20:55 Akjasüñk | |
AKJASÜÑK
Goşgular
Akjasüñk - gijelerine çagalar tarapyndan oýnalýan türkmen milli oýny Her gezek obama ýola şaýlansam, Ýaz ýaly gysgalýar alys aralyk. Her gezek obama ýola şaýlansam, Alys ýola ýoldaş bolýar çagalyk. Her gezek obama ýola şaýlansam, Ak ýollarda ýoldaş bolýar akjasüñk. Akjasüñküm señ yşkyñdan aýlansam! - Ýeñledýäñ sen çagalygmyñ ökjesin. Ýada düşseñ kuwwat tapýar dyzlarym, Meniñ akjasüñküm, çagalyk höwrüm. Çagalykda kän ýüwrüpdim yzyñdan Bu gün señ yzyñdan ýüwürýär göwnüm. Akjasüñküm - bir çemlije akja süñk! Aýlap-aýap zybyrdadyp zyñardyk. Soñ eñerdik "tapyrdyk-da-tapyrdyk" Tapardyk-da, tarpymyza eñerdik. Bu gün ýene men obamyñ myhmany, Ýola çykyp garşy aldy çagalyk. Ýollaryma mahmal bolup düşeldi Akjasüñk oýnalan akja çägelik. Men seni tapmadym, eý akjasüñküm, Tapmadygma müýnli ýaly dymdym kän. Ýa kütelşip ýörenmikä gözlerim, Sen nirede, haýsy ýana zyñdymkam? Akja çägelerden sorasam seni, Jogap bermäñ ýerne olaram dymýa. Akjasüñküm sen nirede, nirede? - Seni has alysy zyñaýdymmy ýa? Kasym NURBADOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 10.04.1987 ý. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |