09:44 "Patyşany paş etdi..." | |
"PATYŞANY PAŞ ETDI..."
Goşgular
Belorus şahyry F.K.Bekuşewiçi rewolýusion äheñli goşgular ýazanlygy üçin aradan çykandan soñ öldürjek bolup gözleýärler. Patyşany paş etdi, Paş etdi şahyr Görüp zulumlary göreji bilen. Ýetirdi maksada aýgydy ahyr, Çykdy ol halkynyñ göreşi bilen. Atyşýar, Göreşýär uly şäherleñ. Syryp uly köçelerni. Öwrümin. Gadamyna goşulyşyp gaharlañ, Garşy çykdy ezýetine döwrüniñ. Köp gözlediler. Tutjak boldular - Asjak boldular. Atjak boldular. Ýöne hiç ýerden Tapmady olar. Ýogsam şahyr ýaşap ýördi atyşyp, Öwrülip köplüge göznüñ alnynda. ...Çünki, ötüp giden şahyryñ şygry, Bardy dostuñ, Hem duşmanyñ añynda... Seýitmämmet HYDYROW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |