12:16 Kafkanyñ tomzaklaryna öwrülmegiñ ýolunda... | |
KAFKANYÑ TOMZAKLARYNA ÖWRÜLMEGIÑ ÝOLUNDA...
Publisistika
Ol ejizligini ýeñmek üçin örän az umydy bolan neressedir Surat: Tetsuýa Işida Kafkaizm - asly çehiýaly ýazyjy Frans Kafka (1883-1924) salgylandyrylan we çeper edebiýatyñ öz çäkleriniñ daşyna çogup pelsepäni, dünýäniñ şertlerini we onuñ getiren kynçylyklaryna faeşy ejiz şahsyñ nägileliklerini öz içine alýan adalgadyr. Kafkaizm dünýäsi güýçliniñ garşysynda güýjüñ bolmadyk we güýçliniñ gurbanyna ýetiren zyýanynyñ añşyrylmadyk bulaşyklygy ýaly garañky dünýädir. Gurbanyñ öz durmuşy boýunça hiç hili söz hukugy ýok. Ol ejizligini ýeñmek üçin örän az umydy bolan neressedir. Şol bir wagtyñ özünde rehim-şepagatsyz ýañsynyñ obýekti bolaryn ýa-da masgaralanaryn gorkusy bilen kalbyny çuññur utanç duýgusy gaplap alan, daş-töweregine keseki gorkakdyr. Hemmämiziñ içinde belli bir derejede kaflaizm bar: Durmuşymyzyñ haýsam bolsa bir sepgidinde, hereketlerimizde ýa-da gaça durup bilmedik ýagdaýlarymyzda... Kafkany içgin öwrenenler onuñ pikir-düşünje dünýäsini dürli sebäplere baglanyşdyrdylar. Uly ähtimallyk bilen bu sebäpleriñ hemmesi üýtgäp duran derejelerde Kafkanyñ we kafkaizmiñ döredilmegine goşant goşdy: Pikirlenmeýän ýa-da äwmeýän býurokratik dünýä düşünilmeýän buýr-bulaşyk prosesler, häzirkizaman eýýamyñ möwjeden güýçli saýrylaşma duýgusy, mantyksyz ýa-da irrasional awtoritarizme garşy üstün çykmasy mümkin däl göreş alyp barmak, çözüp bolmajak zady çözjek bolma tagallasynda samsyklaç zatlar bilen üznüksiz gidişmek we täze gymmatlyklardyr baglanyşyklar ýerleşmezden öñ jemgyýetde diniñ yza galmagynyñ getiren ýitgilerine gynanmak... Emma şol bir wagtyñ özünde bu sebäpleriñ içinde adamlara erbet çemeleşen we çepiksije ogluna yzygiderli ezýet çekdiren gorkunç, zalym adam bolan German Kafka faktory-da bar. Kafkanyñ jynsy isleg-meýilleriniñ güýçli bolandygyna garamazdan hiç bir aýal-gyz bulen haýsydyr bir durnukly gatnaşyk saklap bilmändigi-de hakykat. Iki gezek adaglanandygyna we köp aýal bilen gezendigine garamazdan bularyñ birindenem netije bolmandy. Ýazyjynyñ birem saglyk ýagdaýy öwerlikli däldi. Ol 41 ýaşynda inçekeselden öldi. Şol sanda onuñ düýp aslynyñ jöhit bolmagy-da bar: Birinji jahan urşundan soñ Çehoslowakiýa döwletiniñ gurulandygy jar edildi. Aýratynam Bohemiýa we Morawiýa oblastlarynda birnäçe pogrom wakasy (Russiýa imperiýasynda we beýleki ýurtlarda ýaşaýan antisemitleriñ jöhit jemgyýetine garşy rasistik hereketleri -t.b.) bolup geçipdi. Ömrüniñ soñky ýyllarynda sionist däldigine garamazdan, iwrit dilini öwrenip sionizme düşünmäge synanyşan Kafka 1920-nji ýylda bolup geçen pogromy "Düýn jöhitlere "ýigrenji millet" diýýändiklerini eşitdim. Biriniñ bular ýaly ýigrençden doly ýerden aýrylmagy tebigy dälmi?" sözleri bilen teswirleýär. Kafkanyñ ölüminden on ýyl soñ nemes faşistleri onuñ kitaplaryny gadagan etdiler we ýigrimi ýyl çemesi soñ bütin maşgalasyny Oswensimde ýok etdiler. Kafkaizmde adamlar özlerine näme bolandygyna we bolup geçýän zatlaryñ näme sebäpli bolýandygyna düşünmeýär. Kafkanyñ iñ esasy powestlerinden "Dawada" baş gahryman Iosif K. otuz ýaşyna giren gününiñ säheri tussag edilýär. Tussag edilmeginiñ sebäbini bilmeýşi ýaly, tussag edýänlerem oña muny aýtmaýar. "Öwrülme" hekaýasynyñ baş gahrymany Gregor Zamza irden oýananda tomzaga öwrülip turýar. Başga bir hekaýasy "Derñewde" gojalşan we ýarawsyz ata ogly Jorj Bendemany özüni öldürmäge synanyşmakda, dost-ýarlaryna, kakasyna we ejesiniñ ýagty ýadygärligine hyýanat etmekde aýyplaýar. Ahyrsoñunda ogluny gark edip öldürýär. Bu aýylganç wakanyñ añyrsyndaky "sebäp" barada aýdanda bolsa, oglunyñ bir gyz bilen halaşyp, şoña öýlenmekçi bolýandygyny bilmeginden başga zat ýok. Eýsem häzirkizaman adamynyñ şeýle ýumruk salgalamalara we sowallara jogabyny nädip suratlandyrdy? Ýekirilme duýgusy Kafkanyñ we onuñ çeper obrazlarynyñ içine şeýle bir siñipdir welin, hamana dünýäde ýaşap ýörendikleri ullakan problema bolup durandygy üçin ölmekden ýa-da ýok bolmakdan başga alaçlary ýok ýaly hereket edýärler. Çünki ýalñyşlyk belli bir agalygyñ, belli bir ýagdaýyñ, hatda ýekirilenleriñ öz hereketlerinden gelip çykman, diñe olaryñ ýaşap ýörenliginden gelip çykýardy. Şeýdibem adamy iýip-gemrip gutarjak ýa-da tomzaga öwürjek derejede özüni ýigrenme duýgusy arzuwlanýan we bolup biläýjek bejergi ýagdaýyna öwrülýär. "Derñewde" Jorj kakasynyñ gark edip öldürme babatdaky nädogry kararyna gowşak nägilelikleri bilen jogap berip oñýar we yzyndan golaýdaky derýa özüni zyñyp kakasynyñ görkezmesini ýerine ýetirýär. "Öwrülmede" tomzaga öwrülen Gregor Zamza otagynda eýläk-beýläk ýörände kakasy tarapyndan azar berilmeginden gorkýar. Tomzagyñ Gregordygyny inkär edip durmuşlaryny dowam etdiren maşgalasy tomzagy tussag astyna alyp, bolýan otagyny zir-zibilden doldurandan soñ ondan dynmagyñ wagtynyñ ýetendiginiñ kararyna gelýär. Maşgalanyñ niýetini bilen Gregor açlykdan ölenini gowy görýär. "Dawada" Iosif K. aslynda özüniñ ýazyklydygyny we jezalandyrylmaga mynasypdygyny pikir edýändigi üçin tussag edilmeginiñ sebäbini öwrenmek üçin ujypsyzja tagalladan başga zat etmeýär. Bigünädigini subut etme we şu maksat bilen aklawjy tutmak synanyşyklary netije bermeýär. Hiç bir zady açyk-aýdyñ düşündirmeýän, hiç hili many-mazmuny bolmadyk surnukdyryjy we samsyklaç sud prosesi saýrylaşma we haos bilen hapalanýar. Bu ýagdaý baş gahrymanyñ diñe özüne bolan ynamyny ýitirmegi bilen däl, şol bir wagtyñ özünde kellesinde we agzynda sözleriñ uçup gitmegine-de sebäp bolýar. Ahyrsoñunda iki sany erbet adam gelip, ony şäheriñ çetindäki daş köwlüp alynýan karýere äkidýär we gursagyndan pyçak sokup öldürýär. Kafka ýene bir hekaýasy "Açlyk senetkärinde" agzyny bekläp iýip-içmekden saklanmagy bilen tomaşaçylaryna täsir edýän artistiñ gürrüñini edýär. Emma bu artist tomaşaçysynyñ özünden sowaşmagyna we hapa, köne kapasa gabalyp goýulmagyna öñki üstünlikli günleriniñ hatyrasyna ötünç sorap garşylyk berýär. Şeýle-de şol wagtlar meşhurlyk gazanmagyna getiren uzak wagtlap oraza tutan günleriniñ aslynda tomaşaçynyñ gowy bahasyna mynasyp däldigini, çünki bu açlygyñ añyrsyndaky sebäp hökmünde halaýan naharyny tapmaýandygyny görkezýär. Beýleki bir ýandan bu eserlerden Frans Kafkanyñ durmuşynda ýaşap ýörendigi üçin duýýan birahatlygynyñ birnäçe alamatlaryny tapyp bolýar. Gutarmaga mynasyp däl pikirinden ugur alyp eserleriniñ birinde-de soñky nokadyny goýmandyr. Ölüminiñ öñ ýany, belki-de onuñ iñ ýakyn we ýeke-täk dosty ýazyjy Maks Broda eserlerini ýakmaklygy sargapdyr. Emma biziñ we dünýä edebiýatyñ bagtyna Brod bu wesýeti berjaý etmändir. Liwanlylaryñ, siriýalylaryñ, palestinalylaryñ we beýleki arap halklarynyñ aglaba köplügi edil häzir başlaryna inýän tragediýalaryñ ýeke-täk sebäbi hökmünde doly ölmän-ýitmän ýaşap ýörendikleri (mümkin bolsa soñlanyp ýetişmänkä ötünç sebäbi hasaplaýan ýaşaýyşlary) ýaly tomzakpisint düşünjä iterildiler. Bu örän gözdençykgynç. Bu örän gorkunç. Bu örän rehimsiz... Hazym SAGIÝE, syýasy analitik, žurnalist, ýazyjy. Penşenbe, 29.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |