20:46 Eýran: Durmuş ölümiñ ussat gizleýjisi | |
EÝRAN: DURMUŞ ÖLÜMIÑ USSAT GIZLEÝJISI
Publisistika
Eýran we oña gulluk edýänler uly labirinte tarap barýarlar, Günbatar modeliniñ konflikti oña anyklyk we ugur gazandyrmaga ýeterlik bolmaýar Çaga ulalyp mekdebe gidip başlanda doglandaky ýaly gowy enekä däl-de, gowy mugallyma mätäçlik duýýar. Artur Şopengauer Ýewropanyñ hristianlygy we oña bolan mätäçligini aşandygyny aýtmak üçin şu añlatmany ulanypdyr. Ýagdaý şeýle: eýran režimi we hemme zada garamazdan ýoluny dowam etdirjek bolýan şoña meñzeş režimleriñ problemasy - çagany 45 ýaşyna ýetendigine garamazdan, onuñ başyna şindizem bir enekäniñ dikilip goýlanlygydyr. Ibrahim Reisiniñ, Hüseýin Emir Abdullahiýanyñ we onuñ egindeşleriniñ gurban bolmagyna getiren soñky hadysanyñ üstünde biraz oýlananymyzda, çaga enekäniñ seretmegine rugsat bermegiñ netijeleri görnetin orta çykýar. Ady agzalan ýolbaşçylaryñ ölüm habarynyñ ýaşaýşyñ we dowam edip duran durmuşyñ alamatlarydygyna ynanmagyzy isleýän başga-da birnäçe ölümiñ bildirişini gizleýändigini aýdanymyzda, öte geçmesek gerek. Bildirişi sessizlik we gizlinlik bilen örtülen ikinji ölüm režimiñ syýasy frontyna we yzyndan bu fronty emele getirýän eýran saýlawlar prinsipine çenli deñiç uzaýar. Çünki prezident we daşary işler ministri bolsun ýa-da bolmasyn, tapawudy ýok, işler öz akymyna dowam edip dur we munuñ sebäbi-de hakyky häkimiýetiñ bilnişi ýaly Dini lidee Ali Hamaneýiñ we Rewolýusion Gwardiýanyñ harbylarynyñ elinde bolmagy. Tähranyñ syýasatyndaky bolup biläýjek üýtgeşmelere degişli orta atylan analizleriñ köpüsini gury gep-gybatlaryñ topbagyna öwürýänem şudur. Has az sözli synçylar barada aýdanda, düýp mesele bolan Dini lideriñ oruntutary meselesiniñ üstünde durdular, çünki işiñ özeni jemlenýär. Ikinji ölüm bildirişi otnositel taýdan ösen harby tehnologiýanyñ nebsagyryjylykly ýagdaýyny gizlemegi göz öñüne tutulan raýat-ylmy usullary öz içine alýar. Eýran öz ylmyna "goranyş" ylmy diýip biler we şeýtmek bilen elmydamkysy ýaly ýoklugyny sözli görnüşde aşyp biler hem-de bu ýoklugy ärdemlige öwrüp biler. Emma görnüp duran hakykat şu: ýurt goranyşda bolsun ýa-da bolmasyn - könelşene we çöküp barýana meñzeýär, edil Leonid Brežnewiñ soñky ýyllarynda Çernobyl heläkçiliginiñ ylmy-tehniki yzagalaklygynyñ möçberlerini aýan etmezinden öñ Sowet Soýuzynyñ görünişi ýaly. Mihail Gorbaçýowyñ ýolbaşçylygynda bolsa, gazyk urjak bolma agdarlyşygynyñ tutuş sistemany agdarmaga ýetjekdigi aýan bolmaga başlapdy. Üçünji ölüm bildirişi halkyñ edinip biljek maglumatlary bilen baglanyşyklydy. Gümürtikligi we şübheleri aradan aýryp biljek maglumatlary edinmek, bu ýapyk ýurtda ýassygyñ aşagyndan çyra gözlemek bilen deñ. Resmi habarlarda aýdylan zatlara çapraz gelýän maglumatlaryñ "syzdyrylmagyna" ýa-da häkimiýetiñ kesgitlän wagtyndan öñ syzdyrylmagyna gutulgysyz ýagdaýda komplimasiýa hökmünde baha berilýär. Bular ýaly çemeleşmeler sosial mediýanyñ we maglumat elýeterliliginiñ giñden ýaýran döwründe özüne galmagally kwalifikasiýa gazandyrýar. Ýekehe hadysanyñ görkezen şular ýaly ölüm habarlary tanyş we köp gabat gelýän birnäçe ölüme goşulyp gidýäe. Bu ölümleriñ käbirleri erbetleşen ykdysady ýagdaý bilen baglanyşykly, käbirleri-de Mahsa Amininiñ we ondan öñ Nida Agasoltanyñ keç ykballaryna şaýatlyk eden zenanlaryñ şertlerine deñiç uzaýar. Muña goşmaça, gürrüñi gidýan bildirişler ilatyñ sanyna garanda dünýädäki iñ köp ölüm jezasynyñ berilýän ýurdy bolmagy bilen birlikde, Tähranyñ daşarda oýnaýan rollarynyñ diñe dartgynlylyk şertlerinde şineleýändigi, sebitdäki her parahatçylykly öwrülişik bilen birlikde yza tesýändigi baradaky çuññur duýgusyny-da öz içine alýar. Iñ ýokarda oturan Dini lideriñ dyzyndan aşakda otyean sözde syýasy we harby ýolbaşçylar kartinasy dünýäde görlüp-eşdilmedik mysalsyz kartina bolmagyny dowam etdirýär. Munuñ özi Eýranyñ ölüdigini añlatmaýar, çünki ol diýseñ janly, çus, ýadro taslamasyna hemaýatkär, sebitleýin we halkara arenalarda hasaba alynýan aktýor bolup biler. Ýeke gezek düwmä basyp birgiden gahar-gazaply märekäni köçäde-de çykaryp bilýär. Bu märeke düwülgi ýumruklar we ýeke golly şygar bilen saga-sola "ölüm" paýradyp bilýär. Şeýle-de dört arap paýtagtynda özüne düýpli täsir orunlaryny edinip, Siriýanyñ ýerleriniñ we häkimiýetiniñ agramly böleginiñ basylyp alynmagynda beter öte geçip biler. Şonuñ üçinem onuñ modeli durmuş bilen ölümi üstünlikli formada gizleme we has soñra bu gizlemäni uzak ýa-da az wagtlaýyn dowam etdirme babatynda rowaçlanan modeldir. Belli bir wagtyñ dowamynda birnäçeleri şu modele eýerýär. Kinsi belli bir derejede erkinleşmek isleýändigini aýdýar. Kinsi belli bir derejede erkinlemegi isleýär, kimsi ata-babalarymyzyñ şular ýaly ýaşandygy hakda düýpli şübheleriñ bardygyna garamazdan ata-babalarynyñ ýaşaýşy ýaly ýaşamak niýetiniñ bardygyny beýan edýär. Günbatar we onuñ modeli iñ kyn döwürlerinu başdan geçirip, olara degişli şübheleriñ artýan mahaly eýran modeliniñ ýörgünlidigini we amatlydygyny öñe sürýän pikirlerem artýar. Afrika ýurtlarynyñ Günbatary ýerlerindäki iñ soñky obýektlerindenem söküp zyñýan mahalynda, amerikan ýokary okuw jaýlaryndan bütindünýä halklarynyñ dem almagyny kynlaşdyrýandygy aýdylýan kolonializme garşy herekete geçmäge çagyrýan sesler eşidilýär. 1979-njy ýylyñ eýran rewolýusiýasynyñ imperializmi we renessansy bilen bitewilikde Günbatar modeline birkemsiz jogap bolandygyny we häzirem şeýle bolmagynda galýandygyny bilýäris. Bulam gürrüñi edilýän Günbataryñ her ýitgisiniñ eýran rewolýusiýasy modeli üçin kesgitli utuşdygyny görkezýär. Emma Eýran we oña gulluk edýänler uly labirinte tarap barýarlar, Günbatar modeliniñ konflikti oña anyklyk we ugur gazandyrmaga ýeterlik bolmaýar. Emeli durmuşyñ örtüginiñ astyna gömlen ölümleriñ köplügi şu labirinte yşarat edýär. Ýagdaý durşuna alanda şular ýaly, çünki öñe tutulýan güýç hernäçe uzak dowam etse-de, wagtlaýyn we kadadan daşarydyr. Eýranlylar eneke tarapyndan esewan edilýän we asla mekdebe gitmeýän çagalar ýaly bolup galmaga mejbur edilýärler. Hazym SAGIÝE, Syýasy analitik, žurnalist. Çarşenbe, 29.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |