04:00 Ortaýer deñziniñ kenaryndaky Mäti | |
ORTAÝER DEÑZINIÑ KENARYNDAKY MÄTI
Taryhy makalalar
Surat: "Marokko graždanlyk urşy" / "Le Petit Journal", 18.01.1903 ý. Maşryk (Gündogar Yslam dünýäsi) we Magryp (Günbatar Yslam dünýäsi) merkezi häkimiýetleri taryhyñ dürli döwürlerinde dürli ýerli gozgalañlara duçar bolupdyr, emma bularyñ arasynda "mäti" ynanjyny öñe sürüp orta çykanlar has kyn ýagdaýa salypdyr we weýrançylyk getiripdir. Birnäçe ýerli güýç toparlary merkezi häkimiýetiñ elinde saklaýan kanuny güýji aradan aýyrmak we öz dolandyryş hukuklaryny kanuny şertlere oturtmak üçin kyýamatyñ öñüsyrasynda geljegine we musulmanlaryñ "halasgäri" boljagyna ynanylan Mätiniñ özüdigini öñe sürüpdir. Bu-Himara gozgalañyny suratlandyrýan kartina, "Marokko graždanlyk urşy" / "Le Petit Journal", 18.01.1903 ý. Marokko mäti hereketleriniñ ýygy-ýygydan orta çykýan ýurtlarynyñ biridir. Marokko / Surat: AA Uzak wagtdan bäri Hezreti Muhammediñ neberesinden gelýän dinastiýalaryñ dolandyran ýurdunda XX asyryñ başlarynda Mahzene (merkezi hökümete) garşy hereketler güýçlenipdir. Bu-Himara Şeýle hereketleriñ birem "Bu-Himara" diýilýän Jilaly ibn Idris el-Ýusufy ez-Zerhunynyñ ýolbaşçylygynda başlanypdyr. Bu-Himara Marokkonyñ soltany Abdulyleziziñ agasy Möwlaý Muhammetdigini aýdyp, tagtyñ özüne degişlidigini öñe sürüpdir. Bu öñe süren pikiri sebäpli oña "Kezzap" hem diýlipdir. • Şahsyýet ogurlygy Marokkonyñ esasy şäherlerinden Miknasyñ demirgazygyndaky Zerhun dagynyñ eteginden gelen Bu-Himara Fes şäherinde inženerlik ugrundan bilim alypdyr we Mahzende işläpdir. Ol işläp ýören döwründe galplyga ýüz urandygy üçin iki ýyl türmede oturyp çykypdyr. Soñra Alžire we Tunise giden Bu-Himara Miknasa eşek münüp gaýdyp gelipdir hem-de edýän wagyzlary bilen adamlary daşyna üýşürip başlapdyr. Bu-Himaranyñ özüni Möwlaý Muhammet diýip tanatmagynyñ esasy sebäplerinden biri - halkyñ Möwlaý Muhammediñ jigisi Abdyleziz tarapyndan duzaga düşürilendigine ynanmagy bolupdyr. Bu ýagdaý oña möhüm goldaw we şan-şöhrat gazandyrypdyr. Ikinji esasy sebäbi bolsa, şerif Alawy (Filaly) dinastiýasyna agza bolmagyñ özi gönüden-göni döwlet dolandyryşynyñ başyna geçmäge hukuk berýärdi. Fes şäherinde köşkde saklanýan Möwlaý Muhammedoñ halkyñ arasyna bir gezegem çykmandygy Bi-Humaranyñ onuñ adyna bukulyp hereket etmegini añsatlaşdyrypdyr. Ol Mahzende iki ýyllap işläp döwründe dinastiýa agzalarynyñ nähili hereket etmelidigini gowy öwrenipdir. • Keramat, öñdengörüjilik we düýş: Mätilik ideýasynyñ hemmetaraplaýyn esaslary Öñe süren pikirlerini bir sepgit ileri süýşüren Bu-Himara keramat görkezýändigini aýdypdyr we käbir "öñdengörüjilikli" pikirleri orta atypdyr. Bularyñ yzyndan birgiden düýşleri görendigini aýtmak bilen birlikde, ahyrynda mätiligini yglan edipdir. Günde üç gezek ýüzüniñ reñkiniñ üýtgeýändigini aýdan "Kezzap" teninin ertirine ýaşyl, günortan sary, gijesine gara reñke girýändigini öñe sürüpdir. • Gozgalañ we imperialistler bilen hyzmatdaşlyk 1902-nji ýylyñ oktýabrynda Taza şäherinde araplaşan berberi (amazigh) taýpalarynyñ goldawy bilen başlan gozgalañ 1903-nji ýylyñ martyna çenli dowam edipdir. Alty aýlyk göreşiñ netijesinde gutarnykly ýeñiş gazanmasa-da, Bu-Himara Taza şäherinden çykypdyr we Rif sebitiniñ gündogaryndaky Selwan obasyna çekilipdir. 1909-njy ýyla çenli Bu-Himaranyñ hereketi Mahzen üçin problema döretmegini dowam etdiripdir. Marokkonyñ soltany Abdylhafiz (1909-1912) Emma Bu-Himaranyñ ispan güýçleri bilen baglaşan ylalaşyklary we söwda onyñ sebit halkyndan alýan goldawyny azaldypdyr we ahyrynda tagty doganyndan alan Möwlaý Abdylhafiz tarapyndan ele salnyp, ölüm jezasyna höküm edilipdir. Häkimiýetiñ düýp kanuny gözbaşynyñ şeriflik bolan we şerif maşgalalaryna degişli dälleriñ birine agza dälleriñ haýsydyr bir hökmürowanlygy öñe sürüp bilmedik döwründe Bu-Himara hem-ä galp şeriflik prinsipi hem-de mätilik aldawy bilen merkezi hökümete gönügen gozgalañ tolkunyny öz peýdasyna öwürmegi başarypdyr. Gowşan merkezi hökümete garşy demirgazyk taýpalary Bu-Himarany amatly mümkinçilik hasaplap, uzak wagtlap onuñ tagt ugrundaky dawasyny goldapdyr. Mätilik has giñ gatlaklara aralaşmakbwe tarapdarlaryñ wepalylygyny berkitmek üçin ulanylypdyr. Şu formada belli bir maksady amala aşyrmak üçin ruhlandyrylan toparlar "Kezzabyñ" şahsy bähbitlerine ýetmek üçin arkaýynlyk bilen ulanylypdyr. Şuña meñzeş wakalar dürli ýurtlarda we dürli wagtlarda gaýtalanyp dur, gaýtalanyp dur... • Çeşmeler: - Dunn, R.E. (1981). The Bu Himara rebellion in northeast Morocco: Phase I. Middle Eastern Studies, 17(1), 31–48. - Miller, S. (2013). A History of Modern Morocco. Cambridge: Cambridge University Press. Ömerjan KAÇAR / @beskuvalefendi Ýekşenbe, 07.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |