04:19 Kämillik we mertebe eýesi | |
KÄMILLIK WE MERTEBE EÝESI
Edebi makalalar
Bereketli türkmen topragy adamzat jemgyýetine beýik danalary, ylym eýelerini beren toprak. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň ýurdumyz Gündogaryň syýasy-jemgyýetçilik, edebi-ylmy pikirine uly täsir eden, ylymda, edebiýatda we beýleki ugurlarda mekdepleri we ýol-ýörelgeleri döreden, pelsepeçi, ylahyýetçi, dilçi, edebiýatçy, taryhçy alymlaryň, tanymal sungat alymlarynyň nesliniň kemala gelen mekanydyr. Pelsepe, saz, edebiýat, dil, matematika, himiýa, astronomiýa, geologiýa, lukmançylyk ylymlarynyň çuňlaşmagyna, baýlaşmagyna, edebi mekdepleriň, pelsepewi ýörelgeleriň döremegine olaryň hyzmaty juda uludyr» diýip nygtap geçýär. Türkmen halky geçmişde ençeme döwletleri döredip, dünýä taryhynda uly yz galdyrypdyr. Şol döwletler kämil dolandyryş ulgamyny döretmek arkaly ýokary derejelere ýetip, adamzat taryhynda mynasyp orun eýeläpdirler. Döwletiň kämil dolandyrylmagy, ilki bilen, hökümdarlaryň ýanyndaky adamlara bagly bolupdyr. Taryhyň dürli döwürlerinde wezirler hökümdarlaryň ýakyn geňeşçileri hökmünde döwleti edara etmekde aýratyn orny eýeläpdirler. Wezirler taryhy çeşmelerde «pitiahş», «wazir», «sadrazam» ýaly dürlüçe atlandyrylypdyr. Taryha ser salanymyzda akylly-paýhasly wezir hökmünde häsiýetlendirilen şahsyýetleriň birnäçesine duş gelýäris. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň baş weziri Erkil Hoja, Sasanylar döwletinde Anuşirwan Adylyň weziri Buzurgmähr, Göktürkmenler döwletinde Bilge hanyň weziri Tonýukuk, Gaznaly türkmen döwletinde Soltan Mahmyt Gaznalynyň weziri Meýmendi, Seljuk türkmen döwletinde Alp Arslanyň we Mälik şanyň weziri Nyzamylmülk, Köneürgenç Türkmen döwletinde Gyzyl Arslan Atsyzyň weziri Reşideddin Watwat, Teýmiriler döwletinde Soltan Hüseýiniň weziri Alyşir Nowaýy, Beýik Mogollar döwletinde Humaýunyň we Ekberiň weziri Baýram han Türkmen we başga-da ençeme wezirler aýdanlarymyza mysal bolup biler. Merw irki orta asyrlarda medeniýetiň ojagy hökmünde aýratyn sarpalanypdyr. Merwden bolan birnäçe alymlar sasany şasynyň köşgünde işläpdirler. Bu barada gadymy Merwiň taryhyny öwreniji W.A.Žukowskiý: «Merwden beýik we meşhur adamlar çykypdyr. Anuşirwan Adylyň köşgünde Buzurgmähr, lukmantebip Barzuýa, sazanda Barbut Merwezi işläpdir» diýip maglumat berýär. Taryhy çeşmelerde Anuşirwan Adyl ady bilen tanalýan şahsyýet Sasanylar döwletini miladynyň 531 — 578-nji ýyllarynda dolandyran Hysrow şadyr. Adyllygy bilen şöhrat gazanan Anuşirwan Adylyň döwründe döwlet gülläp ösüpdir. Hysrow şa ähli işlerinde baş weziri Buzurgmähr bilen maslahatlaşypdyr, oňa ýurt möçberindäki döwlet işlerini amala aşyrmaklyga ygtyýar beripdir, goňşy ýurtlaryň ilçilerini kabul etmekligi ynanypdyr, bilimine, adamkärçiligine uly sarpa goýupdyr. Bu şahsyýet özüniň pähim-paýhasy bilen hökümdara «adyl» lakamynyň dakylmagyna sebäp bolupdyr. Şonuň üçin-de onuň edebi mirasy öwrenilmäge mynasypdyr. Mahmyt Zamahşarynyň ylmy mirasy Buzurgmähriň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmedir. Beýik türkmen akyldary «Fahrul Horezm» (Horezmiň guwanjy) adyny alan Mahmyt Zamahşary 1075 — 1144-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Onuň doly ady Abulkasym Jarullah Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet ibn Omar ibn Ahmet Zamahşary Horezmidir. Horezmiň Zamahşar (Yzmykşir) obasynda doglandygy üçin beýik alyma Zamahşary nesbesi (doglan ýeri bilen bagly berilýän lakam) berlipdir. Zamahşarynyň ylym durmuşynda Bagdatdaky meşhur Nyzamyýe medresesi we bu ýerdäki alymlar möhüm orny eýeläpdir. Beýik alym Allatagala ýönelip, oňa goňşy bolmak üçin Mekgä gidipdir. Ol Mekgede ýaşan döwri meşhur tefsiri «Keşşafy» ýazmaga başlapdyr. Ol Käbäniň goňşuçylygynda ýaşandygy üçin, «Jarulla» (Allanyň goňşusy) lakamyny alypdyr. Mekgede üç ýyl ýaşan Zamahşary ýene-de Watanyny küýsäp, Horezme gaýdypdyr. Ömrüniň ahyryna çenli bu ýerde ýaşapdyr. Zamahşary ylmyň dürli ugurlary boýunça 60-dan gowrak eser ýazypdyr. Ol eserleriň köpüsi biziň döwrümize gelip ýetipdir. Mahmyt Zamahşarynyň meşhur eserleriniň biri «Ýagşyzadalaryň bahary» kitabydyr. Bu eser ýygyndylar toplumyndan ýygnalan we halkyň arasyndan toplanan pähim-paýhaslardan, dana sözlerden ybaratdyr. «Ýagşyzadalaryň baharynda» pygamberlerimiziň, beýik akyldarlaryň, pähimli alymlaryň öwüt-nesihatlary, olaryň durmuşlaryny, garaýyşlaryny öz içine alýan rowaýatlar, tymsallar arkaly watanperwerlik, ynsanperwerlik, jomartlyk, pespällik, mertlik, sadalyk ýaly çuň taglymlar ündelipdir. «Ýagşyzadalaryň bahary» eserinde dana wezir Buzurgmähriň ajaýyp maslahatlary, täsin pikirleri barada tymsallar getirilipdir. Mahmyt Zamahşary hem Buzurgmähriň durmuş, adamkärçilik, ynsanperwerlik bilen baglanyşykly maslahatlaryna aýratyn ähmiýet beripdir. «Buzurgmährden köşk adamlary: — Ynsanlaryň iň kämili kim? — diýip soranlarynda: — Duýgusyny erbet iş üçin ulanmadyk we özüniň akylynyň güýçlüdiginden bihabar bolan adam — diýip jogap beripdir». Hiç kim kämil bolup dünýä inmeýär. Adam her gün öz şahsyýetini kämilleşdirip, basgançakdan basgançaga galyp, kämillik we mertebe belentligine ýetýär. Bilim — kämilligiň açary, wyždan halallygyň ölçegidir. Kämillik adamyň keşbinde, gylygynda ýalkym saçýar. Maddy zatlaryň agramy altynyň bahasyny, ahlak zatlaryň agramy şahsyýetiň bahasyny görkezýär. Ol zehini bezäp, hormat-sylagly edýär. Kämillik ähli manysynda adama mahsusdyr. Ol nähili kämil bolsa, şol hilem şahsyýet bolýandyr. «Buzurgmährden sorapdyrlar: — Sen eýesiniň bahylçylyk etmeýän haýsydyr bir nygmatyny bilýärsiňmi? Ol: — Hawa, pespällik — diýipdir. Onda olar: — Sen öz eýesine rehim etmeýän belany bilýärsiňmi? — diýipdirler. Ol: — Hawa, özüňe göwnüň ýetmek — diýipdir». Dogrudan-da, her bir adamy beýgeldýän närse pesgöwünlilikdir. Ynsan seýrek däl, ynsanlyk seýrekdir. Öz-özüňden göwni hoş bolmak nadanlygyň netijesidir. Ol janyňa hoş ýakýan ýaly görünse-de, adyňa we şöhratyňa hiç hili peýda getirmeýär. Ätiýajy elden bermän ýaşamak hemişe peýdalydyr. «Anuşirwan Adyl Buzurgmährden: — Nähili häsiýetler bilen ýeňiş gazanyp bolar — diýip soranda, ol: — Sabyrly bolmak hem ätiýaçlylygy elden bermän syr saklamak bilen ýeňiş gazanyp bolar — diýipdir». Ähli işler sabyr bilen düzeler. Paýhasdan ugur alyp, haýaljak ýöreýärkäň, içiňdäki etsem-petsemleriň bişişýändir. Göwni açyk adam açyk kitaba meňzeşdir. Çuňlukda çuň syrlar saklanýar, ähli gymmatly zatlar şolara çökýär. Buzurgmähr ogluna: «Oglum, adamlaryň arasynda aýyply bolmajak bol. Eger aýyply iş etseň, boýun alyp, ötünç soramaga utanma» diýip, hemişe wesýet edipdir. Ol pentdir nesihatlaryň ynsanlarda ýagşy gylyklary, ynsanperwerligi terbiýelemekde hyzmaty örän uludyr. Mahmyt Zamahşary «Ýagşyzadalaryň bahary» eseriniň birinji jildinde Buzurgmähriň toprak-ýer, saglyk baradaky parasatly sözlerini ýatlap geçipdir. «Buzurgmährden: — Otlar näme üçin ýerde ösüp otyrkalar göm-gök, soň bolsa guraýarlar? — diýip sorapdyrlar. Ol: — Sebäbi ýer enekedir, eneke bolsa wagtlaýyndyr — diýip, takyk jogap beripdir. «Zähmet — baýlygyň atasy, ýer bolsa onuň enesi» hasaplanýar. Toprak ähli janly-jandarlaryň ýaşaýyş çeşmeleriniň biridir». Buzurgmähr bakja ekini bolan garpyzyň adam saglygy üçin peýdasynyň 10 häsiýetini aýdyp geçipdir. Ol şeýle diýipdir: «Garpyz reýhandyr, jansaglykdyr, miwedir, kanagatdyr, taýýar iýmitdir, peşewhalta üçin dermandyr, ajan we yslanan zatlary tämizleýändir, hammamda erbet yslary aýyrýan zatdyr, suw guýar ýaly küýzedir, agyr nahary siňdirijidir». Buzurgmähr sada, ylymly-bilimli, adamkärçilikli, adalatly wezir bolanlygy üçin öz zamandaşlary we özünden soňky döwrüň hökümdarlary, wezirleri we beýleki şahsyýetleri üçin görelde mekdebi bolupdyr. Parasatly Prezidentimiziň ylma, milli miraslarymyzy töwerekleýin öwrenmeklige gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri köpöwüşginli gymmatlyklarymyzy halkymyza ýetirmäge hem-de şolaryň esasynda ýaş nesillerimizi terbiýelemäge giň ýol açdy. Munuň üçin bütin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyşlary çäksizdir. Mähri HALMUHA.MEDOWA, H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |