21:47 Janymyň aramy | |
JANYMYŇ ARAMY
Goşgular
Hyýallam çolaşyp, käte-de dagap, Bisabyrlyk halys berenok rahat, Janyma hiç ýerden tapamok takat. Gel, dünýäm, meni bu dertden halas et! Bir nazar salsana, gözleri çanak, Baksana, bakyşy göwnüme ganat. Gaýtadan özüme gelerim gelerim ýalak, Aýlanmazmy maňa ol bägül gabak?! Sen maňa nazar sal ikije sekunt, Men doňup galaýyn 24 sagat. Otly nazar bilen salan derdiňi, Ýene nazar sal-da, düýbünden ýok et. Gyr köküni bu söýgüden şübhämiň, Müňkürligmi daga-daşlara dagat. ...Has gowusy, geç, dulumuň duluna, Menem ömürbaky tapaýyn rahat. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |