22:04 «Kabyl bilen Habyly» sahna getiren | |
«KABYL BILEN HABYLY» SAHNA GETIREN
Teatr we kino sungaty
Watanymyz Garaşsyzlygyny gazanandan soň, milli dramaturgiýamyz hem täzeçe ösüş ýoluna düşdi. Şeýle ýagdaý kemala gelen jemgyýetçilik aňyýetinde milli ruhuň aýratyn orun tutýandygy bilen şertlenýärdi. Edebiýatymyzda halkymyzyň ruhuna ruh goşmaga, onuň milli buýsanjynyň, guwanjynyň galkynmagyna hemaýat etmäge ukyply şol drama eserleri barada pikir edenimde, ilkinji nobatda, Gowşutgeldi Daňatarow ýadyma düşýär. Sebäbi ol Garaşsyzlyk ýyllary içinde özüni belli dramaturg hökmünde tanatmagy başardy. Bu gün halypalyga ýeten Gowşutgeldi aga beýleki galamdaşlary ýaly, turuwbaşdan halk döredijiligine ýüzlenip, türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren eserler esasynda birnäçe dramalary döretdi. Olardan: «Kabyl bilen Habyl», «Nusaý söýgüsi», «Seljuk söýgüsi», «Aşyk Peýker», «Şäher ertekisi», «Yşkyň gämisi», «Yşkyň gämisi kenarda», «Süýji durmuşyň gapysy», «Täze maşgala» ýaly sahna eserlerini görkezmek bolar. Şonuň ýaly-da meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň durmuşlaryndan «Garajaoglan», «Kemine», «Yşk mülküniň şasy», «Mälik şa», «Jelaleddin soltan», «Tumarşa», «Törebeg hanym» ýaly sahna eserlerini-de döretdi. Garaşsyzlyk döwrümiziň görnükli edebiýatçysy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow bu döwrüň dramaturgiýasy barada söz açyp: «Garaşsyzlyk ýyllarynda Gowşutgeldi Daňatarow, Nobatguly Rejebow, Kakajan Aşyrow, Orazguly Annaýew, Hudaýberdi Bäşimow, Ahmet Gurbannepesow, Oraz Akmämmedow, Guldurdy Sähetdurdyýew ýaly dramaturglar dramanyň dürli görnüşlerine degişli özboluşly eserleri döretdiler» diýýär. Gowşutgeldi aga-da köp galamdaşlary ýaly, edebiýata goşgy ýazmak bilen gadam goýýar. Bir sapar özara söhbetdeşlikde halypa edebiýata gelşi barada sowal berdim. Şonda ol: «Adatça bolşy ýaly, hiç hili üýtgeşik zat ýok. Ýedinji synpda okaýarkam, döredijilik bilen meşgullanýan obadaşym Amandurdy Muhammedorazowyň «redaktirlemegi» bilen ýerli gazetler- de iki sany goşgym çykypdy. 1976-njy ýylda şol gazetde «Elhepus» atly degişmäm hem çap edildi» diýip, döredijilige gelşi baradaky gyzykly gürrüňine başlady. Ol saza baş goşup görýär. Surat çekip bilmejekdigine-de birnäçe şowsuz synanyşyklaryndan soň gözi ýetýär. Köp ýyllaryň dowamynda diňe özgeleriň ýazanlaryny okaýar. Şeýdip Gowşutgeldi aga döredijilik meýdanyna otuz ýaşynda gelýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini 1981-nji ýylda tamamlap, Mary welaýatynda işläp başlaýar. Aşgabada işe gaýdanyndan soň, tiz tanymallyga ýetýär. Kyssa eserleriniň ykbaly şowlap, derrew edebiýatşynaslaryň diline düşüp, okyjylaryň söýgüsini gazanýar. Ýöne Gowşutgeldi aga bu babatda magtanjak bolup ýörenok. «Meniň hekaýalarymy halamanam durmady- lar, kitabymam neşir etdiler» diýmek bilen çäklenäýýär. Ýazyjy G.Daňatarowyň «Çory gülküsi», «Ýelda», «Äheňňir üçin jeza», «Perişde», «Ýoluň gutarýan ýeri», «Gyz ömri-gylsyrat» ýaly başga-da birnäçe hekaýasy, «Tutluşyk», «Gara ekran», «Köken» atly powestleri okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. «Çory gülküsi» kitaby elden-ele geçip okalýar. Soňlugy bilen drama eserlerini ýazyp, teatrlar bilen döredijilik aragatnaşygyny saklaýar. Teatrlarymyzda folklor eserleri, «Gorkut ata» eposy boýunça sahna eserleri goýlup ugralýar. Döredijilik bilen meşgullanýanlar biri-birinden beýik alp-ärleri, gahrymanlary ideýärler. Dramaturgyň «Kabyl bilen Habyly» ýazmagyna hem bir gazetden okan rowaýaty sebäp bolýar. Ol tatar gazetleriniň birinden Adam atanyň gyzlarynyň biriniň adynyň Yklymadygyny okaýar. Ikinjisiniň adynyň Lubudadygyny bolsa tanymal režissýorymyz Kakajan Aşyrowdan eşidýär. Bu sýužet boýunça eser ýazmagy ýüregine düwýär. «Ýaşlyk» žurnalynda «Kysasyl enbiýanyň» çap edilmegi oňa has-da itergi berýär. Gözlegi şular bilen bagly çeşmeler bolýar. Rowaýatyň gahrymanlarynyň örän gadymy döwürlerde ýaşandygyny aňlatmak maksady bilen ak goşgy görnüşinde ýazmak isleýär. Ol iň soňunda 1993-1994-nji ýyllaryň sepgidinde ýazyp bolup, oglanlaryň maslahat bermeginde, şol döwürlerde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň repertuar kollegiýasynda işleýän Hudaýberdi Bäşimowa tabşyrýar. Berdi däde jogabyny nagt edýär: «Eseriň drama däl-de, poema ýakyn». Halypanyň jaýdar maslahaty bilen ylalaşýar. Emma ruhdan düşmeýär. Hepdä ýetirmän, täzeden işläp alnyna direýär. Oňa: «Hany, artistlere, teatr režissýorlarynada bir okadyp gör» diýdirmegi başarýar. Görnükli aktýor Muhammet Bekiýew okap görüp: «Munyň poema meňzeýär, sahna eserinde garşylyk örän ýiti, hereket köp bolmaly. Meniň bir inim bar režissýorçylygy tamamlap geldi, gözlegi şunuň ýaly närse» diýip, Goçmyradyň salgysyny berýär. Gowşutgeldi aga şeýdip, Goçmyrat Bekiýew bilen tanyşýar. Tanyşlyk dostluga ýazýar we köp ýyllar bile işleşmegine sebäp bolýar. Şeýdip ol teatr suratkeşleriniň, režissýorlarynyň, dramaturglaryň bilelikdäki ýaşaýan üýtgeşik dünýäsine jadylanýar. «Kabyl bilen Habyl» özara jedelleriň gepbaşysy bolýar. Pýesany Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda goýmak meýilleşdirilýär. Şol ýyl hem teatr festiwaly bolýar. Eseri höwes bilen sahnalaşdyrmaga girişýär. Drama- turg: «Men şonda dramanyň edebiýatyň žanry bolup, spektaklyň bolsa näme üçin sungat eseri bolýandygyna kemsiz düşündim. Sebäbi dramadaky wakalarda suratkeşem, kompozitoram, aktýorlaram özleriçe çözgüt tapansoňlar, režissýor bir ýere jemläp, täze sungat eserini döredýär». Halypa dramaturg «Kabyl bilen Habylyň» baýrak alandygyny höwes bilen ýatlaýar. Eser soň Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda-da sahnalaşdyryldy. Ol spektakl Özbegistanyň Eskimasjit teatrynda görkezildi. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda Urmantkan Meläýewanyň režissýorlygynda bu spektakl goýuldy. Teatrymyz spektakl bilen daşary ýurtlarda-da çykyş etdiler. Dramaturgyň bu eseri türkmen hem rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde-de neşir edildi. Şeýdip ilkinji pýesalar kitaby-da halka ýetirildi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesalary teatrlarymyzyň köpüsinde goýulýar. Bular teatr sahnasynda tomaşaçylara ruhy lezzet berýär. Mährijemal HYDYROWA. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbasy adyndaky Bas drama teatrynyň artisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |