08:47 Hezreti Osmanyñ halyf saýlanan ýylyna degişli gaýa ýazgysy | |
HEZRETI OSMANYÑ HALYF SAÝLANAN ÝYLYNA DEGIŞLI GAÝA ÝAZGYSY
Taryhy makalalar
Fotosurat: Twitter - @mohammed93athar Ylmy-barlagçy Id el-Ýahýa we Abdyrahman es-Senadi 2022-nji ýylyñ 18-nji maýynda Mekge-Medinäniñ arasyndaky haj düşelgesini öwrenmek üçin gidenlerinde bir gaýa ýazgysynyñ üstünden barypdyr. Ýazgynyñ okamak beter kyn bolansoñ, öñki tapylan gaýa ýazgylaryny okamak boýunça ýörite hünärmen Muhammet el-Mugazzewä habar berilýär. Mugazzewi ýazgyny okap nolan badyna begenjini gizläp bilmeýär. Onuñ okan ýazgysy Hezreti Osmanyñ halyf saýlanan ýylyny hasaba alan ýazgy bolup çyksa näme! "Hezreti Osman ýazgysynyñ" okalyşy / Fotosurat: Twitter - @mohammed93athar Hezreti Osman gaýa ýazgysynyñ terjimesi: "Alla üçin we (muny) (Osman) ibn Affanyñ halyf saýlanan senesinde 24-nji (hijri) ýylynda ýazdym. Men Abdylla ibn Said ibn Zeýd. Men Utbe ibn Rüşd (Raşid?) ep-Meshaki (Mesahiki?)" Beýleki irki döwür yslam taryhy wakalary ýaly Hezreti Osmanyñam halyf saýlanyşy we saýlanan senesi hakdaky maglumat dürli ýazuw we dilden-dile geçip gelen taryhy çeşmeler arkaly biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Köplenç adamlaryñ ýaşaýan ýerlerinde, aýratyn ýagdaýda bolsa ötegçileriñ geçýän ýerlerinde ýadygärlik ýazgysyny galdyrmak üçin ýazylan bular ýaly "ýadygärlik gaýa ýazgylary" soñky ýyllarda geçirilen barlaglar bilen birlikde täze çeşme bolup öñküleriñ üstüni ýetirdi. Abdylla ibn Sad atly biri öz adyny gaýanyñ ýüzüne ýazmak arkaly ebedileşdirende, taryhy wakanyñ hem şaýatlygyny edipdir. Yslamdan öñki döwrüñ hem-de irki yslam taryhynyñ arap medeniýetinde möhüm ähmiýetli wakalary esas alyp senelemek işi giñden ýaýran ýagdaýdyr. Munuñ bilen birlikde Abdylla ibn Sad ýazgysyny haçan ýazandygyny halyfyñ saýlanan möhüm ähmiýetli wakasy bilen resmileşdirýär. Täze tapylan bu gaýa ýazgysy 1999-njy ýylda Demirgazyk-Günbatar Arabystanyñ el-Ula şäherinde tapylan Hezreti Omaryñ şehit edilen ýylyny öz içine alýan "Züheýr ýazgysy" bilen bir ýylda ýazylypdyr. "Züheýr ýazgysy", el-Ula / Saud Arabystany Züheýr ýazgysynyñ terjimesi: "Bismillah. Men Züheýr, Omar aradan çykanda 24-nji ýylda (şuny) ýazdym". Hernäçe Hezreti Omar hijri 23-nji ýylyñ soñky günlerinde (26 Zülhiçje 23-nji ýyl, 3-nji noýabr 644) aradan çykanam bolsa, onuñ ölüm habary sebite birnäçe günden soñ baryp ýetendigi üçin ýazgyda hijri 24-nji ýyl ýazylan bolmaly. Aly ibn Ybraýym Gabban tarapyndan ýazylan we Robert Hoýlandyñ iñlis diline terjime eden we onuñ netije düşündirişlerini-de öz içine alýan "The inscription of Zuhayr, the oldest Islamic inscription (24 AH ⁄AD 644–645), the rise of the Arabic script and the nature of the early Islamic state" makalasynda Medine Hijazy arap ýazgysy bilen ýazylan ýazgynyñ ýazuw aýratynlyklary öwrenilipdir we döwrüñ beýleki çeşmeleri bilen deñeşdirilip, ýazuw taryhynyñ dogrulygy anyklanmaga synanyşylypdyr. Alynan netije ýazgynyñ ýazylan wagtynyñ dogrudygyny ýüze çykardy. Gabban bu barada şeýle diýýär: "Züheýr ýazgysyny Hulefaýy-Raşidleriñ döwrüniñ arap ýazgysynyñ ajaýyp mysaly we şol döwre senelenen tekstologik subutnama bölekleriniñ kiçikik külliýatyna täze we möhüm goşmaça hökmünde kabul edip bolar". "Hezreti Osman ýazgysynyñam" şuña meñzeş seljermeden geçirilmegi we netijelerini makala görnüşinde köpçüligiñ dykgatyna ýetirilmegi gerek. Munuñ bilen birlikde iki ýazgynyñam diñe ýazuw aýratynlyklaryna goldanyp däl-de, başga ugruñ hünärmenleri tarapyndanam öwrenilip, takmyn ýazuw senesiniñ kesgitlenmegi gerek. • Hezreti Osmanyñ halyf saýlanmagy Medinäniñ Mesjidi-Nebewisinde (Pygamber metjidinde) janyna kast edilen Hezreti Omar agyr ýaralanypdyr we alan şikesiniñ ölüm howpludygyny añan badyna aşereýi-mübeşşereden alty adama (Hezreti Osmany, Hezreti Alyny, Abdyrahman ibn Awfy, Sad ibn Ebu Wakgasy, Talha ibn Ubeýdullany, Zübeýr ibn Awwamy) täze halyf saýlamagy tabşyrypdyr. Emma döredilen şuranyñ başy Hezreti Omar aradan çykansoñ jemlenip bildi. Şol wagt Medinede bolmadyk Talha ibn Ubeýdullanyñ gatnaşmadyk şurasynyñ başlygy Abdyrahman ibn Awfdy. Onuñ başlyklyk etmeginde Hezreti Alynyñ we Hezreti Osmanyñ kandidaturasy orta atylypdyr. Ahyrynda Hezreti Osman hijri 24-nji ýylda (milady 644-nji ýyl) halyflyga saýlanýar. • Gaýa ýazgylary irki yslam taryhy bilen baglanyşykly bize nämeleri habar berýär? Soñky ýyllarda Saud Arabystanynyñ dürli ýerlerinde paleotologik döwürden yslam döwrüne çenli dürli döwürlerlere degişli gaýa ýazuw sungatynyñ we ýazgylarynyñ tapylyşynyñ barha artýandygyny görýäris. Babylyñ eli hasaly patyşasy / Saud Arabystanynyñ Hail welaýaty Tarynyñ dürli döwürlerinden birden köp medeniýetiñ mirasyny biziñ günlerimize ýetiren gaýa ýazgylary irki yslam taryhyndanam yzlary özünde saklaýar. Umuman alanda hijriniñ ilkinji üç asyryna degişli ýazgylar Gurhanyñ aýatlaryny, töwhid kelimesini, şahadaty, dogalary (bagyşlanma dogalary, jennete girme, dowzahdan ätiýaç etme dogalary we ş.m.), şygyrlar, adam atlary, möhüm ähmiýetli seneleri, ýer-ýurt atlaryny öz içine alýar. Döwrüñ ýazuw aýratynlyklaryny öz içine alýan ýazgylarda köplenç kufi hat-ýazuw stili ulanylypdyr. Saud (taryhy-medeni) mirasyny goramak boýunça degişli ýolbaşçylaryñ geçen aýlarda beren beýanatynda diñe Nejran sebitinde 200-e golaý arheologiki we taryhy goraghana zolagynyñ kesgitlenendigi aýdyldy. Abdylla degişli gaýa ýazgysy / Saud Arabystanynyñ Tebuk-Hisma sebiti Irki yslam döwrüne degişli gaýa ýazgylarynyñ türk diline edilen terjimelerini yzygiderli çap eden Müfid Ýükseliñ terjime eden ýazgylarynyñ birem sahaba bolmahy ähtimal Abdylla atly adama degişli gaýa ýazgysydyr. Bu ýazgy hijri 24-nji ýylda ýazylan Hezreti Osman we Züheýr ýazgylaryndan alty soñ hijri 30-njy ýylda ýazylypdyr. Müfid Ýüksel ýazgyny şeýle terjime edipdir: "Bismilla. Allanyñ ady bilen. Men Abdylla. Muny Umeýriñ (ýa-da Gafiriñ) gaýdyp gelen wagtynda, 30-njy ýylda ýazdym". • Gaýalara nagyşlanan ýadygärlik: Ýönekeý adamlaryñ ýazgysy Irki yslam döwrüne degişli gaýa ýazgylary bizi taryhda sesleri köp eşitdirilmedik ýönekeý adamlaryñ ýadygärlik ýazgylary bilen ýazgylary bilen tanyşdyrýar. Munuñ netijesinde jemgyýetiñ din bilen, belli şahsyýetlere we senelere bolan gatnaşygyny gönüden-göni görme mümkinçiligini edinýäris. Taryhy wakalary meşhur şahslaryñ eserlerinden ýa-da resmi taryh ýazuwyna degişli çeşmelerden däl-de, hut şol döwürde ýaşan, wakalary eşden, gözi bilen gören, gatnaşan we habar beren adamlaryñ agzyndan eşitme mümkinçilihini edinýäris. Adamlaryñ Hudaýa ýalbaryşlary, ahyret gününe bolan ynançlary we dini düşünje gurluşlaryna degişli ownujak gyryndy derejesinde-de bolsa gymmatly maglumatlaryñ üstünden barýarys. Sözli-ýazuw medeni çekişmeleriñ arasynda adamlaryñ ölümiñ garşysynda yzda ýadygärlik hökmünde iñ bolmanda öz atlary ýazylan ýazgylary goýup gitmek isländiklerine şaýat bolýarys. Meniñ üçin-ä bular yazgylary taryhy wakalara şaýatlyk eden täze çeşme bolmakdan has beter, taryhda ýitip gidendir öýden, hiç tanamaýan we bilmeýän adamlarym bilen belli bir derejede tanyşlyk açma mümkinçiligini beren taryha açylan "gapy" ýaly. • Çeşmeler: - "Ali ibn Ibrahim Ghabban, "The inscription of Zuhayr, the oldest Islamic inscription (24 AH/AD 644–645), the rise of the Arabic script and the nature of the early Islamic state" (terjime we netije düşündirişleri: Robert Hoyland), Arabian archaelogy and epigraphy, 19/2, 2008. https://www.arabnews.com/node/1799701/saudi-arabia https://mufity.blogspot.com/2022/05/arabistan-tebuk-hisma-da-muhtemelen.html Ömerjan KAÇAR / @beskuvalefendi Duşenbe, 30.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |