01:52 "Dähli hasratyna" gelen seslenmeler | |
Durdygylyç Dowat ogly Nesibäm çekip, men Çagyl obasyna birnäçe gezek bardym. Gylyjyň dädesi Duş aga (Duşmämmet) ýüzlenip şol bolan gyrgynçylyk barada soradym. Ol: “Howwa, bu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin öz pikirini aýdan kişilerde bolupdyr. Şolaryň biri-de Durdygylyç Dowat oglydyr. Ol: “Orus bilen uruşjak bolup ýörmäň, olaryň aňyrsy köpdir. Siziňki Kaspi deňzinden bedreläp suw alyp boşatjak bolýan ýaly bolar”- diýip aýdypdyr. Bu sözler gazaba galan ilata baryp ýetmändir. Amansoltan daýzanyň ýatlamasy - Men Dählidäki gyrgynçylygyň şaýady boldum, şol mahal on sekiz ýaşly gelindim. Biz ol ýere Gaplaňlydan bardyk. Dädeme Teňli baý diýerdiler. Dädemiň, doganlarym Nazmyradyň, Hallynyň, Goşjanyň, Atamyň, Annanazaryň, Nurnazaryň elini- aýagyny daňyp üç günläp sakladylar, soňra atdylar. Özümden kiçi doganlarym Aly, Hangeldi, Bazar, Amanjan bu çülpe çagalara men seretmeli boldum. Içmäge suw ýok, hat- da, guş kölegelemäge kölege ýok. Gamagy çatyp üstüne egin-eşiklerimizi goýup kölege edindik. Ýowşanyň, ýüzärligiň düýbüni gazyp, çagajyklary ýatyryp goýýardyk, aý, garaz çyglyk bolsa diri galmaklyga azajyk umyt bardy. Şol gijeki gyrlyşykdan aman galan çagalary, aýal-gyzlary esasan Jebele tarap aşyryldy. Dähliden bäri gelýärkäk soldatdan börügimi dolduryp suw aldym. Ýanymdaky dört erkek, bir-de aýal doganyma berjek bolanymda, gapdalymdan bir gelin çykyp, şol suwdan maňa-da berseň-ä berersiň, bolmasa dökerin- diýdi, men bialaç ylalaşmaly boldum. Biz şondan Gökderä çenli geldik, soňra hossarlarymyz bize eýe çykdylar. Amansoltan daýza 88 ýaşynda (Kartyýewa) Nebitdag şäheri 1991 ý. Hamyt aganyň ýatlamasy Howwa, men hem şol ganly çaknyşygyň şaýady bolmalydym. Hudaý sowdy. Şol mahal men Şagadamdadym. Maňa Çagyla, Dählä barmaly, taraktorlara ýol beledi bolup gitmeklik tabşyryldy. Eý, Hudaý meni agzyndan ak köpük gelip, saçy çaşyp ýatan gelin-gyzlary görmegi miýesser etme! Hudaý dogamy kabul eden bolmaly, şol mahal maňa gyssagly Jebele gitmeli diýdiler. Meni ýanyna çagyran Nedirbaý Aýtakow öz ýaşaýan obam Ýaňguýa gidip (häzir ol oba ýok) basmaçylar bilen giden adamlar dolanyp gelende zerur harytlar bilen üpjün etmekligi tabşyrdy (Men şol mahal şereketiň işgäridim, ýagny söwda edarasynda sklad müdiridim) . Ynha, şeýdip meni şol gyrgynçylygyň şaýady bolmaklykdan Hudaýyň özi saklady. Şol Dählidäki bolan wakadan sanlyja gün geçenden soňra, bir gün ir säher aýak ýoluna ugranymda, asla ynanar ýaly hem däl, kyrk sany iner üstünde dikligine ýüklenen gözleriňi gamaşdyryp barýan ýomut halylary. Howwa, diňe haly, birje-de keçe ýok, Jebele tarap alyp barýarlar. Şol ýerden sessiz aglap bir yzyma dolananym ýadymda. Men soňra şol halylary öz eli bilen daňyp iberen adama sataşdym, pahyr ol 4-5 ýyl mundan öň aradan çykdy. Häli-häzire çenli şol üsti haly ýükli kyrk iner göz öňümden gidenok. Hamyt aga 85 ýaşynda (Durdyýew) Nebitdag şäheri. 1991 ý. Hormatly okyjym! “Balkan” gazetinde (30.01.1992ý.) “Dähli hasraty”, “Elhençlik”, “Ýedi ölçäp bir kesmeli” atly makalalar çykandan soňra maňa ençeme seslenme hatlar gelip gowuşdy. Olardan: Krasnowodsk etrabynyň Awlamyş obasyndaky 27-nji mekdebiniň matematika mugallymy Meňliýew Myratmämmetden, Krasnowodsk etrabynyň Gökdere obasyndan Aşyrgylyjow Berdinyýazdan, Çagyl obasyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy Nazarow Hajygylyçdan, Ýasga obasynyň taryh mugallymy Gurbanmämmedow Gurbangeldiden, şeýle hem Jebel posýologynyň ýaşaýjysy Durdygylyjow Seýitden seslenmeler geldi. Balkanyň iň hormatly ýaşulularynyň biri, sylagly mugallym, hormatly agam Seýitjan dädemiziň şol makalalara ýazan seslenmesini size ýetirmekçi. Seýitjan däde makalany taýýarlap “Balkan” gazetine berenden soň, birnäçe gezek baş redaktoryň ýanyna baryp habar tutup durdy. 2-3 aý gatnanyndan soňra, ol maňa ýüzlenip : “Inim! Olaryň bu makalany çap etmek niýetleri ýok bolmaly. Men-ä indi gatnajak däl. Sen gaýrat et-de baş redaktordan habar al, eger çap etmejek bolsalar oňa özüň eýe çyk, goý sende dursun”- diýdi. Ynha, “Balkan” gazetine hödürlenip çap edilmedik şol makalany 29 ýyldan soňra kitaba salyp dolulygyna size hödürledik. Seýit Durdygylyç ogly 1922-1996 • Seýit Durdygylyjowyň “Dähli hasraty” makalasyna seslenmesi “Balkan” gazetiniň redaksiýasyna Men Durdygylyjow Seýit, 1922-nji ýylda doglan, 1940-njy ýyldan bäri mugallym. Elime ilen gazet- žurnallary, ýaşymyň gaýdyşanlygyna garamazdan häzirem okamaga höwesek gylygym bar. Ýöne, ýazyjylykdan, habarçylykdan habarym- başarnygym ýok. Onuň üçin sözlem düzülşinde, çeperçilikde tagaşyksyzlyk bolsa bagyşlarsyňyz! Men dilçi ýa taryhçy-da däl, matematik. Men “Balkan” gazetiniň 30.01.92-ý-daky N:21 (7110) nomerini başaýak diýen ýaly okadym. Şonda meni şol bir waka barada iki tüýsli baha berilip ýazylan: 1) “Dähli hasraty” 2) “Ýedi ölçäp, bir kesmeli” diýlip ýazylan makalalar gyzyklandyrdy. Dähli hasraty barada Amangeldi Hydyryň ýazanlarynyň arasynda çişirilip görkezilen hiç zat ýok. Onda kemter görkezilen-kemter gaýdylan ýerler bar. Milletiň esasy üýşmeleňli-köp ilatly ýerleri, sowet goşunlary tarapyndan eýelenenden soň, milletiň aglaba köpüsi, demirgazyk tarapa- hökümetiň ýok diýlip hasaplanýan tarapyna bosup ugrady we Dähli diýen ýere baryp ýetdiler. Ol guýuda il ýaýla gurup oturmaýar, ol ýere baran bosgunlaryň köpüsi at-ýaragsyz. Onda, dogry ýaragly adamlaryň-da bäşde-onda ölenleri bolsa bardyr, ýöne gyrylanlaryň köpüsi ýaş, ýesir, oglan-uşak, garry-gurty-mysapyrlar. Ýaragly goranjak bolanlaryň, köpüsi güýçleriň deň däldigine gözi ýeten soň, gaçyp gutulypdyrlar. Amangeldi Hydyr diňe Dählidäki tragediýa hakynda ýazypdyr. Eýsem ondan-da beter wagşylyklara-da şol döwürde ýol berlen ýerleri-de bar. Bosgunlaryň baryp suwlanaýmaga degişli guýularynyň awylanan halatlary-da bolupdyr. Amangeldi Hydyryň şol makalany taýýarlamakda gürrüňdeş bolan adamlarynyň hemmesi diýen ýaly şol wakalaryň hut içinde, hiç bolmanda gyrak-bujagynda bolan adamlar ýa-da tanyş-biliş, dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary şol wakalarda heläk bolan adamlardyr. Elbetde, 60 ýyl agarak öň bolup geçen wakany- tragediýany onda-da özüň arasynda bolmadyk wakaňy jikme-jik doly suratlandyrmak hiç kime-de başartmaz. Şonuň üçin meniň hut özüm-ä Dähli tragediýasy hakynda Amangeldi Hydyryň ýazan makalasyny häzirem ýeňil-ýelpaý görkeziljek diýmesem, çişirilip ýazylypdyr diýip hasaplamok- ony örän dogry hasaplaýaryn.Iň soňunda hem awtora halkymyzyň başdan geçiren hasratly-tragediýaly günleri hakda neslimize hakykaty ýetirmekde önümli işlemekde üstünlikler arzuw edýärin! Indi “Ýedi ölçäp, bir kesmeli” diýilýän nakyl ýazylan makala hakda öz pikirimi beýan edýärin: Men makalanyň sözbaşyny görüp gyzyklandym. Men onuň “Dähli hasraty” hakdalygy barada pikir hem etmändim. Ýöne makalany başaýak okap görenimden soň, men Çary Geldimämmedowa şeýle owadan mazmunly sözbaşy tapmaga onuň žurnalistligi peýda edipdir, ýöne haýp, şol ajaýyp nakylyň manysyna- çakylygyna özi eýermändir- diýen netijä geldim. Makalada, Dähli hasraty diýilýän makaladaky hakykatlar, hamala, şol wakadan 5-10 ýyl soňra bolan 54 ýaşyndaky adamyň gepine salgylanyp ýazylypdyr, şonuň üçin ynandyryjy däl diýen manyda görkeziljek bolunýar. Eýsem makala göwni ýetýän žurnalist, näme üçin Amangeldi Hydyryň şol wakalary gören, onuň trapynda ýa-da golaý goltumynda bolan ýa-da wakanyň içinde bolan adamlar bilen ýagny 80-90 ýaşyndaky adamlar bilen gürrüňdeş bolandygy hakda hiç zat ýazmaýar, munda meniň göwnüme-hä başga syrlar bar ýaly bolup görünýär. Makalany taýýarlamak üçin Amangeldi Hydyr, şol wagtlara degişli taryhy dokumentlerden peýdalanmandyr, şular ýaly uly mazmunly makalalar ýazylanda tejribeli adamlar bilen maslahatlaşmandyr diýlip aýyplanylýar. Eýsem, Basmaçylyk diýilýän zat barada, şol döwre degişli hakykaty görkezip ýazylan kitap ýa-da dokument barmyka? Şol barada häzire çenli ýazylan kitaplaryň ählisinde öz döwrüniň syýasatyna laýyk edilip ýazylan. Men muny şeýle eserleriň birnäçesini okap görüp ýa-da okamaga başlanymdan ýalan zatlara duçar bolup taşlanym üçin aýdýaryn. Şol kitaplarda galp-ýalan zatlar örän köp. Mümkin “Ýedi ölçäp, bir kesmeli” diýilýän makalada, wagt geçmegi bilen “Basmaçylar” hakda taryhy dokument hökmünde ulanylar. Makalada 1931-nji ýylyň iýul aýynda basmaçylar Akguýyda birtopar sowet işgärlerini, magaziniň garawulyny, mugallymy hem-de beýleki aktiwistleri öldürýärler diýilip görkezilýär eýsem şu ýazgy dogrumy? Galat-ýalan! Bu biziň 70 ýyllap nädogry-da bolsa syýasaty goldap geplemegiň, ýazmagyň ganymyza siňen düşünjäniň miwesi. Biziň bilişimizçe Akguý, Iriklide iki sany adam ýaş mugallym oglan-Şiri, ýene bir garawul atylyp öldürilipdir. Şirini kelesaňlyk, göçmelik, ganygyzgynlyk bilen atan ýaş ýigidi şol ýygynyň ýaşululary: “Biz bu ýere gan dökmäge gelemzok, näme üçin seňselik edýärsiňiz” diýip ýazgarypdyrlar.Makalada şol wagtky “basmaçylar” diýilýän wagşyýana adamlar topary hökmünde suratlandyrylýar, olary gan dökmäge höwesek adamlar hasaplaýarlar. Dogry, köpçüligiň arasynda 3-de, 4-de gyzmalaç tentekleriň bolmagy mümkin, ol kanuny zat, ähli adamlaryň akyl, pähim-paýhaslary deň bolmaýar ahyry. Türkmenler yslam dinine uýýarlar. Yslamda ganhorluk- adam öldürmek, iň agyr günä, ahyrýetde dowzahy hasaplanylýar, hat- da doganyňy öldüren adam-da ötünç sorap göni gelse, ony öldürmek dogry däldir- günäkärlikdir. Şol döwrüň adamlary (türkmenleri) örän adamçylykly, ynamly, tanapy gaýym, ruhy we moral taýdan häzirki adamlardan köp esse ýokary päk we arassadylar, olaryň ullakan kemçilikleri sowatsyzlygy, döwlet diýilýän zadyň nämedigine düşünmeýänlikleridi. Her döwürdäki düzgünlere baha berlende şol döwre çenli yza süýşmek gerek, oňa öz döwrüniň nukdaýnazaryndan baha bermelidir. Eýsem gladiatorçylyk (gulçulyk), krepostnoýçylyk döwürlerinde, jemgyýetiň ösüş kanunlaryndan baş çykarýan akyldar, alym adamlar ýokmudy, şol adamlarda öz döwründe gladiatorlar urşup biri-birini öldürenlerinde keýp edip, el çarpyşyp oturypdyrlar ahyryn. Eýsem häzirki jemgyýetde-de keýp çekmek üçin adamçylyksyz, tomaşa edilýän zatlar ýokmy näme? Onuň üçin 1920-30- ýyllaryň türkmenlerini wagşyýana suratlandyrjak bolmak şol döwri gören adamlaryň üstünden gülünmegine sebäp bolmakdyr. Ýene-de makalada Akguý töweregindäki basmaçylar topary hamala, Krasnowodsk, Jebel meýletinçileri tarpyndan, oba aktiwistleriniň kömegi bilen dargatdylar we olar şondan soň Çagyl, Tüwer, Dähli töweregine çekildiler diýlip görkezilýär, ine, saňa bütinleý ýalan-galp toslama gürrüňler. Aslynda “basmaçylyk” diýilýän zadyň ilki başlan ýeri Goýmat diýen oba, oňa bolsa, onuň töweregindäki, häzirki Gyzylgaýa etraplaryndaky obalar: Çagyl, Tüwer, Awlamyş, Gökdere ilatlary goşuldylar. Emma Balkan arkajyndaky gumuň özündäki ilatly obalar: Goşa oba, Irikli, Akguýy, Hudaýberdi, Ýaňguýy, Ajyguýy, Düwünçi guýulardaky obalar “basmaçylyga ” çykanoklar. Dogry “basmaçylyga” çykan obalarda dogan-garyndaşy öz dözmezleri bolan ýa-da şol döwürde döwlet tarapyndan ýanalyp ýören : “baý”, “Kulak” ýa-da olaryň ogullaryndan, ahun-işanlaryň neslinden, özünden gorkusyna özlerini goramak üçin 5-de, 10-da adamlaryňda basmaçylaryň arasyna baryp olara birigen bolmaklary mümkin. Onsoň ýene bir ýerde Ata Berdi ogly özi ýaly az sanly meýletinler bilen batyrgaý hereket edip, hamala basmaçylaryň elinden guýy alyp ýoldaşlaryny suwsuz heläkçilikden halas eden edilip görkezilýär. Goşun hakda bütinleý agzalmaýar diýen ýaly. Hakykatda bolsa, “basmaçylara” garşy diňe Jebeliň özünden ugran goşunyň öňi 8 wýorst geçende yzy Jebelden çykmandygy hakda gürrüň edýän adamlar- görenler ýaňy-ýaňylarda bardy. (Häzir-de bolmagy mümkin) Şol mahalky “basmaçylyga” çykan obanyň ählisini birikdireňde-de şu mahalky Çagyl posýologynyň ilatyndan kän däldir, hat- da az-da bolmagy mümkin. Şonda-da köp bolsa üç öýde bir ýarag bardyr. Onda-da makalada köp sanly basmaçylardan, az sanly meýletinçiler üstün çykan edip görkezilýär. Şol wagt milletiň iň gür üýşen ýeri Çagyldy. Bir-iki sany samolýot gelip, Çagylyň obasyny bombalaýardy, adam, oýdaky mal-gara heläkçiligi bolýardy, adamlar samolýot gidenden soň oýdaky mallaryny suwa ýakardylar. Men, Gulmämmet aga (65-70 ýaşlaryndaky goňşymyz) ýene bir naçar üçimiz Çagylyň oýunyň gaýra ýakasyndaky guýudan meniň inji taýymy suwa ýakyp durduk. Iň soňky gowany çekenimizde, meniň kellämdäki börügim guýa gaçdy, men bilim ýüpli guýa girmekçi boldum, ýüzüm günbatar tarapady. Gün gyzyl ikindidi. Birden Çagylyň aşak ýüzünden Tüwer gädik diýlen ýeriň, ilersinden- gaýrak arkasy ýalpyldap birnäçe adam geçdi. Men olara seredip güýmendim, Gulmämmet aga “Bol basymrak! Ýene aýraplan geler” diýip, meni howlukdyrdy. Men oňa : “Şol gädikden ilerden gaýrak arkalary asykly, heleými, nämemi bir zatlar geçýär” diýdim, ol şol tarapa ser saldy, onýança ýaňky meniň gören zatlarym ýene geçip başlady. Men “ana” diýip aýdyp-aýtmankam, Gulmämmet aga “gaç” diýdi. Men gündogara maşgalamyzyň ýatan çukuryna tarap ylgap başladym, meniň yzymdan ýaňky zenan, onuň yzyndan Gulmämmet aga üç tirkeş bolup barýarys. Bizi oka tutdular, ok edil ýagyş ýalydy, ýöne ara daşrak bolan soň (700-800 m. çemesi), biz ondan zyýan çekmedik. Belki-de, olar biziň hijimiziň özlerine gaýtawul bermäge degişli adamlar däldigimizi bilip “gorkuzmak üçin, keýpine” atandyrlar. Şol mahal Çagylda eli ýaragly köp bolsa 10-20 adam bolmaly, sebäbi adamlaryň, eli ýarag tutanyň köpüsi Awlamyş tarapdan gelýän goşunyň öňünden çykyp, Awlamyşyň gyry bilen Çagylyň gumunyň sepişýän ýerinde goşun bilen atyşyp ýatyrdylar. Çagyla bolsa goşun Tüwer tarapdan geldi. Günbatardan Çagyla goşun dökülenden soň, onuň ilersinden gelen goşuna garşylyk görkezip ýatanlara habar iberildi. Garaňky gatyşdy. Ilat, oglan-uşak uly basga galdy. Bir ýarym oglan-uşak nirä ýüzüne öwürse märeke şoňa eňýärdi, nirä gitmegiň dogrudygyny saýgaranokdy. Atly, ýaragly adamlar märekäniň öňüne geçip gaýtarýardylar. Şeýdişip tolgunyşyp ýörän halk gije sagat 9-10-lara çenli Çagyldan çykdylar. Çagyl bary-ýogy 3-4 sagadyň içinde eýelendi. Onsoň goşunyň, nirede suwsuzlykdan heläk bolmak howpuna ugranyna menä haýran-geň galýaryn, mümkin başga ýerlerde bolan wakalary garjaşdyrýandyrlar. Men şol wagtlar 8-i dolduryp, 9 ýaşynyň içindäki oglandym. Esasy wakalaryň köpüsini özüm örän oňat bilýärin. Indi bihuda gan döküşligiň öňüni almak, gepleşikler geçirmek boýunça edilen tagallalar hakda men öz pikirimi aýtmakçy. Dogry şol döwrüň Türkmenistanyň ýolbaşçylary ol barada aladalandylar. Biderek gan döküşlikden müňde bir adam bolmasa elbetde ynsanyň ählisi gaça durýar: Ylaýta-da iliň ýolbaşçylary, il aladasyny etmeli bolýar. Şöhratparazlar, tragediýadan bähbit gözleýän käýarym göwdeler gan döküşikligi küýsäp biler. Eýsem biziň zamanamyzda-da gan döküşlikden peýda gözläp ýörenler kän ahyry! Şol döwürde il arasynda abraýdan peýdalanýan, döwlet möçberindäki adamlardan, halk arasynda ynamdan, abraýdan peýdalanýan ahun-işanlardan halkyň arasyna töwellaçy hökmünde hiç kim baranok, baranlaryň köpüsi meniň taýym ýeňi ýoluk, halk köpçüliginiň ynamyna geçmedik, tanalmaýan adamlar. Ýa bolmasa gepleşik geçmek üçin “Basmaçy” ilatyň arasyndan: atly, abraýly ynama geçen taýpa, tire başlyklary ýa-da şol wagtky ahun, işanlaryň hiç haýsy çagyrlanok. Şol ýyllarda, wakanyň öňüsyrasynda atly, abraýly bigünä adamlaryň birnäçesi tutulyp, birnäçesi atylypdy, birnäçesini bolsa tutmak barada görkezme bardy. Ine şol başga-da birnäçe sebäplere görä sowatsyz halkyň döwlete ynamy gaçypdy. Şonuň üçin gepleşikler geçirmek boýunça geçirlen çäreler-tagallalar göwnejaý däldi.Aslynda şol wagtlarky ýolbaşçylaryň şol ýerlerdäki ýagdaýlara doly ýetik bolmazlyklary-da mümkindi, sebäbi şol mahallar şol jelagaýlarda-ýurtda sowatly adam bütinleý ýokdy, her kim takdyryny-täleýini Hudaýa tabşyrýardy, nägile bolan zady hakynda hiç ýana şikaýat ýazyp bilmeýärdiler. Döwletiň ýerlerdäki wekillerinden nägile bolanlar bolsa, “aý, hudaýdan tapsyn” diýip çäklenýärdiler. Indi Gurbanseýidow barada: eger men ýalňyşmaýan bolmasam, meniň çaklaýan adamym bolsa, ol ýesir alynanok, ol girewine saklandy.Ony saklan adam onuň bilen bir şertde ýaşady, deň-duş hökmünde saklap gezdi we ahyrynda-da ol şertiniň amala aşmajagyna gözi ýetip, “aý bu-da biz ýaly türkmeniň biri munuň üçin orsuň-hökümetiň nebsi agyrjakmy” diýen netijä gelip, ony saklan adam hut öz inisine berk tabşyryp Gurbanseýidowy hökümediň soraýan territoriýasyna aşyrdy, onda-da öz alnyna aýak ulagly-atly. Ýöne Garajaýewi men bilemok olam ýesir düşen bolsa atylan däl bolsa gerek. Tanketka hakda. Soldatlar Çagylyň aşak günbatar ýüzünde ýerleşenden soň (10-15 minut geçenden soň) edil gün ýaşan-gabat bolan badyna Çagylyň aşakýüz gaýra ýüzünden gelip, ilerräge aşak tarapa ýaýlany kesip geçip gitdi we Çagylyň okunda ýa buksowat eden bolmaly, ýa-da (has ähtibarlysy) akawatdan geçen badyna owlak-guzy üçin gazylan köne körpeçe (çukura) gaçan bolmaly. Ol ýörite öňünden taýýarlanylan çukura (güpbasda) gaçypdyr diýilýän söz galat.Ol döwrüň adamlarynyň köpüsi tanketka üçin çukur gazyp, ony gabamak mümkinçiligi-hä beýlede dursun şol hili ok geçmeýän zadyň barlygyny-da bilenoklar. Ýöne şol döwürde ilatyň aglaba köpüsinde Jüneýt handan ok geçmeýärmişin diýlen düşünje- ynam bardy. Olara käýarym şäherli baranda “haý bu zaňňardan orsuň ysy gelip duraýt” diýişip ýören düşünjesiz märekedi.(odekolon, duhi bolmaly). Ýöne dogry, oňa palta daş ötmänsoň onuň daşyna odun basyp ýakypdyrlar. (ýangyç däl, ýangyjyň ol ýurtlarda ol döwür, ady-sory-da ýokdy) Şonda ekipažyň (2-3 adamyň) heläk bolany-da dogry, eýsem şol ýagdaýda halkyň il-gününden, dogan-garyndaşyndan, ogul-gyzyndan, mal-mükünden bizarlap, ýurdundan tazygyp niräk gaçarlaryny bilmän, yzanda-çuwan bolup gan aglaşyp-eňreşip ýören milletiň üstüne sürünip gelen ýagynyň duşan betbagtçylygyna ýüregi awarmy, oňa rehim-şepagat etmek ýadyna düşermi? Belki ol günlerde heläkçilik çekmedik adamlar üçin şol dökülen bigünä-nähak ganlar hiç zat-da däl bolup görünýändir. Meniň aýtjak bolýan zadym, şol günler türkmenler üçin gowy bolan bolsa oňa il dargan ýyly diýlip aýdylmazdy. Galyberse-de şol ýyllarda döwletiň öňüne düşüp ýörkä ölen sanlyja adamlaryň ölümini, bigünä heläk bolan ýüzlerçe, hat-da müňlerçe musapyrlaryň, ýesir oglan-uşak, garry-gurtylaryň ölümünden has gynançly edip görkeziljek bolunýar. Howa ony-da geňlär ýaly däl onuň-da özboluşly sebäbi bar. Men ol hakda ozal agzap geçipdim. Ýene-de makalada şol hasratly wakalaryň döremeginiň düýp sebäbi anyklanyp görkezilmändir diýip Amangeldi Hydyr ýazgarylýar. Emma žurnalistiň özi-de ol ýagdaýlaryň döremeginiň hakyky sebäpleri barada (kelam) agyzda söz aýtmaýar, ýöne umumy sözler, halkyň düşünjesizligi, köpçülik bilen hökümediň arasyndaky birek-birege düşünilişip bilinmedigi diýlen ýaly zatlar agzalýar. Ol hakda men Amangeldi Hydyryda, žurnalist Çaryny-da ýazgarjak däl, olar ony saýgarardan häzir ir-ýaş: onuň üçin olar 80-90 ýaşan onda-da şol döwürdäki ýagşy-ýaman zatlara düşnüşýän, hakykatlar bilýänlerini çekinmän aýdyp biljek adamlar bilen kän gürrüňdeş bolmaly bolýarlar.Bu hakda arhiwlerden, ýa-da ýazylan kitaplardan hakykaty suratlandyrylyp ýazylan hiç zat ýoklugyna özümä ynanýaryn! Şol döwürler üçin hakykaty görkezip ýazylan hiç bir hili dokumenti hiç kimiň-de tapmajagyna ynanýaryn. Men “Basmaçy” diýilýän söze özümçe düşünýärin. Kim basmaçy? Öz erk-ygtyýaryny, öz däp-dessuryny, ar-namysyny, bala-çaga, oglan-uşagyny, il-gününi öz durmuşyny gorajak bolan halk basmaçymy? Ýa-da olaryň erk-ygtyýaryny depeläp olary öz aýaklaryna ýykjak bolan, ilaty gyryp-gyrjaşdyryp, olary maldan-mülkden, ýurdundan azaşdyran, mal-mülklerini, gymmat bahaly öý goşlaryny, altyn-kümüş, şaý-seplerini alyp, mal-garalaryny sürüp alyp gaýdanlar basmaçy? Ony goý wyždany ýerinde bolan her bir ynsanyň özi saýgarsyn. Goýmat gyrdaky “owlak ýoly” görüp ölsem, ýa gaýraky gyrlary gün ýaşan ara salkynjak çägesine dyzymdan aşagyny gömüp, çägäniň üstünde asmany bir gözläp ýatyp ölsem dünýäde ýekejede armanym ýok diýip, ýurduny küýsäp, aglaşyp ýören adamlar Eýranda häzirem bar, eýsem olar Eýrana toý aralap gitdilermikä? Eýsem gaýrasy Daşhowuz, ilersi Gyzyletrek, Esenguly, aşagy (G-b-y) Krasnowodsk, (G-d-y) Gyzylarbat (men ýomutlaryň mekanyny göz öňüne tutýaryn, başga ýerleri äşgär bilemok) aralygynda baý, kulak barmydy? Elbetde ýokdy. Plan kes ýeriň ýa suwuň eýesidi, plan kesiň zawod-fabrigi bardy, ýa kärhanasy bardy, plan kesiň ýöräp duran söwda dükanlary bardy, ýa ýöräp duran parahody bardy ýa-da zapas altyn-kümşi bardy ýa-da banklarda pul zapasy bardy diýip bir adam-da hiç-kimi görkezip bilmez. Baý- kulak diýilýän sözler türkmenlere ylaýta-da ýomutlara düýbünden degişli däldi. Şol wagt baý-kulak diýlip ýanalyp ýa tutulyp, atylan, ýa sürgün edilip ýören adamlaryň öýüne 5-10 adam bolup myhman barsaň, her kimiň özüne aýratyn goýar ýaly çäýnek-käseside, ýa her kimiň öz alnyna salyp berer ýaly ýorgan-düşegide ýokdy. Ýöne dogry adamlaryň, hojalyklaryň hemmesi deň ýaşanokdylar, ol häzirem şeýle we gelejekde-de şeýle bolar. Hat-da şol adamlaryň belli oturymly mekanlary-da, haşamly 4-5 otag jaýlara beýle-de dursun, palçykdan salnan ýekeje otagly jaýlary-da ýokdy, türkmenleriň adaty gara öýlerinde ýaşaýardylar. Şol döwrüň çarwa ilatynyň aslynda şäher görmedikleri kändi. Welosepede “otly” diýýänleri şumy? – diýip ýörenleride bardy. Şäherden ýa ýek-ýarym raýon merkezinden barýan inteligentleç adamlar, ýele tarapdan geçende “haý zaňňardana orsuň ysy (odekolonyň, duhyň ysy bolmaly) gelýäräýt” diýşip, hat-da manady-da tanamany ýören bisowat, sada adamlardy. Ilat öz gara gününi dolandyrjak bolup, azyk, eginbaş ýaly zatlar üçin Hywa, Tejen, Mary, Baýramaly, Etrek-Gürgen ýaly ýerleri aýlanyp ýol ýöräp gatnaýardylar. Makalada ýaş mugallym Şiriniň ölümi agzalýar, asylly niýet bilen daş ýerlerden gelen ýaş ömrüň kesilenine hiç bir ynsan gynanman durup bilmez, ol örän gynançly. Ýöne gynansak-da makalada hiç bir günäsiz diňe Hudaýa sygynyp oturan ýüzlerçe ahun-işanlaryň, ile sowat öwredýän mollalaryň atylyşy, olaryň ýoguna ýanylşy hakda kelam agyz sözem aýdylmaýar, gozgalmaýar. Ýa olaryň ýok edilişi dogrymyka?! Şular ýaly gynançly wakalary näçe ýazsaň ýazyp oturmaly. Ýöne 1930-njy ýyllaryň aýagyna çenli (ondan soňkylary hasaba almanyňda-da) halkyň öňde barýan gatlagy, hak-hukuga düşünişýän az sanly sowatly ýa-da ýarym sowatly, halky yzyna düşürip biljek olar hakda degişli ýerlerde degişli kanuny talaplary goýup biljek, il arasynda uly abraýdan, ynamdan peýdalanýan adamlaryň hemmesi palaç ýatyrylan ýaly ýatyryldy, il-halk başsyz galdy. Ynsana beýle-de dursun, ilerik-gaýrak uçup geçýän uly guşlaryňda süri başlary bolýar şol urulsa, guş sürüside uly kynçylyklara uçraýar. Şol ýok edilen adamlar asmandan gaçman, il içinden dörän adamlar, olary ýok etmek bilen bir tarapdan gorkuzsaň, ikinji tarapdan il içinde nägilelik, howp döredýär. Galyberse-de şol döwürde hojalyklara salynýan dürli görnüşli salgytlar halkyň güýjünden agyr bolupdyr. Onuň üstesine-de salgytlar hojalyklaryň güýjüne proporsional salynmandyr. Hökümetiň ýerlerdäki wekilleri aýry-aýry hojalyklara salgyt salanlarynda öz şahsy meýillerine eýerip, aýry-aýry adamlary öz aýaklaryna ýykmak niýeti bilen kanunçylygy gödek ýoýupdyrlar, gurby deň adamlara salgytlar deň salynmandyr. Salgytlary üzmek üçin mal satmaga şäherlere gaýtmaga rugsat edilmändir. Öz ýerinde bolsa, mal alynmandyr, sebäbi ol döwürde çarwa ilatda pul, manat ýok. Bulardan daşgary-da talap edilen wagty puly berip bilmedik adamlaryň hut ýatagynda sagyp oturan köşekli- düýelerini alyp gaýtmaga çenli baryp ýetipdirler. Gan akan çaý Bulardan-da beter çydamsyz, gödek hereketlere ýol berlen wagtlary-da bolupdyr: Eger salgyt salynan adam pulsuzlykdan salgydyny üzüp bilmän puryja (üzmek üçin wagt) soranda etmän, ony oglan-uşaklarynyň, aýalynyň, ene-atasynyň gözüniň alnynda oba sowete ýa-da raýon merkezine alyp gaýtmak (öňlerine salyp) ýaly namysa degmek ýaly hereketlere-de baş urulypdyr. Halkyň degnasyna degilipdir. Bularyň üstesine-de şol wagtky Çagyl, Gökdere, Goýmat etraplaryndaky ilatlardan (äşgär ýadymda ýok 17-mi ýa 27-mi nämemi) il arasyndaky atly-abraýly adamlary tussag astyna almak barada Goýmatdaky meýletinçileriň komandirine görkezme barýar. Meýletinçiler otrýadynyň çlenleri bolsa şol bigünä tutulmaly adamlaryň dogan-garyndaşy, ilen-çalany, daýy-ýegeni, taýpadaşy, urugdaşy, dost-ýary. (Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlary) Düşnüksiz, mal sürüsi ýaly halk bu tükeniksiz ezýetlerden, yzalardan diňe Goýmatdaky meýletin otrýadyň komandirini, onuň orunbasaryny öldürmek bilen dynmak mümkin diýen pikire uýup, komandiri, orunbasaryny, terjimeçisini we komandiriň aýalyny öldürdiler, ine-de “basmaçylyk” başlandy. Mugallym: goly / / Durdygylyjow. 22.02.1992ý. Jebel posýology, Baýram şahyr köçesi 20-nji öý. Men ol ýyllara degişli has eýmenç zatlary-da bilýärin, ýöne onuň hemmesini ýazyp beýan etmek mümkinçiligi ýok. Men şu haty gonorar üçin-de ýazamok. Eger çap etseňiz, ony nämä harçlaň-da göwnüňize jaý boljak bolsa, şoňa geçiraýyň! Goly. Hormatly okyjy! Seýit Durdygylyjow redaktora ýüzlenip ýazan hatynyň arka ýüzüne şeýle ýazypdyr: “Mämmetjan sopy, kesilip getirilen kelle, Saparyň ogullary, Bibitäjiň gyzjagazy, göni gelen adamlaryň sudsyz atylyşy, ýesir oglan-uşaklaryň tussagda oturyşlary, Sibir tarapa sürgün edilişi, tussagdaky ýagdaýlar, Dähliden bärik kowulan ýesir oglan-uşaklaryň çeken ejirleri, olaryň ýarawsyzlaryny atylyp, çapylyşy, gaçyp Eýrana barýan halklaryň gyrylşy...” “Basmaçylyk” hakda hut meniň öz pikirim: Döwletiň şol döwürde düşünjesiz halkyň arasynda alyp baran zorlukly syýasaty ilaty surnukdyran we düşünjesiz halka şeýle hereketlere ýüz urmaga mejbur edilen diýip düşünýärin. Bu meniň şol döwrüň köp adamlary bilen gürrüňdeş bolup gelen netijäm. Aslynda bütin Ýomudystanda “basmaçylyk” hereketiniň ýetiren zyýany 60-70-80- ýyllarda bir kolhoz başlygynyň ýa-da raýkomyň sekretarynyň ýetiren zyýanyça-da ýokdur. “Basmaçylyk” iru-giç aklanylmaga degişlidir. Bu meniň hut öz pikirim. Goly. Seýitjan däde redaksiýa gatnan mahaly meniň ýanyma gelerdi. Ol bir gün maňa şu gürrüňi berdi: “Dählide biri beýlekisinden elhenç wakalar bolupdyr weli ýöne Bibitäç daýzanyň gören görgüsi ýadyma düşende henize bu güne çenli endam-janym düýrükýär. Pahyr şeýle gürrüň bererdi: “Dähliden bäri gaýtmaly bolanymyzda ejem Patma bilen ogullarym Dagdan 10 ýaşlarynda, Hywaly 8 ýaşlarynda alyp gaýtdyk. Alyn saçjagazlary maňlaýyna düşüp duran surat ýaly gyzjagazymy şol ýerdäki gowakda ukladyp goýup gaýtdym. Oguljyklarymy ýadan mahaly birini özüm, beýlekisini ejem arkamyza alyp biljekdik, ol neressämi kim götersin? Aç-suwsyz özümiziň ýöremäge gurbatymyz ýok, ýanym bilen alyp gitsem gözümiň alnynda öljek. “Bir musurmanlykly bendäniň biri sataşsa-ha ile gowşar, bolmasa-da maňlaýyndakyny görer-dä” diýdik. Wagtyň geçmegi bilen ogullarym Beýik Watançylyk urşuna gitdi, ikisi-de frontda wepat boldy. Meniň bu gören görgülerim, şol çagamyň ahy-nalasydyr”- diýerdi, pahyr.” men bu gürrüňleri diňläp durşuma aňyrda goýulyp gaýdylan çaganyň ykbaly göz öňüme gelýär. Ejesiniň mähirli gujagynda uka giden çaga, oýananyndan soňky bolan ýagdaýy göz öňüne getirmeklik hem elhenç. Belki-de ol, öz ejesini, doganjyklaryny gözläp, ysgyndan gaçýança ýortup gidendir, belki-de açlyk, suwsuzlyk belasyndan ejir çekendir. Belki-de töweregindäki elhençlikleri görüp aklyndan azaşandyr. Belki-de... • Balkan şehitleri hakda Balkan topragy taryhda köp elhençlikleriň şaýady bolupdyr. Emma üstümizdäki asyryň 30-nji ýyllarynyň kommunistleriniň Balkan ilatyna eden zulumy hiç haçan ýatdan çykmasa gerek. Diňe öz dinlerine wepaly bolmakdan başga hiç hili günäsi bolmadyk ýüzlerçe ilatyň rehimsizlik bilen bombalanyp, ganlarynyň sil ýaly akdyrylmagyny asla unudar ýaly däl. Ol şehitleriň ruhuna hemişe doga etmelidir. Balkanda bolan şol wakany öz gözi bilen gören, soň kommunistler tarapyndan atylyp öldürilen belli alym-şahyr Araz ibn Wefa (Wepaýew) (il arasynda oňa Mollajäjek hem diýilýär) örän çeper we täsirli suratlandyryp, ýörite bir goşgy ýazypdyr. Şol goşgyny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik. Aşyrpur Meredow, Edebiýatçy-alym. Eý, musulman, sen gulak sal ähli-yslam halyna, Din üçin murtutlaryň garşy çykyldy ýoluna, Kapyr ähli ýygnanyp, kast etdi jan-u-malyna, Hak üçin dawa edenler bolsun Alla ýaryňyz. Balkan ähli birigip, din gylyjyn galdyrdylar, Goç ýigitler at salyp, murtutlary öldürdiler. Ähli-yslam şöwketin kapyrlara bildirdiler, Parz üçin dawa edenler bolsun Alla ýaryňyz. Köp ýigit gazy bolup, agla şehitdir ol ölen, Dofulyp, algyr kimin ol Hakmyratdyr at salan, Şirk-ýezdan tek bolup öldi batyrlyk bilen, Din üçin dawa edenler bolsun Alla ýaryňyz. Gije daň wagtynda men düýşümde gördüm öldügin, Kapyryň ganyn döküp, ahyr şehit hem boldugyn, Mäliki-Aždar kimin murtutlara at saldygyn, Il üçin dawa edenler bolsun Alla ýaryňyz. Hajarazdyr saňa ýoldaş, at salyp kapyr ýükan, Din üçin dawa edip, murtutlara garşy çykan, Birniçe zalymlaryň boýnun burup, ganyn döken, Şeýle ýoldaşlar bilen hem bolsun Alla ýaryňyz. Köp musulman aglaşyp, asmana çykdy nalasy, Din üçin şehit bolup, ýesir bolandyr balasy, Adyňa yslam dakyp, mewlasyn öldir kölesi, Goç ýigitler at salyň siz, bolsun Alla ýaryňyz. Ogluňyz pahyr bolup, gyzlar - haýany atdylar, Dini-yslam ýoluny wezipe üçin satdylar, Medresäni, mesjidi murtutlara jaý etdiler, Şol üçin dawa edenler bolsun Alla ýaryňyz. Üşbu gün matam tutup, dünýä ýüzi gan aglaýar, Ähli-yslam ýas çekip, bagryn, jigerin daglaýar, Türkmeniň murtutlary namys satyp, keýp çaglaýar, Zalymyň ganyn dökenler bolsun Alla ýaryňyz. Ol eziz Alla kemalyň hak diýip dawa eden, Dofulyp, ganlar saçyp, maksay-myradyna ýeten, Öldüren gazy bolar, ölse şehit harba giden, Din-şerigat diýp ölenler bolsun Alla ýaryňyz. Eý, hansyz içaly, diniň satansyň pul diýip, Beýle sen haýyn watansyň ili-halkyndan doýup, Baş bolup, yslamy gyrdyrdyň neneňsi gözüň gyýyp, Haýyna garşy çykanlar bolsun Alla ýaryňyz. Bomba patlap, çaň turup, gopdy beýik bir zilzile , Maýa-köşek bozlaşyp, asmana çykdy welwele, Mäleşip owlak-guzy, arşa ýetendir gulgula, Toplara göwsün gerenler bolsun Alla ýaryňyz. Garşylaşdy ol goçaklar, atlanyp, göwsün gerip, Köp ýigit şehit bolanlar, aldanyp, özi baryp, Ol ýetimler aglaşar ýalňyz Hudaga ýalbaryp, Yňraşyp, ahlar çekenler bolsun Alla ýaryňyz. Ol Bekeş ogly Omar at saldy arslan tek bolup, Tä kyýamat at goýandyr, özi armansyz ölüp, Ähli gyrgyz jem bolup, namys çekendir öwç alyp, Hem Enes hem-de Beketler bolsun Alla ýaryňyz. Jar çekildi äleme, yslam üçin toý tutdular, Segredip, atlar çapyp, maksat-myrada ýetdiler, Ol gazak-gyrgyz, ýomut namys edip harp etdiler Pürküzip, ganlar dökenler bolsun Alla ýaryňyz. Eý Huda-ýa, lem-ezel yslamy etmäwer zelil, Aglaşan mazlumlara, sen rehim kylgyl, eý, jelil, Ummatynyň şafygydyr hem Muhammet ol Halyl, Enbiýalar hem wekiller bolsun Alla ýaryňyz. Balasyndan aýrylan aglar Araz ibni- Wepa, Milletim diýp, dalaşyp men çekmişem jöwru-jepa, Ol Watandan aýra düşdüm, görmedim zowku-sapa, Eý, musulman, türkmen ähli bolsun Alla ýaryňyz. • Dähli hasraty Arada saý-sebäp bilen Nebitdagly hudožnik, Türkmenistanyň hudožnikler birleşiginiň agzasy Amangeldi Hydyrowyň ussahanasynda bolmak miýesser etdi. Ol ýerde hudožnigiň “Dähli hasraty” atly kartinasy hem bar eken. Meniň kartinany üns bilen synlaýanlygymy aňan Amangeldi: -Siz Dähli hasraty barada eşidipmidiňiz?- diýip sorady. Menden ses çykmansoň ol: Sowet döwründe adamlar ol barada gürrüň etmäge-de çekinerdiler- diýip, kartinanyň döreýiş taryhy barada gürrüň bermäge başlady. Akja matanyň üstündäki, gör, haýsy zenanyň döşüni bezän apbasylar, gör, haýsy gözeliň boýnundan paýrap dökülen hünjüler, tikin tikýärkä, gör, nämeleri arzuwlan uly gyzyň ýa-da ýaş gelniň badam barmagyny iňňeden goran, ýöne, onuň ömrüni gyzgyn gülleden gorap bilmedik inçeden süýnmejik oýmak...diňe zalym adamlaryň başaryp biljek elhençliklerine şaýatlyk edip sessiz, naýynjar seda bilen kalbyňa aralaşyp, bagryňy ýakyp barýar. Zehinli hudožnigiň hut şeýle duýgularyň täsirinden dörän “Dähli hasratyny” synlap, onuň-da näzik kalbyň agysydygyna düşünmek kyn däl. Kartinada Dähli hasraty giň sährany tolgundyryp, elenip ýatyr... Şerigatda ata Watan, Ene toprak üçin, ar-namys, din üçin söweşip, gurban bolanlar şehit hasaplanýarlar, şehit ölenlere Allatagallanyň iň ýakyn adamlary diýilýär. Şehitleriň guburyna ýagşy niýetleri ýüregine düwüp barýanlaryň basan gadamlarynyň astyndan Allatagalla müň ýamanlygy aýryp, müň ýagşylygy ýazarmyş. Heý, mundan aňyrda-da bir sogap iş bolarmy? Ine, ýene-de Dähli guýusyna şehit bolanlaryň ýakyn-ýatlary ýygnanarlar. Hatyra güni diňe Dählide däl, eýse m, Garaşsyz hem Bitarap ýurdumyzyň ähli ýerlerinde adamlar gonamçylyklara bararlar. Ähli türkmen halky şol gün ar-namys, il-ýurt üçin bolan söweşlerde pederlerimiziň gany siňen Ene topraga tagzym edip, öten-geçenleriň hatyrasyna sadaka berer. Beýik akyldarymyz Magtymgulynyň: Gabyrystana bar-da,otur, pikir eýle- diýip, sargyt edişi ýaly, ol ýerde her kim öz günäsi bilen eden ýagşylyklaryny akyl terezisine salyp, saldarlap görer. Öten-geçenleriniň başujunda günäsine toba edip, kalbyny ýagşy niýetlere beslär. Şeýlelikde, ýürekler ýukalyp, kalplar tämizlener. Şehitleriň hatyrasyna berýän sadakalaryňyz, aýat-töwirleriňiz kabul bolsun, ýürekde beslän ýagşy niýetleriňiz rowaç alsyn, mähriban ildeşler! Haldäne BAÝRAMGELDIÝEWA. “Galkynyş” gazeti, 12.01.1999 ý. • Dähli yzasy “Dähli hasraty” makalasyny okan adamlar maňa: Şol gyrgynçylygyň düýp sebäbi näme, nämeden başlapdyr?” diýen soragy örän köp berdiler. Sebäbini makalada beýan edipdim, ýöne ýüzleýräk bolan bolmagy mümkin. Okyjylara has düşnükli, aýdyň bolmagy üçin, taryh ylymlarynyň kandidaty Berdimyrat Garabaýewiň “Nesil” gazetiniň 1999-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda çykan “Dähli yzasy” makalasyndan alynan bir parçany size hödürleýäris: “1930-njy ýylyň ýanwarynda Merkezden Türkmenistana “Kolhozlaryň gözden geçirilýän döwründe baýlaryň kontrewolýusion hereketlere ýüz urýandyklary sebäpli, sowet häkimiýetine garşy edilýän açyk çykyşlaryň doly öňüni almak üçin ähli çäreleri görmek gerek” diýen buýruk berilýär.1930-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda bolsa, BK/ b/ PMK-nyň Orta Aziýa býurosynda mesgen tutan dikmeleriň “Uçdantutma kollektiwizasiýa geçirmek we kulaklary synp hökmünde ýok etmek işinde Orta Aziýa partiýa guramalarynyň wezipeleri hakynda” karary çykýar. Bu, elbetde, halkyň garşysyna zorluk ulanylmagyna getirýär. Wagşyçylykly gyrgynçylygy ret edip, bu karary ýazgaran türkmen ýolbaşçylaryny tutmak, basmak we atmak üçin, 1930-njy ýylyň 26-njy aprelinde “TK/b/PMK-nyň kolhoz hereketine ýolbaşçylyk edýän adamlaryň goýberen ýalňyşlyklary hakyndaky” karar kabul edilýär. Bu kararda aýratynam kolhozlary gurmagyň depgininiň bilgeşleýin güýçlendirilmeýänligi, daýhanlaryň kolhozdan köpçülikleýin çykmagyna diňe kolhoz gurluşygynda goýberilýän ýalňyşlyklaryň sebäp bolandygy, ýalňyşlyklaryň haýal ýok edilýändigi we olaryň syýasy ähmiýetini azaltmaga çalşylýandygy, partiýa dokumentleriniň synpy duşmançylykly elementleriň eline düşýändigi barada aýdylýar. Hawa, ilat köpçüligi sowet häkimiýetiniň agyr zulumyna garşy aýaga galýar. Dergazaplyk ýetjek derejesine ýetýär. Karar üstüne karar çykarylýar. “Türkmenistan SSR-niň çarwaçylyk böleginde suw çeşmeleriniň (guýularyň) we öri meýdanlaryň millileşdirilmegi, hasaba alynmagy hem-de olaryň gaýtadan peýdalanylmagy hakynda bolşewikleriň çykaran kararyndan soň-a maldar çarwalaryň paltalary daşa degýär. Bu karara laýyklykda, TSSR-iň çarwaçylyk böleginde ýerleşýän ähli suw çeşmeleri (guýular, kaklar, oýlar we beýleki suw çeşmeleri hem-de suw howdanlary) olara galtaşýan öri meýdanlary bilen bilelikde döwlet eýeçiligine geçýär. TSSR-iň territoriýasynda ýerleşýän guýulara we beýleki suw çeşmelerine aýry-aýry adamlaryň hem-de urug-tireleriň eýeçilik hukugy hemişelik ýatyrylýar. Maldar çarwalaryň syýasy we ruhy taýdan ezilmekleri, “kulak” diýlip, synp hatarynda jezalandyrylmagy höküm edilen oba ilatynyň, aýratynam ýekebara gurply daýhanlaryň aýaga galmagyna sebäp bolýar. Bu halk nägileligini ýatyrmak üçin bolşewik hökmürowanlary hilä we mekirlige ýüz urdy, halkyň arasynda tire-taýpa meselesini ýitileşdirýärler, olary biri-birlerine öjükdirýärler, dogany-dogana garşy goýýarlar, dini ynançlary syýasatda ulanýarlar. Günbatar Garagumda, ozalky Krasnowodskide we Gazanjyk etrap merkezinden 400 kilometr demirgazykda ýerleşen Goýmat, Tüwer, Çagyl we Dähli diýen obalarda halal maly elinden alnan halkyň nägileligi 1931-nji ýylyň sentýabrynda gyzyl esgerler tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Ýaragly türkmenler kolhoz gurluşygyna we sowet häkimiýetine garşy çykyş edýärler. Il kethudasy Illi ahunyň baştutanlygynda Balkan dagynyň demirgazygyndaky obalarda ýaraglanyşyk has-da artypdyr. Türkmen mal eýeleriniň serhetden aşyp, Eýrana geçmek umytlarynyň puja çykanlygy sebäpli, “ýa söweşip ölmeli, ýa-da bolşewige boýun bolmaly” diýen iki ýol olaryň öňlerinde keseripdir. Şunlukda, daşy gabalan ilat söweş ýoluny saýlap alýar.” B.Garaýew, “Nesil” gazeti, 07.10.1999 ý. • Türkmen gyzy Türkmen halkynyň Nuh Nebiýýullahidan gaýdýan uly taryhy ýolunyň bardygy, Beýik Taňrynyň türkmen aýal-gyzlarynyň köňlüne hem aňyna ruhubelentligi, gaýduwsyzlygy, paýhaslylygy, ahlak arassalygyny, namyslylygy, uýatlylygy, asyllylygy, birsözlüligi işeňňirligi öwran-öwran nygtalýar. Taryhy maglumatlardan, rowaýatlardan, şu günki günüň durmuş hakykatyndan çen tutanyňda hem, türkmeniň hemişe aýal-gyzlara uly hormat goýýanlygyna göz ýetirmek mümkin. Gadymy (miladydan öňki V- miladynyň V asyrlary) döwre we orta asyrlara (X –XII asyrlara) degişli ýazuw ýadygärliklerinde ýatlanylýan ýer-ýurt, deňiz-derýa atlary bolan: Meotiý, Oaks ýa-da Gyzdeňzi diýlende Sarygamyş kölüniň göz öňüne getirilmelidigi, Ak-Akes-Araks, Oh-Oks ýa-da Amyderýa diýlende Uzboýuň-da onuň düzümine girýändigi bellidir. Günbatar Türkmenistan (gündogar Hazarýaka we Sarygamyş suw howdanynyň sebitlerinde) Kolhida atlandyrylypdyr. Amazonkalar mesgeni diýlende bolsa, Gyzdeňzi diýip atlandyrylan Sarygamyş kölüniň sebiti göz öňüne gelýär. Garagumuň gadymy maldar, Oguz han türkmen neslinden bolan, massagetleriň hany ýogalyp, ýurdy onuň dul galan, başarjaň aýaly Tumar şanyň dolandyran döwri bilen baglanşykly (miladydan öňki VI asyryň 30-njy ýyllary , Ahemenidler bilen massagetleriň (maldarlaryň) arasynda bolan söweşiň-de demirgazyk-günbatar Türkmenistanda, Uzboýuň (Araksyň) orta akymynda, ýagny Çölüňgyry- Garrygeçit sebitlerinde bolandygy äşgärdir. Ol wakadan 13 ýyl soň, miladydan öňki 517-nji ýyllarda Dariý (Daraýnuş) bilen ýylky çopany Syragyň wakanyň-da hut şol bir sebite gabat gelýändigini taryhy wakalar bilen içgin tanyşanyňda aýyl-saýyl edip bolýar.) Häzir bolsa biz türkmen gelniniň 1931-nji ýylyň sentýabrynda görkezen edermenligini beýan edip, XIV asyryň birinji ýarymynda şol bir ülkede önüp-ösen, türkmen gyzy Mamabike baradaky eşiden gürrüňlerimizi köpçülige ýetirmegi makul bildik. 1961-nji ýylda arheologiýa-etnografik ekspedisiýanyň hatarynda ýörkäk, Türkmenistanyň demirgazyk- günbatar künjeginde Ärsary-babanyň Komabeg tarapyndan heläk bolan Tüwer (Tüker) guýusyndan uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän Çagyl obasynda bolanymyzda, ýetmiş ýaşlaryndaky Bäşim aga diýen ýaşuly bilen gürrüňdeş bolmak miýesser edipdi. Şonda ol 1931-nji ýylda bir türkmen gelniniň edermenligini gözi bilen görendigini aýdypdy. Başagaýlyk ýyllarydy. Aklar diýdimi, gyzyllar diýdimi, basmaçy diýdimi, bolşewik ýa-da menşewik diýdimi, uzyn gepiň gysgasy “it eýesini, pişik bikesini- tanamaýan” zaman boldy. Hatda ol sözleriň köpüsine akyl ýetirip bilmeýän, ýetirjegem bolmaýan sada maldarlaryň obalaryna Çagyla uçardan partlaýjy ýarag-bomba taşlansa, ýerden tank süýşüp gelipdir. Obalaryna basgy aralaşyp, uçary, tanky görüp zähresi ýarylan ilat yzanda-çuwan bolup demirgazyga tarap bosup, Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar çägindäki iň çetki mal suwy bolan guýa Dählä baryp ýetýärler. Paý-pyýada ilatyň ondan aňry gitmäge ýagdaýy-da bolmandyr. Garaňkylyk, suwsuz-sölsüz Üstýurt belenligi. Bosguny kowalap gelen atly-ýaragly gyzyl esgerler çaýa, jara girýärler. Sandyraşyp duran çil-çagany, oglanlary we gelin-gyzlary gören serkerde-komandir eşikleri sal-sal bolup duran gyzyň köýneginiň çigninden başam hem süýem barmagy bilen tutup, çümmükläp nämedir bir zatlar diýipdir. Gyzyň ýeňňesi eline gyrkylygyň taýyny alaga-da komandiriň çep goltugyna sünjüpdir. Komandir duran ýerinden dagyň bölegi gopan ýaly gürpüldäp ýykylypdyr. Şondan soň ürken mal ýaly sandyrap duran ähli çil-çaga oka tutulypdyr. Iki elini we ýagyrnysyny jaryň diwaryna diräp şol gelniň jesedi çüýlenen ýaly doňup galypdyr diýip, Bäşim aga gürrüň beripdi. Gultan molla atly ýerli şahyryň ol gelin hakynda goşgy ýazandygyny, onda: “Kimligin sorasaň, türkmeniň gyzy, Diri dek turup dur, ölüdir özi...” diýip, şol görnüşi bolşy ýaly, suratlandyrandygyny häli- häzirler-de ýatlaýarlar. Elbetde, wagtynda soralyp-idelen bolsa, ol gelniň hem gyzyň adyny-soruny bilip bolsa-da bolardy. Arman, şeýdilmändir.Wakanyň bolandygy weli, hakykat. Hemra ÝUSUBOW, arheolog. “Gurbansoltan eje” žurnaly, № 6, 2000 ý. Indi bolsa ýokarky makalada agzalýan, anyk jümle hökmünde getirilýän goşga ser salyň. Balkan sebitlerinde ýaşan Gökjeli Gultan mollanyň goşgusy: • Gördüm Takdyra ýazylan taryha doldy, Bilmedim nije döwrany sürdüm, Hak ýolunda ýedi dawut ýar boldy, Taňrynyň soragyny soranyn gördüm. Gan dökülen çöl gyrlara aýlanyp, Kapyryň kesilen başyny gördüm, Gana ýuwup dony bilen jaýlanyp, Gyrylan şehidiň läşini gördüm. Egsilmez gymmaty jöwherden janyň, Kim çeker jepasyn dökülen ganyň, Müň atla taý bolan Hakmyrat hanyň, Duşmany gurt kimin gyryşyn gördüm. Atlandy Hakmyrat din gylyjyn çalyp, Erenler ugratdy ak ýola salyp, Din üçin Etrek- Gürgenden gelip, Hak ýolunda janyn berenleri gördüm. Güýçli kapyr musulmana duş boldy, Hakmyrat han kyrk şehide baş boldy, Bir depede bäş müň adam läş boldy, Ynsapsyz kapyryň gyryşyn gördüm. Bir gelin turup dur ölüpdir özi, Ýüzleri gülüp dur açykdyr gözi, Diri dek turup dur ölüdir özi, Ýykylman dim-dik duranny gördüm. Söweş etdiň ýygnanan goşun köp boldy, Kapyr gelip gyrdy pulemýot bilen, Aýdar Gultan içim boldy öt bilen, Ýesiri mal kimin sürenni gördüm. 14.09.2005 ý. Dyny ogly Hojatagandan göçürildi (Hojanyýazow Sarçanyň daýysy, ýagny ejesiniň erkek dogany). Bu pikiri ýazan Hojanyýazow Sarça mugallym Sarça dädem, ömrüne Balkanabat şäherinde taryh mugallymy, orunbasar, direktor, türkmen-türk mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna wekil, Gaýrat medaly bilen sylaglanan (2018-nji ýylda 82 ýaşynyň içinde öz eli bilen ýazan, dili bilen aýdan maglumatlary.) Ýatlama! Dähli baradaky hasratly waka (15-16.09.1931ý.) bilen baglanşykly hadysanyň biriniň bilinmegi biziň üçin örän zerurdyr. Balkan sebitlerinde ýaşan Gökjeli Gultan mollanyň goşgusynda agzalýan: “Kimligin sorasaň, türkmeniň gyzy, Diri dek turup dur, ölüdir özi...” - diýilýän zenan Sarçanyň (ikinji dakylan) maşgalasydyr. Bu barada bir waka hakydamdan hiç wagt çykmaz.1960-njy ýyllarda gaýra- Çagyl obasyna gezmäge baranymda (şol wagtlar men 24 ýaşymdadym) daýymlara salamlaşmaga baranymda daýzamyň ýanynda bir ulalyşan aýal (daýza) bar eken. Edep boýunça salamlaşdym, daýzam meni şeýle bir gadyrly garşylady, soň ol aýal (daýza) hem edep boýunça elimi ýeňim bilen ýapyp salam berip uzadanymda ol hem görşüp salamlaşdy. Biz şolbada saglyk-amanlyk soraşdyk. Daýzamyň ýanynda oturan Gojuk taýpasyndan bolan zenan ekeni, ol meni sorady. Şonda daýzam bu ýigit Hojanyýazyň ogly Sarça diýdi. Diýen badyna hem ol zenan täzeden özi elini uzadyp elimi köp wagtlap goýbermän saklap, Sarçanyň (ikinji dakylan) adynyň maşgalasyndan hem örgün (yz) galypdyr-ow diýip biziň aňrymyzy örän gowy tanaýandygyny, beletdigini, gowy adamlardygyny aýtmak bilen tukatlandy we bir hasratly wakany gürrüň bermek bilen “ Şol (1931-nji ýylda) jarda, gaýada dim-dik bolup ölüp galan gelin, zenan seniň ýeňňeňdir” diýip şaýat boldy. Ol wakany, ýerleri ýatdan çykarmazlygymy, ündäp durmagymy sargady. Ýazga geçiren Goçmämmedow Garataý mugallym (23.07.2018ý.) • Sungat tesellisi Amangeldi Hydyrowyň “Dähli hasraty” diýen işi, adyndanam belli bolşy ýaly,hasratly iş... Belli edebiýatçy alym Aşyrpur Meredow (biz oňa Nury däde diýýärdik) Balkan şehitleri barada gürrüňden-gürrüň çykanda, bir gezek şeýle gürrüň berdi: - Balkan topragy taryhda köp wakalaryň şaýady bolupdyr. Emma geçen asyryň 30-nji ýyllarynda bolan bu elhenç waka hiç haçan ýatdan çykmasa gerek. Diňe öz dinlerine wepaly bolmakdan başga hiç hili günäsi bolmadyk ýüzlerçe adamlaryň rehimsizlik bilen atylyp, ganlarynyň sil ýaly akdyrylmagyny asla unudar ýaly däl. Ol şehitleriň ruhuna hemişe doga etmelidir. Balkanda bolan şol wakany öz gözi bilen gören, soň bolsa atylyp öldürilen belli alym-şahyr Araz ibn Wefa (Araz Wepaýew, il arasynda oňa Mollajäjek hem diýýärler) Örän çeper we täsirli suratlandyryp, ýörite bir goşgy ýazypdyr... Nury däde ýetmiş iki setirden ybarat bolan şol goşgyny gözüni ýaşlaman aýdyp bilmezdi: Nury däde bilen bolan şol gezekki söhbetdeşlikden bäri ýigrimi ýyldan gowrak wagt ötenem bolsa, ol edil şu günki ýaly... Nury däde goşgyny okap otyr,okap otyr.Meniň gözüme ýagmyrly gün ýüzünden ýagyş syrygyp duran aýnanyň aňyrsyndan “Dähli hasraty” görünýär. Aýnanyň ýüzünden ýagyş birsyhly syrygyp duransoň “Dähli hasraty” bir görseň, bulaşyk görünýär, käte ulalyp-ulalyp görünýär, käte buldurap suwa gark bolup barýan ýaly...Sen biygtyýar gözleriňe eliňi ýetirýärsiň. Aýnanyň ýüzünden ýagyş suwuny süpürýän ýaly, göz owaňda ýygnanan ýaşlary sylýaň. “Dähli hasraty” birneme aýdyňlaşyp ugraýar... Amangeldi Hydyrowyň “Dähli hasraty” diýen işi nähili hasratly bolsa-da, ol seni özüne söýündirmegi başarýar. Näme üçin beýle? Gaýtam, ol gynanjyňy artdyrmaly ýaly. Näme üçin beýle däl? Araz Wepaýewiň Dählidäki hasrat barada gözi bilen görüp ýazanlaryny kalby bilen görüp ýanan suratkeşiň ussatlygy bu “beýle” bilen “beýle däliň” utgaşmasynda ýüze çykýar. Eger biz ata-babalarymyzyň biz üçin- ertirki nesil üçin, geljek üçin baş goýup şehit bolandyklaryny unudan bolsak, biz şu günki günüň gadyryny nädip bilerdik?...Hernä, bizi şol şehitleriň ruhy goldandyr-da! Amangeldi Hydyrow ýaly, şol şehitleriň agtyklarynyň biri ilkinji bolup, “Dähli hasratynyň” keşbini keşde etdi. Şonuň üçin, bu gün suratkeşiň “Dähli hasraty” bizi özüne söýündirýär. Şonuň üçin bu gün, “Dähli hasraty”, meniň aňlaýşymça, Balkan şehitleriniň başujuna ýetmiş ýyldan soň dikilen ilkinji mazar daşydyr... Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda, biziň öýümiz mal üstünde, Garababa diýen ýerde oturýarka, bize Mämmetweli bagşy myhmançylyga gelipdir. Şonda ony diňlemäge öýümize üýşen adamlaryň islegi boýunça bagşy “Bolsun Alla ýaryňyz” diýen aýdymy aýdypdyr. Mämmetweli bagşy şonda aýdymyň gaýtalamaly ýerinde kellesini iki baka bulap, hem hereket bilen, hem söz bilen ýaňky aýdymy şeýle bir ussatlyk bilen aýdýa diýýär welin, hem özi aglaýa diýýär, aýdym aýdyp oturyşyna, hem töwerekde oturanlar gözlerinden boýur-boýur ýaş goýberişip otyr diýýär. Bu barada maňa geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň başlarynda uly agam- Nejep hajy gürrüň beripdi. O döwürde ol entek okuwa-da düşmändir. Çaga bolansoň, bu aglaşmanyň sebäbine şonda kän bir düşünişmändigini, ýöne şol görnüşiň göz öňünden hiç haçan gitmeýändigini aýdypdy. Ol aýdymy diňleýän adamlaryň köpüsi aýdymda beýan edilýän wakany gözi bilen gören adamlardan eşiden gürrüňlerini göz öňüne getirip aglaşýan ekenler. Bagşam şol wakalaryň içine girip, aglaman aýdyp bilmeýän eken bu aýdymy... Amangeldiniň “Dähli hasraty” işiniň öňünde saklandygyňça, ol şol wakalary seniň göz öňüňe getirip, seni-de hamsygdyraýarly görünýär. Hakyky sungat eseri şeýle-de bolmaly diýen pikiri aňyňda aýlap, kalbyňa teselli tapýaň. Sungatyň tesellisi tükeniksiz lezzet berýär... Kasym Nurbadowyñ “Suratkeşiň nazary” atly kitabyndan (Aşgabat, 2016). • Hakyda –hakykatyň hossary Dähli dogrudan-da Oguz han kybylaly Dag hanyň nebresi dahlar bilen dahylly, bolmaly. Hakyda hiç mahal hakykaty ýatdan çykarmaýar. Oňa hossarlyk edip gelýär... Şu ýaşyma çenli okalan kitaplardaky sowet döwründen öňki taryha degişli maglumatlarda “basmaçy” sözüne gabat gelmändigim onuň taryhy bilen gyzyklandyrdy. Iki kitapdan ybarat “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” (2016ý) oňa düşündiriş berilmändir, ýagny ol bu sözlüge girizilmändir. TSSR Ylymlar akademiýasynyň neşirýaty tarapyndan 1962-nji ýylda neşir edilen “Türkmen diliniň sözlüginiň” 107-nji sahypasynda bolsa şeýle düşündiriş berilýär. “BASMAÇY – Orta Aziýada Sowet häkimiýetini berkleşdirmek ugrundaky göreş döwri çykan kontrrewolýusioner-talaňçy, banditler, galtaman” Başky “Türkmen diliniň sözlügini” täzeden açyp I tomdan “alamat”(53 sah), “galtaman” (382-nji sah),“garakçy”(195-nji sah), II tomdan “talaň”, “talaňçy”(380 sah) sözlerine düşündirişleri okaýaryn. “Sowet” sözi bilen dahyllaşdyrylmandyr. Olar bilen tanyş bolup görmegi isleg bildirýänleriň özlerine goýýarys... “Basmaçy” sözüne düşünjesine has ygtybarly düşündirişi S.Atanyýazowyň “Türkmen diliniň sözköki sözlüginden (2004ý) tapmak mümkin: “Basmaçy -Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda Orta Aziýada Onuň eden-edenliklerine garşy çykan watançy güýçler (meselem Jüneýit han, Eziz han, Burdalykly Salyr Düzzi we ençeme beýlekiler hem-de olaryň yzyna eýerenler) sowetler tarapyndan basmaçy diýlip atlandyryldy we olaryň garşysyna gazaply göreş yglan edildi. Bu syýasy adalga basmak basyp almak işliginden döräpdir” (53-nji sahypa). Diýmek, Dähliniň wakasy taryhyň has uly gürrüňleri bilen baglanşykly... Seýitmämmet HYDYROW, Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesindäki 10-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy. • Jemleme “Dähli hasraty” makalany taýýarlap ýören mahalym ondan soňra, şol döwür bilen baglanşykly, ençeme kitaplar bilen tanyş boldum, okadym. Şol kitaplaryň ählisinde hem şol döwrüň syýasatyna gulluk edilip ýazylan ýasama zatlara gözüm düşdi. Mysal üçin : 1981-nji ýylda Moskwanyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan Zeweleýew A.I, Polýakow Ýu.A, Çugunow A.I , tarapyndan ýazylan “Basmaçestwo; wozniknoweniýe, suşnosty, krah” (Basmaçylyk: döremegi, mazmuny, derbi-dagyn edilmegi) atly kitapda Dähli barada şol kitabyň 169-njy sahypasynda “Razgrom, hişnikow pustyni” (Çöl ýyrtyjylarynyň derbi-dagyn edilmegi)- diýlip ýazylýar. Şol kitabyň 176-njy sahypasynda: "Несмотря на отдельные успехи в борьбе с басмачеством, к 1 сентября в Туркмении насчитывалось до 3 тысяч вооружённых басмачей. Наиболее крупной группировкой по-прежнему оставалась йомудо-казахская. Действовала она в северной части Красноводского и Казанджикского районов. Её центральтная база находилась в районе колодца Чагыл”. Şol kitabyň 177-njy sahypasynda: “На исходные позиции выдвигались более крупные силы Красной Армии и добровольческие отряды. В Красноводске к операции готовились курсанты Ташкентской военной школы им. В.И.Ленина во главе с А.К.Малышевым. Здесь же находится мотомеханизированный отряд под командованием заместителя начальника пограничных и внутренних войск Средазуправления ОГПУ И.И.Ламанова; представителями ЦК КПТ в отряде были Н.Айтаков и С.Унгалбаев. Şol kitabyñ 178-nji sahypasynda: “Первое столкновение мотомеханизированного отряда, возглавляемого И.И.Ламановым, с боевым охранением йомудо-казахской группировки произошло 12 сентября. 13 сентября 2-й Туркменский полк и отряд Ламанова атаковали главные силы йомудо-казахской группировки. Имея хорошо укреплённые позиции (укрепления составляли 3 км по фронту и 4 км в глубину) и большее превосходство в живой силе, банда оказала яростное сопротивление. 14 часов длился бой. Басмачи не выдерживали натиска наших частей. 198 бандитов были убиты и ранены; погиб курбашы Хак Мурад, осуществлявший связь с представителями английской разведки. В бою у колодца Чагыл пали смертью храбрых И.И.Ламанов и чекист Чары Мурадов. 17 сентября у колодца Дэхли их настиг сводный кавалерийский дивизион под командованием Малышева. Завязался бой - самый тяжёлый и самый кровопролитный за всю операцию. В течении 10 часов бандиты сопротивлялись с яростью обречённых. Вскоре сюда прибыл отряд курсантов под командованием Якуба Кулиева. Разгром басмачей был полным. Лишь немногим из них удалось скрыться”. Şol döwürdäki çykan kitaplaryň ählisi syýasatyň guly. Soňra Moskwada çykýan gazetler, žurnallar “Basmaçylyk” barada başga pikirleri aýdyp başladylar. Mysal üçin: Moskwada çykýan “Юность” žurnalynyň 1990-njy ýylyň sentýabr aýyndaky sanynda şeýle ýazýar: “Тех, кто всерьёз интересовался историей борьбы с басмачеством, всегда смущало странное обстоятельство: исторические труды, романы и остросюжетные фильмы рассказывали нам одно, а аксакалы и яшули - совсем другое. Невольно возникал и возникает по сей день вопрос: нас учили не тому, что было, говорили то, что кому-то нужно было сказать, вопреки историческим фактам? Эта память – тяжёлый груз на душах и сознании людей Советского Востока. И сегодня наша задача – снять этот груз рассказом о том, как всё было, почему, и ... повиниться, если хотите. Обязательно! И венцом неправды о “басмачах” явилась книга А.И.Зевелева, Н.А.Полякова и Л.В.Шишкиной “Басмачество: правда истории и вымысел фальсификаторов”. В таком виде, как этот “фундаментальный труд”, написанный в печальные для нашей истории годы, выходить в свет сегодня не имел права. Нет сомнения! Сегодня пришла пора поведать правду об истории становления Советской власти в республиках Средней Азии, как бы сложна и горька она не была. И сделать это не для того, чтобы столкнуть разные народы, а чтобы сказать правду и этим их объединить. Юрий ПАПОРОВ / “Белое солнце пустыни”. журнал “Юность” №1 – 1990 год. Türkestan halk komissarlary sowetiniň başlygy, TürkMIK Prezidiumynyň çleni, Türkestan KP MK sekretapiatynyň çleni G.S.Atabaýewiň 1922 ýylyň 18-nji iýulynda Taşkentde TürkMIK-niň 2-nji plenumynyň 5-nji mejlesinde eden çykyşynda basmaçylyk baradaky pikirlerini aýdýar: - И сказать честно, что так называемое “басмачество” не являлось никаким бандитизмом, не было изначальным неприятием Советской власти, а представляло собой результат, ответ и в конечном счёте защиту своего очага, своей земли, на которой появились люди, пренебрегавшие устоями и традициями, не признававшие обычаев, но жаждущие власти. Юрий ПАПОРОВ. журнал “Юность” №9 – 1990 год. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |