19:46 "Keçpelekden" başlanan keşpler | |
«KEÇPELEKDEN» BAŞLANAN KEŞPLER
Teatr we kino sungaty
Türkmenistanyň halk artisti Näzik Gurbanowa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň uly mugallymy. Biz oňa hormat bilen «Salam, mugallym!» diýip ýüzlenýäris. Halypa mugallym sungat ýoluna gelşi dogrusynda söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Başda lukman bolasym gelýärdi. Soňra taryhçy, binagär bolmagy arzuwlap ugradym. Maşgalada dokuz çaganyň üçünjisi men. Bir gün doganym Gülnabat maňa: «Kino surata düşjekmi?» diýip, garaşmadyk soragymy berdi. Soň görüp otursam, şol wagtlar meşhur «Keçpelek» filminde surata düşürmek üçin körpeje oglan-gyzlary ideýän ekenler. Gülnabat muny eşidipdir. Heý-de çaganyň kino surata düşesi gelmejekmi?! Sähel wagtyň içinde öňki arzuwlarymdan el üzüp, artist bolmagyň arzuwynda ýaşap başladym. «Keçpelekde» surata düşen mahalym alty ýaşymdadym. Onda «Aýterek-Günterek» oýnap ýören çagalaryň arasynda oba gyzjagazynyň keşbini janlandyrdym. 1968-nji ýylda şol döwürdäki «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşüriljek «Döwranyň başdan geçirenleri» atly çeper film üçin gyzjagaz gözleýärdiler. «Keçpelekdäki» keşbimi halan režissýor bu film üçin meni synaga çagyrdy. Maňa ondaky Maýa atly gyzjagazyň keşbini ynandylar. Şol mahal men 1-nji synpda okap ýördüm. Şeýdip sungata imrindim gidiberdim. 1981-nji ýylda şol döwürdäki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň drama teatrynyň we kinonyň aktýory bölümine okuwa girdim. Talyplygymyň birinji ýylynyň ahyrynda şol döwürdäki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda Kakajan Aşyrowyň režissýorlyk etmeginde goýlan W.Şekspiriň «Nadaranyň nogtalanyşy» spektaklynyň ilkinji görkezilişinde ýarawsyzlyk sebäpli çykyş edip bilmedik aktrisanyň ýerine gysga wagtyň içinde baş gahrymanlaryň biri Býankanyň keşbini ýerine ýetirdim. Şeýdip uly sahnada ilkinji gezek çykyş etdim. Şol gezek halypamyň synagyndan geçenim ýadyma düşýär. Üçünji ýyllyk talypkam dramaturg Aşyr Mämiliýewiň «Keseki» atly pýesasy esasynda goýlan adybir spektaklda onuň baş gahrymanlarynyň biri Şekeriň keşbinde çykyş etdim. Spektakl örän şowly çykdy. Bu spektakl şol ýyl Moskwa şäherinde ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki-drama teatrynyň spektakllarynyň gözden geçirilişinde öwgüli sözlere mynasyp boldy. Okuwy tamamlap, şol döwrüň A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryna geldim. Bu ýerde A.Wolodiniň «Suwulgan» spektaklyndaky baş gahryman — Suwulganyň keşbini janlandyrdym. Spektakla Kakajan Aşyrow režissýorlyk etdi. Bu spektakl başdan-aýaga hereketleriň üsti bilen bermek türkmen sahnasyndaky ilkinji synanyşykdy. Bu keşpde söz bilen däl-de, çeýe hereketler arkaly aýdyljak bolunýan pikiri tomaşaça ýetirmelidi. Süňksüz ýaly hereketler, tanslar arkaly söýgi, agzybirlik, özara düşünişmek dogrusynda gürrüň bermelidi. Bulardan başga-da sahnada A.Platonowyň eseri esasynda goýlan «Jan» spektaklynda Durdynyň aýalynyň keşbini, «Domrulda» Domrulyň ejesiniň keşbini, «Oguzhanda» Oguzhanyň gyzy Gülaýymyň keşbini, Mustaý Karimiň «Aý tutulan gijesinde» Zümerretiň keşbini janlandyrdym. Terjime edilen kinofilmlere ses bermäge-de gatnaşdym. Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowowyň, ýüzüme öwgüli sözleri aýtmasa-da, men barada öz egindeşleriniň hem-de talyplaryň ýanynda oňat sözler aýdanlygy baradaky gürrüňler henizem ýadymdan çykanok. Talyp mahalym ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki-drama teatrynda ussatlar Sabyr Ataýewa, Sona Myradowa, Muhammet Çerkezow, Aman Baýramdurdyýew, Gülnabat Aşyrowa dagy bilen bir gapydan girip-çykmak, olar bilen bir sahnada çykyş etmek nesibesine eýe bolmagymy bijäme düşen bagt hasaplaýaryn. Maňa 2016-njy ýylda milli teatr we kino sungatymyzy ösdürmekde goşan goşandym üçin «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent at dakyldy. Häzirki wagtda halypa hökmünde baý tejribämi talyp ýaşlara öwredýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň geljekki ussatlaryny ýetişdirmekde özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmagy mukaddes borç hasaplaýaryn. Mährijemal HYDYROWA, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |