19:06 Ilkinji günä hökmünde kolonializm barada | |
ILKINJI GÜNÄ HÖKMÜNDE KOLONIALIZM BARADA
Publisistika
"Kolonializmiñ soñlandyrylmagy" Palestinadan başga ýerde kolonializmiñ soñlanandygy üçin amala aşmajak şygardyr. Surat Edward Saidiñ "Gündogarşynaslyk" kitabynyñ sahabyndan alyndy Ýerleşiji kolonializm bilen bir hatarda kolonializm Palestina we palestinalylar üçin görnetin wagşyýanalyk bilen geçginli bolsa-da, kolonializmiñ soñlandyrylmagy ýa-da giñden ýaýran anglo-sakson sözi bilen aýdylanda "dekolonizasiýanyñ" külli adamzat üçin geçginlidigini añlatmaýar. Aslyna seredilende, şeýle çaklama palestinalylaryñ "taryhdaky iñ soñky kolonializmiñ azaryny çekýändigi" baradaky giñden ýaýran pikire çapraz gelýär. Emma häzir kolonializmiñ soñlandyrylmagynyñ umumylaşdyrylmagy umumy pikir hökmünde, has dogrusy dünýäniñ nämä meñzeýändiginiñ fotosuraty hökmünde hödürlenýär. Kolonializmiñ soñlandyrylmagy barada kitaplar çap edilýär, makalalar ýazylýar, konferensiýalar geçirilýär, köpçülikleýin çykyşlarda munuñ bilen baglanyşykly şygarlar öñe sürülýär we muny öwretmek üçin uly ýokary okuw jaýlarynyñ bilim programmalary üýtgedilýär. Ýagdaý şeýle bolsa, dünýäniñ kolonializmi kowmak üçin ýene bir gezek garaşsyzlyk hereketine girişmegi gerekmi? Şeýle diýýän "post-kolonialistler" bar: Ak däl dünýäniñ ejir çekýän zady bu gezek medeniýet ýoly bilen kolonializmdir. Çünki aslynda diñe syýasy garaşsyzlyga ýetilipdi, emma indi etmeli zat - kolonializmiñ taryhda edenleri we häzirem edýänleri bilen ýüzleşmekdir. Kolonializm özümizi we dünýäni olaryñ üsti bilen gören şertlerimizi bize impozirleýşi we dakyşy ýaly milli aýratynlyklarymyzy-da özeninden aýyrdy we bizi olardan daşlaşdyrdy. Bilim ulgamlary, medeniýet industriýasy, mediýa serişdeleri arkaly başga nukdaýnazarda özüne garşy göreşilmeli kolonial nukdaýnazar kemala getirildi. Häli-häzirlerem bu gatlagyñ ylmy işleriniñ agramly bölegi özbaşyna kolonial täsiriñ möhüm guralydygy çaklanýan iñlis dilinde ýazylýar we çap edilýär! Eger gerek bolanda, amerikan ýokary okuw jaýlarynda işlän hindi alymy Gaýatri Çakraworti Spiwakyñ sözi bilen aýdanda, "garaşly adamyñ gepläp bilmegini" ýola goýmagyñ deregne, onuñ diñe iñlis dilinde, kämahalam fransuz dilinde gepleýändigini eşidýäris. Muña goşmaça onuñ aýdýanlaryny-da ak adamyñ guran ýokary okuw jaýlary we neşirýatlary tarapyndan çap edilýär. Medeni kolonializmi soñlandyrma hereketleriniñ öñdebaryhy wekili bolan, Gündogar Afrikanyñ meşhur ýazyjysy keniýaly Ngugi Wa Thiongonyñ awtobigrafiýasyndan bu boýunça käbir sapaklary alsa bolar. Ol okadýan Nairobi uniwersitetinde iñlis edebiýatynyñ okadylmagynyñ gadagan edilmegi we munuñ deregne afrika dilleriniñ okadylmagy üçin köpçülikleýin kampaniýanyñ başyny başlady. Şeýle-de, ýewropa teatrynyñ täsirlerinden garaşsyz afrika teatryny kemala getirmek üçin kän işleri etdi. Emma 1999-njy ýylda keniýaly ygtyýarlylar Wa Thiongony tussag etdi we suda çykarylmanka bir ýyl töweregi wagt tussag astynda ýatdy. Şeýle-de, günüñ dowamynda bir sagatdan köp açyk howa çykmagyna rugsat berilmedi. Emma ol tussag astynda ýatyrka-da, ýurdunyñ ygtyýarlylaryna bolan nägileligini aýtdy we iñlis dilinde ýazmazlygy, munuñ ýerine ýerli kikuýýu dilinde roman ýazmagy makul bilip, iñlis "medeni kolonializmine" garşy oppozision işini güýçlendirdi. Hakyky ady bolan Jeýms Ngugi adyny çalşyrdy. 2002-nji ýylda okatmakdan mahrum edilenden we maşgalasyna basyş edilenden soñ sürgün edilen Keniýasyna gaýdyp geldi. Iki ýyldan soñ özüne we aýalyna hüjüm edildi, öýi talandy. Şeýle-de bolsa, ahyrynda Kaliforniýa uniwersitetiniñ deñeşdirmeli edebiýat ugry boýunça professory boldy. Häzir onuñ ýerli ene dilinde ýazan eserleri öwrenilýär, iñlis diline terjime edilýär, soñra saýlama neşirýatlarda çap edilýär, kitaplary amerikan gazet-žurnallarynda öwülýär. Ýogsa-da, häzir eşidýän galmagalymyzyñ meñzeşini mundan öñ eşitmänmidik? Aslynda eşidipdik. Altmyşynjy ýyllaryñ başynda Gana döwletiniñ şol wagtky prezidenti Kwame Nkruma "täze-kolonializm" sözüni orta atdy we 1965-nji ýylda "Täze kolonializm - Imperializmiñ soñky stadiýasy" atly meşhur kitabyny çap etdirdi. Leniniñ pikiriçe imperializm "kapitalizmiñ iñ soñky stadiýasy" bolsa, Nkruma üçinem täze-kolonializm imperializmiñ iñ soñky stadiýasydy. Şu teoriýa goldanyp, hakykatda kolonializm bazarlary, sosial artykmaçlyklary, eksporty we ösüş maksatnamalaryna gözegçilik edil ömrüni dowam etdiren bolsa, "döwlet baýdagy we BMG-de bir oturgyç bilen" çäklenip galandygy aýdylýan syýasy garaşsyzlyga ýöñkelýän aýyplamalar ýaýrady. Başgaça aýdylanda syýasy garaşsyzlyklaryñ medenuýetiñ adyndan ölendigi mälim edimmezden öñ ykdysady taýdan ölendikleri mälim edilipdi. Iki ölüm bildirişinde-de garaşsyzlyga hiçem ýetilmändigi, kolonializmiñ geçmişde bolup geçen we hatda şumadam dowam edýän zat däldigini, gaýtam tersine durmuşymyzyñ özeninde orun alan soñsuz akymdygy aýdyldy. Ykdysadyýetden we medeniýetden soñ üçünji göreşiñ bedeniñi kämilleşdirmek ýa-da belki-de, çaga ýetişdirmek ulgamynda amala aşjagyny kim aýdyp biljek? Uly ähtimallyk bilen kolonializmiñ şeýle görnüşde ulanylmagy Apostol Paweliñ orta atan we Keramatly Awgustin tarapyndan kämilleşdirilen hristian hekaýatyndaky ilkinji günä meñzeýär. Adam atanyñ özüni aldamagy netijesinde edilen günä zerarly adamzat jennetden çykarylyp Ýer ýüzüne düşýär we häzire çenli munuñ kösenjini, azabyny çekip geldi. Bolan zady yzyna dolap bolmaýandygy we şonuñ üçin günälerini ýuwmak isleýänlere beýle mümkinçilik berilmeýändigi üçin adamlar müdimilik kösenip gezmeli bolarlar. Biziñ günlerimizde-de halklaryñ azatlygy we garaşsyzlygy ugrundaky hereketleriñ netijesi şowsuz hem-de gynandyryjy gutardygysaýy, kolonializme hasam köp ölümsizligi we durnuklylygy gazandyrmak hökmanylyga öwrülýär. Kolonializme garşy göreşmek ýeke tarapyñ ýeke kesgitlemesine öwrülip, manysyny kolonializme garşy göreşden alýan taralyñ ýaşaýşyny kanunylaşdyryp bilmek üçin öli kolonializni diri saklamak gerek. Şu boýunça geçmişde kolonializme bakna bolan ýurtda näçd az üstünlik gazanylsa, şol ýurtdan batlanýan kolonializme garşy sesleriñ şonça batly çykjakdygyny, näçe üstünlikli bolunsa-da kolonializme garşydaşlygyñ şonça az boljakdygyny biljek grafigimize ýüzlenip bileris. Aýratynam, "kolonializmiñ soñlandyrylmagy" Palestinadan başga ýerde kolonializmiñ soñlanandygy üçin amala aşmajak şygardyr. Galyberse-de, kolonializm edil häzir dowam edip duranam bolsa soñlandyrylmaly däl, çünki kolonializmiñ soñlandyrylmagyny talap edýänler üçin onuñ barlygy özleriniñ barlygynyñ sebäpkäridir. Şonuñ üçinem kolonializmi soñlandyrmak entek-entek amala aşmajak hyýaldyr. Hakykatdanam, kolonializmi soñlandyrandyklaryny aýtsalar ýa-da soñlandyrsalar, siziñ pikiriñizçe näme ederler öýdýärsiniz? Hazym SAGIÝE, syýasy analitik, žurnalist, ýazyjy. Penşenbe 09.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |