21:32 Ylymdan binesip, taryhdan gömük | |
YLYMDAN BINESIP, TARYHDAN GÖMÜK
Gurhany öwreniş we Hadys ylmy
Ismail Karanyñ "Ylymdan binesip, taryhdan gömük. Şerh we haşiýe meselesine degişli birnäçe bellik" kitaby, "Dergâh" neşirýaty, Stambul-2022 ý. 250 sah. Musulmanlaryñ häzirkizaman döwür bilen birlikde klassyky eserler bilen arabaglanyşygynyñ gowşamagyna şerh-haşiýe medeniýetiniñ* ýatdan çykarylmagy näderejede täsirini ýetirdi? Bu sorag Ismail Karanyñ jogabyny gözleýän esasy soraglarynyñ biridir. Onuñ pikiriçe şerh-haşiýe medeniýeti yslam ylym mirasynyñ baýlygyny görkezýär. Kara "Ylymdan binesip, taryhdan gömük" kitabynda biziñ günlerimizde şerh-haşiýeler bilen gurlan baglanyşygy täzeden gözden geçirmelidigini nygtaýar. Yslam taryhynyñ ilkinji asyrlary özboluşly we gymmatly ylmy barlaglaryñ geçirilenem bolsa, soñky asyrlarda gowşamaga we yza galmaga başlady. Täze taryhyñ başlanmagy bilen bolsa, ylymda we añ-düşünjede täzeden janlanma bolup geçdi. Taryhyñ şular ýaly düşündirilmegi Ismail Karanyñ tankydy bellikleriniñ jümmüşinde ýer alýar. Awtoryñ pikiriçe şeýle çemeleşme şerh-haşiýe ýörelgesiniñ ýalñyş we kemter düşünilmegine sebäp bolupdyr. Şu ugurda kitap boýunça şerhiñ ýeten derejesini we klassyky dünýäde ylmy işleriñ şerhiñ üsti bilen nähili ýerine ýetirilendiginiñ üstünde durup geçýär. Bu müddet bilen baglanyşykly häzirkizaman döwürde emele gelen otrisatel dünýägaraýşy tankyt edýär. Ismail Kara Kitap iki esasy bölekden ybarat: "Taryhdan şu güne gelende şerh we haşiýe (tekst, şerh, medrese sistemasy)" - şerhiñ nämäni añladýandygy, gurşawy we medrese bilen baglanyşygynyñ öwrenilýän biriji bölümi. "Şu günden taryha gidende şerh we haşiýe "Şerhe garşy gidilen döwürleriñ mantygy barmy?" bolsa, soñky döwürde emele gelen we şerh ýörelgesini oñaýsyz hasaplaýan pikiriñ tankydynyñ edilýän ikinji bölümidir. Kitapda şerh-haşiýe ýazgylaryna degişli köp sanly suraty öz içine alýan 84 sahypalyk baý goşmaça bölüm hem bar. Klassyky dünýäde maglumatyñ öndürilişi we añlanylyşy halypa-şägirt gatnaşygy bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Bu gatnaşygyñ tebigy netijesi hökmünde hem şerh edebiýaty orta çykypdyr (s. 28). Şunuñ bilen baglanyşyklylykda silsile (şejere zynjyry)-isnad (salgylanma) möhüm orna eýedir. Silsiläniñ iñ soñky baryp direýän ýeri hezreti pygamberimiz we ondan añyrda Allatagaladyr. Şerh boýunça işlerem hezreti pygamberimiziñ (s.a.w) Gurhan hakdaky düşündirişleri bilen başlapdyr. Tefsirler şu manyda ilkinji şerh işleridir. Şunuñ bilen birlikde awtoryñ üstýnde duran möhüm ýeri şerhleriñ diñe yslamy ylymlar bilen baglanyşykly iş däldigi çeper edebiýatdan filosofiýa çenli birnäçe ugurda şerh işleriniñ alnyp barylanlygydyr. Hatda filosofiýa özbaşyna şerh ugry hökmünde görlüp bilner. (s. 15). Şunuñ bilen baglanyşyklylykda şerh diñe yslamy ylymlara mahsus ylmy-barlag ugry däldir. Ibn Roşdyñ "şarih" diýip baha bermegi filosofiýa üçin şerhiñ ähmiýetini orta goýýar (s. 25). Kitabyñ gymmatyny awtorynyñ barlygy ýa-da ýoklugy boýunça baha bermek ýalñyşdyr. Kitabyñ gymmatyny awtorynyñ, şerhiniñ ýa-da gysgaça bolandygy däl-de, mazmuny, öñe sürýän pikirleri we problemalary öwrenme formasy kesgitleýär. Awtoryñ hadys şerhleri boýunça aýdan sözleri gyzyklydyr: "Hadys şerhleriniñ beýleki şerh görnüşleri bilen meñzeşlikleri bar. Özbaşdak ylym hökmünde ilkinji gezek şerhi-hadys ylmyny Taşköprizada (1560-njy ýylda aradan çykan) tefsir we hadys şerhi üçin biri-birine meñzeş kesgitlemeler berýär. Hadys şerhini-de öz içine alýan dyraýatul-hadys ylmy üçin berlen kesgitleme-de şuña ýakyn. Hattabynyñ (388-nji ýylda aradan çykan) "Mealimüs-Sünen" kitabynda şerhiñ ýany bilen agzaýan tefsir, izah (düşündiriş), beýan-delalat, keşf (açyş) adalgalary hadys şerhleriniñ gurşawyny we üstünde beýgelýän giñ ugry görkezýändigi üçinem gymmatlydyr (s. 24). Kitapda hadys şerhi boýunça işleriñ sa:p ynanjy goramak instinkti bilen edilendigi, täzelige ýapykdygy we intellektual hereketsizlige sebäp bolýandygy baradaky pikirler tankyt edilýär. Düşündirişiñ şeýle formasynyñ gündogarşynasçy düşündirişler bilen paralleldigi aýdylýar (s.84). Munuñ bilen birlikde birmeñzeş pikirdäkileriñ soñky döwürde orta çykan ihýa (janlanma) hereketleriniñ Gurhan we Sünnet merkezli düşünje formalary arkaly gaýtalamaga garşy içtihady öñe sürýän täzeçil pikirleriñ orta çykandygyny öñe sürendigini aýdýar (s.86). Şerh we haşiýe boýunça XIX asyrdan soñ ýüze çykan otrisatel pikirleri tankyt edýän awtor meseläni dürli görnüşde öwrenip boljakdygyny-da görkezýär. Şerhlere we haşiýelere gönükdirilen äsgermezçilikli çemeleşme soñky döwüre degişlidir. Günbatarda bolup geçýän "öñegidişlik" musulmanlary öz ylmy ýörelgeleriniñ dogrulygyna şübhe döredipdir (s. 59). Awtor Gazalynyñ işleri bilen birlikde başlan döwürde "XII asyrdan soñ yslam düşünjesiniñ togtandygy" pikirine "kör nokat" hökmünde baha berýär. Onuñ pikiriçe bu garaýyş ilki bilen Gazalyny orta alýan we filosofiýa-ylym merkezlik garaýyşdy. Soñabaka bu garaýşa beýleki ylymlaram dahylly edildi. Bu taryh şekillendirmesi uzak wagtlap bir döwri "togtama-yza galma" hökmünde gördi. Awtor şerhleriñ ýeten sepgidiniñ, gurşawynyñ we klassyky dünýäde añladýan manysynyñ üstünde pikir alyşýar we medrese-şerh gatnaşygyny agzaýar. Şerh-haşiýe döwri hökmünde at berilen uzyn döwrüñ otrisatel baha berilen ýörgünli garaýşyndan daşgaryn oña dogry düşünmäge üns berýän nukdaýnazary ösdürýär. Diñe şu aýratynlyklary bilen gözýetimiñi giñeldip bilýändigi üçinem bu kitabyñ gymmaty uludyr. __________________________ *Şerh - Yslam dünýäsinde bir eseri has giñişleýin düşündirmek maksady bilen ýazylan kitaplary añladýan özbaşdak žanr. Haşiýe - kitaplaryñ sahypasynyñ gyrasyndaky boş ýerlere ýazylan köpüsi gysga düşündirişler üçin ulanylýan söz. Ömerjan KAÇAR / @beskuvalefendi Ýekşenbe, 25.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |