21:29 Karri söweşinde gazanylan ýeñşiñ täsin syrlary | |
Parfiýanyň harby sungaty (ýa-da parfiýalylaryň Karry (Harran) söweşinde gazanan ýeňşiniň täsin syrlary)
Taryhy makalalar
Taryhdan mälim bolşy ýaly türkmen milletimiz geçmişde ägirt uly döwletleri guran we ony dünýä derejesinde şan-şöhrata ýetiren halkdyr. Ol döwletleriň gahrymançylykly ýoluny taryhyň gatlaryna ebedilik galdyrypdyrlar. Türkmenleriň guran şeýle ägirt döwletleriniň biri, at-owazasy dünýä ýaýran şöhratly Parfiýa döwletidir. Taryhy döwürde tas 500 ýyla golaý wagt dowam eden Parfiýa döwleti gadymy eýýamyň kuwwatly imperiýalary bolan gündogarda Hytaýyň Han imperiýasy, günbatarda Rim imperiýasy bilen ykdysady, harby we medeni ugurlardan bäsleşip bilen döwletdir. Has takygy şol döwürde dünýä hökümini ýöreden 3 döwletiň biri bolupdyr. Gysga döwrüň içinde kän bir göze ilmeýän ýurtlygyndan dünýäniň güýçli imperiýalary bilen ähli babatda bäsleşip biljek kuwwatly imperiýa öwrülipdir. Bu bolsa gadymy türkmen taýpasynyň harby, ykdysady taýdan başarjaň bolandygyny görkezýär. Parfiýa döwleti ägirt uly harby strategiki kuwwata eýe bolupdyr. Munuň şeýledigine b.e.öňki 53-nji ýylda Parfiýa döwleti bilen günbatarda Rim imperiýasynyň arasynda bolan Karry (Harran) söweşinde parfiýa goşunynyň gazanan taryhy ýeňşi hem güwä geçýär. Eýsemde bolsa, parfiýalylaryň ýeňşiniň we goşunyň harby kuwwatynyň syry nämedekä?! Harby serkerdeleriň paýhasly bolmagyndamy, ýa-da parfiýa esgerleriniň gaýduwsyzlygyndamyka?! Onuň syrlarynyň nämededigini bolsa taryhy çeşmelerden alnan birnäçe maglumatlara ýüzlenýäris. Elbetde, Parfiýa döwletinde hem atly goşuna uly üns berlipdir. Parfiýalylaryň atly goşuny hakynda şol döwür bu kuwwatly döwlete syýahat eden grek, rim we hytaý syýahatçylary uly baha beripdirler. Ol syýahatçylar parfiýa atlaryna “Uçýan atlar” ýa-da “Altyn çaýylan behişdi bedewler” diýipdirler. Taryhy maglumatlarda parfiýalylaryň atly goşunlary barada köp ýazylypdyr. Patyşa Mitridat II atly goşuna juda uly üns beripdir. Onuň döwründe atly goşunlar iki topara ýagny, ýeňil ýaraglanan atlylara (sagdakçylar we ýaýçylar) we agyr ýaraglanan atlylara bölünipdirler. Agyr ýaraglanan atly goşuna saýlama we harby sungat tilsimlerinden kämil baş alyp çykýan ussat adamlar alnypdyr. Agyr ýaraglanan atly goşun iri birikmelere birikdirilipdir. Olara “Ýara düşmezler” diýilýän eken. Söweş wagtynda olaryň jogapkärçiligi diýseň uly bolupdyr. Goşunyň söweşjeň baýdagy hem atly goşunyň elinde bolupdyr. Parfiýanyň agyr ýaraglanan atly goşunlary duşmanlary diýseň eýmendiripdir. B.e.öňki 53-nji ýylda bolup geçen Karry (Harran) söweşinde Parfiýanyň agyr atly goşunynyň garşysyna Rimiň aýratyn saýlama-legioner goşunlary hem durup bilmandirler. Atly goşunyň ikinji ýeňil ýaraglanan bölegi ýagny, sagdakçylar topary birnäçe esse köp bolupdyr. Yeňil ýaraglanan atly goşunlar pyýada goşun bilen birlikde kä atly, käte atdan düşüp, garşydaş duşmanlara ýaýdan ok atypdyrlar. Parfiýaly ýeňil ýaraglanan atly goşunyň şeýle täsin söweş tilsimi bolupdyr: Haçan-da olar yza çekilen pursatlarynda pytran hatar bilen hereket etmäge diýseň ökde bolupdyrlar. Şeýdip duşman ordasyny özleriniň bukuda ýatan toparynyň üstünden getiripdirler. Netijede bukuda ýatan topar duşmanlara naýza we ýaý atyp olary parçalapdyrlar. Bu bolsa Karry (Harran) söweşinde parfiýalylara uly üstünlik getiripdir. Bulardan başga-da, parfiýalylaryň ýene-de bir täsin syry hem Parfiýa esgerleriniň egnine geýýän sowutlarydyr. Parfiýa esgerleriň sowutlary beýleki ýurtlaryň esgerleriniň sowutlaryndan tapawutlylykda metaldan däl-de, öküziň hamyndan edilen gaýyşdan bolupdyr. Bu hem parfiýa esgerleriniň özboluşly tarapy bolupdyr. Ol gaýyş sowutlar mal hamyndan tasmalanyp, bükdürilip, ýagny ýaý oky, naýza, gylyç ötmez-kesmez ýaly edilip taýarlanylypdyr. Gaýyş sowutlar balygyň teňňeleri ýaly şelpe görnüşde bolupdyr. Şeýle hem esgerleriň tuwulgalary hem birnäçe gat galyň gaýyşdan bolupdyr. Bular ýaly gaýyş sowuda has irki döwürde, baryp Ärsak I şekili bilen zikgelenen teňňelerde hem duş gelmek bolýar. Gaýyşdan edilen parfiýa sowutlary söweşde has amatly bolupdyr. Sebäbi olar söweşde esgeriň hereketlerini bökdemändir, esgere arkaýyn hereket etmäge mümkinçilik beripdir. Ol sowutlar esgeriň bedenini ygtybarly gorapdyr we özüniň ýeňilligi tapawutlanypdyr. Bu sowutlaryň kömegi bilen parfiýalylar köp söweşlerde ýeňiş gazanypdyrlar. Gurbandurdy BAÝMEDOW, taryh mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||