11:58 Törebeg Hanym ýadygärligi | |
TÖREBEG HANYM ÝADYGÄRLIGI
Taryhy makalalar
Aramgähmi, ýa-da köşk?! Köneürgenç nesilşalygynyň ýadygärlikleriniň içinde iň meşhur taryhy-arhitektura hasaplanýan Törebeg hanymyň ýadygärligidir. Törebeg hanymyň aramgähi diýlip atlandyrylýan ymarat Ürgenjiň harabaçylygynyň demirgazyk çetinde ýerleşýär. Bu aramgäh barada taryhçy arheologlaryň dürli-dürli garaýyşlary bar. Törebeg hanymyň ýadygärligi onuň näme bolup hyzmat edendigi barada taryhçy alymlaryň arasynda dürli jedeller ýüze çykyp geldi. Kimler bu ýadygärligi aramgäh ýagny, mawzoleý diýse, köp alymlar bolsa köşk ymaraty bolupdyr diýýärler. Ýöne käbir alymlar Törebeg hanym ýadygärligini aramgäh-mawzoleý diýipdirler. Şu pikir hem halk arasynda giňden ýaýrapdyr. Törebeg hanym ýadygärligi geçmişde köşk binasy bolup hyzmat edipmi ýa-da aramgäh bolup hyzmat edipdirmi? Geliň, delillere ýüzleneliň! ▶ TÖREBEG HANYM ÝADYGÄRLIGINE MAWZOLEÝ ARAMGÄH DIÝILMEGINE ESAS DÖREDÝÄN DELILLER Törebeg hanym ýadygärligini ilki öwrenilende XX asyryň 20-30-njy ýyllaryna gabat gelmegidir. Bu bolsa SSSR-iň ýaňy berkarar bolan wagtlaryna gabat gelip, köşk, metjit-medreseleri geçmişiň zyýanly galyndylary hökmünde ýykdyrylypdyr. Törebeg hanym ýadygärligini bolsa ýykylmalardan halas etmek üçin aramgäh mawzoleý diýlen bolmagy mümkindir. Törebeg hanym ýadygärliginiň daş-töwereginiň mazarlar bilen gurşalmagy, şeýle hem bu ymaratyň ýerzemininden 17-nji asyra degişli birnäçe jesediň tapylmagy hem bu ymarata mawzoleý-aramgäh diýmäge esas beripdir. Ine, şu birnäçe deliller esasynda Törebeg hanym ýadygärligine mawzoleý-aramgäh diýlipdir. ▶ TÖREBEG HANYM ÝADYGÄRLIGINE KÖŞK DIÝMÄGE ESAS BERÝÄN DELILLER Ymaratyň deň ölçeglikde üç bölekden ybarat bolmagy; bosagadan öten ýeriňde orta ululykda westibýulyň bolmagy, çep tarapda kiçijik garawul jaýy, ol jaýyň daşky diwarlarynda ýerleşen iç tarapyna giňelip, daş tarapyna daralýan gözara görnüşli äpişgäniň ýerleşmegi, sag tarapda kiçi jaýdan ýokary çykylýan aýlawly basgançagyň ýokary çykmaga ýol açmagy, basgançak iki sany gözara şekilli penjiräniň ýerleşdirilmegi, içki gatdaky zynatly baş gapynyň yz tarapynda iki tarapyndan ýokary çykylýan basgançagyň we boýy 12 metre, ini 90 santimetre barabar bolan eýwan görnüşli saklaw galereýasynyň ýerleşdirilişi, meýdany 100 kwadrat metre barabar merkezi jaýyň birinji garyndaky dört sany uly we ikinji gatdaky on iki sany kiçiräk penjirelerden jaýyň içine düşýän bol ýagtylyk, ol jaýyň üç gatdan ybarat kaşaň gümmezi, iň törki otagyň düşeginiň birinji we ikinji jaýlaryň düşeginden beýigräkde bina edilmegi patyşanyň tagt ýerini ýadyňa salýar. Köşk ymaratyna mahsus bolşy ýaly Törebeg hanym ýadygärliginiň girelge gapysy hem ileri (kybla) tarapa seredip durandyr. Bu ýadygärlik öň XIV asyr bilen senelenýärdi. Bu üç otagly ýadygärligiň Orta Aziýa binagärliginde seýrekdigini çeper bezeginiň üýtgeşikdigini we bu binanyň jemgyýetçilik jaýy bolandygyny ylmy barlaglar subut etdi. Emma bu ymarat XIV asyrda gurulman has irki döwürde gurlan bolmagy mümkin. Sebäbi XIV asyrda bu ymaraty gurmak üçin amatly syýasy ýagdaý gerek bolupdyr. Şol döwrüň ykdysady ýagdaýy hem juda pes bolupdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde meşhur türkmen alymy, arheolog Hemra Ýusubowyň ýolbaşçylygynda Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri bilen bilelikde geçiren arheologik barlaglarynyň netijesinde Törebeg hanym ýadygärliginiň köşk desgasy (ymaraty) bolup hyzmat edendigini subut etdi. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly Törebeg hanymyň ýadygärliginiň köşkdigini bilmek üçin hökman taryhçy, arheolg ýa-da başga bir ylym eýesi bolmak zeryrlygy ýok. Ol ymarata ýönekeý göz bilen seredeniňde-de bu ajaýyp ymaratyň köşk bolandygyna magat göz ýetirse bolýar. Eger bu ymarat dogurdanam, geçmiş taryhynda mawzoleý-aramgäh hyzmatyny ýerine ýetiren bolanda onda bu ymarata beýle nepisligiň, ajaýyplygyň nämä geregi barka? Diýen tebigy soragyň ýüze çykmagy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, ylym-bilime sarpa goýlup, onuň rowaçlanýan döwründe hem-de aýdyňlygyny iňkär edip bolmajak taryhy subutnamalara we ýazuw çeşmelerine esaslanyp, geljekde bu ymarata TÖREBEG HANYMYŇ KÖŞGI diýilse has hem hakykata laýyk bolar. Munuň şeýle edilmegine örän uly mümkinçilikler bar. Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçylary bu ilhalar işde özüniň işjeňligini görkezseler has ýerlikli bolardy. Törebeg hanym ýadygärligine barýan ýerli we daşary ýurt syýahatçylaryna, zyýaratçylaryna goraghana işgärleri olara bu ymaratyň aramgäh-mawzoleý bolman, eýsem köşk bolandygyny sada we düşnükli edip deliller esasynda düşündirilende has hem jüpüne düşerdi. Bu ýadygärligiň daşyndaky “Törebeg hanym mawzoleýi” diýlen lozung (pano) ýazgynyň ýerine “Törebeg hanymyň köşgi” diýen ýazgy bilen çalşyrylsa oňat bolardy. Beýle edilse Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylymyň-bilimiň rowaçlanýandygynyň aýdyň kepili bolardy. Taryh hem özüniň aýdyň hakykatyny tapyp, ylymyň geljekde-de pajarlap ösmeginiň subutnamasy bolar. Çünki halkymyz özüniň baý taryhyna, geçmişine guwanyp bilerdi. Gurbandurdy BAÝMEDOW, ýaş taryhçy alym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||