19:30 "Pygamberiñ özi gelip, öwüt berse..." | |
"PYGAMBERIÑ ÖZI GELIP, ÖWÜT BERSE..."
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir gün Harunerreşit Bohluldan: - Meniñ ahyretimi nähili görýärsiñ? - diýip soraýar. Bohlul: - Kyýamatda öz ornuñy şundan bilersiñ diýip, Gurhandan aşaky aýary okaýar: "Innel-ebrare lefi: na'y:min. We innel-fujja-re lefi: jahy:m"》(82-nji süre, 13-14-nji aýatlar) ("Her halda ýagşy adamlar nygmatdadyrlar we pyssy-pyjurlyk edýänler jähennemde"). Harun: - Onda meniñ Hudaýyñ Resuly bilen garyndaşlygym nähili bolar - diýýär. Bohlul ýene-de Gurhandan aşaky aýaty getirip jogap berýär: - "Fe izä: nofihe fis-su:r-e fela ensa:be beýnehom..." ("Sur çalnanda aralarynda garyndaşlyk galmaz"), ýagny kyýamat gününde haçan-da, Allatagalanyñ rugsady bilen Ysrafyl suruny çalanda, hiç hili garyndaşlyk arada bolmaýar we seniñ pygamber bilen garyndaş bolmagyñ, haýyr iş eden bolmasañ, saña hiç hili peýdasy bolmaz - diýýär. Şonda halyf: - Beýle bolsa, pygamberiñ şepagaty nirä gider? - diýýär. Bohlul: - Pygamberiñ öwladyna (perzentlerine) zulum we sütem eden adam onuñ şepagatyndan mahrumdyr - diýip jogap berýär. Harun: - Menden pygamberiñ öwladyna näme zulum ýetipdir? - diýýär. Bohlul: - Mundan beter zulum bolarmy, sen Hudaýyñ Resulynyñ jiger parasy Musa ibn Japary hiç hili günäsi ýok ýerden zyndana atdyñ - diýýär. Harun bu sözleri eşidip, başyny aşak salyp, gözýaş edýär, gözýaş onuñ sakgalyny ölleýär. Şonda Harun: - Eger men toba etsem, tobam kabul bolarmyka? Bu işim meni azapdan halas edermikä? - diýýär. Bohlul oña ýüzlenip: - Ýolbaşçy bolmaklygy söýmek seni şeýle bir gapyl edipdir welin, hatda şu mahal pygamberiñ özi-de gelip, saña öwüt-nesihat etse, sen öz erbet işleriñden el çekmersiñ. Meni biderek ýere mätel etme - diýip, Harunyñ huzuryndan çykyp gidýär. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |