20:40 Makiawelli yslam syýasaty düşünjesinden täsirlendimi? | |
MAKIAWELLI YSLAM SYÝASATY DÜŞÜNJESINDEN TÄSIRLENDIMI?
Publisistika
"Hökümdar" atly syýasat hakyndaky kitaby bilen tanalýan florensiýaly akyldar Makiawelli kitabyny ýazanda yslam syýasaty düşünjesinden täsirlenen bolup bilermi? Latyn diline "Secretum Secretorum" ady bilen terjime edilen we Ýewropada uzak wagtlap täsirini saklan arapça syýasy eser "Sirrul-esrar" ("Syrlaryñ syry") bu soraga jogap berse gerek. Aristoteliñ Aleksandr Makedonskä eden öwüt-ündewlerini öz içine alýandygy öñe sürülen hatyñ arap diline terjime edilmegi bilen düzülen kitabyñ birinji wersiýasy VIII asyrda emewi halyflygy döwründe ýüze çykdy. Has soñrakky döwürde goşulan goşundylar bilen arap akyldarlarynyñ Aristoteliñ adyndan beren psewdo-ylmy maglumatlaryny öz içine alýan ensiklopediki häsiýetli esere öwrüldi. Şeýle görnüşde latyn diline terjime edilen kitap XII-XIII asyrdan başlap Ýewropada giñden ýaýrady. Kitap soñra nemes, iñlis, fransuz dillerine geçirildi. Eseriñ italýan diline edilen terjimesi Renessans döwrüniñ Florensiýasynda Makiawelliniñ ýaşan döwründe-de elden-ele geçip okalýardy. Şeýle bolýan bolsa, Makiawelli bu kitaby okap-täsirlenen bolubilermi? "Sirrul-esrar" atly eseriñ Makiawelliniñ "Hökümdaryna" täsirini ýetirendigi birinji gezek XIX asyryñ başynda Albert Gilbert tarapyndan öñe sürüldi. Gilbertiñ pikiri ady agzalan birinji eseriñ ikinjä ep-esli täsiriniñ bolandygy baradady. Emma bu pikir beýleki makiawellişynaslar tarapyndan ret edildi we taryhyñ çañly sahypalarynyñ arasynda ýitip gitdi. Albert Gilbertden segsen ýyl soñ Lusio Biasiori 2018-nji ýylda ýylda ýazan "Islamic Roots of Machiavelli's Thought? The Prince and the Kitâb sirr al-asrâr from Baghdad to Florence and Back" atly ylmy işinde bu iki kitabyñ arasyndaky täsirlenmäni gaýtadan üns merkezinde oturtdy. Biasiori Makiawelliniñ "Sirrul-esrardan" täsirlenendigini aýtmak - Günbatar syýasaty düşünjesiniñ esasy gollanmalarynyñ biriniñ köklerini Ýewropanyñ çäginden daşary çykarmak bolýandygy üçin munuñ bilen ylalaşmagyñ kyn boljakdygyny boýun alýar. Biasiori yzyndan şu soragy orta atýar: "Makiawellä ýakyn gatlakdan birini - florensiýaly Migliore Kreskini göz öñüne getiriñ. Kreski Toskananyñ gersogy Kosimo I de' Medijä "Hökümdar" we "Syrlaryñ syry" ýaly biri-birine birkemsiz gabatlaşýan iki eserden taýýarlanan "Vita del Principe"ni hödürläpdir. "Vita del Principe"-de "Injildäki" obrazlar (Musa we Melhisedek), antik (Likurg Spartanskiý, Numa) we orta asyrlardaky syýasatçylar (Konstantin, Beýik Karl) "Türkleriñ lideri "galp Muhammet" bilen deñeşdirilýärdi. • Makiawelliniñ şular ýaly deñeşdirmeli ulanyşy nähili mümkin boldy? Iki eseriñ arasyndaky meñzeşlikleriñ başyny medeniýetara we wagtara deñeşdirmeler çekýär. Mysal üçin, "Sirrul-esraryñ" hindi patyşalaryna salgylanşy ýaly, Makiawelli-de şoña meñzeş mysallar berýär: "Sirrul-esrar": "Hindi patyşalarynyñ kitaplary" bölüminde: "Bir hökümdaryñ tabynlygyndakylary dolandyrmagynyñ ýa-da olar tarapyndan dolandyrylmagynyñ sebäbiniñ diñe güýçli ýa-da gowşak añ-zehindigi aýdylýar". Makiawelli: "Biliñ ki, patyşadan gorkmak patyşalygyñ asudalygydyr. Hindileriñ kitabynda-da şeýle diýilýär: "Ruhlaryñdaky gorkyñ kalbyñdaky gylyjyñdan has erbet bolsun". Başga bir meñzeşlik Makiawelliniñ hökümdaryñ iki häsiýetiniñ arasynda goýýan tapawudynyñ "Sirrul-esraryñ" Florensiýada elden-ele geçip okalan italýan dilindäki wersiýasynda-da barlygydyr. Makiawelli: "Özümi has köp jikme-jiklikler bilen çäklendirip gürrüñ berişim ýaly, hökümdarlaryñ häzir bagtly ýaşaýandyklaryny we ertir tebigatyny ýa-da aýratynlyklaryndan haýsydyr birini üýtgetmezden düşjekdiklerini aýdýaryn. (...). Aýratynam, iki taýýarlykly adamdan biriniñ maksadyny amala aşyrandygyny, beýlekisiniñ bolsa amala aşyrmandygyny görýäris. Şol bir ýagdaýda iki aýry häsiýete eýe iki adamdan biriniñ seresaply, beýlekisiniñ howul-haradygyny we deñ derejede üstünliklidigini görýäris. Munuñ özi wagtyñ kwalifikasiýasyndan başga zatdan gelip çykmaýar, bu kwalifikaziýa olaryñ taktikalaryna utgaşýar ýa-da çapraz gelýär". "Sirrul-esrar": Patyşa geljegiñ pikirini etmeli we oñaýsyz şertlerdir ýakymsyz wakalaryñ hötdesinden has añsat gelmek üçin amala aşjak ýagdaýlary ihtiyatlı bir şekilde düzenlemelidir. Patyşa gowy ýa-da peýdaly zady görende ýalta ýa-da howlukmaç görünmezlik üçin muny sowukganlylyk bilen etmelidir". Lusio Biasiori traktatynda munuñ ýaly mysallar, Makiawelliniñ döwürdeşleriniñ beýanlary, Makiawellini düşündirenleriñ garaýyşlary boýunça "Sirrul-esraryñ" "Hökümdarda" yz galdyrandygyny öñe sürýär. Soñky wagtlarda "Sirrul-esrar" boýunça has köp ylmy işleriñ ýazylmagy we bu eseriñ Ýewropadaky täsirliliginiñ hasam aýdyñlaşdyrylmagy bu ikisiniñ arasyndaky ýakynlygyñ bardygyny güýçlendirýär. Bütin bularyñ barsynda syýasat boýunça traktat ýazan awtoryñ şu taraplary bilan we intellektual jemgyýetçilikde ulanylýandygy subut edilen traktatdan bihabar bolmagy mümkin däl. Munuñ bilen birlikde bu ugurda has köp ylmy işleriñ ýazylmagy we meseläniñ üstünde has detallaýyn durup geçilmegi gerek. • Çeşme: Lucio Biasiori. "Islamic Roots of Machiavelli's Thought? The Prince and the Kitâb sirr al-asrâr from Baghdad to Florence and Back" Machiavelli, "Islam and the East". 2018. Ömerjan KAÇAR / @beskuvalefendi Ýekşenbe, 09.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |