K...
Ýadymdan çykanok şol täsin pursat:
Geldiñ-de gaşyma gülgün jemally,
Gaýyp bolduñ gitdiñ misli alamat,
Tämiz gözelligiñ genisi ýaly.
Namut hasratlaryñ ezýetin sorup
Gopgunly, şowhunly galagoplukda,
Seniñ eziz keşbiñ düýşüme girip,
Näzik sesiñ ýañlanypdy gulakda.
Ýyllar ötdi. Gaý-tupanlañ owsuny
Dargatdy ýüregmiñ öñki hyýalyn.
Unutdym men seniñ näzik sesiñi,
Ýatdan çykdy seniñ täsin jemalyñ.
Çolalykda, bendiligiñ tozunda
Asuda uzalyp güneşsiz günler,
Tirkeşdi-de geçdi yzly-yzyna
Ylhamsyz, söýgüsiz, gözýaşsyz günler.
Soñ ýene täzeden oýandy ýürek:
Ýene peýda bolduñ täsin jemally,
Ýene-de göründiñ bir alamat dek,
Tämiz gözelligiñ genisi ýaly.
Ýañadandan nur saçdy ömrümiñ ýoly,
Ýene gaýdyp geldi tagamly günler.
Söýgüden, durmuşdan, gözýaşdan doly,
Muhabbetden doly, ylhamly günler.
Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW.
■ A. P. KERNE
Ýatlaýan men, şol ajaýyp ahwaly,
Birdenkä sen peýda bolduñ öñümde.
Görnüp gaýyp bolan melekler ýaly,
Päk gözellik genisi deý köñülde.
Bu panynyñ gohly howsalasynda,
Namut gussañ derdin çekýän halatym,
Bir näzik ses geldi durdy gulagm
Hem düýşüme girdi gülgün kamatyñ.
Ýylıar geçdi. Pitneli gaý duman deý
Gitdi öñki arzuwlarmy dagadyp.
Men unutdym seniñ näzik sesiñ teý,
Unutdym men hüýr-peri deý kamatyñ.
Bir çet ýerde, tümlüginde sürgüniñ
Günler öz maýdalna geçip barýardy.
Ylahsyz, ylhamsyz geçýärdi günüm,
Ne gözýaş, ne durmuş, ne söýgi bardy.
Ýene-de oýandy kalbyñ hyýaly,
Ýene birden peýda bolduñ öñümde.
Görnüp, gaýyp bolýan melekler ýaly,
Päk gözellik genisi deý köñülde.
Ýene-de ýüregim urup dur telwas,
Onuñ şatlygynyñ sebäbem belli:
Sebäp, ylham hem ylahym hem gözýäş,
Hem durmuş, hem söýgi dolanyp geldi.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
Goşgular