden soňra ynsanperwerçilikli reformalaryň ýeňlişe sezewar edilmegi bilen döwlet ýolbaşçylary tarapyndan köpçülikleýin teatr sungaty ýatyrylýar. Ähli teatrlar komersiýa-peýdakeşleriň eline geçipdir. Ispaniýada meşhurlyk gazanan köp sanly aktýorlar bolsa ýurdy taşlap gidipdirler. Ispaniýada frankistik düzgüni girizilenden soňra, 40-njy ýyllaryň aýaklarynda ýurdyň zehinli aktýorlarydyr, režissýorlary ýurtdan daşlaşypdyrlar. Sahnalardan gündelik meseleleri gozgaýan repertuarlar aýrylyp, olaryň ornuny ýeňiljek komediýalar, operettolar, rewýular, wareteler, sarsueller, saýneteler, tonadililer (şu žanrlaryň düşündirilişi sözlükde bar) ýaly owunjak, tomaşaçyny az-kem güýmäp biläýjek gowşak manyly žanrlar tutupdyr. 50-nji ýyllarda daşary ýurtlaryň häzirki zaman dramaturglary Pirandellonyň, O.Niliň, Pristanliniň, Moemanyň pýesalary Ispan teatrynyň sahnasyna çykarylyp başlanýar. Ispan teatrlarynyň Madriddäki M.Gereronyň adyny göterýän "Internasional” teatrynda dramaturg we režissýor K.de Torreniň ýolbaşçylygynda tomaşaçyny terbiýä çagyryp biläýjek spektakllara ýüzlenilýär. Dramaturg K.de Torreniň "Säherdäki otlysy" (1946), "Gözüňi deşip barýan tümlügi” (1950), "Bu gün baýramçylygy” (1956), Buero Walehonyň "Jenaýat we jezasy” (Dostoýewskiniň eseri esasynda), yzygiderli tomaşaçylara hö-dürlenipdir. "Izabella” teatrynda E.Suares de Desaň, H.A.Laiglesia-i-Gonsalesiň, W.R.Iriarteniň, H.Benawente-i-Martinesanyň, A.Buero Walehonyň, A.Pasonyň, H.Kalwo Sotoleniň, A.Torradonyň, H.Lopes Rubionyň drama eserlerine täzeden ýol açylypdyr. Teatra uzak ýyllaryň dowamynda I.Garsesiň truppasy çykyş edipdir. Teatryň režissýory wezipesinde A.Serrano işläpdir. L.Membersiň aktýorlar truppasy tarapyndan Ispaniýanyň uly teatrlarynyň biri bolan "Lara” teatrynda dramaturglar Sedano bilen L.Fernandesiň "Arena Hudaýy” (1952) spektaklyny we dramaturglar Benawetäniň, Kalwo Sotelo-nyň, Luki de Tenyň pýesalaryny sahna çykarypdyrlar. "Espanol” teatrynda dramaturg Buero Walehonyň "Bir merdiwanyň taryhy” (1949), "Halk üçin edilýän arzuwçyllyk” (1958) pýesalary uzak wagtlap sahnadan düşmändir. Dramaturg Suaresa Karrenonyň "Höküm edileni” (pýesa Lope de Wegadan täsirlenip ýazylan- 1952ý), dramaturg Gonsalesa Alýer-i-Okanonyň "Gijä gutarma ýogy” (bu pýesada Lope de Wegadan täsirlenip ýazylan-1954 ý) köp teatrlaryň sahnasyny bezäpdir. Ispaniýanyň "Komediýalar” teatrynda K.Montesiň, I.Marlonyň, F.Fernan Gomesaň aktýorlar truppalary we A.Klosas, E.Newile, H.Tamaýo ýaly režissýorlar işläpdirler. 1958-nji ýylda Madridde H.Benawentiň "Gamletiň degişmeleri” atly spektakl bilen täze "Goýýa” teatry açylýar. Döwründe örän pajygaly wakalary başyndan geçiren ispan teatry bu gün dünýäniň öňde baryjy teatrlarynyň hatarynda bolmak bilen dünýä medeniýetine uly goşandyny goşup, teatr sungatynyň kerwenini şaýolundan uzaklara alyp barýar. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |