19:25 Buharynyñ gullary | |
BUHARYNYÑ GULLARY
Taryhy makalalar
"...Olara ýörişe çykanda goşunyñ birinji hatarynda "Sahyh-Buharyny" götermegi buýurdy. Edil Ysraýylogullarynyñ "Äht sandygyny" göterişi ýaly". "Türk goşuny doly güýjündedi we toply-tüpeñlidi. Agşam ýakynlanda bir ýerden top bilen, bir ýerden ok atýab ýaraglar bilen hüjüme geçdiler. Şol bir wagtyñ özünde elleri otly kesindili we birýandan deprekler çalynýardy. Ertesi irden soltanyñ kän ýitgi çekmedik we duşman tarapyndan daşy gabalan nyzamly goşunyndan başga adam galmandy". Ahmet ibn Halid en-Nasiri es-Selewi. 1674-nji ýylda Osmanlynyñ düzümindäki Alžir welaýatyna garşy giren urşunda ýeñilenden soñ Marokkonyñ hökümdary Möwlaý Ysmaýylyñ (1672-1727) täze goşun düzmegine kän wagt gerek bolmady. XVIII asyrda Alawy (Filaly) hökümetiniñ golastyndaly Marokko kartasy Allen Meýersiñ aýtmagyna görä, 1764-1676-njy ýyllarda "Abidul-Buhary" ("Buharynyñ gullary" ady bilen ýörite goşun düzüldi. Aglabasy garaýagyz gullardan bolan marokkoly we haratin halkyndan gelen esgerlerem goşunyñ hataryna alyndy. Gönüden-göni soltanyñ garamagyndaky esgerler hökümdar bilen birlikde Ymam Buhary tarapyndan (hijri 256-njy, milady 870-nji ýylda aradan çykan) hadysşynas alymyñ kitabynyñ üstünde ellerini goýup kasam edýärdiler. Şeýtmek bilen olar özleriniñ diñe Hezreti Muhammediñ (s.a.w) sözlerine we soltanyñ buýruklaryna tabyndyklaryny yglan edýärdiler. Ahmet ibn Halid en-Nasiriniñ aýtmagyna görä, Möwlaý Ysmaýylyñ we onuñ gullardan düzülen goşunynyñ kasamy şular ýaly görnüşde bolup geçipdi: "Men we siz Allanyñ Resulynyñ sünneti we onuñ şerigatynyñ jemlenen şu kitabynyñ ("Sahyh-Buharynyñ" gullarydyrys. Ol nämäni buýursa, şonam ederis, ol nämäni gadagan etse, şondanam saklanarys we oña esaslanyp söweşeris". Goşun üçin çagalar toplanýardy we ýedi ýyllyk türgenleşikden geçirilýärdi. Bu türgenleşigiñ birinji üç ýyly daş döwmek, agaç ussaçylygyny etmek, gatyrçylyk öwredilenden soñ harby tälimden geçirilýärdi. Ykjam taýýarlanan goşun diñe daşardan abanan howp-hatarlara garşy däl, ýurduñ içinde çykan gozgalañlary basyp ýatyrmak üçinem ulanylýardy. Sany 1727-nji ýylda 50 müñe ýeten goşuna edilýän çykdajylaryñ ýerini dolmak üçin täze salgytlar girizilýärdi ýa-da alynýan salgytlaryñ bir bölegi goşunyñ hasabyna geçirilýärdi. Soltanyñ ýeke-täk goşuny "Abidul-Buharydan" ybarat däldi. Beýleki taýpalardanam düzülen goşunlar-da bardy. Emma "Abidul-Buhary" iñ esasy we güýçli goşundy. Düýp maksady-da soltany goramakdy. Bu tarapy bilen ýurtdaky ähli şäherlerde garnizonlary bolan ýeke-täk goşundy. Haýsydyr bir tire-taýpa baglanyşygy bolmadyk goşun diñe soltana hasabat berýärdi. Şeýle-de olaryñ goşmaça girdeji çeşmesi ýa-da ýeri bolmandygy üçin hökümdara garaşly bolup galmakdan başga alajy-da ýokdy. "Mahzen" (merkezi hökümet) gullar goşuny arkaly, aýratynam amazigh (berberi) taýpalaryndan düzülen "hareke" we munuñ netijesinde turan gozgalañlary basyp ýatyrmakda kynçylyk çekmeýärdi. Emma soltanyñ garşysyna göreşmelileri diñe gozgalañ tursan taýpalar däldi. Yslam ulamalary soltanyñ käbir syýasy ugurlaryna garşy çykýardy. Aýratynam Fes şäheriniñ kazysynyñ "Abidul-Buhara" garşy çykaran fetwasy gapma-garşylygy güýçlendiripdi. • Fes kazysynyñ fetwasy: Gullardan düzülen goşuny saklamak dürs däl 1697-nnj ýylda Fes kazysynyñ gullardan düzülen goşunyñ bikanundygy barada çykaran fetwasy iki tutaryga esaslanýardy. Birinjisi, gullaryñ nädürs ýollar bilen zorlukly ele salynyp gul edilmegi, ikinjisi bolsa, gullaryñ jihat etme ygtyýarlygynyñ ýoklugydy. Soltan kazyny şobada wezipeden boşatdy we goşunynyñ kanunydygyny öñe sürýän birgiden tutaryklar bilen özüni aklamaga beýannama taýýarlatdy. Ol kaza pikirinden dänmese, wezipesini gaýdyp bermejekdigini aýtdy. Emma kazy tutanýerlilik bilen pikirinden dänmejekdigini aýtdy we wezipesine gaýdyp barmakdan ýüz dönderdi. 1708-nji ýylda ýene garşyma-garşy gelen soltan bilen ulamalaryñ arasynda gapma-garşylyk hasam güýjedi. Soltanyñ goşunyna alynan gullary fetwa bilen tassyklamadyk alymlara dürli zorluk-sütemler edildi we zyndana salyndy. Fetwa bermändigi üçin Ibn Hamdun Jesus atly alymyñ tutuş maşgalasy tussag edildi. Özi gul kimin zynjyr urlup, bazara çykaryldy we azatlyga çykarylmak üçin bermeli tölegi tölejekdigini aýdyp ýalbarmak talap rdildi. Soñra Fesden Meknese ugradylyp, tussag edildi. Ahmet ibn Halid en-Nasiriniñ aýtmagyna görä, Ibn Hamdun soltana şeýle hat ýazypdyr: "Seniñ "Abidul-Buhara" eýelik etmegiñ kanunylygyny ret etmedim. Emme Gurhanda muny oñlajak ýola we delile gabat gelmedim. Eger tekepbirlik edip ýa-da sowukganlylyga goldanýan hökmüme ters hereket edip bu amaly tassyklan bolsam, Hudaýa, pygamberime we şerigata garşy günä iş etdigim bolardy. Alla meniñ bilen ters pikirde bolanlar hakdaky hökmüni hökman berer". Möwlaý Ysmaýylyñ döwründe güýjüniñ ýetjek derejesine ýeten goşun onuñ ölüminden soñ güýjüni ýitirdi, käbirleri bandalary döretdi we garakçylar ýüze çykdy. Goşunyñ garnizonlary taşlan bölegi şäherlere göçdi. Käbirleri obalara ýerleşdi we daýhançylyk bilen meşgullandy. Wagtal-wagtal täzeden guralmaga synanyşylan "Abidul-Buhary" ahyrynda XIX asyrda dargady. Yzda diñe soltanyñ şahsy janpenasy hökmünde az sanly abid (gul) galdy. • Nämüçin "Sahyh-Buhary" kitaby dini-syýasy häkimiýetiñ simwolyna öwrüldi? Hadys kitaby hökmünde ugry boýunça kämilligi we hadysşynas alymlaryñ oñlamagy bilen ygtybarly hasap edilen "Sahyh-Buharynyñ" eser karizmasy wagtyñ geçmegi bilen has çuñ many-mazmuna eýe boldy. Bu awtoritet hadys ylmy bilenem çäklenmändir we "Sahyh-Buhara" antologik taýdan alanda beýleki kitaplardan aýry baha berlipdir. Buharynyñ kitabynyñ daş-töwereginde emele gelen kanoniki medeniýetiñ netijesinde esere mukaddeslik röwüşi çaýylypdyr. Edil şonuñ üçinem syýasy güýji elinde saklaýanlar "Sahyh-Buharynyñ" gymmatyndan mümkingadar peýdalanmaga synanyşypdyr. Marokkony dolandyran alawy (Filaly) dinastiýasynyñ iñ esasy kanuny tutarygy neberäniñ Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) neslinden gelmegidir. Şol esasda olar hökmürowanlyk sürme hukugyny gazanypdyr we adamlaryñ muña ynanmagyny ýola goýupdyr. Şol sebäpden dinastiýa garşy synanyşyljak islendik gozgalañ Hezreti Muhammede (s.a.w) garşy synanyşyk hasaplanýardy. Emma marokko soltanlarynyñ garşysynda başga bir ullakan howp bardy: Taýpa takaty. Tire-taýpalaryñ arasyndaky agzybirlik duýgusy pygamberiñ neslindenem bolsa, soltana baglylykdan öñde görülýärdi. Bulam ýygy-ýygydan gozgalañlaryñ turmagyna sebäp bolýardy. Şeýle-de uruş gidip duranam bolsa, bähbitleri ters düşse, şobada soltany taşlap gaýdyp bilýärdiler. Şonuñ üçin ýokarda-da aýdyşym ýaly Möwlaý Ysmaýyl diñe öz tabynlygyndaky gullar goşunyny düzüpdi. Bu goşuny bir agza garatjak, olaryñ azmyny we ygrarlylygyny üpjün etjek simwol hem gerekdi. Kanunylygynyñ gözbaşyny Hezreti Muhammediñ (s.a.w) neslinden alýan dinastiýa simwol hökmünde-de gönüden-göni pygamberimiz bulen baglanyşykly, onuñ sözlerini öz içine alýan we her ady agzalanda pygamberden sebäp dinastiýasy ýatlanjak kitaby saýlap aldy. Jonatan Braun bu gatnaşyk barada şeýle diýýär: "Ritual taýdan "Sahyh-Buharynyñ" hezreti pygamberimiziñ (s.a.w) şahsyýetine wekilçilik etme ukyby hakyky manyda soltanyñ taýýarlykly goşunynyñ öñünde götermeli syýasy rityal mantygynyñ merkezinde ýer alýardy". Bu ýagdaýa kanunylygyny we häkimiýetini Muhammet pygambere (s.a.w) esaslandyrýan kitap bilen öz döwlet dolandyryş hukugyny we güýjüni kristallaşdyrmagy we simwolizirlemegi diýip bolar. • Çeşmeler: - Allen, R.Meýers. (1983). "Slave Soldiers and State Politics in Early 'Alawi Morocco, 1668 – 1727". The International Journal of African Historical Studies, 16/1, s. 39-48. - The °Abıd 'L-Buharı: Slave Soldıers and Statecraft in Morocco, 1672-1790 (Tez). - Cornell University for the Degree of Doctor of Philosophy, 1974. - Brown, Jonathan. (2007). The Canonization of al-Bukhārī and Muslim: The Formation and Function of the Sunnī Hadīth Canon, Leiden-Boston: Brill. - Harrak, Fatima. (2018) "'Abid al-Bukhari and the Development of the Makhzen System in Seventeenth-Century Morocco". - Comparative Studies of South Asia, Africa and the Middle East. 38/2, s. 280–295. - https://www.britannica.com/topic/Abid-al-Bukhari. Accessed 23 April 2022. Ömerjan KAÇAR / @beskuvalefendi Ýekşenbe, 24.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |