LAKGA BALYK
Bir erteki gür berjek.
Ynanmasaň - ýalanmyş.
Ynansaň hem hakykat -
Bir zamanlar bolanmyş.
Menem ony kakamdan
Eşidipdim bir çaklar.
Meň özümä ynandym,
Ýöne sizi biljek däl...
Gadym zaman bir goja,
Awa gidýär jeňňele.
Höküm sürýär bu ýerde
Çybyn-çirkeý, gandala.
Dürli guşuň, haýwanyň
Mesgenimiş bu tokaý.
Wah, şonda-da ol goja
Başyny ýaýkaý-ýaýkaý
Gelýän eken dolanyp,
Bir aw tapman tünegne.
Bir lakgajyk duşaýýar
Birden onuň dilegne.
Atan oky degmeýär -
Göterýär ol ökjäni.
Düşýär onuň söbügne,
Sypdyrmaýar lakgany.
Lakga gaçyp, ol kowup,
Ýetdim - ýetdim diýende.
Ýaňadandan çenenip
Atdym -atdym diýende.
Lakga sakga saklanyp,
Goja boýnun burupdyr.
Gepläp adam dilinde,
Ýalbarmaga durupdyr.
- Meni atma, eý, goja!
Durşuma baýlykdyryn.
Ertekide aýdylýan
Şol tylla balykdyryn!
Maňa rehimiň inip -
Azat etseň pederim,
Kersenden kepbäňe çen
Sap tylladan ederin...
Goja haýran galmakdan
Ýeňsesini sermäpdir.
Lakga dymyp durmandyr,
Gaýta-gaýta samrapdyr.
- Merhemetli, eý, goja
Bolmasa-da azygyň.
Häzir öldürip iýme,
Tagam tapmaz agyzyň.
Garnyň doýmaz barybir,
Seret, entek ejiz men.
Gowusy, sen baga bak,
Äkit-de meni tizden.
Her gün bir az ot berseň,
Sygyr bolup semrärin.
Ýokdur özge höregim -
Şoldur ähli dermanym.
Onsoň iýesiň gelse,
Iýäý islän zamanyň...
Goja için gepledip,
Dili tutulan deýin
Şeý diýipdir:"Men
munuň
Aýdanyny edeýin.
Ýöne-möne balyk däl,
Dogrudanam, bu balyk.
Tylla balyk bolsa bu -
Bu hormata ylaýyk".
Tutupdyr-da balygy
Torbasyna atypdyr.
Ýüwüripdir ýel ýaly,
Kepbesine ýetipdir.
Ot berse-de balyga
Her gün desse-desseden.
Semremändir birjigem,
Şunça hyzmat etse-de.
Gaýta her gün gijäniň
Samrap ýaryna deniç.
Şol ynanjaň gojanyň
Gulagna bermändir dynç:
"Ertekide aýdylýan
Şol tylla balykdyryn.
Günä galar öldüren -
Hormata laýykdyryn".
Agzy ýetişdiginden
Zol samrarmyş şu sözi.
Samradygyça, şonça
Has ulalýamyş agzy.
Agzy ulaldygyça,
Köpelýämiş iýýäni,
Iýýäni artdygyça,
Şol bir sözmüş diýýäni:
"Ertekide aýdylýan
Şol tylla balykdyryn.
Günä galar öldüren -
Hormata laýykdyryn ".
Iňirdäpdir, dynuwsyz,
Şol bir sözi sözläpdir.
Sypmak üçin gojadan
Amatly ýol gözläpdir.
Gün yzyna gün geçip,
Günler aýa sapypdyr.
Ahyr goja lakganyň
Çäresini tapypdyr:
Bir ullakan temene,
Gatlap, uşlap sapypdyr.
Sapypdyr-da, barypdyr
Alkymyna lakganyň.
Diýipdir: - Besdir indi,
Bir çen boldy eklänim.
Mekirlik etjek bolýan,
Senden tilki bolarmy?
Almytyňy alarsyň,
Çykararyn arymy.
Daraltjak-da agzyňy,
Ýene-de synap görjek.
Semremeseň, samrasaň,
Gaýgyrjak däl -
öldürjek...
Uçly uşlyply temen
Geçeninde agzyndan;
Garaňkyrap gözleri,
Gideňkirlän özünden;
Lakga:"Wäk! " diýp
agzyny
Hatap ýaly açypdyr.
Sypyp gojaň elinden
Jeňňellige gaçypdyr.
Durar ýerde durmandyr,
Ylgapdyr, köp ylgapdyr.
Ol şol gaçyp barşyna,
Öz içinden gürläpdir:
"Goja diýenmi etdi -
Deň bolmady meň bile.
Indi tutsa, öldürer,
Girmäýin men jeňňele".
Durar ýerde durmandyr,
Ýadapdyr ol - haşlapdyr.
Şol barmana özüni
Suwly arna taşlapdyr.
Şondan bärem gojadan
Gorkusyna şo lakga
Çykyp bilmän ýaşap ýör,
Deňiz , derýa, bulakda.
Tamam boldy kakamyň
Gür beren ertekisi.
Gitdik derýa boýuna
Kakam bilen ertesi.
Suwa çeňňek taşladyk,
Uly gurjuk ötürip,
Hiç düşen zat bolmady,
Köp garaşdyk oturyp.
Düşdi ahyr birisi,
Çekdi kakam şo bada.
Ynha , görseň bir balyk
Galtagy al-howada.
Diýdim: - Kakam, bu
balyk
Haýsy? Kempir - çekgemi?
Kakam diýdi: - Ýok, oglum,
Bu şol mekir lakga, bi!
Uzak wagtlap synladym,
Tanadymam men ony.
Dogrudanam bu balyk
Hakyt, lakga bolmaly.
Bir mahallar gojanyň
Onuň agzyna sapan
Şol uşlyby henizem
Seret, çüýremän eken.
"Haý mekirje diýsäni,
Sen nä aldap gojany,
Ele düşmen öýtdüňmi?
Ýagşam sypdyrdyň
jany?!"
Agzy hatap lakgany
Derrew bedrä atdyk.
Besdir bize bir balyk -
Tirkeşip öýe gaýtdyk.
Kasym NURBADOW.
Ertekiler