22:38 ÝOLUŞ BATYR | |
BURUNJYK BABANYÑ OGLY ÝOLLYBAÝ ÝÜZBAŞY (ÝOLUŞ BATYR)
Taryhy şahslar
Çowdur taýpasynyň Burunjyk tiresiniň Basuwly urugyndan bolan Teňňelidöwletiň ogly Mämi takmynan XIX asyryň ortalarynda 1830-njy 1870-nji ýyllarda häzirki Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje (öňki Ýylanly) etrabynyň Gyzyltakyr geňeşliginde ýaşapdyr. Ata-babalarymyzyň we ene-mamalarymyzyň gürrüň bermegine görä, onuň mallary (düýeleri, goýun-geçileri, iri şahly mallary) köp bolupdyr. Mämi ýiten düýelerini gözläp, birnäçe gün ýol ýöräp, häzirki Türkmenbaşy (öňki Oktýabr raýony) etrabynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän guma ýagny, Bötendagyň etegine gelýär. Şol ýerde näbelli adamlar tarapyndan Mämini duýdansyz ýaý bilen atyp agyr ýaralaýarlar. Mämi çala jan wagtynda şol wakanyň bolan ýerine bir çopan gelýär. Mämi ol çopana “Men burunjyk, men burunjyk” diýip iki gezek gaýtalap, jan berýär. Bu çopan ony şol ýere “amanat” diýip jaýlaýar. Birnäçe wagt geçenden soň, Mämi ogly Ödenepesiň düýşüne girip, “Men pylan ýerde amanat jaýlandym, meni atyma ýükläp alyp gidiň we atymyň ýadap duran ýerinde meni jaýlaň” diýýär. Mäminiň ogullary Ödenepes, Jumanepes we Gurbannepes düýşde aýdylan ýere baryp, kakasynyň jesedini edil aýdylyşy ýaly, onuň atyna ýükläp alyp gaýdýarlar we atynyň ýadap duran ýeri bolan häzirki Köneürgenç şäherindäki “Şirkebir ata” gonamçylygynyň günbatar ýüzi bolup, Mämini şol ýerde jaýlapdyrlar. Iň täsin ýeri hem, näçe wagt geçse-de Mäminiň jesedine hiç-hili zeper ýetmändir. Günlerde bir gün, bir çopanyň aty keselleýär. Ol çopan “Atym indi öler” diýip, eýerini we ýüpüni aýryp goýberýär. Ol at hem Mäminiň ilkinji gezek amanat jaýlanan ýerine barýar. Atyň eýesi ertesi “Atym ölendir, janawary ýerläýin” diýip, baryp görse at sagalyp, ot iýip kişňäp duranmyş. Atyň eýsi haýran galyp bu ýerde kim jaýlananyny anyklap başlaýar.Oňa öňki Mämini jaýlan çopan, şu ýerde bir adamy özüniň jaýlandygyny we ol adamyň jan bermezden öň “men burunjyk” diýip jan berendigini aýdyp berýär. Atyň eýesi “Onda bu Burunjyk baba” diýip bellik edýär. Soňra bu wakany eşiden çopanlar aram-aram sürülerini gelip aýlap gidipdirler. Bu ýer wagtyň geçmegi bilen diňe bir çopanlaryň sürüleriniň şypa tapýan ýerine däl-de eýsem adamlaryň hem zyýarat edýän ýerine öwrülýär. XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başlarynda (1982-83-nji ýyllar) “Burunjyk babanyň” agtygy Mergenbaýyň gyzy Nartäjiň ogly 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik urşuna gatnaşan weteran, Seýit Baýram kazy ogly Burunjyk babanyň şehit bolan ýerine baryp, ol ýerde üç otagly jaý gurýar. Ol ýere sadaka berer ýaly gazan-ojak, çäýnek-käse we gap-çanak eltýär. Seýit şol ýere gurluşyk materiallary bolan agaçlary şol wagtky Kalinin raýonundan (häzirki Boldumsaz etraby) awtoulag bilen äkidýär. 2001 -nji ýylda Ýaňybaý ýüzbaşynyň ogly Haýdar aga ini-garyndaşlary jemläp, ilkinji gezek Burunjyk babanyň ýykylan ýerine zyýarat guraýar we soňky ýyllarda hem bu dowam edilýär. ▶ ÝOLLYBAÝ ÝÜZBAŞY Burunjyk babanyň agtygy Ýollybaý 1870-1950-nji ýyllarda häzirki Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje (öňki Ýylanly) etrabynyň Gyzyltakyr geňeşliginde ýaşapdyr. Hywa hanynyň höküm süren döwründe ýüzbaşy derejesine ýetipdir. Pederlerimiziň gürrüň bermegine görä, Hywa hany uly köşk saldyrýar. Han özüniň ýüzbaşylarydyr wekillerini jemläp, olara köşgüň uly kabulhanasyna düşär ýaly halynyň gerekdigini aýdýar. Şol wagt hanyň ýanynda Ýollybaý hem bar eken. Ýollybaý haly düşeljek ýere bir seredip, göz-çak bilen takmyn edip ölçegini alýar. Soň Ýollybaý öýüne gelip, inini we boýunyň ölçegini aýdyp, şol halyny dokadýar. Taýýar halyny Hywa köşgüne eltip düşelende bir barmak artyk ýa bir barmak kem ýeri hem bolmaýar. Hywa hany muňa haýran galyp, “Ýüzbaşy aga saňa telpek goýdum, bu halynyň muzdy (bahasy) näme?” diýipdir. Ýollybaý ýüzbaşy hem oňa “Han aga men bir haly satýan adam däl, bu haly köşge sowgat” diýýär. Hywa hany “Onda saňa mallaryňy bakar ýaly ýaýla bereýin” diýip häzirki Gyzyltakyr daýhan birleşiginň, Almalyk daýhan birleşiginiň we Aşgabat daýhan birleşiginiň käbir ýerlerini “seniňki” diýip TARHAN HATY ýazyp möhürläp oňa berýär. Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy Şamyrat Taganowyñ "Gara Ýylgyn" romanynda Ýollybaý ýüzbaşyny Ýoluş batyryñ üsti bilen çeper obrazy giñden janlandyrylýar. Şeýle hem romanda batyryñ edermenligi Gara Ýylgyn bilen bolan özara dialogynda gyzyltakyrlylaryñ dilinden: Ýomutlaryñ kellesi olja gyzyp gaýnaýdyr, Öz halyny tanaman, äkesi bilen oýnaýdyr, Biziñ sermes batyrlar duşman gyryp ýaýnaýdyr, Duşmanyny parçalap, şeker-şerbet çeýneýdir, Ýoluş bilen deñ gelmez Mätweliniñ güp-güpi - - diýen sözler, onuñ Hywa hanynyñ ýapjasy Mätweli mähreme garşy garamaýak halkyñ howandary bolan gerçek ýigit bolandygyna güwä geçýän buýsançly setirler aýdym kimin kalbymyzda ýaşaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |