23:30 "Öýünden daş çykman oturdy şahyr..." | |
"ÖÝÜNDEN DAŞ ÇYKMAN OTURDY ŞAHYR..."
Goşgular
...Öýünden daş çykman oturdy şahyr - Öýünden daşaryk çykman işledi. Ýazdy ol ajaýyp goşgular ýazdy - Ak kagyzy degirmen deý dişedi. Ähli şatlyklary siñdi şygryna, Böwrüne kem-kemden sanjy ornaşdy. Öýünden daş çykman işledi şahyr, Il bilen däl, Özi bilen gürleşdi. Ýazdy, ýazdygyça, artdy yzasy, Yzasy artdykça, gaçdy mazasy. Ýazdy, ýazdy, ýazman oñup bilmedi, Ýöne yzasyny kowup bilmedi. Bir gün... Dost-ýarlary gelip ýanyna onuñ, Gyýyldylar düşen halyna oniñ, Gynandylar ähli janlary bilen, Äkitdiler ony ýanlary bilen, Il içine aýladylar, Ile şatlyk paýladylar. Il şatlandy, Il şahyra çapak çaldy, Il şahyra alkyş aýtdy Dolandy şahyr öýüne, "Sag bolly" dolandy - sagalyp gaýtdy. ...Ile şatlyk berip, soñ alyp bolýar - Il şatlygy bilen sagalyp bolýar. Kasym NURBADOW. | |
|
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Ýene göz öýünde mä’wa kylyp sen... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |