00:09 BAE-de saýlaw-taýpa gatnaşyklary | |
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINDE SAÝLAW-TAÝPA GATNAŞYGY
Publisistika
BAE-niñ Federal Döwlet Mejlisi Birleşen Arap Emirlikleriniñ (BAE) ýedi oblastdan düzülen alty maşgalanyñ dolandyrýan döwlet dolandyryş sistemasy bar. Dolandyryşy maşgalalardan başga BAE-niñ raýatlarynyñ dolandyryş proseduralaryna dahylly bolmagy üçin 2006-njy ýyldan bäri agzalarynyñ bölekleýin saýlawlar bilen kesgitlenen Federal Döwlet Mejlisi (FNC - The Federal National Council) işläp gelýär. Mejlisiñ hökümete degişli maslahatlary bermäge ygtyýarlygy bar, emma bu maslahatlaryñ onçakly güýji ýok. Ygtyýarlygy diñe sala salma we maslahat berme bilen çäklendirilmegi Mejlisiñ şu tarapdan alanda klassyky taýpa mejlislerine meñzeýändigini aýdyp bolar. Kristofer Dawidsonyñ "devingen demokrasi/mobile democracy" diýip atlandyran taýpa mejlislerinde taýpa agzalary eger ýolbaşçylaryñ haýsydyr bir kabul eden kararyny nädogry hasaplasalar, muña nägilelik bildirip bilýärdiler. Köplenç taýpa agzalaryny belli meseleler boýunça geñeşmek üçin ýüz tutulan mejlis ýolbaşçylara gerekli maslahatlary-da berip bilýärdi. Mejlis ýedi oblastdan saýlanan kyrk agzadan ybarat. 2006-njy ýyldan bäri dört ýyldan bir gezek geçirilýän agzalaryñ ýarsy saýlawlar bilen gelse, beýleki ýarsy ýedi emirligiñ ýolbaşçylaryndan düzülen "Ýokary ýolbaşçylar Mejlisi" (Supreme Council of Rulers) tarapyndan saýlanýar. Emma saýlawa BAE-niñ ähli raýatlary däl-de, raýatlaryñ arasyndan saýlanan gurultaý agzalary gatnaşyp bilýär. Saýlawlara kandidaturasyny goýan adamlaryñ saýlanan "delegatlar edarasynyñ" saýlama söwdagär maşgalalarynyñ we taýpalaryñ esasy adamlaryndan saýlanmagyna üns berilýändigi aýdylýar. Ilkinji saýlawlaryñ geçirilen 2006-njy ýylda raýatlaryñ bary-ýogy 1%-i bu edara alynan bolsa, wagtyñ gecmegi bilen bu san artyp, 2011-nji ýylda 13%, 2015-nji ýylda 224 müñ 279 agza bilen 50%-e ýeteñkirledi, 2019-njy ýyldaky soñku saýlawlarda 337 mdñ 738 agza edara saýlandy. Kanunlara laýyklykda Abu-Dabi we Dubaý herdi sekiz orny eýeleýän bolsa, Şarjah 6, Ras Al-Haýmah 6, Ajman 4, Fujaýrah 4, Umm Al-Kuwain 4 orny eýeleýär 2019-njy ýylyñ saýlawlarynda ýeñiş gazanan Merýem bin Sania saýlawlaryñ netijelerini gutlaýar / Çeşme: https://www.thenationalnews.com/uae/government/newly-elected-members-of-federal-national-council-revealed-1.919686 • Mejlise aýal-gyzlaryñ gatnaşygy Aýal-gyzlaryñ Mejlisde wekilçiligi uzak wagta çeken müddetiñ dowamynda ýokary derejelere ýetdi. Bu öwrülişigiñ iñ möhüm ähmiýetli ädimi 2015-nji ýylda ilkinji gezek Federal Döwlet Mejlisiniñ (FDM) press-sekretarlygyna zenanyñ saýlanmagy bilen başlandy. 2019-njy ýylda Şeýh Halyfa bin Zaýed el-Nahaýan çykyşlarynyñ birinde "Aýal-gyzlar biziñ jemgyýetimiziñ ýarsyny emele getirýär, şolar ýaly-da wekilçilik edilmelidir" diýipdi. Şol ýyl geçirilen saýlawlarda mejlisiñ 35%-i aýal-gyzlardan ybarat boldy. Çeşme: https://www.thenationalnews.com/uae/when-many-tribes-joined-as-one- • Ses berme hukugynda taýpa baglanyşyklarynyñ ähmiýeti Taýpa baglanyşyklarynyñ saýlaw hukuklarynyñ üstündäki täsiri biziñ günlerimizde-de dowam edýär. Pars aýlagynyñ arap ýurtlarynyñ beýlekilerinde bolşy ýaly BAE-de hem adamlar ses berende taýpa ýakynlyklaryny ünsden salmaýarlar. Adamlar ses berende öz taýpalaryndan çykan adamlara ýa-da şahsy gatnaşygy bolan kandidatlara ses bermäge meýilli. 2015-nji ýylda geçirilen bir pikir soralyşygyñ netijedi BAE-niñ raýatlarynyñ 43%-niñ ses berende kandidat bilen aralaryndaky gan ýakynlygyna üns berýändigini görkezdi. Saýlawçylaryñ 47,3%-i bolda kandidat bilen şahsy tanyşlygyñ we ýakynlygyñ ses bermekde täsirlidigini aýdýar. Taýpa baglanyşyklaryna görä şekillenen ses berme endigini Soltan el-Kasymynyñ "Başga birine däl-de, diñe öz maşgala agzasyna ses berendigini buýsanyp aýdan saýlawçylara düşünmek kyn däl, bu ýagdaý geñem görlenok. Dogrusy, ýedi emirligiñ iñ ulusy bolan Abu-Dabide el-Emiri taýpasy Mejlisdäki dört ornuñ üçüsini eýeledi" (Tribalism and Political Power in the Gulf, s. 132) sözleri örän düşnükli edip düşündirýär. BAE-de saýlaw döwürlerinde taýpa baglanyşyklarynyñ täsiri we taryhy taýpa mejlisi däbiniñ zamanabap effektleriniñ analiz edilmegi ýurduñ syýasatyna we jemgyýetine düşünmekde möhüm ähmiýeti bar. Taryhyñ çañly sahypalaryna siñip galandyr öýdülýän tire-taýpa gurluşy biziñ günlerimizde-de güýçli we täsirli ýagdaýda ömrüni dowam etdirýär. • Çeşme: Alanoud al-Sharekh ve Courtney Freer, (2022). Tribalism and Political Power in the Gulf. I.B. Tauris. Ömerjan KAÇAR / @beskuvalefendi Duşenbe, 13.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |