21:09 "Berekete" bellikler | |
“BEREKETE” BELLIKLER
Edebi tankyt
Ýaş şahyr Allaýar Çüriýewiň ady okyjylar köpçüligine öňräkden bäri tanyşdyr. Halk köpçüligi ony kämil, özboluşly aýdymçy şahyr hökmünde ykrar etdi. Garrygalanyň şahyrana tebigatyny synlap önüp-ösen şahyryň “Türkmenistan” neşirýaty tarapyndan neşir edilen “Bereket” atly poetik ýygyndysyny okap, munuň şeýledigine ýene bir gezek göz ýetirmek bolýar. Ýygyndyny okap bolup, ol hakda pikir edeniňde, awtoryň käbir poetik alamatlaryny aňmak bolýar, özboluşly taraplaryny görmek bolýar. Onuň liriki gahrymany berk internasional ynançly, syýasy taýdan kämil. Kitapdan durmuşyň dürli meseleleri barada özbaşdak oýlanyp bilýän adamyň oýlary kalbyňa dolýar. Şeýle sagdyn ideýaly eserler biziň edebiýatymyza hemişe zerur bolupdy. Ol şu gün hem örän derwaýysdyr. A.Çüriýewiň liriki gahrymany hakda aýdylanda, onuň pes pällidigini, salyhatlydygyny görmek bolýar. Sebäbi ýygyndyda emelsiz öýkünjeňlik, ýerliksiz öwünjeňlik, başarsa-başarmasa akyl satmak ýaly häsiýetde ýazylan şygyrlar ýok. Deňduşlaryna ýoň bolup barýan bu häsiýetlerden gaça durmagy, şahyryň gutlanylmaly tarapydyr. Kitapda beýik dostluga minnetdarlyk duýgusy bilen ýazylan goşgularyň ençemesi bar. “Nikolaý Tihonow”, “Russiýa”, “Sergeý Şerbakow”, “Sag bol, Şura mugallym” goşgularyny şu häsiýetdäki goşgularyň şowlulary hasap etmek bolar. Olaryň hersiniň özboluşly taryhy bar. olarda şahyr öz gören, duýan zatlaryny beýan edipdir. Pikirler duýga örän oňat sepleşipdir: Mahal mahal dag ýodasyn külterläp, Eňňitlerden aşak inen çaglarym. Oň atynyň dükürdisi eşdilýär, (Owazyny saklan eken daglarym). (“Nikolaý Tihonow”). Goşguda wakalaryň taryhyň sahypalaryndan alynmagy goşgynyň ynandyryjylygyny güýçlendirýär. Antifaşistik tema degişli “Uruş ýyllarynyň aýdymlary”, “Sowinformbýuro habar berýär”, “Katýuşa” ýaly şygyrlary bu temadan ýazylan öňki eserlerden sadalygy, düşnükliligi bilen ünsüňi çekmegi başarýar. Bu temadan ýazan şygyrlarynyň arasynda “Ýigrimi ýyldan soň” goşgusy hasam tapawutlanýar. Ýygyndydaky “Amerikan žurnalistine açyk hat”, “Hökümet beýannamasy”, “Palestinaly ene” ýaly dünýä halklary bilen raýdaşlyk, internasional tema bagyşlanan goşgular bellenilmäge mynasypdyr. Olardan häzirki zaman agressorlaryna, dünýä imperalizmine garşy, urşa hem-de kolonial süteme garşy sowet halkynyň protestini eşidip bilýäris. Bu bolsa şahyryň şu günüň ýagdaýyny öz wagtynda duýup, oňa özboluşly seslenmegidir. Bu kitabyň ideýa-mazmunynyň kämilligini kepillendirýär. Awtoryň durmuşy temadan ýazan goşgularyny okap, synçylygyny, duýgurlygyny alamatlandyrýan setirleriň köplügine göz ýetirmek bolýar. “Törebegiň mawzoleýinde”, “Göç, göwnüm”, “Halk komissary”, “Düýşümde”, “Şäherli dostuma hat” goşgularynda, “Dört çynar” balladasynda, “Sumbar” poemasynda şahyr her bir wakadan, obýektden netije çykarmaga çalyşýar, edebi netije gözleýär. Ony sungat derejesine ýetirmäge ýykgyn edýär. Ýöne welin şu tarapdan seredeniňde şahyr hemişe şowlulyk gazanyp duranok. Käbir şygyrlaryň çeperçiligi ideýa-mazmunyň aýdyň ýüze çykmagyna hemaýat etmek derejesinden pes çykýar. Şeýledigini “Maksim”, “Kiçi ýer”, “Esger”, “Wagt” programmasyna tomaşa edip”. “Hangeldiniň ýoly”, “Ýaşulular soweti” goşgularyny okan okyjylar aňsa gerek. Mysal üçin “Ýaşulular soweti” goşgusyndan käbir setirleri okap göräýeliň: Altmyş ýaşly, ýetmiş ýaşly gojalar, Segsen ýaşly, çuw-ak başly gojalar. Paýhasy-pähime ýugrulmak bilen, Söhbet gurýarlar Gün tertibi: bu gün bir mesele bar, Ol mesele obaň şu güni hakda, Geljegi hakda. Ýokardaky bentlerden görnüşi ýaly, şahyrana eserlere mahsus bolan ykjam bent gurluşyň, sagdynlygyň ýoklugyny hasaba almanyňda-da, şahyrana sözler, söz düzümleri, çeper detallar ýok. Özem diýseň prozalaç. Käbir goşgularynda bolsa sazlaşmaýan sözler rifma hökmünde getirilipdir: “ýeňşidir-şeýledir”, “aýlanýan-gynanýan”, “sarsdyrdy-atlylarydy” we ş.m. Ýeri gelende aýtsak, kitapda berlen “Türkmen gyzlary” aýdym tekstiniň her bendiniň soňky setirleri bolmalysyndan gysga berlipdir. “Aýdymdan bir sözi hem aýyrmak bolmaz” diýlen parasatly rus sözünden ugur alyp, aýdymyň sözlerini doly bermeli ekeni. Sebäbi ol aýdymy halk köpçüligi häli-şindi diňläp ýör. “Berekete” belliklerimiziň soňunda ýaş şahyryň türkmen poeziýasyna bereket getirjekdigine ynanýandygymyzy aýtmakçy. Seýitmämmet HYDYROW. “Zähmet baýdagy” gazeti, 04.12.1985 ý. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |