23:19 Mätäji we "Ruznamaýy-Maweraýy-Bahry-Hazar" gazeti" | |
MÄTÄJI WE "RUZNAMAÝY-MAWERAÝY-BAHRY-HAZAR" GAZETI
Edebiýaty öwreniş
XIX asyr türkmen poeziýasynyň görnükli wekili Annagylyç Mätäjiniň edebi mirasy esasan Sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde toplanyp, neşir edilmäge başlanan bolsa-da, onuň käbir şygyrlary Oktýabr rewolýusiýasyndan öň hem metbugat sahypalarynda peýda bolupdyr. Mätäjiniň käbir goşgulary barada ilkinji gezek akademik A.N.Samoýlowiç "Rus arheologik jemgyýetiniň Gündogar bölüminiň ýazgylarynda" (XIX tom) gysgaça maglumat beripdir. Şeýle-de bolsa, türkmen okyjylary şahyryň ençeme goşgusyny ilkinji gezek "Ruznamaýy-Maweraýy-Bahry-Hazar" atly gazetiň sahypalarynda okaýar. Aşgabatda türkmen we pars dillerinde çykan bu gazet Zakaspi oblastynyň kanselýariýasynyň naçalniginiň neşiri bolany üçin oňa rusça "Закаспийская туземная газета" diýlip at hem goýlupdyr. Ilkinji sany 1914-nji ýylyň on dördünji dekabryndan çykyp başlan bu gazetiň sahypalarynda diňe bir Mätäji däl, eýsem Magtymguly, Kemine, Şabende, Seýdi, Zelili ýaly klassyk şahyrlar hakda-da ençeme gymmatly maglumatlar berlipdir, olaryň eserlerinden nusgalar hem ýerleşdirilipdir. Şu materiallaryň arasynda ylaýta-da Hojaly mollanyň "Gadym sözler" rubrikasy astynda çap etdiren materiallarynyň edebiýat taryhy üçin uly ähmiýeti bar. Mätäjiniň "Ruznamaýy-Maweraýy-Bahry-Hazarda" çap edilen ilkinji eseri "Joşdan aýyrdy" atly goşgusydyr. Bu goşgynyň ýany bilen A.Alyýewiň kiçijik makalasy-da çap edilipdir, ol makalada şahyryň terjimehaly hakynda hem käbir maglumatlar berlipdir. Awtor "mätäjiniň ady Gylyç bolsa-da, Hudaýtagalanyň didaryna mätäjem diýip, özüne Mätäji tahallus goýandyr" diýip ýazýar. Emma Mätäjiniň özi "Elden gider" atly şygrynda söýgülisi Annagülden aýra düşenligi zerarly: "Men bu gün matam tutup, Mätäji goýdum adyma" diýýär. Şu setir hem makalanyň awtorynyň nygtaýan pikiriniň ynandyryjydäldigine güwä geçýär. Gazetiň şol sanynda Mätäjiniň ýigrimi bäş ýaşynda aradan çykan doganynyň ölümine bagyşlap ýazan goşgusynyň doly teksti ýerleşdirilipdir. "Ruznamaýy-Maweraýy-Bahry-Hazaryň" 1915-nji ýylyň 23-nji oktýabryndaky sanynda şahyryň ýene bir goşgusy çap edilipdir. Mätäjiniň goşgulary gazetiň 1916-njy ýyldaky çykan sanlarynda-da gabat gelýär. Şolardan "Meňzär bagyň gülüne", "Saçyň", "Dişleriňe" ("Aman-aman") şygyrlaryny görkezmek bolar. Şol goşgularyň gazetdäki teksti bilen häzirki kitapdaky tekstini deňeşdirip görýäris. Tektslerde az-owlak tapawut hem ýok däl. Mysal üçin, "Meňzär bagyň gülüne" goşgusynyň birnäçe bendi şol gazetdäki tekstden artyk gelýär. Onuň deregine gazetdäki: Ala gözi bardyr jany iýr ýaly, Gaşy keman, kirpikleri tir ýaly, Ak göwsünde bir nemerse bar ýaly, Sallananda bady-saba ýeline - diýen ýaly bent kitaba girizilmändir. Bu goşgy şahyryň goşgular ýygyndysynda: "Byradarlar, bu gün bir gözel gördüm" diýen setirler bilen başlanýan bolsa, gazetde ol: "Eňňur arasynda bir gözel gördüm" diýlip başlanýar. Gazetdäki wariantyň originala ýakyn bolmagy has ähtimal bolsa gerek. Mätäjiniň "Saçyň" we "Dişleriňe" goşgulary-da ilkinji gezek "Ruznamaýy-Maweraýy-Bahry-Hazarda" 1916-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çap edilipdir. Olaryň tekstinde hem käbir bentler ýetenok, käbir setirler bolsa tapaswutly gelýär. Häzirki zaman neşirlerinde şahyryň "Saçyň" şygryndaky "Eşiden görmäge zardyr. Köýüňde köýgen bimardyr" diýen bendiň ikinji setiri gazetde "Barça kişi hyrydardyr", üçünji bentdäki "düzüm-düzüm" sözleri bolsa "bogun-bogun" şekilinde gelýär. Şuňa meňzeş tapawutlar goşgularyň tekstinde başga-da bar. Bu materiallaryň käbir meseleleri anyklamakda azda-kände peýda berip biljekdigi şübhesizdir. A.MEREDOW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. "Edebiýat we sungat" gazeti, 12.03.1975 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |