11:15 Jellatlar / nowella | |
JELLATLAR
Hekaýalar
Genriniň garbanyşhanasynyň gapysy açyldy-da, içerik iki adam girdi. Olar bufediň öňünde gelip oturdylar. Daşary garaňkyrap başlady. Äpişgeden ölügsi ýagty düşýärdi. Bu iki adam bufediň öňünde menýu okan bolşup otyrdy. Bufet kapasasynyň aňry başyndan olary Nik Adams synlaýardy. Bu adamlar girmänkäler ol Jorj bilen gümür-ýamyr eden bolup otyrdy. - Men alma sously, kartoşka pýureli daglanan et iýjek! – diýip, gelenleriň biri dillendi. - Ol entek taýyn däl. - Onda nä körüňize ony kagyza ýazypsyňyz? - O agşam naharynyňky – diýip, Jorj düşündirdi. – Siz ony sagat altyda buýrup bilersiňiz. Jorj bufediň ýeňsesindäki diwardan asylgy sagada seretdi. - Häzir sagat bäş. - Sagadyň görkeziş-ä altydan ýigrimi minut işläpdir! – diýip, olaryň ikinjisi aýtdy. - Hawa, ýigrimi minut işläpdir. - Äý, jähenneme gitsin-le şo sagat! – diýip, beýlekisi hemle urdy. – Iýere nämäňiz bar? - Men size iki-üç sany buterbrod-a berip biljek! – diýip, Jorj aýtdy. – Siz kakadylan et bilen ýumurtga, doňuz eti bilen ýumurtga, bagyr bilen ýumurtga ýa-da bişen balyk alyp bilersiňiz. - Maňa üsti gök noýbaly, krem sously ýa-da kartoşka pýureli gowrulan jüýje ber. - O agşam naharynyňky. - Biz bir zat islesek, agşam naharynyňky bolaýýa-la, päheý! Siziň işleýşiňiziň ugry ýog-ow. - Men size kakadylan et bilen ýumurtga, doňuz eti bilen ýumurtga berip biljek... - Men-ä kakadylan et bilen ýumurtga alaýjak! – diýip, Eýl gobsunjyrady. Onuň başynda köneje zömmek şlýapasy, egninde bolsa ilikleri pugta ildirilen plaşy bardy. Onuň kiçijik ýüzünde gan-pet ýokdy, ýuka dodaklary ýumulgydy. Boýny ýüpek şarfly, eli hem elliklidi. - Maňa-da doňuz eti bilen ýumurtga beräý! – diýip, beýlekisi hem bir karara geldi. Ol hem edil Eýl ýalydy. Olaryň ýüz-keşpleri üýtgeşikdi, emma eşikleri welin edil ekiziňki ýalydy. Ikisiniň hem plaşynyň ilikleri ildirilgidi. Olar eglibräk otyrdylar, tirsekleri bufet kapasasynyň üstündedi. - Içer ýaly bir zat barmy? – diýip, Eýl sorady. - Kümüş reňk piwo, şerbet, arak – diýip, Jorj jogap berdi. - Sen bize içer ýaly zat hödürlejekmi ýa ýok? - Men ýaňy aýtdym ahyryn. - Bu şäher gaty yssy eken – diýip, beýlekisi gepledi.–Bu şäheriň adyna näme diýýärler? - Sammit. - Heý, bir wagt eşidipmidiň? – Eýl ýoldaşyndan sorady. - Ýok – diýip, ýoldaşy başyny ýaýkady. - Bu ýerde agşamyna näme işleýärler? – diýip, Eýl sorady. - Nahar iýýärler – diýip, ýoldaşy jogap berdi.–Bary şu ýere ýygnanýarlar-da, üýşüp nahar edinýärler. - Onyň dogry – diýip, Jorj makullady. - Onda sen şony dogry bilýärsiň-dä? – diýip, Eýl Jorjdan sorady. - Elbetde. - Onda sen barypýatan kelleli ýigit ekeniň, şeýle gerek? - Elbetde – diýip, Jorj jogap berdi. - Bes, boldy. Sende kelle ýok – diýip, beýleki kiçijik adam aýtdy. – Şeýle dälmi, Eýl? - Ol duran bir akmak! – diýip, Eýl tassyklady. Ol Nike tarap öwrüldi.–Saňa kim diýýärler? - Adams. - Ynha, ýene bir düşbi ýigit! – diýip Eýl aýtdy.– Şeýle dälmi, bu ajap ýigit gerek, Maks? - Bu şäherjik ajap ýigitlerden doly eken – diýip, Maks ýaňsylady. Jorj bufediň kapasasynyň üstüne iki sany tarelkany getirip goýdy, biriniň içinde kakadylan et bilen ýumurtga, beýlekisiniň içinde hem doňuz eti bilen ýumurtga bardy. Ol gowrulan kartoşkaly iki sany kiçijik tarelkany hem kapasanyň üstüne goýdy-da, aşhanadan nahar alynýan deşigi ýapdy. - Haýsy siziňki? – diýip, ol Eýlden sorady. - Eýýam ýadyňdan çykardyňmy? - Kakadylan et bilen ýumurtga. - Edil özi, ýagşy ýigit – diýip, Maks kakadylan et bilen ýumurtgany öňüne süýşürdi-de ýapyryldy. Bularyň ikisi-de elliklerini çykarman iýýärdiler. Jorj olaryň nahar iýşini synlaýardy. - Sen nämä seredýäň? – diýip, Maks Jorja çiňňerildi. - Hiç zada. - Ýalan sözleme. Sen maňa seredýäň. - Belki, bu ýigidiň oýun edesi gelýändir, Maks! – diýip, Eýl hem goşuldy. Jorj muňa güldi. - Sen gülen bolma – diýip, Maks oňa azgyryldy. – Sen hiç bir zada gülmeli dälsiň, bilip goý! - Ýagşy – diýip, Jorj baş atdy. - Seret-le muňa, ol «ýagşy» diýýär – diýip, Maks Eýle tarap ýüzüni öwürdi. – Ol «ýagşy» diýen bolýar. Ýagşy bolsa, bize-de ýagşy. - Päh-eý, ol akylly ahyryn! – diýip, Eýl üstüni ýetirdi. Soň olar naharlary bilen boldular. - Kapasaň o çetinde oturan ýagşy ýigit kimkä? – diýip, birden Eýl Maksdan sorady. - Heý, ýagşy ýigit – diýip, Maks Nike ýüzlendi.–Hany, kapasaň o ýüzi bilen ýakynrak gel, dostuň ýanyna. - Näme gulluk? – diýip, Nik sorady. - Hiç hili gulluk ýok. - Sen gowusy, ýakynrak geläý, ýagşy ýigit – diýip, Eýl sesine bat berdi. Nik kapasanyň aňyrsyndan ýöräp geldi. - Näme gulluk? – diýip, Jorj sorady. - Näme gulluk bolany bilen seniň nä işiň bar? – diýip Eýl onuň al-petinden aldy.–Aşhananyň içine kim bar? - Negr. - Negr diýdigiň näme? - Negr diýýänim aşpez. - Çagyr ony, bärik gelsin. - Näme gulluk? - Çagyr ony diýýän. - Siz bu taýda näme etmekçi? - Näme etjegimizi özümiz bilýäris – diýip, Maks hem goşuldy. – Biz, näme, samsyk sypatmy? - Seniň aýdýanyň samsyk – diýip, Eýl onuň sözüni kesdi. – Nä akylyňa sen bulara gep düşündirjek bolýarsyň? Gulak as! – diýip, ol Jorja aýtdy. – Negre bärik çyk diý. - Siz ony näme etjek? - Hiç zat. Akylyňa aýlan, ýagşy ýigit. Biz negre näme edýändiris? Jorj ýeňsesindäki diwardaky deşigi açdy welin, aşhananyň içi göründi. – Sem!-diýip, ol gygyrdy. – Bir minutlyk bärik gel! Aşhananyň gapysy açylyp, ondan bir negr çykdy. – Näme boldy? – diýip, negr sorady. Myhmanlaryň ikisi hem oňa dikanlap seretdiler. - Öran gowy, negr. Sen şu taýda, sagda dur! – diýip, Eýl oňa buýurdy. Sem, ak öňlükli negr, kapasanyň o ýüzünde oturan bu iki adama seredýärdi: - Baş üstüne, ser! – diýip, ol hoşamaý gepledi. Eýl oturan ýerinden turdy. - Men şu negr hem ýagşy ýigit ikisi bilen aşhananyň içine girip çykaýyn – diýip, Eýl aşhana tarap ugrady. – Hany, aşhanaň içine gir, negr. Senem, ýagşy ýigit, düş yzyna şonuň... Bu çepiksije adam Nik bilen aşpez Semi öňüne salyp, aşhananyň içine girdi. Girip gapyny hem ýapdy. Maks atlysy bolsa kapasanyň aňyrsynda Jorjuň edil garşysynda otyrdy. Ol Jorja seretmeýärdi-de kapasanyň ýeňsesindäki aýna seredýärdi. Aýnanyň içinde Genriniň garbanyşhanasynyň bütin zaly görnüp durdy. - Hawa, ýagşy ýigit! – diýip, Maks aýna seredip oturşyna Jorja lak atdy. – Nämä, gepläňok? - Bu näme boldugy? - Heý, Eýl! – diýip, Maks gygyrdy. – Ýagşy ýigit biziň näme etjek bolýanymyzy biljek bolýar. - Biljek bolýan bolsa, näme aýdaňok? – diýip, Eýliň sesi aşhananyň içinden geldi. - Näme etjek bolýandyrys öýdýäň? - Bilemok. - Garaz, bir zad-a çen edýänsiň? Maks gürrüň edip otyrka, aýnadan gözüni aýyrmaýardy. - Men hiç zat aýdyp biljek däl. - Heý, Eýl! Bu ýagşy ýigid-ä biziň etjek bolýan işimizi çak etse-de, aýtjak däl diýýär. - Men seniň aýdýanyňy oňat eşidýän – diýip, Eýl aşhananyň içinden gygyrdy. Ol aşhanadan nahar äberilýän deşigi açdy. – Eşidýärmiň, eý, ýagşy ýigit – diýip, ol aşhananyň içinden Jorja gygyrdy. – Birneme aňyrrak dur. Senem biraz çepe süýş, Maks. Ol toparlaýyn surata alýan suratçyny ýada salýardy. - Hany, maňa aýt, ýagşy ýigit – diýip, Maks Jorjy goýmady. – Näme bolar diýip pikir edýärsiň? Jorj hiç zat aýtmady. - Men aýdaýyn saňa – diýip, Maks süründi. – Biz bir şwedi öldürmäge geldik. Sen Oel Andreson diýen bir ullakan şwedi tanaýarmyň? - Hawa. - Ol her agşam şu ýerik nahar edinmäge gelýär, şeýle dälmi? - Käwagt gelýär. - Ol şu ýerik sagat altyda gelýär, şeýle dälmi? - Eger gelse. - Biz hemme zady bilýäris, ýagşy ýigit – diýip, Maks sözüni dowam etdirdi. – Hany, senem bir zat aýt. Heý, kino gidýärmiň? - Käwagt. - Kino köpräk gitmegiň gerek. Seniň ýaly ýagşy ýigit üçin kino ajap zatdyr. - Siz näme üçin Oel Andresony öldürjek bolýaňyz? Ol size näme etdi? - Ol bize hiç zadam edenok. Ol hiç wagt bizi görenem däldir. - Ol bizi diňe bir sapar görer – diýip, aşhananyň içinden Eýl gygyrdy. - Onda näme üçin ony öldürjek bolýaňyz? – diýip, Jorj sorady. - Biz ony dostumyz üçin öldürýäris. Dostumyzyň öňünde boýun aldyk, ýagşy ýigit. - Bes, boldy – diýip, aşhananyň içinden Eýl gygyrdy – Sen oňa aýtmasyz zatlaram aýdyberýäň-le! - Bolýar. Men ýöne ýagşy ýigidiň birneme göwnüni açjak boldum. Şeýle dälmi, ýagşy ýigit? - Sen bolgusyz gürrüňi köp edýäň – diýip, Eýl Maksa ýüzlendi. – Negr bilen meniň ýagşy ýigidim-ä biri-biriniň göwnüni açýarlar. Men bulary konwentdäki joralar ýaly edip, biri-birine daňaýdym. - Konwente beri baryp görüpmidiň? - Görenim-görmänim bilen seniň nä işiň? - Sen jöhit mollalarynyň konwentinde bolupsyň. Seniň o diýýäniň şo taýda edilýär. Jorj sagada seretdi. - Eger biri geläýse, «aşpez ýok» diýip aýt, eger gykylyk ediberjek bolsa, «ynha, derrew geljek» diý-de, biş-düşi özüň et. Düşnüklimi, ýagşy ýigit? - Bolýa – diýip, Jorj razylaşdy. – Soň bizi näme etmekçi bolýaňyz? - Görübereris-dä entek – diýip, Maks gümmi-sümmä urdy. – Soň näme boljagyny siz häzir bilip bilmersiňiz. - Jorj sagada seretdi. Ýediden on bäş minut işleýärdi. Birden köçä çykýan gapy açyldy. Bir şofýor kürsäp urdy. - Allou, Jorj! – diýip, ol gele-gelmäşe gygyrdy. – Maňa nahar berjekmi? - Sem bir ýere çykyp ötegidipdir-dä. – Ol ýarym sagadrakdan-a gelerdi. - Men onda, gowusy, ýolda garbanaýaýyn! – diýip, şofýor gidiberdi. Jorj sagada seretdi. Ýediden ýigrimi minut işleýärdi. - Gaty oňat, ýagşy ýigit! – diýip, Maks Jorjy öwdi. – Sen tüýs jentlmen boljak. - Ol kellesiniň kakylaýjagyny bilýändir – diýip, Eýl aşhananyň içinden gygyrdy. - Ýok – diýip, Maks garşy çykan boldy. – Beýle däl. Ýagşy ýigit diýseň oňat oglan eken. Ajap ýigit eken. Men-ä muny gowy gödüm. Sagat ýedi bolmaga bäş minut galypdy. Jorj: «Ol-a gelmedi» diýdi. Şol wagt başga-da iki sany adam garbanyşhana girdi. Bu adamlar «ýol üçin» buterbrod islänsoňlar, Jorjuň özi aşhana girip, kakadylan et bilen ýumurtga kesişdirip, buterbrod ýasamaga başlady. Seretse, aşhananyň içinde Eýl zömmek şlýapasyny ýeňsesine geýip, äpişgäniň garşysynda, jonnuk tüpeňini garbanyşhanaň içinde çenäp oturan eken. Nik bilen aşpez bolsa biri-birine ýeňselerini berip, çüňkde durdular, agyzlaryna bolsa polotense dykylgydy. Jorj buterbrod ýasap boldy-da, olary şykyrdawuk kagyza dolap, sebetjige saldy we müşderilere eltip berdi, müşderiler hem pullaryny töläp, çykyp gitdiler. - Ýagşy ýigid-ä hemme zady başarjak – diýip, Maks magtady. – Ol başga zatlary hem şark-şurk edip biljek. Eline gyz berseler, şondan gelnem ýasap biljek, şeýle dälmi, ýagşy ýigit? - Näme? – diýip, Jorj ardynjyrady. – Siziň dostuňyz Oel Andreson-a gelmedi. - Biz oňa on bäş minut wagt berýäris – diýip, Maks aýtdy. Maks aýna, soňam sagada seretdi. Sagadyň dilleri ýedi bolup, sekizden bäş minut işleýärdi. - Hany, ýör, Eýl! – diýip, Maks ýerinden turdy. – Biz, gowusy, gideli. Ol gelmedi. - Ýene bir bäş minut garaşaly! – diýip, Eýl aşhananyň içinden gygyrdy. Şol bäş minudyň içinde daşardan ýene bir adam geldi. Jorj hem oňa «aşpez syrkaw» diýip düşündirdi. - Onda näme üçin başga aşpez edinmeýärsiňiz? Garbanyşhanaňyzy petikläň-dä, onda! – diýip, gelen adam gatyrgandy-da, çykyp gitdi. - Ýör, gideli, Eýl! – diýip, Maks ýene-de gitmekçi boldy. - Bu iki ýagşy ýigit bilen negri näderis? - Olaryň işi bitdi. - Bä, şeýlemikä? - Şeýle. Olaňky gutardy. - Men-ä bu bolşumyzy halamok – diýip, Eýl aýtdy. – Özem ugruna däl. Onsoňam sen gaty köp gepleýäň. - Be, ony ne jyn urduka? – Maks başyny ýaýkady. – Biz ile peçan bolaýmasak ýagşy! Neneň görýäň! - Sen gaty köp gepleýäň, özem şo bir diýeniňi diýýäň. – Eýl gaharly gepledi. Ol nahar bişirilýän jaýdan çykdy. Onuň ilikleri ildirilen plaşynyň astyndan jonnuk tüpeňiniň nili somalyp durdy. Ol ellikli eli bilen plaşyny düzedişdirdi. - How, ýagşy ýigit! – diýip, ol Jorja ýüzlendi: - Sen gaty bagtlyja ekeniň. - Bagtyň çüwdi bil! – diýip, Maks hem üstüne goşdy. – Sen aýlawda humar oýnamaly adam ekeniň, ýagşy ýigit! Olaryň ikisi hem gapydan daşaryk çykdylar. Jorj äpişgeden yşyklady-da, olaryň yzyndan seretdi: olar derwezeden ötüp, köçäniň aňry ýüzüne geçdiler. Ýakasy galdyrylan plaşly, zömmek şlýapaly olar göýä sahnada oýun oýnaýan ýalydylar. Jorj daşky gapydan aýlanyp, nahar bişirilýän jaýa girdi. Görse, Nik bilen aşpez biri-birine daňlyp goýlaýypdyr. - Men mundan beýläk çydap biljek däl! – diýip, aşpez Sem gygyrdy. – Men mundan beýläk çydap biljek däl. Nik bolsa dim-dik durdy. Onuň mundan öň hiç wagt agzyna esgi dykylman eken. Ol bu bolşuny ýokuş görýärdi: - Haý, içigaragalmyş! Bu nä hupbat! – Ol agzyndaky esgini aýyrdy. - Olar Oel Andresony öldürjek bolup ýörler! – diýip, Jorj düşündirdi: - Ony nahar iýmäge gelende atjak ekenler. - Oel Andreson? - Hawa. Aşpez barmaklary bilen owurtlaryny, agyzlaryny sypalaşdyrdy. - Indi beri hemmesi gitdi dälmi? – diýip, ol sorady. - Hawa! – diýip, Jorj biragyz jogap berdi. – Olar şu wagt-a gitdiler. - Men-ä bu bolýan işi halaýan däldirin – diýip, aşpez Sem başyny ýaýkady. – Men-ä bu zatlary halaýan däldirin. - Gulak sal! – diýip, Jorj Nike ýüzlendi: - Sen, gowusy, git-de, Oel Andresony gör. - Bolýa. - Sen, gowusy, bularyň işine goşulma! – diýip, aşpez Sem howatyrly gepledi. – Sen, gowusy, olaryň ýolundan sowul. - Eger islemeseň, onda gitme! – diýip, Jorj egnini gysdy. - Eger olar biläýseler, seni edil ýeriň astyndan hem taparlar – diýip, aşpez Sem ýene başyny ýaýkady. – Sen olaň öňüne böwet boljak bolma! - Men onda gidip, Andresony göreýin – diýip, Nik Jorja jogap berdi. – Ol, ýogsa-da nirede ýaşaýarka? Aşpez hyrçyny dişläp, ýüzüni öwürdi. - O balaja adamlar edýän işlerini bilip edýändirler! – diýip, ol öňe başyny ýaýkady. - Andreson hanym Haýrişiň jaýynda kireýine ýaşaýandyr – diýip, Jorj Nike aýtdy. - Men onda şoňa gideýin. Derwezäniň aňyrsynda köçe çyralarynyň yşygyna agaç şahalarynyň kölegesi görünýärdi. Nik köçä çykdy. Köçä çykdy-da, awtomobil ýolunyň aňyrsyna geçdi. Şol ýerdenem ol indiki derwezäniň deňine baryp, köçäniň aňry ýüzi bilen gidiberdi. Şol köçäniň ugrundan üç jaý geçensoňam, hanym Haýrişiň uly jaýy durdy. Nik basgançakdan ýokaryk çykdy-da, gapynyň jaňyny kakdy. Bir aýal gapa geldi. - Oel Andreson şu taýdamy? - Siz, näme, ony görmek isleýärsiňizmi? - Eger bar bolsa! Nik şol aýalyň yzy bilen basgançakdan galdy-da, öwrülip, koridoryň aňry çetine ýetýänçä gidiberdi. Ol aýal bir gapyny kakdy. - Kim o? - Bir adam gelip, seni görmek isleýär, mister Andreson! – diýip, aýal aýtdy. - Men Nik Adams. - Giriber onda! Nik gapyny açdy-da, içerik girdi. Oel Andreson daşky eşigini aýyrman, krowatyň üstünde ýatyrdy. Ol daýaw pälwan sypat adamdy. Aýaklary krowata sygman, gapdalyna uzalyp durdy. Ol kellesini iki ýassygyň üstünde goýup ýatyrdy. Ol Nike seretmedem. - Näme habar? – diýip, ol sorady. - Men Genriniň garbanyşhanasyndadym - diýip, Nik düşündirmäge başlady. – Birden iki sany adam geldi-de, ur-tut aşpez ikimizi biri-birimize daňdy. Onsoňam olar seni öldürmäge geldik diýip aýtdylar. – Nik birhili galpyldap diýen ýaly gepledi. Oel Andreson bolsa hiç zat jogap bermedi. - Olar bizi nahar bişirilýän jaýa dykdylar – diýip, Nik ýene düşündirdi. – Olar agşamlyk naharyny iýmäge gelende, seni atyp öldürjek ekenler. Oel Andreson diwara seredip ýatyrdy, ol hiç hili jogap berjek hem bolmady. - Jorj meni iberip, «şu zatlary habar ber» diýdi. - Aý, näme, meniň etjek alajym ýok – diýip, Oel Andreson uludan demini alyp, jogap berdi. - Men saňa aýdyp bereýin olaryň sypatlaryny! - Men olaryň sypatlaryny bilip näme edeýin! – Oel Andreson ýene-de uludan demini aldy. Onuň şo diwara gözüni dikip ýatyşydy. – Ýöne, gelip aýdanyň üçin sag bol. - Bolýa-da onda! – Nik krowatda ýatan bu äpet adamyny synlady. – Men gidip polisiýa aýdaýsam, nähili görýäň? - Ýok – Oel Andreson jogap berdi. – Äý, olaryňam bir bitirjek işi ýokdur. - Onda, heý, meniň bir edip biljek çäräm barmy? - Ýok. Bu taýda edip biljek çäräň bolmaz. - Belki, olar oýun edýändirler? - Ýo...o...k! Olar hiç haçan oýun edýän däldirler. Oel Andreson agdaryldy-da, ýene-de diwara tarap bakyp ýatyberdi. - Diňe bir zat telek! – diýip, ol diwara tarap gepledi. – Men kellämden hiç şu pikirlerimi aýryp bilemok. Şu gün uzynly gün şo pikirlenip ýatyşym. - Belki, şähere çykarys? - Ýok. – Oel Andreson jogap berdi – Men edil ýere girsemem, çykaryp öldürerler. Onuň şol diwara seredip ýatyşydy. - Indi bu taýda hiç eliňden geljek zat ýokdur. - Heý, bir tär bilen munuň öňüni alyp bolmazmy? - Ýok. Men ýalňyşypdyryn. – Ol şol öňki haşşyldyly sesi bilen gepledi: - Meniň bir edip biljek zadym bar. Soňam men şo pikirlenmeden-ä dynaryn-da! - Men, gowusy, gideýin-de, Jorjy göreýin – diýip, Nik netijä geldi. - Hoş, sag bol! – diýip, Oel Andreson jogap berdi. Ol Nike tarap seretmedem. – Hawa, gelip gideniň üçin sag bol! Nik çykyp gitdi. Ol gapyň agzyna baryp, yzyna garady. Oel Andreson daşky eşigini çykarman, krowatyň üstünde diwara seredip ýatyrdy. - Ertirden bäri şo jaýdan çykanok – diýip, hälki aýal basgançakda Nikiň yzyndan ýetip aýtdy. – Meniň çakym çak bolsa, jany sag däldir munuň. Men oňa: «Mister Andreson, sen biraz daşaryk çykyp gezmele. Daşaryň howasy gaty gowy» diýdim. Emma ol meniň diýenimi etmedi. - Onuň daşaryk çykasy gelenok. - Meni bagyşlaň. Onuň jany sag däldir – diýip, aýal sözüni dowam etdirdi. – Ol ýaman oňat adam. Ol bir goşulmasyz işe goşulandyr, biler bolsaň. - Men aňýan. - Men-ä bilemok, ýöne ýüzünden birneme aňýardym – diýip, ol aýal gepledi. Olar köçä çykýan daşky gapyň agzynda-da gürleşip durdular: - Ýöne welin, özi gaty ýumşak adam. - Bolýar onda, gijäňiz rahat bolsun, hanym Haýriş! – diýip, Nik hoşlaşmakçy boldy. - Ýok. Men hanym Haýriş däl – diýip, ol aýal nägilelik bildirdi. – Hanym Haýriş şu jaýyň eýesi, men ýöne şu jaýa serediji. Meniň adym – hanym Bell. - Bolýa, onda, gijäňiz rahat bolsun, hanym Bell! – diýip, Nik hoşlaşdy. - Gijäňiz haýyrly bolsun! – diýip, ol aýal hem hoşlaşdy. Nik garaňky köçe bilen çüňkdäki derwezä tarap ýöneldi we köçäň o ýüzüne geçip, Genriniň garbanyşhanasyna ýetdi. Jorj garbanyşhananyň içindedi. Ol kapasanyň aňyrsynda durdy. - Sen Oel Andresony gördüňmi? - Hawa – diýip, Nik jogap berdi. – Ol öz otagynda ýatan eken, ol daş çykmak islemedi. Aşpez Sem hem Nikiň sesini eşidip, nahar bişirilýän jaýyň gapysyny açdy. - O gürrüňiňizi meniň asla eşidesim hem gelenok – diýip, ol gapyny ýene-de ýapaýdy. - Sen, näme, gürrüň berdiňmi oňa? – diýip, Jorj sorady. - Hawa. Men oňa gürrüň berdim. Ýöne ol mensiz hem bu zatlaryň nähili boljakdygyny bilýän eken. - O näme etmekçi? - Hiç zat. - Olar onda öldürer ahyryn ony! - Meniň hem çakym şeýle. - Äý, onda ol Çikagoda bir işlere baş goşandyr. - Meniň hem çakym şeýle – diýip, Nik jogap berdi. - Äý, bu zatlar bir arwah işi-dä! - Äý, bu bir aýylganç iş diýsene. Soň olar geplemediler. Jorj öl esgini aldy-da, kapasanyň üstüni süpürmäge durdy. - Be-ý, nämetdikän-äý ol? – diýip, Nik dillendi. - Biriniň ýoluna böwet bolandyr. Şonuň üçinem ony öldürýändirler. - Men-ä şäherden çykyp gidermikäm diýýän – diýip, Nik başyny ýaýkady. - Oňarýarsyň – diýip, Jorj makullady. – Gitseň, gowy edersiň. – Men olaryň elinden gelýän zady bilip durkam, «ynha gelerler, ynha gelerler» diýip, şu taýda garaşyp ýörüp biljek däl. Bu gaty aýylganç ahyryn! - Onyň dogry – diýip, Jorj kesgitli gepledi. – Gowusy, sen şo zatlar hakynda pikir etme. Iňlisçeden terjime eden Seýitnyýaz ATAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. Elektron görnüşe geçiren: Tañryberdi ÇARYÝEW. Maddy hemaýatkäri Has TÜRKMEN. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||
| ||||