16:45 Jerom Klapka Jerom | |
JEROM KLAPKA JEROM
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Jerom Klapka Jerom (iňlisçe: Jerome Klapka Jerome) 1859-njy ýylyň 2-nji maýynda Beýik Britaniýa patyşalygynyň Staffordşir graflygynyň Uolsoll şäherinde doglup, 1927-nji ýylyň 14-nji iýunynda Nortgemptonda aradan çykan, meşhur iňlis henekçi ýazyjysy, dramaturgydyr. Ol dürli ýyllarda dünýä belli “Panç” satiriki žurnalynda işläpdir, 1892-1897-nji ýyllarda “Ýalta” (Idler) we “Şu gün” (Today) žurnallaryna redaktorlyk edipdir. Jerom K.jerom çagalykdan syýasatçy hem-de edebiýatçy bolmak isläpdir. Ýöne 1872-nji ýylda ata-enesiniň aradan çykmagy, 13 ýaşly J.K.Jeromy okuwyny taşlap, iş agtarmaga mejbur edipdir. Ol “Londonyň Demirgazyk-Günbatar demirýol şereketine” (London and North Western Railway) işe girip, ol ýerde dört ýyllap, demirýollaryň ugruna dökülen kömri ýygnaýjy bolup işläpdir. 1877-nji ýylda özüniň teatra imrigen uýasy Blandinanyň täsiri bilen Jerom aktýorçylyk senedine “Garold Kraýton” (Harold Crichton) diýen sahna tahallusy (psewdonimi, lakamy) bilen baş goşupdyr. Ol az çykdajyly oýunlary goýmaga çalyşýan teatr toparyna giripdir. Bu ýerde oýunlaryň goýulmagy bilen bagly harçlar köplenç aktýorlaryň özleri tarapyndan tölenipdir. Olar öz hasaplaryna sahna lybaslaryny, rekwizitlerini taýýarladypdyrlar. Soňra J.K.Jerom şol döwürleri hem-de özüniň başbitin pulsuzlygyny “Sahnada we sahnaň aňyrsynda” (On the Stage — and Off) atly nowellasynda ýiti henek bilen şekillendiripdir. Ýene-de üç ýyldan soň, artist hökmünde meşhurlyk gazanmaga şowsuz synanyşyklar zerarly 21 ýaşly J.K.Jerom hünärini üýtgedip, täze pişe agtarmagyň kül-külüne düşýär. Ol habarçy boljak bolup görýär, esse ýazýar, satiriki hekaýalar ýazýar, ýöne olaryň aglaba köpüsini çap etmekden ýüz dönderýärler. Soňky birnäçe ýylda ol gaplaýjy, mugallym, aklawjyň kätibi bolup işleýär. 1885-nji ýylda bolsa oňa “Sahnada we sahnaň aňyrsynda” atly nowellasynyň neşir edilmegi bilen meşhurlyk gelýär. Ondan soňra J.K.Jeromyň birnäçe sany sahna eserleri (pýesalary) we esseleri çap edilýär. 1886-njy ýylda onuň “Ýaltaň bikär pikirleri” (Idle Thoughts of an Idle Fellow) ýumoristiki esseler ýygyndysy çap edilipdir. 1888-nji ýylyň 21-nji iýunynda J.K.Jerom Jorjina Elizabet Genriýetta Stenli Meriss (Georgina Elizabeth Henrietta Stanley Marris), gysgaça aýdaňda “Etti” atly gelne öýlenýär. Olar Etti birinji adamsy bilen aýrylyşan badyna toý edýärler. Ettiň birinji nikasynda bäş ýaşly “Elsi” diýip öýde ady tutulýan gyzjagazy bar ekeni. Olar toýdan soňky “süýjülik aýyny” Temza derýasynda, kiçeňräk gaýykda geçiripdirler. Ine hut şu wakada J.K.Jeromyň dünýä belli “Gaýykdaky üçler, iti hasaba almaňda” (Three Men in a Boat (To Say Nothing of the Dog)) atly powestini ýazmagy üçin düýpli itergi beripdir diýip hasap edýärler. J.K.Jerom aýaly bilen “süýjülik aýyndan” dolanyp gelen badyna bu powesti ýazmaga girişipdir. Powestiň çeper keşpleriniň durmuşy nusgalary (prototipleri) hökmünde onuň dostlary Jorj Uingreýw (George Wingrave) hem-de Karl Henşel (Carl Hentschel) çykyş edipdir. Bu powestde dostlaryň sezewar bolýan birnäçe gülkünç wakalary beýan edilýär, hemme hadysalar bolsa Temza derýasynyň hem-de onuň kenarýakasynyň taryhy bilen gysby sepleşdirilen. Bu powest 1899-njy ýylda çap edilipdir. Bada-badam ol ägirt uly meşhurlyga ýetip, şu günki günlerde-de gyzygyp okalýar. Ol boýunça ençeme ýurtlarda, ençeme dillerde köp sanly çeper filmler surata düşürildi. Bu powest köp sanly dünýä dillerine terjime edildi. Taryhy maglumatlara görä, bu powest çap edilenden soň Temzada hasaba alnan gaýyklaryň sany yz ýanyndaky ýyl elli göterim artypdyr. Kitabyň okyjylara ýeten ilkinji ýigrimi ýylynda bütin dünýäde onuň milliondan köpräk nusgasy satylypdyr. 1900-njy ýylda J.K.Jerom maşgalasyny Germaniýaň Drezden şäherine getirip, şol ýerde iki ýyllap ýaşapdyrlar. 1914-nji ýylda Birinji Jahan urşunyň turmagy J.K.Jerom üçin gaty uly sarsgyn bolupdyr. Ol ilk-ä meýletinçi hökmünde urşa gitmäge synanyşypdyr, emma şol wagt onuň 56 ýaşyndadygy sebäpli Britan goşunlaryna ony almandyrlar. Soňra J.K.Jerom sürüji bolup fransuz goşunyna gulluga ýazylypdyr. 1918-nji ýylda ol “Taýms” gazetiniň habarçysy hökmünde Arhangelsk şäherine-de baryp, general Aýronsaýdyň ekspedision goşunynyň bolşewiklere garşy hereketleri hakynda reportaž ýazypdyr. Ol yzyna dolanyp gelenden soň onuň kätibi şeýle bellik edipdir: “Garry Jerom gitdi. Oň ýerinde nätanyş kişi. Ol döwlen adam”. J.K.Jeromyň gyzlygy Elsiň 1921-nji ýylda, 38 ýaşynda aradan çykmagy onuň üçin ýene-de bir agyr zarba bolupdyr. 1926-njy ýylda J.K.Jerom “Meniň ömrüm we zamanam” (My Life and Times) atly öz ýatlamalar kitabyny (memuarlaryny) çap etdirýär. Şondan biraz soň ony “Uolsoll etrabynyň hormatly ýaşajysy” (Freeman of the Borough of Walsall) diýen hormatly at bilen sylaglapdyrlar. Ol galanja ömrüni özüniň şäheretekdäki öýünde geçiripdir. 1927-nji ýylda bolsa Dewondan Londona barýarka ýolda onuň gan basyşy ýokarlanýar. Ony hassahana ýerleşdirýärler, şol ýerde-de J.K.Jerom amanadyny tabşyrypdyr. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |