17:02 Tomas Genriniň pese düşmesi / hekaýa | |
TOMAS GENRINIŇ PESE DÜŞMESI
Hekaýalar
Tomas Genri maňa mälim bolan pişikleriň içinde iň abraýlysydy. Onuň çyn ady – Tomas. Ýöne şeýle pişigi “Tomas” diýip atlandyrmak gaty bolgusyz. Edil ýöne, Harden galasynyň (şol döwürde iňlis premýer-ministri Gladstonyň rezidensiýasy) ýaşaýjylary, jenap Gladstony “Bill” diýip atlandyran ýaly-da. Pişik Reform-klubyň gassabynyň merhemedi bilen biziňkä düşüpdi, men dessine akyl ýetirdim, london klublarynyň hemmesiniň arasyndan – hut şu onuň gelip biljek ýeke-tägidi. Ondan bu klubyň epeý agraslygy bilen sarsmaz dessurçyllygy, edil ýöne bark urup durdy. Şu wagt men onuň nämüçin kluby terk edendigini anyk ýadyma salyp bilmeýärin, ýöne çak edişime görä, diňe şahsy özüniň gülala-güllügi hakda pikirlenýän täze baş aşpez bilen özara oňuşmazlyk muňa bahana bolan bolaýmasa. Gassap, olaryň duşmançylygy barada eşidip, bizde-de pişigiň ýokdugyny bilýändigi zerarly, ýagdaýdan pişigem, aşpezem kanagatlandyrýan çykalgany hödürledi. Çaklaýşyma görä, olar örän sowuk hoşlaşypdyrlar we Tomas, hoşamaýlyk bilen biziňkä göçdi. Pişige nazary kaklyşan dessine, meň aýalym, oňa has laýyk bolýan ady teklip etdi – Genri. Meniň kelläme bolsa, iki adyň utgaşdyrylmagy hasam salyhatly boljakdygy hakynda pikir geldi, şondan bäri ýakyn maşgala gurşawynda ony Tomas Genri diýip atlandyryp ugradylar. Dostlarymyz bilen söhbetlerde bolsa, biz adatça ony Tomas Genri, mülkdar (eskwaýr) diýip atlandyrýardyk. Biziň öýümiz Tomas Genriň göwnüne ýarady, ol özüniň hoşallygyny sedasyz agraslyk bilen beýan etdi. Meň eý görýän kürsümem oň göwnünden turdy, ol onam eýeledi. Haýsam bolsa başga bir küwügi (erkek pişik) men şobada kowardym, ýöne Tomas Genri kowulýanlardan däldi. Oňa onuň saýlanyna nägileligiň bildirip bir gör bakaly, megerem ol bu bolşuma, edil, mysal üçin şo begzada hatyn dostlarça meniňkä görme-görşe gelse, menem oňa özümiň işlidigimi yglan edip, haçanam bolsa başga bir wagt gelmelidigi hakda teklibi hödürlesem, ine şonda melike Wiktoriýaň maňa garaýşy ýaly garasa gerekdi. Ol dikelip, giderdi, ýöne, şondan soň, biz bir üçegiň astynda näçe ýaşasagam, hiç haçan meniň bilen gepleşmese gerekdi. Şo wagtlar bizde bir hanym bardy (ol häzirem biz bilen ýaşaýar, ýöne birneme ulalyp, akyllandy), ol pişiklere düýbünden sarpa goýmaýardy. Ol hanym pişikleň guýrugy, olary ýerden has oňaýly galdyrmak üçin ýaradylandyr öýdüp hasaplaýardy. Şoň ýalam ol hanym pişikleri zor bilen, çemçejikden iýdirmeli diýip, şeýle-de olar gurjak arabajygynda aýlasalar hoşuna gelýändir öýdüp göz öňüne getirýärdi. Bu hanym bilen Tomas Genriň duşuşygy meni öňünden elheder aldyrýardy. Men ol jenap şo hanymyň bolşundan ugur alyp, biziň tutuş maşgalamyz hakynda ters ynanja eýe bolar we biz oň gözüniň öňünde juda pese düşeris öýdüp çekinýärdim. Ýöne, meň howpurgalam dereksiz ekeni. Tomas Genride, oň özi babatda hallyň-sallyňlyga hem-de ýuwnuksyzlyga ýol bermeýän nämedir bir zat bardy. Ol garadangaýtmaz hanymy sypaýy, ýöne mäkäm öz ýerinde oturtmagy başardy. Hanym ýygralyk hem-de dünýä inip gelýän hormat-sylag bilen oň guýrugyna tarap ýaňybir elini uzadyp ugrapdy. Pişik howlukman guýrugyny ýygnady-da, oňa äňetdi. Bu bakyşda gaharam ýokdy, kine-de. Hut şeýle nazar bilen Süleýman Saba melikesi Bylkysyň näzi-merhemetini kabul eden bolmagy ahmal. Eglişikli hem-de hondanbärisilik bilen. Hakykatdanam Tomas Genri pişikleriň içinde asylzadady (jentlmendi). Ruhlaryň göçýändigine (reinkarnasiýa) ynanýan meniň bir dostum, ol lord Çesterfild diýip janygýardy. Tomas Genri beýleki pişiklere kybapdaşlykda, hiç wagt owkat dilemeýärdi. Adatça, nahar wagty ol meniň ýanymda oturardy we haçan oň öňüne alyp berýänçäler garaşardy. Ol diňe goýun etinden kömeç iýerdi, çenden artykmaç gowrulan göle etine seretmezdem. Bir sapar biziň myhmanlarymyzyň biri oňa siňirçe hödürledi; ol jyňkyny çykarman turdy-da, otagdan çykyp ötägitdi, tä biziň dostumyz gaýdýança-da garasyny görkezmedi. Ýöne, biziň her birimizde-de kemçilik bar, Tomas Genriňem ejiz ýeri gowrulan ördekdi. Gowrulan ördegi görende Tomas Genriň bolşy meň üçin ruhy açyş boldy. Maňa onuň häsiýetiniň hut iň pes, haýwany tarapy açyldy. Gowrulan ördege gözi düşen Tomas Genri pişige we diňe pişige öwrülýärdi, şol jynsa mahsus bolan özüniň ähli ilkidurmuş duýgulary bilen. Mertebelilik alamatlary ondan edil nikabyň gaçyşy dek gaýyp gidýärdi. Ol gowrulan ördek zerarly dyrnaçaklaşýardy, ýalym-ýuluma ýüz urýardy. Gowrulan ördekden lukma üçin ol, göwnüme bolmasa, kalbyny arwaha satmaga-da razy ýalydy. Biz bu howply tagamdan ýüz öwürmeli bolduk: onuň pişigiň häsiýetine näderejede ýegsan ediji täsirine seretmek duranja bir ezýetdi. Ondan başga-da desterhanda gowrulan ördek peýda bolanda onuň özüni alyp barşy çagalar üçin erbet görelde boljakdy. Tomas Genri biziň jelegaýlarymyzyň pişikleriniň arasynda lowurdaýardy. Ol boýunça sagadyň takyklygyny barlabermelidi. Günorta naharyndan soň ol seýilbagda üýtgewsiz ýarymsagatlyk gezim edýärdi, her agşam anyk sagat onda aşhanaň işigine barýardy, eýýäm on birde bolsa meniň kürsümde uklap ýatýardy. Pişikleň arasynda onuň dosty ýokdy. Ol garpyşmakdan lezzet almaýardy, özümem şübhe edýän, ol haçana bolsa birwagt, hatda öz ýaşlygynda-da aşyk bolmadyk bolsa gerek; bu iňňän sowuklaç hem erkin şahsyýetdi; hatyn halkyna doly biperwaýlyk bilen garaýardy. Şeýle çirksiz durmuşy Tomas Genri bütin gyş ýaşady. Tomus biz ony oba alyp gaýtdyk. Biziň göwnümize bolmasa, daşky gurşawy üýtgetmek onuň üçin peýdaly bolmalydy: ol mese-mälim semremäge başlapdy. Pahyrjyk Tomas Genri! Oba, gynansagam onuň başyna ýetdi. Bu özgermä nämäň sebäp bolandygyny aýdyp biljek däl; belki çuslandyrýan, oňa endiksiz howadyr. Belent ahlakly Tomas Genri, aýylganç tizlik bilen eňaşaklygyna gaýtdy. Birinji gije ol on bire çenli gürüm-jürüm boldy, ikinjisinde – başbitin gelmedi, üçünji gije – daňdan altyda, kellesiniň tüýi ep-esli ütülen keşpde öýe dolandy. Elbetde, bu ýerde hanymsyz-a oňlan däl bolmaly, pişikleň uzakly gije dowam eden aýdym-saz dabarasyndan çen tutsaň bolsa, onda olar bir oýnamdan az däl bolsalar gerek. Ýeri, näme diýersiň, Tomas Genri göze gelimli ýigit bolandygy üçin, hanymlar oň ýanyna gündizem gelmäge başladylar. Soňra aldana pişikler gelip, öz öýkeleriniň kanagatlandyrylmagyny talap edip, Tomas Genrini başa-baş söweşe çagyryp ugradylar. Ýöne, adalatyň hatyrasyna bellemeli, Tomas Genri hiç haçanam kimdir birine kanagatlanma bermekden (duelden) ýüz döndermeýärdi. Oba oglanjyklary, bolup geçýän aldym-berdimli garpyşyklara tomaşa kylmak üçin arly günläp biziň öýümiziň ýanynda dikilgazyk durýardy; biziň aşhanamyza aram-aram dergazaba münen bikeler urdurylyp girýärdiler-de, stoluň üstüne öli pişikleri zyňyp goýberýärdiler, aýalgaldygyna-da menden we asmandan adalat diläp, mynajat etmäge başlaýardylar. Biziň aşhanamyz hakyky pişik jesethanasyna öwrüldi, onsoň men täze aşhana stolyny satyn almaga mejbur boldum. Aşpezbike bolsa, eger-de özbaşyna aýratynja stoly bolsa, özüne ýeňil boljakdygyny aýtdy. Çünki ol dogralan etdir gök önümleň arasynda şunça öli pişik sataşsa, biraz özüni ýitirjek bolýarmyşyn: ýagny, nahara atmaly zadyny ýalňyşaýmakdan çekinýärmişin. Köne stoly biz penjirä ýakyn süýşürip, ony başbitin pişikleriň ygtyýarlygyna berdik, aşpezbike bolsa, öz stoluna şondan soň pişikleri goýmaga mümkinçilik bermedi, goý hatda olar öliň ölüsem bolaýsynlar. Bir sapar men onuň öli pişigiň tolgunyp duran bikesinden soraýandygyny eşitdim: -Maňa ony näme etmegi buýurýarsyňyz? Gaýnatmagymy? -Bu meň pişigim,-diýip hanym jogap berýärdi:-düşnüklimi? -Örän oňat, ýöne men bu gün pişikden lüle taýynlamok. Ony pişik stolyna alyň. Bu stol bolsa meniňki. Ilkibada “adalatyň dikeldilmegi” maňa ýarym krona pula düşýärdi, ýöne wagtyň geçmegi bilen pişikler birneme gymmatlady. Şoňa çenli men olary arzan diýip hasaplaýardym we meni olaryň näderejede ýokary bahalanýandygy hut haýranlar galdyrdy. Men hatda, çynym bilen satuw üçin pişik köpeltmek barada-da oýlanmaga başladym. Bu obadaky şu bahalar bilen meniň kemje-kerdem däl girdeji almagym juda ähtimaldy. -Siziň ýyrtyjyňyzyň goparan hokgasyna syn kylyň,-diýip maňa, meni günorta naharynyň başyndan sogrup ýanyna çagyrylan, dergazaba münen bir hanym aýtdy. Men syn kyldym. Tomas Genriň “hokgasy” ejizje, horugan jandar bolup çykdy, oňa megerem bu dünýäden o dünýä has gowy ýarajakdygy köre hasady. Bu bedibagt mahlukjyk meňki bolan bolsady, men Tomas Genri şony şeýdip dünýäň azabyndan dyndarandygy üçin minnetdarlyk bildirerdim; ýöne käbir adamlar bar, olar özlerine edilýän ýagşylyga düýpgöter düşünmeýärler. -Men munuň ýaly pişigi hatda bäş funta-da bermezdim,-diýip hanym yglan etdi. -Bu siziň işiňiz,-diýip men garşy çykdym:-ýöne meň garaýşyma görä, siz beýtseňiz, örän akylsyz hereket ederdiňiz. Şu bolşuna oň gyzan bazarda bahasy şilling. Eger-de siz nirede bolsa başga bir ýerde şundan köp bahany almak isleýän bolsaňyz, baş üstüne. -Bu näme pişikmi ahyry? Bu hut takwa ahyry,-diýip hanym tekrarlady. -Men öli takwalary satyn almaýaryn,-diýip men berk suňşurdym:-eger-de, satyn alýan bolaýanymda-da, hut şu nusgasy üçin şillingden köp bermezdim. Ony isle takwa diýip hasaplaň, isle pişik, ol öz işiňiz, ýöne iki ýagdaýda-da ol şillingden gymmat baha durmaýar. Ahyrynda biz on sekiz pensde ylalaşdyk. Meni Tomas Genriň tary-mar etmäge ýetişýän pişikleriniň mukdary iňňän geň galdyrýardy. Bu edil ýöne barypýatan gyrha-gyrlykdy. Bir gezek, agşam, men aşhana bardym – men indi her agşam aşhana baryp, günüň dowamynda gelip gowşan öli pişikleň toplumyna serediş geçirmegi edähet edinipdim – beýlekileň arasynda, seýrek öwüşginli – üçreňkli – pişigiň jesediniň stolda ýatandygyny gördüm. -Oň bahasy ýarym soweren,-diýip, şu ýerde eli uly bulgur buzaly duran pişigiň eýesi aýtdy. Men merhum biraz galdyryp, ony ünsli gözden geçirdim. -Düýn siziň pişigiňiz ony öldürdi,-diýip hojaýyn dowam etdi:-Utanç hem wejeralyk! -Meniň pişigim eýýäm üç gezek ony öldürdi,-diýip men jogap berdim:-Şenbede onuň bikesi hanym Hejerdi, duşenbede – hanym Maýers. Men eýýäm bir bolgusyzlyk hakda müňkür bolup ugrapdym, ýöne özüme gaty ynamly bolman, bellik edipdim. Indi bolsa men anyk görýän, bu hut şol pişik. Meň maslahatyma gulak salyň-da ol ýokanç kesel ýaýradyp başlamanka ony gömüň. Maňa pişigiň näçe janynyň bardygy bildirmeýär, men diňe oň bir jany üçin töleýän. Biz Tomas Genrä düzelmäge birnäçe sapar mümkinçilik beripdik, emma ol günsaýyn özüni has erbet we erbet alyp barýardy, onuň jenaýatlaryna bikanun aw awlamagam (brakonýerçilik) goşuldy, ol jüýje ogurlama başlady, men bolsa onuň günäleri üçin hasaplaşyk geçirmekden bizar boldum. Men bagban bilen geňeşdim welin ol öňem şeýle ýagdaýa uçran pişikleri bilýändigini aýtdy. -Ony näme bilen bejermelidigini bilmeýäňizmi?-dýip men soradym. -Nämüçin bilemok, jenap,-diýip bagban jogap gaýtardy:-boýnuna daş, soňam köle oklaýaň: men eşitdim, bu erbet derman däl. -Oňa ukyň öň ýanynda birje ülüşini berjek bolup synanyşaly,-diýip menem jogap berdim. Bagban şeýtdi, şonluk bilenem biziň külpetlerimiz tamamlandy. Pahyrjyk Tomas Genri! Onuň mysaly, eger-de maýyllyklaň ýok ýerinde ýagşyzadalyga eýe bolmagyň neneňsi aňsatdygyny äşgär edýär. Reform-klubyň howasynda doglan we önüp-ösen asylzada kişi (jentlmen) nämäň hatyrasyna hakykat ýolundan sowulsyn? Tomas Genrä meniň haýpym gelýär, özem men indi oba howasynyň ahlaklylyga oňat täsir edýändigine ynanmaýaryn. © Jerom Klapka Jerom | |
|
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |