07:17 Kaýum agaly günler | |
KAÝUM AGALY GÜNLER
Ýatlamalar
Hakyda hakykatynyň yzyna düşüp, barha-barha uzaklaşýan şo-ol günlere — Kaýum agaly günlere dolanýan pursatlarym az bolanok. Wagt meni ol günlerden näçe daşlaşdyrdygyça, men ol günlere bolan garaýyşlarym arkaly olara barha golaýlaşýaryn. Ýagşylyk ýaranly günler bilen ýadymy durlaýaryn. Bu ýöne ýere däl. Ömrümiň resmileşdirilen ýazgylarynda galan deliller meni birgiden ýatlamalaryň gujagyna oklaýar. Onda-da içinden çykasyň gelmeýän ýatlamalara. Ýogsam kämahal agşamlygyňy edinip otyrkaň şol gün irden näme iýenligiň-de ýadyňa düşýän däldir... Zähmet depderçämdäki zähmet ýolum — işlän ýerlerim hakyndaky ýazgylar-maglumatlar 1985-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan «Körpe» žurnalyna 0,5 iş birliginde korrektor edip işe almak baradaky buýruk bilen başlanýar. Şol wagtlar bu žurnalyň baş redaktory Kaýum Taňrygulyýewdi. Men şol mahal Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň soňky ýyllarynda okap ýördüm. Kaýum aga meniň mekdep okuwçysy döwrümden bäri goşgularymyň, talyp bolanymdan soňra bolsa çagalara niýetlenip çykarylýan kitaplara synlarymyň metbugatda dowamly çykyş edip ýörenligimden habarlydygyny aýtdyda, meni işe almak baradaky haýyşymy kanagatlandyrdy. Şeýdip, öň hem goşgularym çap edilen mekdebe çenli ýaşly çagalara hem-de kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenilen «Körpe» žurnalynda işläp başladym. Ol iki dilde, terjime edilip, «Malyş» ady bilen rus dilinde- de çykýardy. Rus diline terjime edilen goşgym hem ilkinji gezek şol žurnalda çykypdy. Şondan soň meniň üçin Kaýum agaly günler başlandy. Işiň hysyrdysy az däldi. Meniň esasy aladam žurnalda harp ýalňyşlyklaryny, beýleki säwlikleri goýbermezlikdi. Işleýşime göwni ýetendir-dä: «Işlejegiň çynyň öýdýän» diýdi-de, meni 1986-njy ýylyň 2-nji ýanwaryndan doly iş birligine geçirdi. Dogrudanam, meniň üçin örän gyzykly günler başlandy. Ozalky SSSR-iň ähli respublikalarynda çykýan özümiziňkä kybap dürli žurnallar bardy. Kaýum aga şolary ýatlap, «Ählisini-de okaber, azerbaýjança, özbekçe, gazakça çykýanlaryna-ha ýuwaş-ýuwaş düşünersiň. Gazakça düşünseň, gyrgyzça-da düşünersiň. Rus dilindäkileri içgin okaberseň, belarusça bilen ukrainçäni-de aňlarsyň. Bolman-da žurnalymyz üçin peýdalanar ýaly eserleriň berliş aýratynlyklaryny öwrenersiň» diýip, maňa maslahat berýärdi. Ozal işläp ýören işgärlere-de maňa ýerli-ýerden kömek bermeklerini sargaýardy. Örän eserdeň, maňa öz ogly ýaly, dogany ýaly garaýan işgärlerimiz bar- dy: jogapkär kätibimiz, ýumry-ýumşak, hiç kimiň göwnüne degesi gelmeýän Akmämmet Hümmedowdy. Ýazyjylar Berdimuhammet Gulow, Atamyrat Çopanow bilen bir otagda oturýardym. Berdimuhammet aganyň dili çeperdi, ýitidi. Atamyrat aga terjimä ökdedi. Goşgularymyň rus diline sözme-söz terjimesini edip berýärdi. Baýramgül Ylýasowa-da elinden gelen kömegini gaýgyrmaýardy. Wiktor Neçaýew žurnalyň rusçasyny taýýarlaýardy. Rus dilinde ilkinji gezek çykan üç sany goşgymyň terjimeçisi şol boldy. Soň onuň ýerine Liliýa Denisowa işe geldi. Žurnalyň rusçasyny özümiziňki ýaly, beýleki respublikalarda çykýan žurnallaryň redaksiýalary-da alýardylar. Şeýdip, käbir goşgularym beýleki halklaryň dillerine-de terjime edilip çykaryldy. 1985-nji ýylyň dekabr aýynda Ýaşlar we ýetginjekler edebiýatynyň ýaş tankytçylarynyň II Bütinsoýuz okuw-maslahatyna gatnaşyp, on bäş gün Moskwada bolduk. Şol mahalky Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň howandarlygynda rus dilinde çykan «Aşhabad» žurnalynyň baş redaktory Wladimir Pu, şol mahalky «Türkmenistanyň kommunisti» žurnalynyň işgäri, soň belli ýazyjy bolup ýetişen Osman Ödäýew dagy bilen Türkmenistandan ol okuw-maslahatyna iberildik. Olar bilen ilkinji gezek şonda tanyş bolupdym. Wladimir Pu «Ýylan» atly bir goşgymyň Wladimir Mihanowskiniň terjimesinde «Wesýolaýa kartinka» atly bütinsoýuz žurnalda çykmagyna höwes bilen meýletin kömek edipdi. Şeýdip, Kaýum agaly günler çygryny has giňeldip ugrapdy. Bir gün bolsa Kaýum aga meni ýanyna çagyryp: «Seniň eliň işlejek, çagalar üçin ýazýan goşgularyňa guwanýan. Synlaryňy-da okaýan. Indi öňüňde has ezberleşmeli döwürleriň dur. Gazet işi eliňi çalt işletmegi öwreder. Çynyňy edip işleseň, çalt tanalmagyňa peýdasy deger. Bu-da döredijilik işgäri üçin iň gowy goraglaryň biridir. Ulular üçin ýazýan goşgularyňy-da dowam ediber. Meniňki-hä maslahat. Eger özüň isleseň ýaşlar gazetiniň ýolbaşçysy bilen gürleşip göreýin» diýdi. Halypanyň maslahaty bilen 1987-nji ýylyň 23-nji fewralyndan şol wagtky «Ýaş kommunist» gazetine habarçy bolup işe geçdim. Kaýum agaly günler bilen bagly ýatlanylmaly wakalar kän. Şolardan birini ýatlap geçmesem öz göwnüme-de jaý boljak däl. Işde boş wagtymda täze çykan kitaplary okaýardym, goşgy ýazýardym. Edaranyň işleri däl-de, başga işler bilen meşgullanýandygymy bildirmejek bolýardym. Barybir, tutulýan wagtym az bolmaýardy. Bir gün bolsa, olary gizlejek bolýanymy bilen Kaýum aga ýylgyrdy-da: — Zyýany ýok, barybir, bilýärin. Ýöne her gezek öz ýaşlygym ýadyma düşýär. Neşirýatda işlän döwrüm her gezek «tutulanymda», başlygymyz käýeýärdi. Men saňa käýämok ahyry, sylaýanyň özi nämä degmeýär. Onsoň hem şahyr-ýazyjylaryň, redaksiýalaryň iň soňky maksady bir ahyryn! Gowy eserler bilen okyjylary begendirmek — diýdi. Žurnaldan gazete işe geçsem-de, Kaýum agaly günler dowam etdi. Žurnal goşgularymy dowamly çap etdi durdy. Käbir goşgulary terjime edip bermegimi ýörite haýyş etdiler. Men «Kaýum agaly günler» diýýärin. Aslynda, indi-indi pikir edip görsem Kaýum Taňrygulyýew bilen «tanyşlygym» ýatlaýan wakalarymdan has ir başlanan ekeni. Esenguly etrabynyň Garadepe obasyndaky (häzirki şäherçe) 10-njy orta mekdebiň okuwçysy döwrümde onuň oba kitaphanasyndaky, mekdep kitaphanasyndaky kitaplarynyň hemmesini alyp okapdym. Kaýum Taňrygulyýewiň 1956-njy ýylda neşir edilen ilkinji «Altyn aşyk» atly kitabyndan başlap, «Şadyýan çagalar», «Pilmahmyt», «Bir hekiň başdan geçirenleri», «Synag edýär alym bilbil», «Aýhan bilen Baýhan» ýaly birnäçe goşgular, poemalar, ertekiler kitaplaryny-da, «Çagalar üçin aýdymlar» (sazy Weli Muhadowyňky) kitabyny-da höwes bilen okap çykypdym. Goşgularyny ýat tutupdym. Geçen asyryň ýetmişinji, segseninji ýyllarynda ýokary synplarda okaýarkam, talypkam bolsa ýazyjynyň powestleridir hekaýalary hemram bolupdy. Olaryň aglabasynyň ýaşlar üçin niýetlenilendigi üçin bolmagy-da ahmal. Olar «Goşa derek», «Çopan synçylygy», «Altyn okara», «Garaköwli batyr», «Ýartygulak», «Jaňly owlak», «Gyzyl gar» atlary bilen özbaşdak kitaplar görnüşinde neşir edilipdi. Soňra «Saýlanan eserleri» hem çykypdy. Şol döwürlerde «Ýürege ýakyn ýollar» ady bilen publisistik eserleri-de özbaşdak kitap bolup, okyjylara gowşupdy. Kaýum agaly günlerim ondaky ýazgylar arkaly dürli ýaşdaky okyjylaryň ýürek ýodalary arkaly dowam edipdi, ýazyjynyň baryp gören ýurtlary, olardan galan täsirler bilen utgaşypdy. Dünýä ýurtlarynyň ençemesine gaýybana syýahat edipdim. Dogrusyny aýtsam, Kaýum agaly günler şu günler hem dowam edýär. Ol günler bilen Kaýum Taňrygulyýewiň doglan döwrüne — 1930-njy ýyla, doglan ýerine — Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasyna gidýärin. Hakyda hakykatym arkaly 11 ýaşyndaka Beýik Watançylyk urşy başlanan, 4-nji synpy tamamlanda oba poçtalýony bolup işlän geljekki tanymal kişä hemra bolýaryn. Her gün okuwdan soňra, käte eşekli, käte dirzin-welosipedli etrap merkezindäki aragatnaşyk bölüminden oba adamlaryna gazet-žurnallary, hatlaryny getirişýärin. Ýaşajyk poçtalýona frontdan gelýän şatlykly habarlary-da, ajy habarlary-da obadaşlaryna gowşuryşýaryn. Mähribanlaryny urşa ugradyp, olaryň ýeňiş bilen dolanyp gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýaşulularyň, garry eneleriň, gelin-gyzlaryň, çagalaryň başdan geçirýän ýürek gopduryjy ahwalatlary aňymda ýazyjynyň sözleri bilen bialaç aýlaýaryn. Geljekki ýazyja, şahyra uly täsir eden ol wakalary öz başymdan geçirene dönýärin. Uruşdan soňra Kaýum Taňrygulyýewiň Kerkiniň şol wagtky mugallymçylyk mekdebinde okan döwrüni göz öňüme getirýärin. Onuň «Joralar» atly ilkinji goşgusynyň 1948-nji ýylda etrap gaztinde, «Lager» goşgusynyň bolsa «Mydam taýýar» gazetinde çap edilendäki begençlerine goşulasym gelýär. Kaýum agaly günler meni 1950-nji ýyla alyp gidýär. Şol ýyl ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde okap başlaýar. Edebi döredijilige çynlakaý ýapyşýar. Şol döwürde bu ýerde türkmen edebiýatynyň öňünde ägirt uly işleri bitiren Öde Abdyllaýew, Ýagmyr Pirgulyýew, Anna Paýtykow, Nury Baýramow, Allaberdi Haýydow, Naryman Jumaýew, Täşli Gurbanow, Abdylla Myradow, Hanguly Taňryberdiýew, Halyl Kulyýew dagy okaýardy. Bu zehinler Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Ata Gowşudow, Gara Seýitliýew, Ata Salyh ýaly halypa- şägirtlik gatnaşyklaryny alyp baranlaryň geçirýän edebi agşamlaryna, döredijilik duşuşyklaryna gatnaşypdyrlar. Edebi döredijilikde kämilleşipdirler. Kaýum aga-da edil özüm ýaly, uniwersitetiň soňky ýyllygynda okap ýörkä neşirýatda işläp başlaýar. Ol, şeýlelikde, neşirýatda ilki redaktor, soňra çagalar hem-de ýetginjekler edebiýaty bölüminiň müdiri bolup işleýär. Kaýum Taňrygulyýew dürli ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýa- synyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda (häzir TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty) ylmy işgär, Türkmenistanyň şol wagtky Magaryf ministrliginde inspektor, Pedagogik ylmy-barlag institutynda bölüm müdiri bolup işleýär. Ozal ýörite ýatlap geçişim ýaly, soňra ol «Körpe» — «Malyş» çagalar žurnalynyň baş redaktory wezipesinde işledi. Onuň eserleri arkaly Kaýum agaly günlere dolanmagy başarsaňyz özüňiz hem göz ýetirersiňiz. Ol häzirki zaman türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşine uly goşant goşan, onuň dünýä çagalar edebiýatyna çykmagynda, orun almagynda taýsyz hyzmat bitiren ýazyjylaryň biridir. Onuň döredijiligi köptaraplaýyndyr. Çagalar edebiýatynyň ähli ugurlary boýunça işländigini aýratyn nygtap geçmegimiz gerek. Şahyr hökmünde ol diňe çagalar üçin goşgulary ýazmak bilen ýa-da çagalardyr ýetginjekler üçin hekaýalardyr powestler ýazmak bilen çäklenmeýär. Eýsem-de bolsa, çagalar edebiýatyny öwreniş ylmynyň meseleleri bilen-de içgin gyzyklanýar. Talyplyk ýyllaryndan başlap, bu ugurdan ylmy maslahatlara gatnaşýar. Soňra çagalara niýetlenilip ýazylan eserler dogrusynda makalalary bilen gazet-žurnallarda dowamly çykyş edip durýar. Çeper döredijiligini ylmy-barlag işleri bilen utgaşdyryp alyp barýar. Kaýum aganyň «Uruşdan soňky döwürdäki türkmen sowet çagalar edebiýaty», «Türkmen çagalar edebiýaty we halk döredijiligi», «Çagalar bagynda terbiýeçilik işleri» ýaly saldamly ylmy işleri, ýagny monografiýalary, «Türkmen çagalar edebiýaty» okuw gollanmasy neşir edilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda çagalar edebiýatynyň ösüşiniň meseleleriniň üstünde ymykly işleýär. Bu ugurdan alymlyk derejesini goraýar. Halypa hökmünde çagalar edebiýatynyň dürli ugurlary-çeperçiligi, many- mazmuny, dil aýratynlyklary barada ga- zet-žurnallarda yzygiderli çykyş etmegi yzyndan gelýän çagalar şahyrlaryna-da güýçli täsir etdi. Türkmen edebiýatynda çaga dünýäsini teswirleýän täze röwüş- öwüşginli şygyrlardyr kyssa, ertekidir rowaýat, mataldyr ýaňyltmaç şekilli dürli žanrlarda ýazylan çeper eserler ýüze çykdy. Çagalar edebiýaty täze bir milli belentlige göterildi. Ömrümiň otuz ýyldan gowrak döwrüni metbugata hem-de döredijilige bagyşlanlygym üçin men belet, Kaýum aga makalalarynda çeper eserler döredilen mahaly çagalaryň ýaş aýratynlyklarynyň nazarda tutulmagyny nygtaýar. Çeper eserlerde çagalar hakynda gürrüň edilmän, eýsem-de bolsa, olaryň janly keşbini döretmegiň, haýsy ýaşdaky çaga nähili meseläni, nähili wakany suratlandyrmagyň, olar bilen nähili söhbet gurmagyň möhümdigini öňe sürýärdi. Şunuň bilen baglanyşykly, Kaýum agaly günlerden onuň körpeler bilen duşuşyklarynda goşgy okap duran pursatlary göz öňüme gelýär: Söz tapyşmak Atyma berdim, Tep-terje..., Üzeňňä basyp. Mündüm men... Atym ýörgalap, Soň çapdym... Kaýum aganyň bu setirleri okaýan, köpnokatly ýerlerde säginende, duşuşyga gatnaşýan çagajyklaryň hor bolup: «oty!», «aty!», «gaty!» diýip, şatlykly gygyryşýan sesleri gulagymdan gidenok. Kaýum aga ýene okar: Badam Dos-doly, anha Bakyň, badama. Badammyz ýeter Köp-köp ... Çagalar gygyrýarlar: «adama!»... Çagalar edebiýatynyň nazary meselelerini, çagalar üçin döredilen eserleriň üstünlikli hem-de bärden gaýdýan taraplaryny öwrenmegiň özüniň döredijiligine, ýagny onda kämilleşmegine uçursyz täsir edendigini özara gürrüňlerimizde-de az agzamandy. Halypanyň dürli ýaşdaky çagalara niýetlenilen eserlerinde ata Watanymyza, ata-enä, hünär-käre söýgi, dört paslyň aýratynlyklary, owlak-guza, guş-gumursa aýawly çemeleşmek ýaly asylly pikirleriň, öwüt-ündewleriň, çaganyň duýgy-düşünjesine laýyklanyp, ussatlyk bilen beýan edilýändigi-de hut şonuň üçin bolsa gerek. Bu gün Kaýum Taňrygulyýewiň alym hem döredijilik işgäri hökmünde halk döredijilik eserlerindäki çagalar üçin täsirli bolýan dürli tärleri, ýakymly henegi, edep-ekram öwrediji häsiýetleri ir duýandygyna göz ýetirýärsiň. Döredijilikli, ussatlyk bilen peýdalanandygyna düşünýärsiň. Şeýle özleşdirmäniň netijesinde owal atlary tutulan «Bir hekiň başdan geçirenleri», «Pilmahmyt» ýaly eserlerinden başga-da, «Tagma», «Nan bilen Han» beýleki şygyrlar bilen ýazlan täze ertekileriň, matallaryň, sanawaçlaryň, ýaňyltmaçlaryň ençemesini çagalara hödürledi. Halkymyzyň ertekileriniň äheňinde «Kiçijik şyrdak hakynda», «Ýartygulagyň başdan geçirenleri» atly erteki-powestler çagalaryň islegini, höwesini, bilesigelijiligini artdyrýan, olar üçin wajyp bolan meseleleriň çözgüdini her taraplaýyn häsiýetleri açyp görkezýän eserler bolup, diňe bir halypanyň öz eserlerine däl, tutuş türkmen çagalar edebiýatyna-da täzelik getirdi. Şahyr haýsy temadan eser döretse- de, ata Watany, zähmeti söýmäge, ata- enä, özünden ululara hormat goýmaga, köp okamaga, öwrenmäge çagyrýan terbiýeçilik ähmiýetli many-mazmuna eýedir. Goşgularynyň öwredijilik hem- de terbiýeçilik häsiýetli bolmagy üçin, aýdylyşy ýaly, dürli döredijilik usullaryndan peýdalanýar. Käte haýwanlardyr ösümliklere, käte bolsa dil bilimine dahylly aňlatmalardyr düşünjeleri, adalgalary goşgy diline geçirýär. Mysal üçin, «Garşydaş sözler» goşgusynda Rehmet Seýitçeläp, antonim — garşylykly many berýän sözleri getirýär: Dagyň goçy, Uly-kiçi Şahy daşdan gatydyr. Ajy-süýji Sözüň güýji Gylyçdan-da ýitidir. Beýleki bir «Manydaş sözler» atly goşgusynda bolsa, sinonimleri, ýagny birmeňzeş many aňladýan, ýazylyşydyr aýdylyşy başga sözleri görkezýär: Ýagyş-ýagmyr diňdi ýagyp, Topbak-topbak bulutlary Ýuwaş-ýuwaş boldy sagyp. Şady-horram däl-daragtlar Durlar hoşal başyn egip. Kaýum aganyň ýegre dostlarynyň biri, belli rus ýazyjysy Sergeý Baruzdin öz döwründe «Литературная газета» gazetinde çap edilen makalalarynyň birinde şeýle diýip ýazypdy: «Biz Kaýum Taňrygulyýewiň haýsy bir goşgusyny okasak-da, isle badam ýa-da käşir barada bolsun, hala-da erik ýa-da garpyz barada bolsun, üzüm ýa-da gawun dogrusynda bolsun tapa- wudy ýok, olaryň ählisi täsir ediji, tüýs şahyrçylyk duýgusyna ýugrulypdyr. Şonuň üçin-de ýaş okyjyda halk üçin eşret döretmek ugrunda edilýän asylly işe özüniň-de goşant goşmaga islegi artar. Gowusy, biz «Hyýar» goşgusyndan başlaýalyň! Gök ekini men söýýärin, Düýplerine suw guýýaryn. Bakyň, ynha, hyýara-da, Dolup ýatyr biýara-da. Ullakan däl, ýaraýar ol Şol durşuna iýäre-de. Süýji bolýar kesip iýseň, Duza, çala basyp iýseň. Şahyryň «Erik» hem beýleki goşgularynda-da gök önümleriň, miweleriň, bag-bakja hasyllarynyň ynsan üçin peýdalary zähmetiň waspyny ýetirmek bilen utgaşdyrylýar: Eriklerimiz bişip otyr, Obama görk goşup otyr. Peýwendidir hamyrerik, Alýaňakdyr sary erik Ýere patlap düşüp otyr. Süýji bolýar kakyp iýseň, Bol hasyla bakyp iýseň! Has-da süýji bolýar, özüň Oturdyp ýa ekip iýseň!» Şahyr bu topluma girýän goşgularyny 1956—1960-njy ýyllarda ýazýar. Metbugatda çap etdirýär. Ata Watanymyzda bitýän hyýar, gawun, garpyz, käşir, badam, üzüm, nar, şetdaly, noýba, alça ýaly ir-iýmişler, naz-nygmatlar hakynda söz açýan bu goşgularda zähmet çekip ýetiş- dirilen önümleriň höziriniň üýtgeşikligi, tagamly-lezzetli bolýandygy nygtalýar. Olaryň gadyr-gymmatyny bilmäge, zähmeti söýmäge çagyrylýar. «Hyýar» goşgusy bilen başlanýan bu toplum «Igde» goşgusy bilen jemlenýär: Howlymyz igdeden doly, Ýapragy çal tüsse ýaly. Jaýrylýar çym-gyzyl igde, Bişse edil pisse ýaly. Igde oturtmagy söýýäs, Miwesini halap iýýäs. Süýji bolýar ekip iýseň, Maňlaý deriň döküp iýseň! Altmyş ýyl mundan ozal ýazylyp tamamlanan bu topluma girýän goş- gular şondan bäri ähmiýetini ýitirmän gelýär. Toplumyň ady bolsa, atalar sözi ýaly ýaňlanýar: Süýji bolýar ekip iýseň, Maňlaý deriň döküp iýseň! Toplumyň goşgularynyň şol döwürden bäri orta mekdepleriň aýry-aýry okuw kitaplarynda, gollanmalarynda peýdalanyp gelýänliginiň, öwrenilýänliginiň sebäpleri dogrusynda oýlanmagy bolsa okyjylaryň özlerine goýýarys. Kaýum agaly günler barada gelýänler diňe bular bilen çäklenmeýär. Eserleri rus, özbek, azerbaýjan, gyrgyz, gazak, eston, latyş, ukrain, moldowan, täjik, belarus, ermeni, gruzin, litwa, urdu, dari, mongol, nemes, hindi, ispan, iňlis, serb-horwat, slowak, wenger, çeh, arap hem-de başga-da beýleki birnäçe dillere terjime edilen Kaýum Taňrygulyýewiň özi-de dünýä halklarynyň çagalar edebiýatlarynyň wekilleriniň ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime etdi: Şota Rustaweliniň «Gaplaň derisine giren pälwan», Pawel Ýerşowyň «Küýki taýçanak» kitaplary, Sergeý Mihalkowyň, Agniýa Bartonyň, Ýan Raýnisiň, Janni Rodariniň, Ýakow Akimiň, Asen Bosewiň başga-da birnäçe şahyrlaryň goşgulary bulara mysaldyr. Olaryň agramly bölegi «Hezil hiňňildik» ady bilen göwrümli bir kitaba jemlenilip, neşir edildi... Garaşsyz döwletlilik eýýamyna ýetmegimiz bilen, halypanyň täze-täze döwrebap eserleri metbugat sahypalarynda yzygiderli çap edildi. «Ýaşyl Tuguň ýalkymy», «Alçy gopdy altyn aşyk, bir altyn asyra aşdyk», «Jadyly däne», «Ömür diwanyndan», «Okuwçy kalendary» ýaly kitaplary neşir edildi. Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty, edep-ekrama tagzym, ýagty geljege umyt, okuwdyr zähmete yhlas, geçmişe nazar aýlamak, türkmeniň gadymy däplerine dolanmak, halysyna, bedewine, gözel tebigatyna söýgi ýaly meseleler şahyryň şol kitaplarynyň içinden eriş- argaç bolup geçýär. Tutuş ýarym asyrdan-da köp wagtlap türkmen çagalar edebiýatynyň gullugynda duran, aýdylyşy ýaly, onuň «ody bilen girip, küli bilen çykan» Kaýum agamyz ululara niýetläp hem goşgulardyr kyssa eserlerini döretdi. Onuň «Altyn okara» atly göwrümli eseri, «Gaýly Garaja» romany, «Galamdaş ägirtler-şägirtler» atly ýatlamalary uly ýaşlylara niýetlenen eserlerdir. Oňa beletligim, hormatly dynç alyşda mahaly hem mahal-mahal hal-ahwalyny sorap gaýdanlygym üçin aýdýaryn: ol omrüniň ahyryna çenli edebiýaty syrdaş edindi. Höwri kitaplar boldy. Gürrüňini-de aýlap-dolap edebiýata elterdi. Baranyňa monça bolardy. Häzir bolsa Kaýum agaly günler ýagşy ýatlamalarda dowam edip dur... Seýitmämmet HYDYROW, Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesindäki 10-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy, şahyr #"Garagum" žurnalynyň N° 12-2020 sanyndan alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |