23:29 Tragiki ýurtda tragiki gahryman: Gorbaçýow | |
TRAGIKI ÝURTDA TRAGIKI GAHRYMAN: GORBAÇÝOW
Publisistika
Gorbaçýow bilen Şekspiriñ gahrymanlarynyñ arasyndaky tapawut - Gorbaçýowyñ saýlap-seçme çäginiñ has dar bolmagy, çünki Russiýany reformirlemek nämümkin bolmasa-da, soñky görkezmä çenli reformirlemek mümkin däldi. Birnäçe ýyl bäri Mihail Gorbaçýowa "Kremlden çykan güni ölen, ýöne biologiki ölümi syýasy ölümüne garanda gijigen adam" diýip gynanç bildirmäge sebäp bolan zatlar bar. Soñky ýyllarda görülýän wagtynda onuñ ýarawsyzdygy bildirip durdy, göwresi juda gowuşgynsyz we ýüzi çiş ýagdaýdady. Agzyndan çykýan sözler barada aýdanda bolsa, şekillenmeginde uly hyzmaty bolan bu goja planetanyñ meselelerinden we işlerinden indi dynçdygyna bolan ynanjy artdyrýardy. Ýatlanmaga mynasyp taryhy üstünlik - "Sowuk urşy" soñlandyrmakda uly rol oýnan iñ soñky sowet lideri müñ dürli günäsi bolan tragiki gahrymandy. Eýse, Gadymy Gresiýanyñ bize ähli beýleki tanadýan gahrymanlaryna meñzeş tragiki gahryman kim? Aristototeliñ "Poetika" kitabynda aýdylyşyna görä, ol köplenç liderleriñ, hökümdarlaryñ ýa-da aristokratlaryñ arasyndan çykýar. Gowy taraplara eýe gahryman gysga wagtyñ içinde howlukmaçlyga, hötjetlige ýa-da men-menlige özüni aldyryp, hemmämiziñ goýberýän ýalñyşlyklaryndan birini (hamartia) goýberýär. Aýratynam, ýalñyşlyk ne-hä onuñ tebigatynda bar, ne-de oña sözüni ýöredip bilýär. Köplenç ýalñyşlyk ýaramaz ýagdaýda ýöredilen we öñünden hasaplanmadyk wakalar bilen gutaran, şol ýalñyşlygy heläkçilige öwren (nakylda aýdylşy ýaly, "tejribeli adamyñ ýalñyşlygy müñ esse çökder" bolýar) oñyn başlangyjyñ netijesidir. Ýagdaý şeýle bolansoñ, tragediýanyñ gahrymanlary ýagşy ýa ýaman bolup biler, emma kemçiliksiz bolup bilmez. Kemçiliksizligi - olaryñ her ýalñyşlykdan saklaýan "ajaýyp" adamlardygyny añlatmaýar, tersine olar bilen adamkärçilikli ysnyşygy döredýär, çünki biziñ hemmämiz ýalñyşýarys. Munuñ özi olaryñ şowsuz tejribelerinden we säwliklerinden sapak alynmagyny üpjün edýär. Tragiki gahrymanyñ ýalñyşlygy hakykatdanam gynançly bolýar, munuñ howply netijelerini gözegcilik etmegiñ mümkin bolmaýşy ýaly, ony yzyna saramak hem mümkin bolmaýar. Munuñ özi gahrymanyñ soñuny getirip biler, belki-de onuñ ölümine we muña goşmaça birgiden adamlaryñ ölümine sebäp bolup biler. Uilýam Şekspiriñ döreden gahrymanlary-da şeýledi: haýsydyr bir pikiriñ, arzuwyñ ýa-da dyzmaçlygyñ yzyndan kowalap şeýle bir uzaga gidýärler welin, bir telbäni eýelän telbelik ýaly bularam olary eýeleýär. Kakasynyñ gandaryndan aryny almak islän lälik şazada Makbeti dyzmaçlygy ganly gorpa gapgarýar. Prinsipial we arassa adam bolan başga bir şazada Otellonyñ bir gezeklik ýalñyşy ölümiñ birnäçe adamy holtumuna dolap almagy üçin ýeterlik bolupdy. Perwaýyzlygyñ güýji we köre-kör söýginiñ ugrunda hozanak bolmagy Romeony ölüme iterdi. Ýuliý Sezary ulumsylygy we gelen ýalñyş kararlary ýykan bolsa, Brutyñ Rime bolan söýgüsi onuñ goragçysynyñ öldürilmegine şärikdeş bolma ýagdaýyna getirdi... Bu gahryman subýektiw we islenýäne boýun bolan sepgidinde subýektiwlik ony gurşap alýar. Ony iñ köp gurşap alýanam hadysalaryñ netijesinde emele gelen ýagdaýlardyr. Eýsem, Gorbaçýowyñ biografiýasyndaky tragiki gahrymançylyk nirede? Çalt-çaltdan çalşan sowet liderleriniñ taryhynda Gorbaçýowy Stalin bilen baglanyşdyrýan hiç zat ýokdy. Özünden öñki üç lider Brežnew, Çernenko, Andropow dagynyñ howalalygynyñ tersine, ol adamkärçiligi, mähirliligi we ýokary şahsy aýratynlyklary bilen tapawutlanýardy. Ol agras ýüzli, kararly we şahslykdan daşdaky sowet liderligi terzine doly çapraz gelýärdi. Ýöne beýleki bir tarapdan, inisiatiwa alyp bilýän, mutant we ýazylanlary üýtgetmäge töwekgellik eden sowet liderine meñzeýärdi. Ýagny, durgunlyga uçran oba hojalygyny galkyndyryp biljek "täze ykdysady syýasaty" öñe sürmäge synanşan bolşewik lider Buharin bilen 1956-njy ýylda destalinizasiýanyñ başyny başlan we yzysüre 1959-njy ýyldan bäri "bilelikde parahatçylykly ýaşamak" syýasatyny ýöreden Hruşýow ýalydy. Gynansak-da, netijeler öwerlik däldi. Buharin Staline bagyşlanma sorap ýazan meşhur hatynyñ yzysüre 1938-nji ýylda ölüm jezasyna höküm edildi. 1964-nji ýylda Hruşýowam Kremlden kowuldy. Gorbaçýowyñ uly günäsi "Aç-açanlyk" we "Üýtgedip gurmak" syýasatlary-da, sowet urşuny turuzma ýa-da başgalary uruşmaga itermek tradisiýasynyñ tersine "Sowuk urşy" soñlandyrmagy-da däldi. "Günbatar aldawajy" barada aýdanda bolsa, "Günbataryñ" hernäçe jomart we hyzmatdaş bolup biljekdigi mälimem bolsa, komplimasiýaçy pikirlerde öwrenilşi ýaly, bilgeşleýin ýel berilýär. Gorbaçýowyñ ýalñyşlygy Russiýa hem-de sosializm üçin ikitaraplaýyn reformalary geçirmegiñ mümkindigine tüýs ýürekden ynanmagydy. Hut şonuñ üçinem 1991-nji ýylda liberal tarapdarlaryny kowdy, Litwadaky tolgunşyklary basyp ýatyrdy we taryhy yza tesişden jogapkär hasaplanan býurokratiýa garşy "hakyky leninizm" taglymyny täzeden janlandyrdy. Aýratynam öñki çehoslowak lideri Aleksandr Dubçegiñ edişi ýaly "adam ýüzli sosializm" babatda jedele girdi. Emma uzak wagtlyk sarizm döwründen soñ kommunizmiñ ýetmiş ýylynda kök uran özboluşly we düýpli çaýkanma öwrülşigi partlaýjy we perwaýsyzlaşdyrmaga, Boris Ýelsin ýaly adamlar tarapyndan simwolizirlenmäge mejbur etdi. Gorbaçýowyñ munuñ hötdesinden gelmegi mümkin däldi. Totalitarizmiñ zamany demir kapasany döwüp bölünmek üçin howlukdyran birtaraply zamana öwren wagtynda oñşuk ve deñagramlylyk gözleginiñ hyýanatyna uçrady. Emma giñden ýaýran korrupsiýa, döwlet emlägini iýmek we bular bilen birlikde basyş, reformalaryñ esaslanýan jemgyýetçilik binýadynyñ gowşaklygy kommunizme alternatiwa hökmünde kapitalistik hukuk döwletiniñ öñüni bentledi. Kapitalistik hukuk döwletine aç-açan duşmançylyk kommunizme garşy sessiz duşmançylygy gizleýän ýalydy. Şeýlelikde, ýalñyşlygyñ bekemegi we güýçlenmegi her dogrynyñ ýalñyş ýaly bolup görünmegini üpjün etdi. Ahyrynda gymmatlan nebit-gaz bahalary bilen bile Wladimir Putin geldi we ol "Sowuk urşy" has gyzgyn görnüşde dolap getirdi. Putin çözgüt-çykalgasyny tapmak kyn ýurda nasionalist we populist çözgüt tapmagy wada berdi. "Sowuk urşy" soñlandyran Gorbaçýow bolsa, 2014-nji ýylda Russiýanyñ Krymy anneksirlemegini oñlanlaryñ, uruş arkaly azatlyga bil baglaýanlaryñ hataryna geçdi. Reformator nesilleri ony inkär edenden, kommunist ofiserler onuñ garşysyna çykandan, nasionalistler oña ýigrenç bildirenden, ony ýurduna hyýanat eden şeýtan hökmünde sypatlandyranlar orta çykandan soñ olam şeýdip öz-özüni ret etdi oturyberdi. Emma Gorbaçýow bilen Şekspiriñ gahrymanlarynyñ arasyndaky tapawut - Gorbaçýowyñ saýlap-seçme çäginiñ has dar bolmagy, çünki Russiýany reformirlemek nämümkin bolmasa-da, soñky görkezmä çenli reformirlemek mümkin däldi. Hazym SAGIÝE, syýasy analitik, žurnalist. 05.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |