21:28 Türkmen milli oýunlary | |
Geliň, oýun oýnalyñ!
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlary bar. Her bir däbiň özüne ýetik kadasy, şerti bolýar. Şaý-seplerimiz, saz gurallarymyz, milli gymmatlyklarymyz bu adatlarymyzyň hasabyna sanasak ýerlikli bolar. Şeýle sanawa goşulmaly milliliklerimiziň ýene biride halkymyzyň milli oýunlarydyr. Çagalary berdaşly ýetişdirmek üçin, gyzlary bolsa akylly-başly edip terbiýelemek üçin türkmen halky öz kada-düzgünlerini şol oýunlara sünnäläp siňdiripdirler. Käbir oýunlarymyz bar welin ol oýunlar diňe körpeler üçin däl hat-da uly ýaşly juwanlar üçinde gyzykly güýmenje bolmagynda galýar. Şu ýerde türkmen halkymyzyň asyrlar bäri öz gyzygyny gaçyrmadyk käbir milli oýunlaryny sanap geçmek isleýärin. Belki bu köpler üçin gyzykly bolsa gerek. ■ Oragatdy: Utulanyñ utana öz ýygan otuny bermek şerti bilen orak atylyp oýnalýan oýun. Bu oýun häzirki döwürde oýnalmaýar diýlen ýalydyr. Aýterek-Günterek: Oglan-gyzlaryñ iki tarap bolup “kim bilmeşek” diýen ýaly sanawaçly oýnaýan oýunlary. Esli wagtlardan gaýdýandygyna garamazdan bu oýun häzirler hem öz gyzygyny ýitirmän gelýär. ■ Çeke: Toýda iki tarap bolup, birinde çakgy, ýüzük we ş.m. zat gizläp tapmak şerti bilen oýnalýan oýun. Häzir bu oýunda ýüzük hem bukulýar. Şonuň üçin oňa käýerlerde ýüzükbukdy oýny hem diýilýär. Emma kähalatlarda bu oýnuň adyna keçe-keçe hem diýip tutýarlar. Bu oýunda ýörite bukulan ýüzükleri hasaba alyp, kimiň näçe utugynyň bardygyny hasaplaýan biri bolýar. Elindäki taýagy kertip belläp oturany üçin oňa kertikçi diýilýär. ■ Çilik: Ujy egri taýak bilen süñk urlup oýnalýan oýun we şol togalak süñk. Uly ýaşly agalarymyz çagakak köplenç çilik oýnardyk diýip bize gürrüň bererdiler. Diýmek bu oýun gyzykly oýun. ■ Düzzüm: Ýere çyzyk çyzylyp we oña çöp goýlup oýnalýan oýun. Aslynda çyzygyň uly ýa-da kiçidiýen ýaly belli bir görnüşleri bolman, eýsem, her ýerde bir hili çyzyk çyzyp oýnalýar. ■ Gizlenpeçek: Iki toparyñ biri gizlenip, ikinji topar olary agtaryp tapyp oýnalýan oýun. Çagalar bu oýna özleriçe at hem berýärler: bukuldym. ■ Guşak gapdy: Iki tarap bolup guşak oklanyp, gapylyp oýnalýan oýun. Häzir bu oýun ýiteňkirledi. ■ Hekgal: Bir sere boýly, iki ujy inçeldilen agajy uzyn agaç bilen kakyp oýnalýan oýun. ■ Pozzam: Telpek we ş.m. depilip, urlup oýnalýan oýun. ■ Şallak: Suwa düşülende aýak bilen aşyr atyp oýnalýan oýun. Gury ýerlerde bolsa aşyratdy diýip atlandyrylýan oýun oýnalýar. Kimiň aşyr atmaga ussatdygyny saýlamak maksady bilen oýnalýar. ■ Taklatgy: Iki setir edilip gazylan on iki sany çukurjygyñ her biriniñ içine dört sany gumalak salnyp, iki bolup oýnalýan oýun. ■ Tänderme: Oklanan aşyklaryñ birini ikinjibiri bilen pitikläp urup, beýlesine dönderip almak şerti bilen oýnalýan oýun. ■ Ýeditop: Iki tarap bolup, taýak bilen pökgi urlup oýnalýan oýun. ■ Içýanagyz: Ýere çyzyk çyzylyp oýnalýan oýnuñ bir görnüşi. Ýöne bu oýnuň düzzümden käbir tapawutlary bar. ■ Bäşdaş: Çagalaryñ bäş sany daşy oklap oýnaýan oýny. Muny köplenç gyzlar oýnaýar. ■ Çürrükdepdi: Üýşürilen tümmek gumy döwçülere depdirmän, bozdurman eşekçi tarapyndan goralyp oýnalýan çaga oýny. ■ Eşek mündi: Eşekçi bolanyñ üstüne münlüp oýnalýan oýnuñ ady. Bu oýna başgaça kepbeýumurdy hem diýilýär. ■ Gözdaňdy: Çagalaryň gözdaňyp oýnaýan oýnunuň ady. Bu oýun häzirki döwürde gyzgalaňly oýnalýar. ■ Guzlatgy: Dört-dörtden iki hatar çukura gumalak, çöp we ş. m. taşlanyp oýnalýan çagalar oýny. ■ Humar: Esasan pul goýlup oýnalýan aşyk oýny. Käbir ýerlerde bu oýna üçem hem diýip at berýärler. ■ Leňňe: Bölejik tüýli deriniň aşagyna gurşun berkidip, ony bir aýak bilen ýokary depip oýnalýan çaga oýny. ■ Altyngabak: Toýlarda bir ýerden kädi we ş.m. zatlary asyp ondan ýaý bilen atmak boýunça geçirilýän bäsleşik. Emma bu oýun ýaly öz gyzygyny saklap gelipdir. Türkmen halkynyň milli oýunlaryndan başga-da futbol, basketbol, tennis, hokkeý... ýaly oýunlary-da bar. Emma oýunlar milli oýunlarmyz däldir. Ýene-de käbir milli oýunlarmyz bar. ýöne olaryň atlaryny käbirlerimiz asla eşitmedik diýseňem boljak. Emma şonda-da olaryň käbirleri hakydalarymyzda galypdyr. Döwmaç, ak süňk, çiş, gyzyltaýak, gökböri ýaly birnäçe oýunlarymyz hem ýiteňkirledi. Türkmen milli halk döredijiligine siňip giden oýunlarymyzy hem mysal alyp göreliň. Monjugatdy, matal aýdyşmak, sanawaç sanaşmak ýaly birentek oýunlarymyzy ýatlap geçsek ýerlikli bolar. Bularyň köpüsi häzirki wagtlarda ýaş çagalaryň söýgüli oýunlaryna öwrüldi. Esasanda bu oýunlar oba ýerlerinde giňden, ýaýbaň oýnalýar. Bu oýunlar çagalarda çalasynlygy, duýgurlygy we akyl kämilligini ösdürýär. Goý, şeýle oýunlar mydama oýnalyp dursun. Çagalaryň bolsa gülki sesleri ýatmasyn! Toplan: Gurbandurdy BAÝMEDOW, Boldumsaz etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |