07:18 Jynazasy çykylmadyk aýal | |
Haýa ~ Adamyñ Bezegi
Jemgyýetçilik tankydy
▶ JYNAZASY ÇYKYLMADYK AÝAL "Ýagşylyk ~ könelmeýär, günä ~ unudylmaýar, jeza beriji (Tañry) bolsa ölmeýär. Islän işiñi et, dyýanatyñ, adamçylygyñ nähili bolsa, jezañ hem şeýle bolar". Hadysdan. * * * Eşideniñde "Allam, daş edewersin!" diýdirýąn bu wakany gürrüñ bermäge-de diliñ öwrülenok. Ýöne ol juda aýyp görülmeýän hereketlerden başlanypdy: oba ýañy düşen "täzeje", onuñ üstesine diýseñ görmegeý gelin jalaýja ýigitleriñ hem, baýlygynyñ ýa wezipesiniñ arkasyndan käbir ýeñlesleri boýun edip bilýän ýaşy durugşan aýalbazlaryñ hem derrew gözüne ildi. Şunuñ ýaly ýagdaýda öýüni öý, ärini är etjek, ojagyny halal saklajak, namys-aryny hemme zatdan beýik tutýan zenan bu geldi-geçer "aşyklaryñ" şeýle bir merkini berýär welin, olar onuñ ýaşaýan tarapyna seretmäge-de milt edip bilmeýärler. Käbirleri... gizlin göz gypmalara, gözlerini güldürişip, ogryn näz bilen jogap berýärler. Göreni ýesir edýän owadanlygyny adamsynyñ hyzmatyndan has ýokary, has bol eşrete mynasyp görýärler. Şeýdip ärine, öýüne göwnüýetmezlik başlanýar... Täze gelin (biz ony Jemal diýip atlandyrmakçy) ýañky aýdylanlaryñ ikinji toparyna degişli bolup çykdy. Basym ony "myhmançylyga" çagyrýan "boýdaşlary", "garyndaşlary" köpelip ugrady. Çakylygyñ bolmadyk günleri hem obada onuñ ýüregi gysdy. "Dükan görmek üçin" etrap, welaýat merkezlerine gitdi. Yzyna boş hem dolananokdy. Käte ýanýoldaşynyñ ýylboýy işlän zähmet haky ýetmejek gymmat bahaly zatlary-da getirýärdi. Ol gün geçdigiçe gylaw aldy. Gijelerine-de öýe dolanman başlady. Jemal eýýäm iliñ diline düşüpdi. Tanyş-bilişleriñ özi hakda nämeleri gürrüñ edip ugrandyklary onuñ hem gulagyna ýetdi. Jemal bu "gybatlary" parhyna-da almady. Gaýta bu zatlara adamsy çydam etmedi, ilki ýaşaýan otagyny bölekledi, soñra öýüni taşlap gitdi. Goñşy-golamlary Jemalyñ gapysyndan gelmelerini goýdy. Öz gapylaryny hem onuñ üçin berk ýapdylar. Jemal, barybir, pälinden gaýtmady. Oba bu masgaraçylyga çydamady. Jemala töwella edip gördüler. Täsiri bolmandan soñ eşideniñde ýere giräýmeli sözleri göni ýüzüne aýtdylar. Nepi degmedi. Öwrenilen gylyk örkleseñ hem durmaz ekeni. Ol şeýle bir derejä ýetdi welin, "daşardan" keýpi-sapa gözleýänler islän wagty ony äkitdiler, islän wagty getirip taşlap gitdiler. Özi-de adam dannap durmady. Kim öñürti gelse, şonuñ yzyna düşdi... Hiç kimden çekinmedik, obasyndan uýalmadyk, ýakynynyñ-tanşynyñ ýüzüni ýere salan gelin bu durmuşda zowalsyz zadyñ ýoklugyna wagtynda düşünmedi. Emma tebigat oña eýýäm "göz görkezip" başlapdy. Ozal surat ýaly gelin, täzeden gül açmaly wagty gaýta üýtgäp ugrady. Ak bägüli ýada salyp duran nurana ýüzi saraldy, menekler, düwürtikler peýda boldy, näzik teni gödekleşdi... Arada bir takwa kişi şeýle zady tekrarlapdy: "Adamyñ halal-haramlygu dura-bara ýüzüne çykýar". Şol aýdylan dogry eken... Jemalyñ idelişi hem seýreklendi. Indi onuñ özi müşderi gözlemeli bolupdy. Onuñ her edip, hesip edip ozalky "abraýyny" dikeldesi ~ öñki elýetmezlik derejesine, eşretli durmuşyna gaýdyp barasy gelýärdi. Bu isleg onuñ añ-huşuny aldy ~ hiç zada düşünmeýän on üç ýaşly gyzjagazyny bir azgynyñ ýorganyna saldy.... Obanyñ gaýrasyndaky gum depeleri bilen sepleşýän taşlandy ýaplaryñ arasynda goýun bakyp ýören oglanjyk zähresi ýarylan ýaly bolup öýüne ylgady. Gür çetiniñ düýbünde bir zenan dem-düýtsüz serlip ýatyrdy... Ol Jemal bolup çykdy. Onuñ nähili ýagdaýda wepat bolanlygy degişl organlar tarapyndan derñew astyna alyndy. Şonuñ üçin bu babatda çaklamalaryñ birgidenini mysal getirmegiñ geregi ýok... Türkmende bir gowy däp bar. Kim bolsa-da, onuñ iñ soñky hormatyny berjaý edýärler ~ kazasy dolanda köpçülik bolup jaýlamaga gelýärler. Emma bu gezek gadymdan gelýän däp bozuldy: Jemaly iñ ahyrky ýoluna ugratmaga ýakyn garyndaşlaryndan başga hiç kim gelmedi. Molla-işanlar bolsa oña jynaza çykmakdan hem boýun gaçyrdylar... Oba gelin bolup gelende, toý-tomaşa, uly hormat, ýagşy dilegler bilen garşylanan Jemal bakyýa gidende ümsüm, bihormat ugradyldy ~ aýat-doga okalmazdan, ýere gömlüp gaýdyldy. Ýer beri ony kabul etdimikä? Bu wakany gürrüñ berip, ýeñles gyz-gelinleri gorkuzmakçy bolamok. Dünýe döräli bäri adamzat üçin ýöreýän durmuş kanunyny welin ýene bir gezek nygtasym gelýär: bu jahanda jogapsyz galjak ýekeje hereket hem ýokdur! Ýöne olardan günäleriñ geçilmeýänini ~ özümizde edep-ekramy, wepalylygy, päk söýgini, halallygy... öldürmejek bolalyñ. Binamyslygy türkmen ölümden hem agyr görýär ahyry! Amannepes MÄTGYLYJOW, "Watan". | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |