12:50 Senaly sözi syrdaşy saýýan şahyr | |
SENALY SÖZI SYRDAŞY SAÝÝAN ŞAHYR
Edebi makalalar
Bellikler depderçelerimiň birinde «Iberilmeli hatlara goşulmaly iberilmedik hat» atly ýazgylarym bar ekeni. Ýekesireýän wagtlarym gözden geçirýän depderlerimiň birindäki bu ýazgylarda şeýle jümleler hem bar: «Garagum» žurnalynyň 2017-nji ýylyň fewral aýyndaky sanynda Hangylyç Tagangylyjowyň «Halkyň hazynasyndan» atly ýazgylary berlipdir. Ondaky «Dili senaly» atlandyrylan ýazgy maňa başga bir wakalary, adamlary ýatlatdy. Onda şeýle diýilýär: «Ylymdan ýüki ýetik takwa dostum Nazmuhammet aga (Ýatan ýeri ýagty bolsun!) «Senaly» sözüne şeýle düşündiriş beripdi: «Senaly kişi özüni bilip, agzyna erbet sözi almadyk, paýyş sözi diýmedik, pikirinde erbet niýeti bolmadyk adamlardyr. Olar terbiýeli, takwa maşgalalarda kemala gelýärler. Olara ene-atalary hiç wagt nämährem sözleri eşitdirmeýärler. Şonuň üçin olaryň aňynda, gepleşik dil gorunda diňe ýagşy, alkyşly sözler bolýar. Şu esasda hem «Çaga dili — pal» atalar sözi döräpdir. «Dili senaly» diýen aýtgynyň ideýasynda hem şol paýhasyň dowamaty bardyr» diýip, aýdan sözleri häzirki güne çenli hakydamda dur». «Dili senaly» baradaky ýazgylar maňa rubagyçy şahyr hökmünde taýýarlykly orta çykan Didarberdi Allaberdiýewi ýatlatdy. Onuň edebi tahallusy, ýagny lakamy — Senaly. Özüni heniz göremok. Telefonda welin iki-üç sapar gürleşdim. Haraýlar barada «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap edilen makalalarymy okap, gowy görendigini aýdyp, özi jaň etdi. Saglyk-amanlykdan soňra ähli gürrüňimiz edebiýatyň çygrynda boldy. Didarberdiniň iberen kitabynyň ady «Sözlär senaly dilim». Ol gaýtalap-gaýtalap okaýan kitaplarymyň birine öwrüldi. Käbir bagşylaryň gaýtalap-gaýtalap diňlenilişi ýaly... Kitabyny hezil edip okadym ýördüm. Derýaguly Hanowyň onuň goşgularyna aýdan aýdymlaryny-da diňleme kemini goýmadym. Onsoň mende ol barada häzire çenli diňe gowy pikirler bar. Aşgabatda ýaşaýan, obada bile okan synpdaşy Şükür aganyň ol barada gürrüň çykanda aýdan bir sözi welin ýadymda: «Magtymgulynyň goşgularynyň tas hemmesini diýen ýaly ýatdan bilýändir. Beýleki şahyrlar barada-ha aýdyp hem oturmaýyn. Onça goşgyny ýatdan bilýäniň goşgy ýazyp bilmezligini göz öňüne getirip bilemok». Şükür aga Aşgabatda şol wagtky Türkmen politehniki institutyny tamamlan. Häsiýeti boýunça juda ýumşak adam. Adamy ynjytjaga meňzänok. Didarberdi aganyň-da şeýle adamlaryň hilindendigine ynanasym gelýär. Onuň döredijiligi barada bir makala ýazmak arzuwymy ýüregimde garratmasam bolýar». Bulary men depderime 2017-nji ýylyň 22-nji martynda ýazypdyryn. Ondan soňra-da mahal-mahal onuň bilen telefonda gürleşdim. Dogrusyny aýtsam, ol heniz özüni görmedik ýakyn tanşyma öwrüldi. Gazet-žurnallardaky her bir çykyşyna guwandym ýördüm. Men onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe metbugatdaky çykyşlaryny okaýardym. Ony hut şu döwürde ýüze çykan şahyrdyr öýdýärdim. Asyl, görüp otursam ol metbugatda öňden çykyş edip başlan ekeni. Şeýledigini haçan-da «Arkadaga alkyşnama» atly kitabyny žurnalist inim Nurmämmetden iberenden soň bilip galdym. Ondaky maglumatlarda bellenilişine görä, 1957-nji ýylda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasynda doglan, 1975-nji ýylda şol obadaky 2-nji orta mekdebi tamamlan, 1980-nji ýylda şol wagtky Türkmen oba hojalyk institutynyň mehanizasiýa bölümini inžener-mehanik hünäri boýunça, 1994-nji ýylda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş bölümini hukukçy-ýurist hünäri boýunça tapawutlanan diplomlar bilen tamamlan Didarberdi Allaberdiýew talyp döwürlerinden bäri döredijilik bilen yzygiderli meşgullanyp gelipdir. Ilkinji goşgulary geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrlarynda «Zähmet baýdagy» (häzirki «Balkan») welaýat, «Zähmetkeşler sesi» etrabara, gazak dilinde çap edilen «Jumuşçy» ýaly öz döwrüniň gazetlerinde çykyp başlapdyr. Owal ýatlaýşym ýaly, men olardan bihabar, ol mahallar mekdep okuwçysydym. «Arkadaga alkyşnama» kitabynyň bu döwre ýörite bagyşlanmagyny-da häzirki döwre, Gahryman Arkadagymyza egsilmez hoşallygyndandyr. Onuň bu döwürde metbugatda önjeýli çykyş edip, bada-bat özüni ykrar etdirmeginiň bir hikmeti bolaýmaly. Ol şu döwürde ömrüni döredijilik, edebiýat bilen baglan atly-abraýly şahyrlar bilen egin deňlemegi başardy. Okyjylaryň söýgüsini gazandy. Dogrusyny aýtsam, arzuwymy göwnümde garratmajak bolup ýazyp başlan bu ýazgylarymy men belliklerimdäki ýazgylardan başlaman, döwrümiziň meşhur döredijilik halypalarynyň bu galamdaşlarynyň sözleri bilen-de başlap bilerdim. Mysal üçin, filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ussat mugallymy Muhammetguly Amansähedow «Garagum» žurnalynyň 2020-nji ýylyň 1-nji sanynda ol barada şeýle belleýär: «Didarberdi Allaberdiýew bilen ajaýyplyklaryň mesgeni Awazada tanyşdyk. Mundan öň hem Didarberdiniň goşgularyny, aýratyn-da rubagylaryny uly höwes bilen okaýardym. Gowulary görüp, guwanyp bilýän dostum Osman Ödäniň berýän bahasy boýunça-da mende Didarberdi barada gowy garaýyşlar bardy. Ýöne onuň bilen Awazadaky şahsy tanyşlyk uly açyş boldy. Didarberdiniň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny tutuş ýatdan bilýändigi, diňe bir bilmek däl, sygyrlaryny örän çuňňur yzarlaýandygy, beýik şahyryň şygyrlarynyň arapçasyny, parsçasyny, rusçasyny deňeşdirişi meni haýran etdi. Didarberdiniň dil we edebiýat ugrundan ýörite bilimi ýok. Onuň işlän käri hem çeper döredijilik bilen galtaşykly däl. Zehini Biribar eçilse kär-hünäriň tapawudy bolmaz ekeni. Didarberdiniň aýdym-saz sungaty baradaky örän çuňňur makalalary ýörite saz öwrenijiler üçin-de peýdadyr diýip pikir edýärin. Zehini ezelden Didarberdi Allaberdiýewiň «Senaly» tahallusy bar. Bu jüpüne düşen tahallus». Ýa-da bolmasa Didarberdi Allaberdiýewiň döredijiligini lükgeligi bilen orta çykaran «Sözlär senaly dilim» (Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Aşgabat, 2015 ý.) atly kitabyna ýazyjy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Osman Ödäýewiň sözbaşy hökmünde ýazan «Durmuşyň şahyrana beýany» atly makalasyndan aşakdaky sözleri Muhammetguly Amansähedowyň sözleriniň üstüne-de goşup bilerdim: «Onuň dünýä edebiýatyny erjellik bilen özleşdirendigi, Gündogar edebiýatyny içgin öwrenendigi, galyberse-de, yslam edebiýatyny, keramatly kitaplary has-da yhlas bilen okandygy onuň beýan edýän temalarynda, getirýän delilleridir mysallarynda mese-mälim görnüp dur». Olar şahyry tanaýan adam hökmünde döredijiligi bilen baglap göwün göteriji pikirleri aýdypdyrlar. Didarberdi Allaberdiýew döredijilige ir başlan hem bolsa, sözüň hakyky, doly manysynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň orta çykaran şahyry boldy. Bada-bat hem ykrar edildi. Şahyryň ata Watan, Arkadag Prezidentimiz, dost-doganlyk, beýleki dürli temalardaky goşgulary döwürleýin neşirlerde häli-şindi okyjylara ýetirilip dur. Şeýle hem onuň goşgularydyr rubagylary «Sözüm saňa Pyragy», «Aşgabat aşyklaryň şäheri» atly köpçülikleýin ýygyndylara-kitaplara girizildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisidir. Şonuň ýaly-da ol milli mirasymyzy, Garaşsyzlygymyzy wasp etmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy. Şunuň ýaly ähli taraplaýyn şeýle ykrar edilmäniň aňyrsynda şo-ol döredijilige başlan geçen asyryň ýetmişinji ýyllar bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aralygyndaky «ses çykarman» gezmegiň arasyndaky ömür ýolunyň durmuş hakykatlarynyň beren ruhy tejribeleriniň ýatandygyna ynanýaryn. Metbugatda goşgulary görünmese-de, dek ýatandyr öýdemok. Gaýtam, goşgy bilen has ikiçäkleşendir hasaplaýaryn. Ony «Syr saklaýan mähekdaş» hökmünde höwür edinendir diýen pikirde. Elbetde, men muny özünden sorap göremok. Soraryn hem öýdemok. Sebäbi ol nähili jogap berse-de, men barybir öz pikirimde galaryn. Muny jogaby goşgularyndan tapýanlygym üçin aýdýaryn. Gürrüňi edilýän mesele bilen baglylykda, edebiýaty öwreniş ylmynda ýörgünli ulanylýan bir düşünje bar: «Durmuş hakykaty we çeper hakykat». Ol esasan kyssawy eserler babatda ulanylýar. Eger-de ony şygryýeti öwreniş bilen bagly ulanylmaly bolsa, özüm-ä ony «Durmuş hakykaty we ruhy hakykat» atlandyrardym. Başgaça aýtsam, durmuş hakykaty — resmi terjimehaly, edebi hakykat ruhy terjimehaly göz öňüme getirýär. Diýjek bolýanym, goşgy ruhy ahwalyňy, şeýle diýip aýtmak bolýan bolsa, edebiýat diline terjime etmek. Men ruhy terjimehalynyň edebiýat diline terjime edilenligi üçin Didarberdi Allaberdiýewiň «Sözlär senaly dilim» kitaby bilen höwrügip gitdim. Gowy tarapy, edebiýatyň diline terjimä her kimiň özüçe, öz derejesine görä düşünýänliginde. Bu dile «düşünemok» diýýän welin ýok... Onuň metbugat sahypalaryndaky çykyşlaryny-da gözüm kaklyşdygy okamak bilen boldum. Goşgularyna belliklerim-de ummadan çykyp gitdi. Tertipleşdirip, bir uslyba düzäýmek galdy. Alman gara şaýa dünýäniň malyn, Säherde sypalap bedewiň ýalyn, Ýowuz düýş görseň-de, düz tutup päliň Ertir ýagşylyga ýoran türkmenim. («Sözlär senaly dilim», 11-nji sah.) Perizatdyr gyz-gelini, Bibiler dişlär ýeňini, Aşyk Çaňlynyň heňini Çalar bolsaň Balkana gel. («Sözlär senaly dilim», 13-nji sah.) Taryplasam Diýary dillerimde dessandyr, Garaşsyz döwletimde bar müşgilim asandyr, Getirýäni Gerçegiň ýurda şöhratdyr-şandyr, Il bähbidin aramak adalatdan nyşandyr, Şa köşgünde berilýän Permana nazar eýle. («Sözlär senaly dilim», 17-nji sah.) Nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleriniň edebi mekdeplerini şahadatnamasyz, Magtymgulynyň uniwersitetini diplomsyz özleşdirme kemini goýmadyk Didarberdi Allaberdiýew Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täzeden örän giň mümkinçilikler döreden pederlerimiziň halypa-şägirtlik ýoluna mynasyp dowam berýär: Zemine guşak çekýän, Hindä, Hytaýa çykýan, Nebit-gaz bolup akýan Sillere bak, sillere! («Sözlär senaly dilim», 18-nji sah.) Şahyr öňden gelýän edebi däpleri dürli tilsim-tärler arkaly döwrebaplaşdyrýar. Döwürleriň çeperçilik serişdelerini sazlaşdyrýar, utgaşdyrýar. Bu bolsa edebi-ruhy sintezi emele getirýär. Şahyra täzelikleri getirýär. Özboluşly açyşlar edýär: Gol uzadyp Çyn-Maçynyň iline, Düşdi bu gün Gadym Ýüpek ýoluna, Gören haýran Garagumda kölüne, Jennete bäs eýlär çöli türkmeniň. (Şol ýerde, 20-nji sah.) Şahyr görşümiz ýaly, şeýdip, döwrüniň edebiýatyna nezireçilik däbini goşýar. Munuň sebäpleri bolsa, şeýle ruhy ahwalatlar arkaly delillendirilýär. Gözli kördür geçmişini bilmedik, Ýol ýitirer peder pendin almadyk, Bäş müň ýylyň synasynda solmadyk, Möhür ýaly yzy bardyr ilimiň. Taryhyn agtarsam ganybir dogan, Asly Oguz atly hany bir dogan, Türkmen bäş welaýat jany bir dogan. Bir ojakda közi bardyr ilimiň. (Şol ýerde, 22-nji sah.) Erkinlik il bagtydyr, Toýlamagyň wagtydyr, Seniň bilen ýagtydyr, Ýoluň, Türkmenistanym! (Şol ýerde, 24-nji sah.) Şular ýaly watançylyk ruhly goşgularyna dowam berip, türkmeniň tüýs özüne muwapyk-mahsus aýratynlyklaryndan maýalyk alyp, şahyr milli buýsançlarymyzy has-da täze belentliklere göterýär. Olary çeper dil aýratynlyklary, özboluşlyklary bilen ýugurýar: Dogry ýöre, uzakdyr ýol, Daşa gitmez hiledir al. Aýbyň bolsa ýeňsäňden däl, Ýüzüňe aýdan beýikdir. (Şol ýerde, 26-njy sah.) Her bir döwrüň şygryýet dünýäsiniň beýan ediş aýratynlyklary, olary emele getirýän çeperçilik derejesi bolýar. Olaryň täzelikleri edebi jemgyýetçiligiň talabyna öwrülýär. Bu ýagdaý müdimilik temalara täze röwüş, ruh berýär, müdimilige öz döwrüň edebi nukdaýnazaryndan öňküleriňkiden başgaça garamagy öwredýär. Didarberdi Allaberdiýew Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bu edebi talabyna dogry düşünýän şahyrlardan: Älem haýran bolup keşbiňe bakar, Sende hemme pasyl göýäki bahar, Jahanda ýüz-müňläp bolsa-da şäher, Senden gaýry düşmez gözüm, Aşgabat. Kalbymda ýaşaýaň dünýe bar bolup, Sende bilim aldym bagtyýar bolup, Girsin taryhyňa ýadygär bolup, Senaly setirim, sözüm, Aşgabat. (Şol ýerde, 31-nji sah.) Beýleki sözleriň tema galtaşygy babatda aýdyp oturmanymyzda-da, sözleriň sazlaşygynyň, ylalaşygynyň, özi bu goşga täzeçillik berýär. Paýtagtda gurulýan täze binalaryň öňküleri baýlaşdyryşy ýaly, şahyryň Aşgabat baradaky şu we beýleki goşgulary ol barada galamdaşlarynyň ozalky ýazylanlaryndan tapawutlanýar. Bu temany täze belentlige göterýär. Munuň özi: Dilim — türki dilleriniň söz köki (Şol ýerde, 36-njy sah.) — diýýän şahyryň türkmen dilini örän içgin özleşdirýändigini görkezýär. Özleşdirmek bolsa özüňkileşdirmekdir. Aşyk abat diýmek — yşka bat diýmek, Aşyk abat diýmek — yşk abat diýmek, Aşyk abat diýmek — Aşgabat diýmek, Aşgabadym — aşyk abadym meniň. (Şol ýerde, 32-nji sah.) Didarberdi Allaberdiýewiň duýgy bilen pikiri alaçaly ýag ýaly edip, goşgy diline geçirmekde sözlere niçiksi ökdelik bilen erk edip bilýändigini, megerem, «Görogludan» meşhur aýdymyň «Bir toý tutuň älem galsyn haýrana» diýen setirinden gönezlik alnyp ýazylan «Arkadagym bir toý tutdy» atly goşgusy has aýdyň görkezýär. Hemra edip alty ogul, ýigrimi dört agtygyn, Oguz atam toýa geldi gutlamaga bagtymyz. Pederleri buýsandyrdy köşgi-eýwan tagtymyz, Diwanynda golun goýmuş adalatly Permana, Arkadagym bir toý tutdy, älem galdy haýrana. Garaşsyzlyk ganat berip, Arşa galdy adymyz, Il agzybir, ýurt abadan, barha artýar badymyz. Gelip sena sözlär boldy dana Gorkut dädemiz, Hindi, Hytaý, Rim, Pereňe — çapar ýollar çar ýana, Arkadagym bir toý tutdy, älem galdy haýrana. (Şol ýerde, 49-njy sah.) Didarberdi Allaberdiýew goşgy üçin gerek bolan zerurlyklaryň ählisiniň — sözüňem, sözleri emele getirýän harplaryň hem, harplar tarapyndan aňladylýan sesleriň-de, ses bilen sözi sazlaşdyrýan, ylalaşdyrýan rifma-kapiýanyň hem... barylmadyk taraplarynyň gözleginde, görülmedik ugurlarynyň ideginde. Döredijilikde gözleýänler bolsa, ýitirmeýärler, tapýarlar. Tapýanlar-döredijiligini barha baýlaşdyrýarlar. Şahyryň kitabyndaky goşgularyna, rubagylaryna özüm üçin bellik köküni edipdirin: sözleriň aşagyny çyzypdyryn, setirleriň, bentleriň deňinde bellik edipdirin, galam bilen pikirlerimi ýazypdyryn. Olar kän, ine, bellik edenlerimiň käbiri, «Ejem janyň hüwdüsi» goşgusyndan. Ir çykaryp arzuwdaky tagtyna, Salgy berdi barýan ýoly bagtyma, Sallançakda gaýtalanýar agtyga-- Dowamatdyr ejem janyň hüwdüsi. (Şol ýerde, 72-nji sah.) «Atamyň öwütlerinden dörän rubagylar» toplumyndan: Atam şeý diýerdi: «Watany söýüň, Özüňki saý iliň ýasyn hem toýun. Myhman bolan wagtyň has edepli bol, Käbe hasaplagyn kişiniň öýün». * * * Atam şeý diýerdi: «Sözlegin rastyň, Bagtly gün bilmersiň adamyň köstün. Betbagt günde-de bir bähbit bardyr, Şol gün has tanadar hakyky dostuň». «Sazlanyp, owazlanyp duran sözler Mämmet Seýidowyň kakuwyny ýatladyp dur» diýip, bularyň gapdalynda galam bilen bellik edipdirin. «Berdinazar Hudaýnazarowçalaýar» diýip, bellik eden goşgularym hem bar. Ýöne şolaryň ählisini bir pikire jemläniňde, umumylaşdyranyňda, Didarberdi Allaberdiýewiň özi bolup orta çykandygy mesaňa mälim. Olary gaýtalap-gaýtalap okan mahalyň has oňat göz ýetirýärsiň. «Sözlär senaly dilim» atly kitaba girizilen goşgulara örän köp bellikler edipdirin. Hersine diýen ýaly bar. Käbir çeperçilik serişdeleri bolaýmasa, ählisi diýen ýaly şahyryň üstünlikli tarapyna degişli. Munuň düýp sebäpleri hakynda oýlandym. Özüň bolup duýmakdan, özüň bolup pikirlenmekden, iň esasysy bolsa olary özüň bolup beýan etmek ussatlygyndandygy baradaky netijä gelýär. Bu bolsa şahsy durmuşyňdaky, hususyýetiňdäki pursatlar barada ýazanyňda, ol çäkden has giň düşünjelere, many-mazmuna eýe edýär. Sensiz gelen gülälekli ýazlarym, Sen bilen geçiren gyşyma degmez. * * * Özge bilen Kap dagyny ýyksam-da, Seň bilen goparan daşyma degmez. (Şol ýerde, 85-nji sah.) * * * Iki dünýe saňa hyzmatda dursam, Janym jennetdedir jemalyň görsem, Altyn güýz mysaly saralyp-solsam, Güýzlerim sen ýaly owadanmyka?! Diýr Senaly, uzdan-uza meňzetsem, Kerem bolup Asly gyza meňzetsem, Pasyllar soltany ýaza meňzetsem, Ýazlarym sen ýaly owadanmyka?! Öz durmuşyndan özgäniň durmuşyna degişli inçe görer göze görünmeýän ruhy birligi tapyp bilmek, ondan ähli adam hem kanagat tapar ýaly netije çykaryp bilmek her bir galam tutana başardyp durmaýar. Goh-galmagal daşa çyksa, Hossarlaryň egri baksa, Öýke-kine höwür çekse, Sendenmi ýa mendenmikä?! Diýr Senaly, syr gizlemen, Hak biler, ýalan sözlemen, Özge günäkär gözlemen, Ýa sendendir, ýa mendendir! Ýüregiňe jüňk bolýan jemleme! Özi-de bu goşgy turuwbaşdan aýdyma öwrüldi. Biziň Garadepe obamyzdaky toýlarda ol ürç edip aýdylýan aýdymlaryň birine öwrüldi. Okyjylary özüne ýüpsüz baglaýan goşgular Didarberdi Allaberdiýewde başga-da kän: Zenan bilen baglanyşykly goşgyny bolşy ýaly alýaryn: Dünýä beren eneň — zenan, Süýt emişen uýaň — zenan, Ýassykdaşyň ýaryň — zenan, Jigerbendiň gyzyň — zenan, Dowamata güwäň — zenan, Jemlär bolsam bir setirde, Erkek, seniň dünýäň — zenan! (Şol ýerde, 95-nji sah.) Eger-de şahyryň döredijilik keşbini «söz bilen çekjek» bolsak, onuň dürli taraplaryndan barmaly bolardy. Biziňki, hälki bir synanyşyk. Mümkin geljekki ýazgylar üçin taslama... Açar barlyk älemni, Saçar Hakyň keremni, Bir ýüz on dört keremli, Süresi bir Gurhanyň. Jany bara dem bolan, Derdi bara em bolan, Dört altyda jem bolan Aýaty bar Gurhanyň. (Şol ýerde, 260-njy sah.) Didarberdi Allaberdiýewiň şular ýaly maglumatlaryny, öz tapan jaýdar söz düzümlerini, il içinde ulanylyp ýörülse-de, çeper eserlere girmän ýören halky dilden alnan jümlelerionuň şygryýet dünýäsini açýan edebi açary hasaplardym. Şol açarlary ulanyp, onuň edebi hazynasyna girip bilseň, alanyň özüňki. Olaryň hiç birinden peýdalanman bilmersiňiz. Men-ä şeýle pikirde. Şonuň üçin onuň edebi açarlarynyň gözleginde... Häzirlikçe tamamlan ýazgylarymy bolsa şahyryň köňül kelamy bolup ýaňlanýan, «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 11-nji martynda çykan sanynda çap edilen «Arkadaga ak alkyşlar» atly goşgusynyň soňky bendi bilen jemlemegi göwnüme jaý bildim: Türkmen Tugun arş deňine göteren, Bagtyýarlyk zamanasyn getiren, Dile gelen goşgy, gazal-setirim, Size alkyş-senam bolsun, Arkadag! Seýitmämmet HYDYROW, Esenguly etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, şahyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |