19:35 Katarda saýlaw-taýpa gatnaşygy | |
KATARDA SAÝLAW-TAÝPA GATNAŞYGY
Publisistika
Beni Ýafe taýpasynyñ agzalary tradision gylyç tansyny oýnap durka, 2005 ý. Fotosurat: AP Kuweýt, Katar, BAE ýaly Pars aýlagy ýurtlarynda syýasy saýlawlar döwri we taýpa agzalygy gatnaşygy häzirkizaman ylmy-barlag işleriniñ gyzyklanýan ugurlarynyñ biridir. Taýpa agzasy saýlawlarda ses berende "arassa" gatnaşykdaky taýpasynyñ bähbidini nazarda tutup hereket edýärmi? Şunuñ bilen baglanyşyklylykda agalyk ediji maşgalalaryñ taýpalar bilen guran baglanyşygy we olaryñ goldawyna duýýan mätäçligi jedelleşilýär. Beýleki Pars aýlagy ýurtlary ýaly Katar hem taýpalaryñ saýlawlar bilen gatnaşygynyñ öwrenilýän ýurtlarynyñ biridir. Alanud Alşarehiñ we Kortni Fririñ nygtaýşy ýaly Katarda taýpalar syýasy häkimiýetiñ goldawçysy we al-Tani dinastiýasynyñ kepillikçisidir. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Katardaky taýpalaryñ saýlaw döwürlerinde oýnaýan rollary bilen baglanyşykly seljerme bermezden öñ Kataryñ saýlaw taryhy boýunça maglumat bermek peýdaly bolar: • Şura Mejlisi Katar taryhynda ilkinji Şura Mejlisiniñ saýlawlary 2021-nji ýylyñ sentýabr aýynda bolup geçdi. 45 orunlyk mejlisiñ 15 wekilini Emir Şeýh Temim bin Hamed al-Tani belledi, galan 30 deputatyñ ýeri üçin otuz saýlaw uçastogynda 234 kandidat ýaryşdy. Şura Mejlisiniñ saýlawlary, 02.10.2021 ý. AA Saýlawa diñe atasy-da katarly bolan we özi Katarda doglan raýatlar gatnaşmaly edildi. 26 aýal talaşgäriñ bäsleşen saýlawynda üstün çykanlaryñ barsy erkekler boldy. Katarlylaryñ kanunçylyk proseslerine gatnaşygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýän Şura Mejlisiniñ iñ esasy wezipesi döwlet býužetini tassyklamakdan we ýerine ýetirilmegini ýola goýmakdan ybarat. Aslynda Kataryñ saýlaw tejribesi has irki ýyllara uzaýar. 1999-njy ýyldan bäri her dört ýyldan bir gezek geçirilýän saýlawlar bilen düzülen Merkezi Munisipalitet mejlisi 2021-nji ýyldaky Şura saýlawlaryna barýan ýoluñ başyny başlady. • Merkezi Munisipalitet mejlisi Kataryñ ilkinji Munisipalitet mejlisi 50-nji ýyllarda döredildi. 1999-njy ýylyñ awgust aýynda aýal-erkek raýatlaryñ gatnaşmagynda geçirilen ilkinji saýlawdan bäri her döry ýylda bir gezek 242 saýlaw uçastogyna wekilçilik edýän 29 sany mejlis agzasy saýlanýar. Mejlisiñ başlygy agzalar tarapyndan saýlanýar. Mejlisde başlygyñ ofisi, mejlisiñ ofisi we halk bilen gatnaşyklar boýunça jemi üç bölüm bar. Mejlis agzalarynyñ esasy wezipesi munisipalitet işleri boýunça Munisipalitet işleri ministrligine teklipler bermekdir. Bu ýagdaý Mejlisiñ syýasy ugrunyñ gowşaklygyna we esasy munisipalitet hyzmatlaryndan daşgaryn syýasy agentliginiñ bolmazlygyna ýol açýar. • Kataryñ sekiz munisipaliteti Katar sekiz munisipalitetden ybarat. Olar: Doha, er-Reýýan, eş-Şeýhaniýe, Ümmü Selal, el-Hor, el-Wekra, ez-Zaaýin, eş-Şimal. Jeýms Fromherz bu munisipalitetleriñ gadymky taýpalaryñ ýaşan ýerlerine görä bölünendigini aýdýar. Şol sanda saýlawlarda adamlar öz taýpalarynyñ kandidatlaryna ses berenlerini gowy görýär. Taýpalaryñ dominirleýän saýlaw döwri käbir kandidatlaryñ öz taýpalarynyñ garaýyşlary babatda kandidatlykdan el çekmegine ýa-da başga bir kandidaty goldamagyna getirýär. Ali eş-Şawiniñ 1999-njy ýyldaky saýlawlar boýunça geçiren barlagy taýpalaryñ saýlawlara ýetirýän täsirlerini orta çykarýar. Barlagyñ netijesi taýpa agzalarynyñ 64,45%-niñ öz taýpalaryndan çykan kandidatlara ses berse; 33,44%-niñ başga taýpanyñ kandidatyna ses berýändigini we bary-ýogy 2,11%-I tire-taýpa bilen ilteşigi ýok kandidatlara ses berenini gowy görýär. Taýpa agzalarynyñ öz taýpalaryndan çykan kandidatyñ daşyna jemlenýändigini aýtmak mümkinem bolsa, dürli sebäpler bilen başga kandidatlara ses berilýändigini-de görmek bolýar. • Taýpa-saýlaw gatnaşygy Munisipalitet saýlawlary şol bir wagtyñ özünde Kataryñ içerki güýç deñagramlylygyny-da nähili şekillendirýändigini görkezmek babatdan möhümdir. Agalyk ediji maşgala ýa-da täsirli tüçjar baý maşgalalara degişli biri saýlawlarda kandidaturasyny goýanok. Munuñ özi häkimiýet gatnaşyklarynyñ nähili ýola goýulandygyny aýdyñ görkezýär. Hökümet işleri belli bir topbagyñ elinde saklanýan bolsa, apolitiki hasaplap boljak munisipalitet işleri beýleki taýpalara berilýär. Ýöne soñky Şura saýlawlarynda bu ýagdaý üýtgäp ugrady. Saýlawlaryñ ýokary gatnaşykda geçirilmegi beýleki taýpalaryñ dolandyryş edaralarynda işjeñ rol almagyny üpjün etdi. Munuñ ýurduñ taryhynda birinji gezek Mejlis arkaly halkyñ häkimiýete dahylly edilendigini aýdyp bolar. Şol sanda Şura Mejlisuniñ syýasy güýjüniñ çäklidigini-de ýatdan çykarmazlyk gerek. El-Murra, Beni Hajer, en-Naim, el-Menaır, el-Ažman ýaly taýpalaryñ ýurtda täsiri güýçli. Bu taýpalar döwlet edaralarynyñ hantal lığı sebäpli dürli hyzmatlardan peýdalanyp bilmeýän raýatlaryñ tire-taýpa ýakynlyklary arkaly şu guramaçylykly gurluşy aşyp bilmegi taýpalara döwlet derejesinde işjeñlik berýär. Şeýle ýagdaý taýpalaryñ güýçlerini we täsirlerini häli-häzirlerem nädip saklap bilýändiklerini aýdyñlaşdyrýar. Bütin bu üýtgeşmelere ser salanyñda taýpa-saýlaw gatnaşyklary we häkimiýetiñ paýlanşygy Kataryñ ýakyn geljeginde gozgaljak esasy temalaryñ biri boljaga meñzeýär. Pars aýlagy ýurtlarynyñ demokratik proseslerinde tire-taýpa gatnaşyklarynyñ täsiri häzirem saklanýar we ýakyn wagtda ýok bolup gitjege-de meñzänok. Ömerjan KAÇAR / @beskuvalefendi 06.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |