20:24 Gaznaly türkmen döwletiniñ harby ulgamynda pilleriñ orny | |
Gaznaly türkmen döwletiniň harby ulgamynda pilleriň orny
Taryhy makalalar
Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, Gaznaly türkmen döwletiniň özboluşly goşuny bolupdyr. Gaznaly hökümdary Söbük Tegin (978-997) öz döwründe berk düzgün-nyzamly goşuny berkarar edipdir. Onuň ogly Mahmydyň dolandyran döwründe (998-1030) Gaznaly döwletiniň goşunynda uly reforma bolup geçýär. Çünki Mahmyt Gaznaly döwlet başyna geçen ilkinji gününden, öz goşunyndaky esgerleriň aýlyk hakyny iki esse ýokarlandyrýar. Mahmyt Gaznaly barada söz açylanda, türki milletleriň musulman döwletlerinde ilkinji bolup, “Soltan” derejesini alan hökümdar bolandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Çünki, Soltan Mahmyt özüniň soltanlyk möwritiniň köp bölegini yslam dinini ýaýmaklyga we ony berk hem-de ygtybarly goramaklyga bagyş eden şahsyýetdir. Gaznaly türkmen döwletiniň goşununyň esasy bir aýratynlygy, beýleki türki döwletleriň goşunyndan tapawutlylykda olaryň goşunynyň hatarynda söweşjeň pilleriň bolmagydyr. Taryhy maglumatlara görä, Gaznaly döwletiniň goşunynda ilkinji gezek söweşjeň piller Söbük Teginiň hökümdarlyk eden döwründe ulanylyp başlapdyr. Sebäbi Söbük Tegin ilki bolup demirgazyk-günbatar Hindistan sebitlerine ýöriş edip, yzly-yzyna uly ýeňişler gazanypdyr (986-990). Basyp alan sebitlerine Yslam dinini pugta ornaşdyrypdyr. Şonuň ýaly-da, Söbük Tegin Demirgazyk-günbatar Hindistanyň Rajasyndan ýyllyk salgytlary bilen bir hatarda öz goşunyna her ýylda elli sany söweşjeň pil bermekligi hem borçlandyrypdyr. Soltan Mahmyt Gaznaly hem öz goşunynda söweşjeň pillere aýratyn uly üns berip, olary has-da kämilleşdiripdir. Soltan Mahmyt tagta geçenden soň, ol öz ugruny Hindistana tarap gönükdirýär. Beýle etmek bilen Soltan Mahmydyň asyl maksady hereketsiz galan goşunyň ýurduň içinde çykarjak pitnelerinden we dawalaryndan uzaklara alyp gitmek we şolaryň üsti bilen dini ýaýmak bolupdyr. Yslam dinini ýaýmak we ony berk ornaşdyrmak maksady bilen Soltan Mahmyt Gaznaly 1000-1025-nji ýyllar aralygynda jemi Hindistana 17 sapar ýörişini geçirýär. Şol ýörişleriniň ählisinde üstünlik gazanyp, hindi sebitlerinde özüniň mizemez häkimligi bilen birlikde Yslam dinini hem berkarar edipdir. Soltan Mahmyt hem, kakasy ýaly, hindi Rajalaryna öz goşuny üçin, saýlama söweşjeň pil salgydyny salypdyr. Soltan Mahmyt her Hindistan ýörişlerinde diýen ýaly, pil toplapdyr, ýa-da salgyt hökmünde hindi esgerleri bilen birlikde pil hem alypdyr. Şol ýörişleriniň dowamynda düşen oljalaryň hasabyna, merkezi şäher Gaznada uly metjit gurdurýar. Mahmyt Gaznalynyň Hindistana üçünji ýörişinde Multanyň töwereklerinde (1004) bolup geçýär. Soltan Mahmyt bu söweşde hindi Rajasyny ýeňip, olardan köp olja bilen 280 sany pili alýar. Şol ýörişleriniň iň ähmiýetlisi onuň meşhur on altynjy Hindistan saparydyr (1026). Soltan Mahmyt şol ýörişiniň çäginde hindi Rajasynyň goşunyny ýeňlişe sezewar edip, Hindistanda Budda dinine uýýanlaryň mukaddes şäheri bolan Somnatda ýerleşýän keramatly Şiwa Hudaýynyň ýakut, göwher, merjen we beýleki gymmatbaha daşlar bilen bezelen heýkelini ýumrup, buthananyň depesinde azan okatdyrýar. Şol gymmatbaha heýkeli uly böleklere bölüp, köp bölegini esgerlere paýlapdyr, galan böleklerini bolsa Gaznadaky uly metjide ugradypdyr. Şol ýörişden soň, Soltan Mahmyt Gaznaly “Butlary ýumrujy” diýen at alýar. Umuman, Mahmyt Gaznaly şol Hindistan saparlarynyň netijesinde öz goşunyna 2000-e golay pili toplapdyr. Mundan daşary-da, Soltan Mahmydyň birnäçe hormatly hem atlary bolupdyr. Olardan, “Seýfeddöwle”(Döwlediň gylyjy), “Gazy” (Söweşiji), “Ýeminneddöwle we Eminellmülle” (Döwletiň sag goly we milletiň kasamy) diýen lakamlary has meşhur bolupdyr. Soltan Mahmyt Gaznalynyň pilli goşunyndan beýleki goňşy döwletler hem eýmenipdirler. Gaznalylaryň Samany döwleti bilen bolan söweşde (999) Soltan Mahmyt Gaznalynyň baştutanylgyndaky goşununyň sag ganadynda on müň atly we otuz pil, çep ganadynda bolsa, on iki müň atly we kyrk pil, merkezi böleginde bolsa, on müň atly we ýetmiş pil Mahmyt Gaznaly söweşde ýeňip, Samany döwletini taryhyň sahnasyndan aýyrýar. Soltan Masudyň döwründe (1030-1041) hem goşunda pile uly üns berlendigi barada birnäçe taryhy çeşmeler subut edýär. Umuman, Gaznaly goşunynda piliň orny örän uly bolupdyr. Piller çygly sebitde ýaşamaga uýgunlaşansoň, olary saklamak örän kyn bolupdyr. Gaznaly taryhyny we onuň harby sungatyny öwrenmekde, arap we pars tarhçylarynyň we alymlarynyň (Beýhaky, Gardizi, Utby, Ibn Esir) galdyran ylmy eserleri bize esasy taryhy çeşme bolup hyzmat edýär. Gaznaly döwletiniň taryhyny çuňňur öwrenmekde şol çeşmelere salgylanmazlyk asla mümkin däldir. Gurbandurdy BAÝMEDOW, Boldumsaz etraby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||