10:57 Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar | |
NEBITDAGDA KERBABAÝEW ÝAŞAÝAR
Goşgular
Nebitdagdaky B.Kerbabaýewiñ adyny göterýän köçe şäheri demir ýol wokzaly bilen birleşdirýär. Gündizlerne dyzyn epmän oturan, Gijelerni çirim etmän ötüren, Işçi sallançagny üwräp oturan, Arkasyn daglara diräp oturan Nebitdagym merde - medet, Ýagşa - ýar. Nebitdagda ýagşy adamlar ýaşaýar. Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar. Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar - Merdanlara galkan bolan Balkan Ile eltýän gollarynda ýaşaýar. "Nebitdagy" bina eden ol goja Goturdepäñ ýollarynda ýaşaýar. Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar - Işçileriñ öýlerinde ýaşaýar. Gujurynda, batlarynda ýaşaýar, Añlarynda, ýatlarynda ýaşaýar, "Nebitdagyñ" baplarynda ýaşaýar. "Nebitdagyñ" güzerinden inenler Togap kylar her sözbaşa, her baba. Nebitdaga myhman geliñ adamlar, Ilki bilen garşy alar Kerbaba, Nebitdagda Kerbabaýew ýaşaýar! Kasym NURBADOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 10.09.1986 ý. | |
|
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Ol gözler... / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |